TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda

 

Şu Kanun Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň işiniň guralyşyny, onuň palatalarynyň we olaryň Prezidiumlarynyň, komitetleriniň we toparlarynyň, agzalarynyň we deputatlarynyň iş tertibini, olaryň wezipelerini we ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi iki palatadan Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

2-nji madda.

Halk Maslahaty 56 agzadan ybarat bolup, olardan 48-si welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda gizlin ses bermek arkaly her welaýatdan we Aşgabat şäherinden saýlanýar, 8-si Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Halk Maslahatyna 30 ýaşy dolan, ýokary bilimi bolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp we bellenip bilner. Türkmenistanyň her bir eks-prezidenti Halk Maslahatynyň agzasy bolup durýar, eger ol bu hukugy ulanmakdan ýüz döndermedik bolsa.

Mejlis ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek arkaly saýlanylýan 125 deputatdan ybaratdyr. Mejlisiň deputatlygyna 25 ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp bilner.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilýär.

Şol bir adam bir wagtda Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty bolup bilmez.

 

3-nji madda.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň täze çagyrylyşynyň agzalarynyň we deputatlarynyň ygtyýarlyklary Halk Maslahatynyň we Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatlarynda ykrar edilýär.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň agzalary we deputatlary Halk Maslahatynyň we Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatlary açylýança öz ygtyýarlyklaryny saklaýarlar.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň täze çagyrylyşy agzalaryň we deputatlaryň ygtyýarlyklary ykrar edilýänçä diňe maslahaty açmak, Mandat we Ses sanaýjy toparlary saýlamak baradaky meseleler boýunça kararlary kabul edip biler.

Halk Maslahaty we Mejlis Mandat toparynyň teklipnamasy boýunça Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda, saýlawlar hakyndaky kanunçylygyň bozulan halatynda bolsa, käbir agzalary we deputatlary saýlamak boýunça geçirilen saýlawlary hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda karar kabul edýär.

 

4-nji madda.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 79-njy maddasyna laýyklykda şu ýagdaýlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:

1) ählihalk sala salşygynyň çözgüdi esasynda;

2) özleriniň agzalarynyň we deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden karary esasynda (öz-özüni ýatyrmagy);

3) alty aýyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň ýolbaşçy düzümi düzülmedik halatynda – Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň we harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe ýatyrylyp bilinmez.

 

II BAP. HALK MASLAHATYNYŇ WE MEJLISIŇ,

OLARYŇ DÜZÜMLERINIŇ IŞINIŇ GURALYŞY

 

5-nji madda.

Halk Maslahaty we Mejlis öz işini maslahatlar, Halk Maslahatynyň we Mejlisiň bilelikdäki maslahaty görnüşinde amala aşyrýar.

Halk Maslahatynyň işi onuň komitetleriniň we toparlarynyň maslahatlarynyň işine esaslanýar.

Mejlisiň işi onuň komitetleriniň we toparlarynyň maslahatlarynyň işine we meseleleri erkin ara alyp maslahatlaşmaga, olary bileleşip çözmäge, döredýän düzümleriniň we saýlaýan wezipeli adamlarynyň Mejlisiň öňünde jogapkärçiligine, hasabatlylygyna, aýanlygyna, jemgyýetçilik pikiriniň hemişe hasaba alynmagyna esaslanýar.

Halk Maslahatynyň maslahatyna Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi, Mejlisiň maslahatyna Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, onda olar doly ygtyýarlydyr.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň maslahatlary açyk bolup durýar. Olaryň dessurlarynda göz öňünde tutulan halatlarda ýapyk maslahatlar hem geçirilip bilner.

 

6-njy madda.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýüzlenmesini, daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny diňlemek we palatalaryň ylalaşygy boýunça beýleki meselelere garamak üçin Halk Maslahatynyň we Mejlisiň bilelikdäki maslahaty hem geçirilip bilner.

Halk Maslahaty we Mejlis bilelikdäki maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan girizilýän wajyp we zerur meselelere garaýarlar.

Palatalaryň bilelikdäki maslahaty açyk geçirilýär.

Palatalaryň bilelikdäki maslahaty, eger oňa Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, doly ygtyýarlydyr.

Palatalaryň bilelikdäki maslahatyna, eger bilelikdäki maslahatda başgaça bellenilmedik bolsa, Halk Maslahatynyň we Mejlisiň Başlyklary gezekme-gezek başlyklyk edýärler.

Palatalaryň bilelikdäki maslahatynda diňlenilen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň netijesi boýunça palatalaryň bilelikdäki karary kabul edilip bilner. Şunda düzgün boýunça ses bermek aýratynlykda geçirilýär. Halk Maslahatynyň we Mejlisiň bilelikdäki maslahatynda kabul edilen kararyň Türkmenistanyň bütin çäginde hökmanylyk güýji bardyr.

Palatalaryň bilelikdäki maslahatlaryny geçirmegiň tertibi Halk Maslahatynyň we Mejlisiň bilelikdäki maslahatlarynyň Dessury bilen kesgitlenilýär.

 

7-nji madda.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen döwletiň we jemgyýеtiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda palatalaryň bilelikdäki maslahaty geçirilip bilner.

 

8-nji madda.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň maslahatlary zerurlyga görä, ýöne  ýylda azyndan iki gezek Halk Maslahatynyň we Mejlisiň Başlyklary tarapyndan çagyrylýar.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň nobatdan daşary maslahatlary Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen ýa-da Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylyp bilner.

Halk Maslahatynyň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty onuň düzümi düzülenden soň otuz günden gijä goýman Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan çagyrylýar. Halk Maslahatynyň birinji maslahatyny Türkmenistanyň Prezidenti açýar we Halk Maslahatynyň täze çagyrylyşynyň Başlygy saýlanylýança ol maslahaty alyp barýar.

Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty onuň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi saýlanylandan soň otuz günden gijä goýman Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň Başlygy tarapyndan çagyrylýar.

Saýlawlardan soň Mejlisiň birinji maslahatyny Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň Başlygy açýar we Mejlisiň täze çagyrylyşynyň Başlygy saýlanylýança ol maslahaty alyp barýar. Mejlisiň maslahatyna Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşan halatynda ol maslahaty açýar we alyp barýar.

 

9-njy madda.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň maslahatlaryna palatalaryň dessurlary bilen bellenilen tertipde döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ylmy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem beýleki adamlar gatnaşyp bilerler.

Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň we Mejlisiň ähli maslahatlaryna gatnaşmaga haklydyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary Halk Maslahatynyň we Mejlisiň ähli maslahatlaryna gatnaşyp bilerler.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň maslahatlaryny guramagyň we geçirmegiň tertibi palatalaryň dessurlary bilen kesgitlenilýär.

 

10-njy madda.

Halk Maslahaty agzalarynyň we Mejlis deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny özbaşdak kesgitleýär. Halk Maslahaty agzalarynyň arasyndan Halk Maslahatynyň Başlygyny we Mejlis deputatlarynyň arasyndan Mejlisiň Başlygyny, olaryň orunbasarlaryny saýlaýarlar, komitetleri we toparlary düzýärler.

Halk Maslahaty we Mejlis gizlin ses bermek arkaly, agzalaryň we deputatlaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen öz düzüminden Halk Maslahatynyň Başlygyny we Mejlisiň Başlygyny saýlaýar, olar degişli palatanyň öňünde hasabat berijidir.

Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine dalaşgärler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan hödürlenilýär.

Mejlisiň Başlygy wezipesine dalaşgärler Mejlisiň deputatlary tarapyndan hödürlenilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygyny we Mejlisiň Başlygyny saýlamak hakynda Halk Maslahatynyň we Mejlisiň kararlary kabul edilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygyny we Mejlisiň Başlygyny möhletinden öň wezipesinden boşatmak hakyndaky meselä agzalaryň we deputatlaryň azyndan üçden bir böleginiň talap etmegi boýunça palatalar tarapyndan seredilýär. Halk Maslahatynyň Başlygy we Mejlisiň Başlygy palatalaryň agzalarynyň we deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň sesleriniň köplügi bilen kabul edilen karar esasynda wezipesinden boşadylyp bilner.

Halk Maslahatynyň Başlygyny we Mejlisiň Başlygyny wezipesinden boşatmak olaryň öz haýyşy boýunça, şeýle hem olara öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýän ýagdaýlar sebäpli amala aşyrylyp bilner. Şu ýagdaýda Halk Maslahatynyň Başlygyny we Mejlisiň Başlygyny wezipesinden boşatmak hakyndaky kararlar agzalaryň we deputatlaryň umumy sanynyň ýönekeý köplüginiň açyk ses bermegi bilen degişli palatalar tarapyndan kabul edilýär.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň Başlyklary öz ygtyýarlyklaryny Halk Maslahatynyň we Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatlary açylýança saklap galýarlar.

 

11-nji madda.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary we Mejlisiň Başlygynyň orunbasary agzalaryň we deputatlaryň arasyndan açyk ses bermek arkaly agzalaryň we deputatlaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen saýlanylýar. Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryny we Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak hakynda Halk Maslahatynyň we Mejlisiň kararlary kabul edilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary we Mejlisiň Başlygynyň orunbasary degişli Başlyk tarapyndan öz üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirýär. Başlygyň ýok wagtynda ýa-da onuň öz ygtyýarlyklaryny berjaý etmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda onuň wezipesini ýerine ýetirýär.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary we Mejlisiň Başlygynyň orunbasary olaryň öz haýyşy boýunça, şeýle hem olara öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýän ýagdaýlar sebäpli wezipesinden boşadylyp bilner. Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryny we Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny wezipesinden boşatmak hakynda kararlar agzalaryň we deputatlaryň umumy sanynyň ýönekeý köplüginiň açyk ses bermegi bilen kabul edilýär.

 

12-nji madda.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň başlyklaryny, olaryň orunbasarlaryny saýlamak ýa-da wezipesinden boşatmak baradaky kararlar Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken kanunlary bilen tassyklanylýar, şol kanunlaryň kabul edilmeginiň tertibi palatalaryň dessurlarynda bellenilýär.

 

13-nji madda.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň prezidiumlary döredilýär. Prezidiumlar palatalaryň işini guramagy amala aşyrýar.

Prezidiumlaryň düzümine palatalaryň başlyklary, olaryň orunbasarlary, komitetleriniň we toparlarynyň başlyklary girýärler.

Palatalaryň prezidiumlaryna palatalaryň başlyklary ýolbaşçylyk edýärler.

 

14-nji madda.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň, olaryň düzümleriniň iş tertibi palatalaryň dessurlary bilen kesgitlenilýär.

 

III BAP. HALK MASLAHATY

 

15-nji madda.

Halk Maslahatynyň maslahatynda Türkmenistanyň kanunlaryna garalýar we Halk Maslahatynyň namalary kabul edilýär.

Halk Maslahaty öz ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça kararlary kabul edýär. Halk Maslahatynyň kararlary, eger-de şu Kanunda kararlary kabul etmegiň başgaça tertibi bellenilmedik bolsa, onuň agzalarynyň umumy sanynyň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

Ses bermegiň tertibi Halk Maslahatynyň Dessury bilen kesgitlenilýär.

Halk Maslahatynyň kararlarynyň Türkmenistanyň bütin çäginde hökmanylyk güýji bardyr.

 

16-njy madda.

Mejlis tarapyndan kabul edilen, Halk Maslahatyna girizilen kanunlara garamak, degişli meseleleri işläp taýýarlamak we olara deslapdan garamak işlerini alyp barmak üçin Halk Maslahaty agzalarynyň hataryndan komitetleri we toparlary düzýär.

Komitetler hemişelik esasda düzülýär. Toparlar hemişelik, şeýle hem wagtlaýyn esasda döredilip bilner.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň tabşyrmagy boýunça Halk Maslahatynyň namalarynyň taslamalaryny işläp düzmek, kanunlary makullamak ýa-da ret etmek, şeýle-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň öz başlangyçlary bilen girizilen kanunlaryň taslamalaryny işläp düzmek komitetler tarapyndan amala aşyrylýar.

Komitetleri we toparlary döretmegiň we ýatyrmagyň, olaryň başlyklaryny, başlyklarynyň orunbasarlaryny hem-de agzalaryny saýlamagyň we boşatmagyň tertibi şu Kanun we Halk Maslahatynyň Dessury bilen kesgitlenilýär.

 

17-nji madda.

Halk Maslahatynyň namalarynyň taslamalary we Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenen Türkmenistanyň kanunlary komitetlerde deslapdan ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, olary kabul etmek, makullamak ýa-da ret etmek üçin Halk Maslahatynyň maslahatyna hödürlenilýär.

Namalaryň taslamalarynyň we kanunlaryň komitetlerde deslapdan ara alnyp maslahatlaşylmagynyň jemleri, olar barada aýdylan teklipler we bellikler Halk Maslahatyna komitetleriň çykaran netijenamasy görnüşinde berilýär.

Halk Maslahatynyň namalaryny taýýarlamagyň we kabul etmegiň, kanunlary makullamagyň ýa-da ret etmegiň tertibi, bu işe komitetleriň gatnaşmagynyň, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzasynyň başlangyjy bilen kanun taslamasyny taýýarlamagyň we ony Mejlisiň garamagyna bermegiň tertibi şu Kanun we Halk Maslahatynyň Dessury bilen kesgitlenilýär.

 

18-nji madda.

Halk Maslahatynyň ygtyýarlylyklaryna şular degişlidir:

1) Mejlis tarapyndan kabul edilen Konstitusiýany, konstitusion kanunlary we beýleki kanunlary makullamak ýa-da ret etmek;

2) Halk Maslahatynyň Başlygyny, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak, olary wezipesinden boşatmak;

3) Halk Maslahatynyň Prezidiumyny döretmek, oňa üýtgetmeler girizmek;

4) Halk Maslahatynyň komitetlerini we toparlaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak, olaryň düzümini tassyklamak, komitetleriň we toparlaryň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny saýlamak hem-de olary wezipesinden boşatmak;

5) Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunyna garamak;

6) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözmek;

7) Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek;

8) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada meselelere garamak;

9) Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, oňa harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakmak;

10) Türkmenistanyň Döwlet serhedini üýtgetmek meselesini çözmek;

11) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak;

12) öz işini guramak we palatanyň içerki tertip-düzgüni bilen baglanyşykly meseleler boýunça Dessuryny we beýleki çözgütleri kabul etmek;

13) Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary bilen Halk Maslahatynyň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek.

 

19-njy madda.

Halk Maslahatynyň Başlygy:

1) Halk Maslahatynyň işine ýolbaşçylyk edýär;

2) Halk Maslahatynyň maslahatlaryny çagyrýar we olarda başlyklyk edýär;

3) Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň, komitetleriniň we toparlarynyň düzümi barada teklipleri Halk Maslahatynyň garamagyna hödürleýär, olaryň işini utgaşdyrýar;

4) komitetlere, toparlara we agzalara guramaçylyk, hukuk, ylmy taýdan, maddy-tehniki hyzmat edilişini üpjün edýär;

5) kanunlara garamak üçin zerur bolan halatlarda iş toparlaryny döredýär;

6) Halk Maslahatynyň komitetleriniň we toparlarynyň alyp barýan işleri hakyndaky habarlaryny diňleýär;

7) Halk Maslahatynyň diwanynyň gurluşyny we wezipe sanawyny tassyklaýar;

8) Halk Maslahatynyň namalaryny çap etmegi, «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlaryny» neşir etmegi guraýar;

9) Halk Maslahaty tarapyndan makullanylan kanunlary Türkmenistanyň Prezidentine gol çekmek üçin iberýär;

10) Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça onuň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 2-nji, 15-nji,    18-nji bentlerinde göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryny amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, Prezident saýlanylýança onuň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýär;

11) Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, beýleki döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen Halk Maslahatynyň özara gatnaşygyny amala aşyrýar;

12) beýleki döwletleriň parlamentleri bilen gatnaşyklarda Halk Maslahatynyň adyndan wekilçilik edýär we parlamentara aragatnaşyklaryny amala aşyrmak baradaky işi guraýar;

13) Mejlis, beýleki döwlet edaralary, halkara we beýleki guramalar bilen özara gatnaşykda Halk Maslahatynyň adyndan wekilçilik edýär;

14) kanunlary öz goly bilen makullaýar, Halk Maslahatynyň kararlaryna gol çekýär;

15) Halk Maslahatynyň diwanynyň işgärlerini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

16) Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary we Halk Maslahatynyň namalary bilen Halk Maslahatynyň Başlygynyň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

Palatada ses berlende agzalaryň sesi deň bolan ýagdaýynda Halk Maslahatynyň Başlygy çözüji ses hukugyndan peýdalanýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde buýruklary çykarýar.

 

IV BAP. MEJLIS

 

20-nji madda.

Mejlis kanunlary we kararlary kabul edýär. Olar Mejlisiň maslahatlarynda açyk ýa-da atma-at ýa-da gizlin ses bermek arkaly kabul edilýär.

Konstitusion kanunlar Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär we Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň sesleriniň köplügi bilen makullanylýar.

Kanunlar we kararlar Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

Ses bermegiň tertibi Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.

Mejlis tarapyndan kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň bütin çäginde hökmanylyk güýji bardyr.

 

21-nji madda.

Mejlis tarapyndan kabul edilen kanun makullanylmagy üçin Halk Maslahatyna iberilýär. Kanun Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen ýagdaýynda, ol Mejlis tarapyndan gaýtadan seredilmäge degişli bolup durýar.

Mejlis Halk Maslahatynyň çözgüdi bilen razy bolmadyk ýagdaýynda, eger Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kanuna öňki kabul edilen görnüşinde gaýtadan ses berlen bolsa, ol kabul edilen hasap edilýär.

 

22-nji madda.

Kanunlaryň, beýleki kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň hereket etmegi üçin hökmany şert olaryň çap edilmegidir.

Türkmenistanyň kanunlaryny we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlaryny çap etmegiň we herekete girizmegiň tertibi degişli kanun bilen kesgitlenilýär.

 

23-nji madda.

Kanunlaryň taslamalaryny, degişli meseleleri işläp taýýarlamak we olara deslapdan seretmek işlerini alyp barmak üçin Mejlis deputatlaryň hataryndan komitetleri we toparlary düzýär.

Komitetler hemişelik esasda düzülýär. Toparlar hemişelik, şeýle hem wagtlaýyn esasda döredilip bilner.

Türkmenistanyň kanunlarynyň we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň taslamalaryny işläp düzmek kanunlaryň taslamalaryny işläp düzmegiň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan, şeýle-de deputatlaryň öz başlangyçlary bilen girizilen kanunlaryň taslamalary esasynda, şeýle hem Mejlisiň Başlygynyň, Mejlisiň Başlygynyň orunbasarynyň tabşyrmagy boýunça komitetler tarapyndan amala aşyrylýar.

Komitetleri we toparlary döretmegiň we ýatyrmagyň, olaryň başlyklaryny, başlyklarynyň orunbasarlaryny hem-de agzalaryny saýlamagyň we boşatmagyň tertibi şu Kanun we Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.

 

24-nji madda.

Türkmenistanyň kanunlarynyň we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň taslamalary, düzgün bolşy ýaly, komitetlerde deslapdan ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, kabul edilmegi üçin Mejlisiň maslahatyna hödürlenilýär.

Kanunlaryň we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň taslamalarynyň komitetlerde deslapdan ara alnyp maslahatlaşylmagynyň jemleri, olar barada aýdylan teklipler we bellikler Mejlise komitetleriň çykaran netijeleri görnüşinde berilýär.

Türkmenistanyň kanunlaryny we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlaryny taýýarlamagyň we kabul etmegiň tertibi, bu işe komitetleriň gatnaşmagynyň tertibi şu Kanun we Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.

 

25-nji madda.

Mejlisiň ygtyýarlylyklaryna şular degişlidir:

1) Türkmenistanyň Milli Geňeşine girizilen Konstitusiýanyň, konstitusion kanunlaryň we beýleki kanunlaryň taslamalaryna garamak we kabul etmek, kabul edilen kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrmak;

2) Mejlisiň Başlygyny, Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak, olary wezipesinden boşatmak;

3) Mejlisiň Prezidiumyny döretmek, oňa üýtgetmeler girizmek;

4) Mejlisiň komitetlerini we toparlaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak, olaryň düzümini tassyklamak, komitetleriň we toparlaryň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny saýlamak hem-de olary wezipesinden boşatmak;

5) Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilen kanunlary tassyklamak barada meselä hökmany garamak;

6) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garamak;

7) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garamak;

8) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak;

9) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek;

10) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçyny saýlamak. Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň – Adalatçynyň hödürnamasy boýunça Adalatçynyň orunbasaryny saýlamak we wezipeden boşatmak;

11) döwlet sylaglaryny döretmek;

12) halkara şertnamalaryny tassyklamak we ýatyrmak;

13) Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselesini çözmek;

14) döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygyny kesgitlemek;

15) kanun çykaryjylyk işiniň ýyllyk we geljekki döwür üçin meýilnamalaryna garamak we tassyklamak;

16) döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň hem-de Geňeşleriň işine guramaçylyk-usulyýet ýolbaşçylygy amala aşyrmak;

17) Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary bilen Mejlisiň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek.

 

26-njy madda.

Mejlisiň Başlygy:

1) Mejlisiň işine ýolbaşçylyk edýär;

2) Mejlisiň maslahatlarynda başlyklyk edýär;

3) Mejlisiň Prezidiumynyň, komitetleriniň we toparlarynyň düzümi barada teklipleri Mejlisiň garamagyna hödürleýär, olaryň işini utgaşdyrýar;

4) komitetlere, toparlara we deputatlara guramaçylyk, hukuk, ylmy taýdan, maddy-tehniki hyzmat edilişini üpjün edýär;

5) kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak üçin zerur bolan halatlarda, taýýarlaýjy toparlary we iş toparlaryny döredýär;

6) Mejlisiň komitetleriniň we toparlarynyň alyp barýan işleri hakyndaky habarlaryny diňleýär;

7) Mejlisiň diwanynyň gurluşyny we wezipe sanawyny tassyklaýar;

8) Mejlisiň kabul eden kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çap etmegi, «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlaryny» neşir etmegi guraýar;

9) kanunlaryň, Mejlisiň kararlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilmegini guraýar;

10) Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, beýleki döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen Mejlisiň özara gatnaşygyny amala aşyrýar;

11) beýleki döwletleriň parlamentleri bilen gatnaşyklarda Mejlisiň adyndan wekilçilik edýär we parlamentara aragatnaşyklary amala aşyrmak baradaky işi guraýar;

12) Halk Maslahaty, beýleki döwlet edaralary, halkara we beýleki guramalar bilen özara gatnaşykda Mejlisiň adyndan wekilçilik edýär;

13) Mejlis tarapyndan kabul edilen kanunlary Halk Maslahatynyň garamagyna berýär;

14) Mejlis tarapyndan kabul edilip, Halk Maslahatynyň garamagyna berilýän kanunlaryň asyl nusgadygyny öz goly bilen tassyklaýar, Mejlisiň kararlaryna gol çekýär;

15) Mejlisiň diwanynyň işgärlerini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

16) Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlary bilen Mejlisiň Başlygynyň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

Palatada ses berlende deputatlaryň sesi deň bolan ýagdaýynda Mejlisiň Başlygy çözüji ses hukugyndan peýdalanýar.

Mejlisiň Başlygy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde buýruklary çykarýar.

 

27-nji madda.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 10-njy bendine laýyklykda, Mejlis döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygyny kesgitleýär. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygy hakynda meselelere garalanda Mejlis olaryň konstitusionlyk prezumpsiýasyndan ugur alýar.

 

28-nji madda.

Mejlis kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygynyň meselelerine olary girizmäge hukugy bolanlaryň teklibi esasynda seredýär.

Kadalaşdyryjy hukuk namanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygyny kesgitlemek üçin Mejlise teklip girizmek hukugyna Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti eýedir.

Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar we guramalar, raýatlar kadalaşdyryjy hukuk namanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygyny kesgitlemek üçin teklip girizmek hukugyna eýe bolan edaralara we wezipeli adamlara ýüz tutup bilýärler.

Mejlis girizilen teklibi delillendirip ret edip biler.

 

29-njy madda.

Mejlis jedelli kadalaşdyryjy hukuk namanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna gabat gelýändigini kesgitleýän wagty onuň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýykdygyny şular boýunça takyklaýar:

1) kadalaryň mazmuny we görnüşi (formasy);

2) döwlet edaralarynyň arasyndaky ygtyýarlylyklaryň kesgitlenmekligi;

3) kabul etmegiň, gol çekmegiň, çap etmegiň we herekete girizmegiň tertibi.

Mejlis bu meselelere seredýän wagty taraplaryň delillerine we pikirlerine bagly däldir.

Mejlis girizilen teklipde görkezilmedik, emma barlanylan kadalaşdyryjy hukuk nama esaslanýan ýa-da onuň käbir düzgünlerini gaýtalaýan namalar boýunça hem karar çykaryp biler.

Mejlis geljekde olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygy baradaky meseläniň ýüze çykmagynyň öňüni almak maksady bilen taýýarlanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna gözegçilik we syn etmeýär.

 

30-njy madda.

Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygy hakynda Mejlisiň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kabul eden kararlary Türkmenistanyň bütin çägindäki döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edaralar, wezipeli adamlar we raýatlar üçin hökmanydyr.

Mejlisiň kararlaryna olaryň iberilen edaralary hem-de wezipeli adamlar tarapyndan garalmalydyr we Türkmenistanyň kanunçylygynda başga möhlet göz öňünde tutulmadyk bolsa, Mejlisiň bellän möhletinde oňa jogap bermek hökmanydyr.

Şu mesele boýunça Mejlisiň kabul eden kararlaryna garamakdan boýun gaçyrylmagy ýa-da ýüz dönderilmegi, möhletleri bozulmagy, berjaý edilmezligi ýa-da degişli derejede berjaý edilmezligi, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.

 

31-nji madda.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň esasynda Mejlis Türkmenistanyň kanunlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekligi öz döredýän düzümleriniň üsti bilen amala aşyrýar we ýüze çykarylan kemçilikleriň düzedilmegini degişli ýuridik şahslardan talap edip biler.

 

32-nji madda.

Türkmenistanyň kanunlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek kanunlary ýerine ýetirijileriň hojalyk işlerine goşulmazdan, hereket edýän kanunlaryň, täze kabul edilýän kanunlaryň, kanunlara girizilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň jemgyýetçilik durmuşyna edýän täsirine yzygiderli gözegçilik etmek we olaryň ýurtda geçirilýän özgertmeleriň talaplaryndan yza galýany, şeýle hem kanunlaryň nädogry ulanylýan ýagdaýlary ýüze çykarylan halatynda, olary düzetmek barada öz ygtyýarlygynyň çäginde degişli çäre görmekden ybaratdyr.

Mejlis kanunlaryň ýerine ýetirilişiniň gidişi, geçirilen çäreler, kanunçykaryjylyk ulgamynda girizilýän täzelikleriň raýatlaryň durmuşyna edýän täsirleri hakynda gelen netijeleri we görlen çäreler barada Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyna maglumat berip biler.

 

V BAP. HALK MASLAHATYNYŇ WE MEJLISIŇ

KOMITETLERI WE TOPARLARY

 

33-nji madda.

Halk Maslahatynyň komitetleriniň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) Mejlis tarapyndan Halk Maslahatynyň garamagyna iberilen kanunlara netijenama bermek;

2) ygtyýaryna degişli edilen meselelere deslapdan garamak we olar boýunça öz başlangyjy we Halk Maslahatynyň tabşyrygy bilen Halk Maslahatynyň namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak;

3) ara alnyp maslahatlaşylan kanuny Halk Maslahatynyň maslahatynyň gün tertibine goşmak ýa-da delillendirilen esas bilen ony ret etmek barada Halk Maslahatyna teklip girizmek;

4) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunyna garamak we ol boýunça netijenama we teklip bermek;

5) Mejlis tarapyndan girizilen kanunlara garamak boýunça iş toparlaryny döretmek, olaryň düzümine döwlet edaralarynyň, ylmy edaralaryň we guramalaryň wekillerini, hünärmenleri we alymlary çekmek;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

 

34-nji madda.

Mejlisiň komitetleriniň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň taslamalarynyň üstünde işlemek;

2) Mejlisiň ygtyýaryna degişli edilen meselelere deslapdan garamak we olary taýýarlamak;

3) Mejlis tarapyndan kabul edilen kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk kararlaryny durmuşa  geçirmäge ýardam bermek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

4) täze kabul edilen kanunlaryň ýerine ýetirilmegi üçin kanundan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň öz wagtynda kabul edilmegine monitoringi amala aşyrmak.

 

35-nji madda.

Komitetler palatalaryň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatynda olaryň ygtyýarlyk möhletine barabar möhlet bilen döredilýär.

Zerur bolan halatynda täze komitetler döredilip, ozalky döredilenler ýatyrylyp we üýtgedilip guralyp bilner.

 

36-njy madda.

Komitetiň başlygy, onuň orunbasary we komitetiň agzalary degişli palata tarapyndan saýlanylýar. Komitetleriň agzalary saýlanylanda komitetiň tutuş düzümi boýunça ses bermek geçirilýär, zerur bolan halatynda bolsa, her bir hödürlenilýän agza boýunça aýratynlykda ses bermek geçirilýär.

Palatalaryň başlyklary we olaryň orunbasarlary komitetleriň düzümine saýlanylyp bilinmez.

Komitetiň başlygy, onuň orunbasary olaryň haýyşy boýunça, şeýle hem olaryň öz borçlaryny ýerine ýetirmegine mümkinçilikleriniň bolmadyk ýagdaýlary bilen baglylykda palatalar tarapyndan wezipesinden boşadylyp bilner.

 

37-nji madda.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň komitetleri işini palatalaryň we özleriniň meýilnamalaryna, degişli palatalaryň başlyklarynyň we olaryň orunbasarlarynyň tabşyryklaryna we tekliplerine laýyklykda guraýarlar.

38-nji madda.

Komitetleriň palatalaryň maslahatynyň gün tertibi boýunça teklipleri girizmäge, öz ygtyýaryna degişli bolan meseleler boýunça habarnamalar we goşmaça habarnamalar bilen çykyş etmäge hukugy bardyr.

 

39-njy madda.

Kanunlaryň taslamalarynyň işlenilmegi we kanunlara garamak bilen baglylykda, döwlet we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli meseleler barada resmi düşündirişiň berilmegini sorap, döwlet häkimiýet edaralarynyň wezipeli adamlaryna ýüz tutmaga palatalaryň komitetleriniň hukugy bardyr.

 

40-njy madda.

Palatalar öz işiniň islendik ugry boýunça toparlary döredip bilerler.

Toparlar Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň hataryndan toparlaryň başlyklaryndan we agzalaryndan ybarat düzümde, açyk ses bermek arkaly saýlanylýar.

Toparlaryň wezipesi we iş tertibi olar döredilende degişli palatalar tarapyndan kesgitlenilýär.

Topar işiň jemi boýunça degişli palata habarnama ýa-da netijenama ýazyp berýär. Toparyň habarnamasy, çykaran netijesi boýunça degişli palata karar kabul edýär.

 

41-nji madda.

Komitetler we toparlar alymlary, hünärmenleri, beýleki işgärleri hem öz işine çekip bilerler.

 

42-nji madda.

Palatalaryň komitetleriniň ýa-da toparlarynyň maslahatyna olaryň düzümine girýän agzalaryň ýarysyndan köpüsi gatnaşýan bolsa, onda olar maslahaty geçirmek üçin doly ygtyýarlydyr.

Komitetiň we toparyň kararlary olaryň agzalarynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

 

43-nji madda.

Komitetleriň we toparlaryň maslahatlary aýanlykda alnyp barylýar.

Komitetler we toparlar zerur bolan halatynda, ýapyk maslahat geçirmek hakynda karar kabul edip bilerler.

44-nji madda.

Komitetiň, toparyň başlygy komitetiň, toparyň işine ýolbaşçylyk edýär, olaryň maslahatlarynda başlyklyk edýär.

Komitetiň, toparyň başlygy:

1) komitetiň, toparyň maslahatlaryny çagyrýar we maslahatlary geçirmek üçin zerur bolan maglumatlary taýýarlamagy guraýar;

2) komitetiň, toparyň agzalaryna tabşyryklar berýär, olara komitetiň, toparyň işi bilen baglanyşykly bolan maglumatlary we resminamalary iberýär;

3) taýýarlaýjy toparlarda we iş toparlarynda komitetiň, toparyň agzalarynyň işini guraýar;

4) döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, hünärmenleriň we alymlaryň komitetiň, toparyň maslahatlaryna gatnaşmagy hakyndaky meseleleri çözýär;

5) komitetiň, toparyň gelen netijelerine gol çekýär;

6) palatalaryň beýleki komitetleri we toparlary, döwlet edaralary we guramalary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen gatnaşyklarda komitetiň, toparyň adyndan wekilçilik edýär;

7) kabul edilen kararlary ýerine ýetirmek işini guraýar, komitetiň, toparyň agzalaryny komitetiň, toparyň kararlarynyň ýerine ýetirilişi hakynda habarly edýär;

8) komitetde, toparda seredilen meseleler hakynda, şeýle hem komitetiň, toparyň teklipnamalaryny durmuşa geçirmek üçin görlen çäreler barada degişli palatanyň Başlygyna habar berýär.

 

VI BAP. HALK MASLAHATYNYŇ AGZASYNYŇ WE

MEJLISIŇ DEPUTATYNYŇ HUKUK ÝAGDAÝY

 

45-nji madda.

Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň ygtyýarlyklary olary ykrar etmek hakynda degişli palata tarapyndan karar kabul edilen pursadyndan ýüze çykýar.

Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň ygtyýarlyklary Halk Maslahatynyň we Mejlisiň täze çagyrylyşynyň işe başlan pursadyndan ýatyrylýar, ygtyýarlyklary möhletinden öň ýatyrylan halatynda ýa-da Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty ygtyýarlyklaryndan mahrum edilen halatynda, palatalar degişli karar kabul eden pursadyndan ýatyrylýar.

Deputatlar halkyň doly ygtyýarly wekilleri bolmak bilen, Mejlisde olaryň işini üpjün edýän ähli hukuklara eýedirler.

Deputatlar öz ygtyýarlyklaryny Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde amala aşyrmak bilen, öz saýlawçylarynyň erkini aňladýarlar.

Deputat saýlawçylar bilen, şeýle hem öz saýlaw okrugynda ýerleşýän döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen aragatnaşyk saklaýar.

Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty degişli palatanyň we onuň düzümleriniň işine işjeň gatnaşýar, olaryň tabşyryklaryny ýerine ýetirýär.

Kanunlary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak, garamak, kabul etmek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek baradaky işler Mejlisiň deputatynyň işiniň esasy ugrudyr.

Agzalyk we deputatlyk ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak we öz borçlaryny ýerine ýetirmek boýunça Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň degişli palata bilen gatnaşygy şu Kanun hem-de palatalar tarapyndan kabul edilýän gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

46-njy madda.

Döwlet Halk Maslahatynyň agzasyna we Mejlisiň deputatyna olaryň öz ygtyýarlyklaryny päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goralmagyny, şeýle hem şahsy eldegrilmesizligini kepillendirýär.

Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň hukuklaryna, janyna, at-abraýyna, mertebesine we azatlygyna, şahsy eldegrilmesizligine hyýanat edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

 

47-nji madda.

Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty öz ygtyýarlyklaryndan diňe degişli palata tarapyndan mahrum edilip bilner. Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty babatynda kazyýetiň aýyplaw höküminiň kanuny güýje girmegi, olary agzalyk we deputatlyk ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek üçin esas bolup durýar.

Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň ygtyýarlyklary şu esaslar boýunça möhletinden öň ýatyrylyp bilner:

1) öz ygtyýarlyklaryny aýyrmak barada arza bermegi;

2) şu Kanunyň 48-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen wezipelere bellenilmegi ýa-da saýlanylmagy;

3) borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýän ýagdaýlaryň ýüze çykmagy;

4) özüniň hukuk ýagdaýy bilen bir ýere sygyşmaýan, abraýdan düşürýän etmişiň edilmegi;

5) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi;

6) ölmegi ýa-da kazyýetiň ony ölen diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýje girmegi.

Halk Maslahatynyň bellenilen agzalarynyň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi bilen möhletinden öň bes edilip bilner.

Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň ygtyýarlyklaryny mahrum etmek hakyndaky karar agzalaryň we deputatlaryň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriň köplügi bilen açyk ses bermek arkaly degişli palata tarapyndan kabul edilýär.

Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň ygtyýarlyklaryny togtatmak we möhletinden öň ýatyrmak hakyndaky karar agzalaryň we deputatlaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen açyk ses bermek arkaly degişli palata tarapyndan kabul edilýär.

Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty barada jenaýat işi derňelýän döwürde olaryň ygtyýarlyklary togtadylyp bilner.

 

48-nji madda.

Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, häkim, arçyn, kazy, prokuror wezipesini eýeläp bilmez.

Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty görkezilen wezipeleriň birine bellenilen ýa-da saýlanylan ýagdaýynda, şol wezipä bellenilen ýa-da saýlanylan wagtyndan olaryň agzalyk we deputatlyk ygtyýarlyklary ýatyrylan diýlip hasap edilýär we olar barada degişli palata şu Kanunyň 47-nji maddasynyň bäşinji bölegine laýyklykda karar kabul edýär.

 

49-njy madda.

Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty degişli palatanyň maslahatlarynda erkin ara alyp maslahatlaşmak esasynda palatalaryň ygtyýaryna degişli edilen meselelere garalmagyna we çözülmegine gatnaşýar.

Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty degişli palatanyň we onuň haýsy düzümine saýlanan bolsa, şol düzümiň maslahatlarynda bolmaga, olaryň işine işjeň gatnaşmaga borçludyr.

 

50-nji madda.

Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuga eýedir. Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty degişli palatanyň maslahatlarynda garalýan ähli meseleler boýunça çözüji ses hukugyndan peýdalanýar.

Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty şulara haklydyr:

1) degişli palata tarapyndan döredilýän we saýlanylan düzümlere we wezipelere dalaşgärleri teklip etmäge, saýlamaga we saýlanylmaga;

2) palatanyň garamagy üçin meseleleri teklip etmäge;

3) meselelere garamagyň tertibi hem-de ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň düýp mazmuny barada teklipler we bellikler girizmäge;

4) kararlaryň taslamalaryny taýýarlamaga we olara düzedişleri girizmäge;

5) palatanyň döredýän düzümleriniň atma-at düzümi hem-de palatanyň saýlaýan wezipeli adamlary barada öz pikirini aýtmaga;

6) meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, soraglary bermäge;

7) resmi sowal bilen ýüzlenmäge;

8) ses bermegiň delillendirmeleri barada we öz tekliplerini esaslandyrmak üçin çykyp geplemäge, düşündiriş bermäge.

Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty degişli palatanyň maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylýan mesele boýunça öz çykyşynyň, teklipleriniň we bellikleriniň ýazgysyny teswirnama goşmak üçin başlyklyk edijä berip biler.

Ýokarda görkezilen hukuklary amala aşyrmagyň tertibi şu Kanun hem-de palatalaryň dessurlary bilen kesgitlenilýär.

 

51-nji madda.

Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň resmi sowaly jemgyýetçilik ähmiýetine eýe bolan meseleler boýunça resmi düşündirişiň berilmegi ýa-da olar boýunça öz nukdaýnazaryny beýan etmegi barada Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň degişli palatanyň maslahatynda döwlet edaralaryna we wezipeli adamlara talap bildirmegidir.

Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň degişli palatanyň maslahatlarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, ministrlere, beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna resmi sowal bilen ýüzlenmäge hukugy bardyr.

Resmi sowaly Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty  ýa-da agzalaryň we deputatlaryň toparlary dilden ýa-da ýazmaça görnüşinde girizip biler. Ýazmaça görnüşinde girizilen resmi sowal degişli palatanyň maslahatynda yglan edilýär.

Özüne resmi sowal bilen ýüzlenilen döwlet edarasy ýa-da wezipeli adam Halk Maslahatynyň we Mejlisiň maslahatynda şol resmi sowala Halk Maslahaty we Mejlis tarapyndan bellenilen möhletlerde jogap bermäge borçludyr. Resmi sowal, oňa berlen jogap hem-de resmi sowala garamagyň netijeleri boýunça degişli palatanyň kabul eden karary metbugatda çap edilýär.

Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň resmi sowaly boýunça kabul edilen kararyň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty degişli palata tarapyndan bellenilen möhlete çenli bermäge döwlet edarasyny ýa-da wezipeli adamy borçly etmäge palatalaryň haky bardyr.

 

52-nji madda.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň maslahatda aýdan tekliplerine hem-de belliklerine palatalar, olaryň komitetleri ýa-da toparlary tarapyndan garalýar ýa-da wezipeli adamlarynyň seretmegine iberilýär.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň döwlet edaralaryna we wezipeli adamlara iberilen tekliplerine hem-de belliklerine olar bir aýdan gijä goýman bu tekliplere we belliklere garamaga we olaryň netijeleri barada gös-göni Halk Maslahatynyň agzasyna we Mejlisiň deputatyna hem-de palatalara ýazmaça habar bermäge borçludyrlar.

 

53-nji madda.

Deputat öz saýlaw okrugynda:

döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynda we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda saýlaw okrugynyň raýatlarynyň düýpli bähbitlerine degişli meselelere garalanda oňa gatnaşmaga;

okrugyň saýlawçylarynyň ýygnagyny geçirmäge;

özüniň deputatlyk işiniň meseleleri boýunça radioda, telewideniýede we metbugatda çykyş etmäge hukugy bardyr.

Deputat:

Mejlisiň işi barada saýlawçylara, jemgyýetçilik birleşiklerine habar bermäge;

jemgyýetçilik pikirlerini, ilatyň isleglerini we talaplaryny öwrenmäge, olar barada Mejlise habar bermäge, olary kanagatlandyrmak maksady bilen, degişli edaralaryň çäreler görmegi üçin teklipler girizmäge borçludyr.

 

54-nji madda.

Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary saýlaw okrugynda deputatyň saýlawçylar bilen duşuşyk geçirmegine ýardam edýärler we raýatlary kabul etmegini ýola goýýarlar, olary geçirmek üçin zerur şertleri döredýärler.

Deputatyň saýlawçylar bilen duşuşygy ýylda azyndan bir gezek geçirilip durulýar.

Deputat saýlawçylardan gelip gowşan tekliplere, arzalara we şikaýatlara garaýar, olaryň dogry we öz wagtynda çözülmegi üçin çäreler görýär.

 

55-nji madda.

Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty özleriniň işine degişli meseleler barada döwlet edaralaryna we jemgyýetçilik birleşiklerine, kärhanalara, edaralara we guramalara barmak hukugyndan, şeýle hem olaryň ýolbaşçylary hem-de beýleki wezipeli adamlar tarapyndan gaýra goýulman kabul edilmek hukugyndan peýdalanýar.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň döwlet syry hem-de kanun arkaly goralýan başga syry özlerinde saklaýan resminamalar bilen tanyşmagynyň tertibi kanun bilen kesgitlenilýär.

 

56-njy madda.

Halk Maslahaty agzasyny we Mejlis deputatyny resminamalar, resmi neşirler, habarlar we beýleki zerur maglumatlar bilen üpjün edýär.

Döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň haýyş etmegine görä, olaryň işi bilen baglanyşykly meseleler boýunça hünärmenleriň maslahatyny guramaga we olara zerur bolan maglumatlary bermäge borçludyrlar.

Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, ministrlere, beýleki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylaryna dilden ýa-da ýazmaça ýüzlenmäge we goýlan meselelere garalanda oňa gatnaşmaga haky bardyr. Ýokarda görkezilen edaralar we wezipeli adamlar Halk Maslahatynyň agzasyna we Mejlisiň deputatyna olaryň dilden aýdan ýa-da ýazmaça iberen ýüzlenmesi boýunça jogap bermäge borçludyrlar.

 

57-nji madda.

Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň Türkmenistanyň aeroportlaryň, demir ýol menzilleriniň, derýa we deňiz portlarynyň resmi wekiliýetler üçin niýetlenilen jaýlarynda (myhman otaglarynda) özlerine mugt hyzmat edilmegine hukugy bardyr. Resmi wekiliýetleriň jaýlarynda (myhman otaglarynda) Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty öz şahsyýetnamasyny görkezen ýagdaýynda, olara nagt ýa-da nagt däl hasaplaşyk esasynda bilet nobatsyz berilmelidir.

Döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri, kärhanalar, edaralar, guramalar we olaryň wezipeli adamlary Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy üçin zerur şertleri üpjün edýärler.

Döwlet edaralary Halk Maslahatynyň agzasyna we Mejlisiň deputatyna olaryň öz işini amala aşyrmaklarynda, deputatyň saýlaw okrugynda bolmagyny guramakda, ulag we myhmanhana bilen üpjün etmekde ýardam edýärler.

Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty daşary ýurtlara gidip geleninde diplomatik pasportdan peýdalanýar, Türkmenistanyň çäginden çykyp gidende we onuň çägine gaýdyp gelende olar gümrük barlaglaryndan boşadylýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary olara zerur goldawlary bermäge borçludyrlar.

Halk Maslahatynyň agzalaryna we Mejlisiň deputatlaryna zerur bolan ýagdaýlarda, olaryň ygtyýarlyklarynyň bütin döwründe gulluk ýaşaýyş jaýy berilýär.

Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň we olaryň maşgala agzalarynyň öz hemişelik ýaşaýan ýerindäki ýaşaýyş jaýy olaryň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy bilen bagly şol öýünde bolmadyk möhletiniň bütin dowamynda saklanyp galýar.

 

58-nji madda.

Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň degişli palatada işlemek üçin göçüp gelmegi bilen baglanyşyklylykda Halk Maslahatynyň agzasyna we Mejlisiň deputatyna we olaryň maşgala agzalaryna, şeýle hem olaryň ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanmagy bilen öňki ýaşan ýerine dolanyp barmagy bilen baglanyşyklylykda, göçüp gitmek üçin degişli palata tarapyndan bellenilen tertipde we möçberlerde çykdajylaryň öwezi dolunýar.

Halk Maslahatynda we Mejlisde işlemek üçin Halk Maslahatynyň agzasyna we Mejlisiň deputatyna, maşgalasynyň olar bilen bile göçüp gelen her bir agzasyny hasaba almak bilen, degişli palatanyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň bäş essesi möçberinde birwagtlaýyn pul kömegi tölenilýär.

 

59-njy madda.

Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň degişli palatada we olaryň düzüminde işlän wagty umumy we üznüksiz işlän döwrüne, hünäri boýunça işlän döwrüne, harby gulluk döwrüne we içeri işler edaralarynda gulluk eden möhletlerine goşulyp hasaplanylýar, şonuň ýaly-da bu möhlet nobatdaky harby we ýörite atlary, hünär derejelerini we tapawutlandyryş nyşanlaryny almak üçin hukuk berýän wagtyň üstüne goşulýar.

Ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň, Halk Maslahatynyň agzasyna we Mejlisiň deputatyna öňki işi (gullugy), şeýle mümkinçiligiň bolmadyk halatynda öňküsine barabar bolan başga iş (gulluk) berilýär.

 

60-njy madda.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň razylygy bolmasa, Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty eýeleýän wezipesinden boşadylyp, administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga hili ýol bilen olaryň azatlygy çäklendirilip bilinmez. Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty babatda jenaýat işi diňe Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan degişli palatanyň razylygy bolanda gozgalyp bilner.

Halk Maslahatynyň agzasyny we Mejlisiň deputatyny, olaryň işleýän ýa-da ýaşaýan jaýyny, gulluk ýa-da şahsy ulag serişdesini, olaryň goşlaryny barlamaga ygtyýar berilmeýär.

 

61-nji madda.

Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty babatda jenaýat işini gozgamak, olary administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekmek, tussag etmek ýa-da başga hili ýol bilen olaryň azatlygyny çäklendirmek barada razylyk almak üçin Türkmenistanyň Baş prokurory degişli palata ýazmaça ýüzlenýär.

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýazmaça ýüzlenmesi Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty barasynda jenaýat işi gozgalmazdan, olara günä bildirilmezden, olaryň tutulyp saklanmazyndan ýa-da olary tussag etmek ýa-da başga ýol bilen olaryň azatlygyny çäklendirmek üçin sanksiýa berilmezinden we administratiw hukuk bozulmalar hakynda işe seredilmezinden öň amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýüzlenmesine garalanda degişli palata Türkmenistanyň Baş prokuroryndan ýüzlenmede görkezilen meseleleri çözmek üçin zerur bolan goşmaça maglumatlaryň berilmegini talap edip biler. Degişli palata garalan mesele boýunça delillendirilen karar kabul edýär we bu barada üç günüň dowamynda Türkmenistanyň Baş prokuroryna habar berýär. Ýeterlik esas bolan ýagdaýynda degişli palata öz çykaran kararyna gaýtadan seredip biler. Özleriniň eldegrilmesizligi hakyndaky meselä seredilende Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň şol maslahata gatnaşmaga haklydyr.

Türkmenistanyň Вaş prokurory iş boýunça önümçilik tamamlanandan soň üç günüň dowamynda  geçirilen barlagyň we işe garamagyň netijeleri hakynda degişli palata habar bermäge borçludyr.

 

62-nji madda.

Halk Maslahatynyň agzasynyň agzalyk, Mejlisiň deputatynyň deputatlyk şahsyýetnamasy we olaryň döşe dakylýan nyşany bolýar, olar Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň ygtyýarlyklary degişli palata tarapyndan ykrar edilenden soň olara berilýär. Halk Maslahatynyň agzasy agzalyk we Mejlisiň deputaty deputatlyk şahsyýetnamasyny we döşe dakylýan nyşanyny özleriniň ygtyýarlyklarynyň möhleti gutarýança peýdalanýar.

Agzalyk we deputatlyk ygtyýarlyklary möhletinden öň bes edilen ýagdaýynda Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiň deputatynyň şahsyýetnamasy we döşe dakylýan nyşany degişli palata gaýtarylyp berilýär. Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň şahsyýetnamalary we döşe dakylýan nyşanlary hakyndaky düzgünnamalar, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň şahsyýetnamalarynyň we döşe dakylýan nyşanlarynyň nusgalary degişli palata tarapyndan tassyklanylýar.

 

VII BAP. KANUN ÇYKARYJYLYK IŞI

 

63-nji madda.

Kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň Prezidentine, Halk Maslahatynyň agzalaryna, Mejlisiň deputatlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişlidir.

Kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň täze kanunlarynyň taslamalaryny, Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek ýa-da kadalary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda kanunlaryň taslamalaryny girizmek görnüşinde, şeýle hem Türkmenistanyň täze kanunlaryny kabul etmek ýa-da Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda ýazmaça teklipler görnüşinde amala aşyrylýar.

 

64-nji madda.

Kanun çykaryjylyk başlangyjyna hukugy bolmadyk döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýa-da aýry-aýry raýatlaryň kanun taslamalary ýa-da kanun çykaryjylyk teklipleri kanun çykaryjylyk başlangyjyna hukugy bolan edaralaryň ýa-da Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň üsti bilen Mejlise girizilip bilner.

 

65-nji madda.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi aýry-aýry meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanunlary çykarmak hukugyny berip biler, soňra şol kanunlary tassyklamak barada meselä Türkmenistanyň Milli Geňeşi  tarapyndan hökman garalmalydyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi aşakdaky meseleler boýunça kanunlary çykarmak hukugyny hiç kime berip bilmez:

1) Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek;

2) jenaýat we administratiw kanunçylygy;

3) kazyýet önümçiligi.

 

66-njy madda.

Kanunlaryň taslamalary we kanun çykaryjylyk teklipler kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugy durmuşa geçirmek tertibinde Mejlise berilýär.

Mejlise gelen kanunlaryň taslamalary we kanun çykaryjylyk teklipler olara deslapdan garamak, netijenama bermek we Mejlisiň maslahatlarynda seretmek üçin degişli komitetlere we toparlara berilýär.

 

67-nji madda.

Türkmenistanyň kanunlary Mejlis tarapyndan kabul edilýär. Türkmenistanyň kanunlary Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň köplügi bilen kabul edilýär. Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň kanunlary Halk Maslahatynyň garamagyna iberilýär.

Kanun Halk Maslahatyna girizilende Halk Maslahatynyň Başlygy oňa deslapdan garamagy amala aşyrjak jogapkär komiteti kesgitleýär.

Kanuna deslapdan garamagyň netijeleri boýunça jogapkär komitet netijenama taýýarlaýar.

Halk Maslahaty jogapkär komitetiň netijenamasyny alanyndan soň, kanuny ara alyp maslahatlaşýar we ony makullamak ýa-da ret etmek hakynda çözgüt kabul edýär.

 

68-nji madda.

Türkmenistanyň kanuny Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi tarapyndan ses berlen ýagdaýynda makullanylan hasap edilýär.

Konstitusion kanunlar Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň sesleriniň köplügi bilen makullanylýar.

Ses bermeklik açyk ýa-da ýapyk bolup biler.

Mejlis tarapyndan kabul edilen we Halk Maslahaty tarapyndan makullanylan kanun on günüň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentine gol çekmek üçin iberilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti otuz günüň dowamynda kanuna gol çekýär.

Türkmenistanyň Prezidenti özüniň närazylyklary bilen Mejlise kanuny gaýtarmaga haklydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan yzyna gaýtarylan we Mejlis tarapyndan Halk Maslahatyna makullamak üçin gaýtadan girizilen kanuna Halk Maslahaty seredýär we ony makullamak ýa-da ret etmek barada çözgüt kabul edýär.

Kanun Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen öňki kabul edilen görnüşinde makullanylan bolsa, onda Türkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol çekýär.

 

69-njy madda.

Türkmenistanyň kanuny Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen ýagdaýynda, ol Mejlise gaýtarylýar we Mejlis tarapyndan bu kanun gaýtadan seredilmäge degişli bolup durýar.

Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen kanun boýunça ýüze çykan gapma-garşylyklary aradan aýyrmak üçin, Halk Maslahaty we Mejlis deň hukuklylyk esasynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň sanyndan ylalaşdyryjy topary döredip bilerler.

Ylalaşdyryjy topar öz işiniň netijeleri boýunça gapma-garşylyklary aradan aýyrmak boýunça teklipleri öz içine alýan netijenamany kabul edýär.

Ylalaşdyryjy topary döretmegiň tertibi, onuň düzümi we işi Dessur bilen kesgitlenilýär.

 

70-nji madda.

Ylalaşdyryjy toparyň teklipleri kabul edilen halatynda, Mejlis tarapyndan kanun adaty tertipde gaýtadan seredilmäge we Halk Maslahatynyň garamagyna iberilmäge degişli bolup durýar.

Eger Halk Maslahaty ozal ret edilen kanuna gaýtadan seredip, ony ylalaşdyryjy toparyň beren görnüşinde makullamaýan bolsa, onda kanun ret edilen hasaplanylýar we Mejlise gaýtarylmaga degişli bolup durýar.

Mejlis Halk Maslahatynyň çözgüdi bilen razy bolmadyk ýagdaýynda, eger Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kanuna öňki kabul edilen görnüşinde gaýtadan ses berlen bolsa, ol kabul edilen hasap edilýär.

 

71-nji madda.

Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek hakynda konstitusion kanun, eger Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi we Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi ýa-da ählihalk sala salşygyna gatnaşan Türkmenistanyň raýatlarynyň ýarysyndan köpüsi oňa ses beren bolsa, kabul edilen diýlip hasap edilýär.

 

VIII BAP. HALK MASLAHATYNYŇ WE MEJLISIŇ DIWANY

 

72-nji madda.

Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, olaryň komitetleriniň we toparlarynyň, wezipeli adamlarynyň, agzalarynyň we deputatlarynyň işiniň guramaçylyk, tehniki taýdan we beýleki üpjünçiligi degişli palatanyň diwany tarapyndan amala aşyrylýar.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň diwanynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary palatalaryň ygtyýarlyk möhletine bagly däldir.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň diwanyny guramagyň we onuň işiniň tertibi degişli palata tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

 

73-nji madda.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň diwanynyň esasy wezipeleri şulardan ybarat:

1) Halk Maslahatynyň we Mejlisiň we olaryň komitetleriniň we toparlarynyň maslahatlaryna, palatalaryň beýleki çärelerine, şeýle hem agzalaryna, deputatlaryna guramaçylyk we maddy-tehniki taýdan hyzmat etmekden;

2) palatalara raýatlardan gowuşýan tekliplere, arzalara we şikaýatlara garamakdan, olary öwrenmekden we umumylaşdyrmakdan;

3) palatalaryň resminamalaryny çap etmegi, «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlaryny» neşir etmegi guramakdan;

4) palatalaryň işini köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly beýan etmek bilen baglanyşykly bolan zerur maglumatlary taýýarlamakdan;

5) Halk Maslahatynyň we Mejlisiň diwanynyň ýerine ýetirmegine degişli edilen beýleki meseleleri çözmekden.

 

IX BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

74-nji madda.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

75-nji madda.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň ýerleşýän jaýynda, olaryň maslahatynyň geçirilýän jaýynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy gerilmelidir.

 

76-njy madda.

Şu Kanun 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

2009-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda kabul edilen «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 1, 15-nji madda);

2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 92-nji madda);

2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 75-nji madda);

2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda kabul edilen «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 9-njy madda);

2017-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 6-njy madda) birinji böleginiň 3-nji bendini.

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                   Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 24-nji oktýabry.

№ 303-VI.