TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

GEŇEŞ HAKYNDA

(rejelenen görnüşi)

 

(Türkmenistanyň 28.06.2007 ý. № 128-III, 23.10.2008 ý. № 233-III, 23.05.2015 ý. № 239-V, 26.03.2016 ý.

№ 390-V, 03.06.2017 ý. № 580-V, 30.11.2019 ý. № 216-VI we 13.03.2021 ý. № 350-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

I BAP

UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Geňeş

 

Geňeş etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň çäginde ýerli öz-özüňi dolandyryş wezipesini amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr, ol degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan saýlanylan Geňeş agzalaryndan ybaratdyr.

 

2-nji madda. Geňeş hakyndaky kanunçylyk

 

Geňeşi döretmegiň we onuň işiniň tertibi, döwlet häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşygy Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly kesgitlenilýär.

 

3-nji madda. Geňeş agzalaryny saýlamagyň tertibi

 

Geňeş agzalary ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek arkaly saýlanylýar. Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.

Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi arkaly kesgitlenilýär.

 

4-nji madda. Geňeşiň düzümini möhletinden öň täzelemäge esaslar

 

Geňeşiň düzümi şu ýagdaýlarda möhletinden öň täzelenip bilner:

ýerli sala salşygyň karary boýunça;

Geňeşiň karary boýunça, şunda Geňeş agzalarynyň bellenilen sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk möçberde köplük bolnup kabul edilen bolsa;

etrapdaky şäheriň hukuk ýagdaýy üýtgedilen mahalynda;

dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgedilmegi bilen baglanyşykly;

Geňeş Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny bozan halatlarynda, öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmedik ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmedik halatlarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan täzeden saýlawlar bellenilip bilner.

Geňeşiň düzüminiň möhletinden öň täzelenmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmegi Geňeş agzalarynyň hem ygtyýarlyklarynyň bes edilmegine eltýär.

 

5-nji madda. Geňeşiň işiniň esasy ýörelgeleri

 

Geňeş öz işinde kanunylyk, bileleşiklik we aýanlyk ýörelgelerini gollanýar.

Geňeş özüniň alyp barýan işleri we kabul eden kararlary barada ilaty yzygiderli habarly edip durýar.

 

II BAP

GEŇEŞIŇ IŞINIŇ GURALYŞY

 

6-njy madda. Geňeşiň işiniň görnüşi

 

Geňeşiň işiniň esasy görnüşi onuň maslahatydyr. Geňeşiň maslahatlaryny taýýarlamagyň, olary çagyrmagyň we geçirmegiň tertibi şu Kanun arkaly kesgitlenilýär.

 

7-nji madda. Geňeşiň maslahaty

 

Geňeşiň maslahatlary zerur bolşuna görä, ýöne azyndan ýylda iki gezek arçyn tarapyndan çagyrylýar. Şeýle hem arçyn Geňeş agzalarynyň bellenen sanynyň ýarysyndan köpüsiniň talap etmegi bilen nobatdan daşary maslahaty çagyrmaga borçludyr. Eger arçyn haýsydyr bir sebäbe göra öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän bolsa, onda wagtlaýyn ýolbaşçy saýlamak meselesi boýunça Geňeşiň maslahatyny çagyrmaga  Geňeşiň kätibiniň haky bardyr.

Geňeşiň arçyny täze çagyrylyşyň birinji maslahatyny saýlawlardan soň iki hepdäniň dowamynda çagyrýar, ol maslahaty açýar we täze arçyn saýlanylýança maslahaty alyp barýar.

Eger saýlanylan Geňeş agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi maslahata gatnaşýan bolsa, onda maslahat doly ygtyýarly hasap edilýär.

Geňeşiň maslahaty açyk hasaplanylýar.

Geňeşiň karary boýunça onuň ýapyk mejlisi hem geçirilip bilner.

Geňeşiň maslahatynyň teswirnamasy düzülýär. Maslahatyň teswirnamasyna arçyn hem-de Geňeşiň kätibi gol çekýär.

Geňeşiň maslahatlary hakyndaky habar, Geňeşiň kabul eden kararlary ilatyň dykgatyna ýetirilýär.

 

8-nji madda. Geňeşiň kararlary

 

Geňeş şu we beýleki kanunlar arkaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary arkaly özüne berlen ygtyýarlygyň çäginde kararlary kabul edýär.

Geňeşiň kararlary açyk ses bermek arkaly, Geňeş agzalarynyň umumy sanyndan berlen sesleriň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

Geňeşiň kabul eden kararlary hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär we halka ýetirilen pursatyndan güýje girýär.

 

9-njy madda. Arçyn

 

Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň arçyny Geňeş agzalarynyň arasyndan açyk ses bermek arkaly sesleriň ýönekeý köplügi bilen saýlanylýar. Arçyn Geňeşiň işine ýolbaşçylyk edýär hem-de Geňeşe hasabat berijidir.

Arçyn Geňeşiň ygtyýarlyk möhleti tamamlanandan soň täze çagyrylyşyň Geňeşi arçyny saýlaýança öz ygtyýarlylygyny saklaýar.

Arçyn öz wezipesini ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda ýa-da wezipesinden boşadylanda onuň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekligi Geňeşiň karary bilen Geňeş agzalarynyň birine tabşyrylýar.

 

10-njy madda. Arçyny wezipesinden boşatmak

 

Arçyny wezipesinden boşatmak hakyndaky meselä seretmek üçin şular esas bolup hyzmat edýär:

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň bozulmagy;

öz borçlaryny ýerine ýetirmezligi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmezligi;

öz gulluk ýagdaýy bilen bir ýere sygyşmaýan etmişi edenligi;

özi barada kazyýetiň aýyplaw höküminiň kanuny güýje girmegi.

Arçyny wezipesinden boşatmak hakynda karar Geňeş agzalary tarapyndan açyk ses bermek arkaly sesleriň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

 

11-nji madda. Arçynyň ygtyýarlygynyň möhletinden öň ýatyrylmagy

 

Arçynyň ygtyýarlylygy aşakdaky ýagdaýlarda möhletinden öň ýatyrylýar:

näsaglamagy sebäpli öz gulluk wezipesini ýerine ýetirip bilmezligi;

şahsy haýyşy;

başga işe geçmegi;

Geňeş agzalarynyň azyndan üçden bir böleginiň talap etmegi boýunça;

Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmagy ýa-da raýatlygyny ýitirmegi.

 

12-nji madda. Arçynyň buýruklary

 

Arçyn öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde buýruklary çykarýar.

Arçynyň çykaran buýrugyny Geňeş agzalarynyň teklibi boýunça, şäheriň, etrabyň prokurorynyň ýa-da häkiminiň teklipnamasy boýunça Geňeşiň özi ýatyryp biler.

 

13-nji madda. Geňeşiň işine guramaçylyk, tehniki taýdan we başga hyzmatlary etmek

 

Geňeş ýuridik tarap hasaplanylýar, onuň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan tassyklanan nusgasyna laýyklykda tugraly möhri bolýar.

Geňeşiň işine guramaçylyk, tehniki taýdan we başga hyzmatlaryň edilmegini onuň diwany üpjün edýär. Geňeşiň diwanyna arçyn ýolbaşçylyk edýär.

Geňeşiň diwanyny saklamak üçin çykdajylar öz býujet serişdeleriniň hasabyna Geňeşiň karary bilen kesgitlenilýär.

Geňeşiň diwanynyň Mysaly düzümini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti kesgitleýär.

 

III BAP

GEŇEŞIŇ, ARÇYNYŇ, GEŇEŞIŇ DIWANYNYŇ, GEŇEŞ AGZALARYNYŇ YGTYÝARLYKLARY

 

14-njy madda. Geňeşiň garamagyna degişli meseleler

 

Geňeşiň ygtyýaryna şu aşakdakylar girýär:

Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hem-de kanunçylykda göz öňünde tutulan halatlarda olaryň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak;

arçyny, Geňeşiň kätibini saýlamak, olary wezipesinden boşatmak;

geňeşiň diwanyny saklamak üçin edilýän harajatlary tassyklamak;

Arçynyň işi hakyndaky hasabatlara, şeýle hem Geňeş agzalarynyň öz borçlaryny ýerine ýetirişi hakyndaky habarlara garamak;

arçynyň çykaran buýruklaryny ýatyrmak;

ýerli sala salşygy geçirmek hakynda karar kabul etmek;

öz çägini ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek;

býujeti düzmek we tassyklamak, onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty taýýarlamak;

salgytlary we ýygymlary, olary almagyň tertibini bellemek;

öz býujetine tölenilýän tölegler boýunça ýeňillikler bermek;

tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça çäreleri kesgitlemek;

ilatly mekanlaryň we dolandyryş-çäkleriň (birlikleriň) araçäklerini, hukuk ýagdaýyny hem-de adyny üýtgetmek hakynda haýyşlary gozgamak, şunda emläk we hukuk häsiýetli ýüze çykýan meseleleri çözmek;

ýerli çäkde binalary gurmak zerurlygy baradaky teklip bilen etrap häkimligine çykmak baradaky meseläni çözmek;

köpçülikleýin bagçylyk we bakjaçylyk ýerlerini, dynç alyş zolaklaryny, suwa düşülýän ýerleri abadanlaşdyrmak;

hususy ýaşaýyş jaýlary gurlanda şol çäkde gurluşyk işlerini alyp barmak baradaky kadalaryň, gurluşygyň berkligi we gözelligi babatda edilýän talaplaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek;

ýerli ähmiýetli ýollary, köprüleri gurmak we abatlaşdyrmak, ilat üçin jemagat maksatly desgalary (suw-gaz geçirijilerini, lagymy, energiýa-ýylylyk üpjünçiligini, suw howuzlaryny, guýulary, hammamlary we beýlekileri) gurmak we elektrik, gaz, aragatnaşyk ulgamynyň desgalarynyň bökdençsiz işlemegi üçin degişli edaralar bilen utgaşykly iş alyp barmak;

şäheri, şäherçäni, geňeşligiň obalaryny abadanlaşdyryş işlerini geçirmek we gür baglyga öwürmek, baglara ideg etmek boýunça çäreleri görmek;

ilatly ýerleriň, suw üpjünçilik çeşmeleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, söwda, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň, mekdepleriň we beýleki medeni-durmuş edaralaryň hem-de olaryň daş-töwereginiň arassaçylyk ýagdaýyna gözegçilik etmek, ýadygärlikleriň, gonamçylyklaryň tertipli ýagdaýda saklanylmagyny üpjün etmek;

polisiýanyň ýerli wekilleri bilen bilelikde jenaýatçylyga, neşekeşlige garşy göreşmek, jemgyýetçilik tertibini gorap saklamaga, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanun arkaly goralýan bähbitlerini goramaga ýardam etmek, ilata kanunçylygy düşündirmek boýunça işleri guramak, olar bilen bilelikde hukuk düzgünleriniň bozulmalarynyň öňüni almak, hukuk düzgünlerini bozanlary jemgyýetçilik tarapyndan ýazgarmak işine ýerlerdäki ýaşulularyň işjeň gatnaşdyrylmagyny guramak;

öz çäginde ýerleşýän medeniýet edaralarynyň işini utgaşdyrmak, olaryň ulgamyny giňeltmek, halk döredijiligini we çeper höwesjeňligi ösdürmek boýunça çäreleri görmek; döwlet baýramlary, belli seneler bilen baglanyşykly köpçülikleýin çäreleri guramaga ýardam etmek;

çäkdäki mekdepleriň, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň göwnejaý işini üpjün etmek boýunça çäreleri görmäge: mekdebiň önümçilik bilen aragatnaşygynyň pugtalanmagyna, mekdebiň işiniň ýaşlary päkize ahlakly, watançylyk ruhunda terbiýelemäge we ýaşlykdan hünär saýlamak mümkinçiligini döretmeklige gönükdirilmegine, çagalaryň dynç alşyny many-mazmunly guramaga ýardam etmek;

ata-ene howandarlygyndan galan çagalary mekdep-internatlara, çagalar öýlerine we raýatlaryň maşgalalaryna terbiýelemäge ýerleşdirmek üçin çäreleri görmäge, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gözegçiliksiz galmagynyň öňüni almak boýunça işi guramaga, hossarlary we howandarlary bellemek boýunça teklipleri we degişli maglumatlary taýýarlamaga we olaryň öz borçlaryny ýerine ýetirişine gözegçilik etmäge ýardam bermek;

saglygy goraýyş edaralarynyň ilata saglygy goraýyş kömegini bermek, eneligi we çagalygy goramak, sanitariýa-öňüni alyş çärelerini, ýokanç kesellere garşy çäreleri geçirmek boýunça alyp barýan işine ýardam etmek;

halk senetçiligini we hünärmentçiligini ösdürmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kiçi kärhanalaryň gurnalmagyna ýardam etmek, daýhanlaryň oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ýerli guramalary bilen oba hojalyk önümini öndürmäge şertnama baglaşmaklaryna usulyýet, guramaçylyk we gaýry kömekleri bermek bilen tabynlygyndaky çäkde iş orunlarynyň döredilmegi ugrunda iş alyp barmak;

jemgyýetçilik ýerlerinde söwda etmek kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek;

özüne degişli eýeçiligi dolandyrmak;

raýatlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen güwänamalary bermek;

kanun tarapyndan Geňeşiň ygtyýarlygyna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek;

Geňeşlere amala aşyrylmagy üçin zerur bolan maddy we maliýe serişdelerini bölüp bermek arkaly kanun bilen aýry-aýry döwlet ygtyýarlyklary berlip bilner. Berlen ygtyýarlyklaryň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan gözegçilik edilýär.

 

15-nji madda. Arçynyň ygtyýarlyklary

 

Arçyn:

Geňeşiň işine ýolbaşçylyk etmek bilen onuň kabul eden kararlarynyň, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, şeýle hem häkimleriň ygtyýarlyklarynyň çäginde çykaran buýruklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

Geňeşiň maslahatyny taýýarlamak we ony çagyrmak işini amala aşyrýar, maslahatyň gün tertibini maslahatyň geçiriljek gününe çenli azyndan 10 gün galanda Geňeş agzalarynyň dykgatyna ýetirýär, Geňeşiň kararlarynyň taslamalary bilen tanyşmak mümkinçiligini üpjün edýär;

Geňeşiň maslahatlaryny alyp barýar;

dolandyryş-çäk gurluşynyň meseleleri baradaky degişli maglumatlary taýýarlaýar;

döwlet we jemgyýetçilik guramalary, kärhanalary bilen gatnaşyklarda Geňeşe wekilçilik edýär;

Geňeşiň çykaran kararlaryna laýyklykda ýerli sala salşyklaryň geçirilmegini, şeýle hem Geňeşiň kararlarynyň taslamalarynyň, ýerli we döwlet ähmiýetli beýleki möhüm meseleleriň raýatlar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylmagyny üpjün edýär;

raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek boýunça işi üpjün edýär;

özüniň garamagyndaky çäkde işleriň ýagdaýy hakynda, Geňeşiň kararlaryny ýerine ýetirmek boýunça edilen iş hakynda Geňeşi habarly edýär;

ýerli çägi ykdysady, durmuş, medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de býujetiň taslamalaryny işläp taýýarlamaga ýolbaşçylyk edýär, bellenilen maksatnamalaryň berjaý edilişi we býujetiň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabatlary Geňeşiň garamagyna hödürleýär;

Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň hem-de welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk we olary geçirmek boýunça saýlaw toparlaryna ýardam edýär;

Raýatlary sylaglamak meseleleri baradaky teklipleri hem-de degişli maglumatlary taýýarlaýar;

Kanunçylyk namalary, şeýle hem Geňeşiň kararlary boýunça arçynyň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

Arçyn bank edaralarynda býujetiň karzlarynyň serenjam berijisi we Geňeşiň býujetden daşary hasabynyň serenjam berijisi hasaplanylýar.

Arçyn şu gönümel borçlaryndan başga-da, Geňeşiň alyp barmaly işleriniň hemmesiniň guramaçysydygy sebäpli, şu kanunyň 14-nji maddasynda görkezilen, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylyk namalary arkaly Geňşeleriň ygtyýaryna degişli edilen beýleki hukuklary we borçlary Geňeş agzalarynyň arasynda paýlamak we olaryň öz borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmeklerine ýardam etmek maksady bilen hemişe gözegçilik etmäge borçludyr.

 

16-njy madda. Geňeşiň diwanynyň wezipeleri

 

Geňeşiň işini üpjün etmekde onuň diwanynyň esasy wezipeleri:

1) Geňeşiň maslahatlaryny geçirmäge taýýarlyk görmekden, onuň gün tertibine degişli bolan teklipleri işläp taýýarlamakdan;

2) Geňeşiň maslahatlaryny we beýleki çärelerini guramaçylyk, maddy-tehniki taýdan üpjün etmegi guramakdan;

3) Geňeşiň maslahatynda seredilmeli meseleleri taýýarlamagy üpjün etmekden, taslamalary taýýarlamakdan;

4) Geňeşiň maslahatynda meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda aýdylan teklipleri we bellikleri hasaba alyp umumylaşdyrmakdan;

5) Geňeşiň resminamalaryny saklamagyň tertibini berjaý etmekden;

6) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda raýat ýagdaýynyň namalaryny resmileşdirmegi, notarial hereketleri, hojalyk kitaplarynyň hasabyny ýöretmegi amala aşyrmakdan;

7) Geňeşiň gündeki we derhal meselelerine garamakdan we çözmekden;

8) Geňeşiň işini üpjün etmek üçin diwanyň berjaý etmegine degişli edilen beýleki meseleleri çözmekden ybaratdyr.

Geňeşiň diwanynyň işini Geňeşiň kätibi ugrukdyrýar. Kätip Geňeşiň maslahatynda onuň agzalarynyň arasyndan açyk ses bermek arkaly sesleriň ýönekeý köplügi bilen saýlanylýar. Kätibi wezipesinden boşatmak hem şol tertipde amala aşyrylýar.

 

17-nji madda. Geňeşiň agzasy

 

Geňeş agzasy saýlawçylaryň doly ygtyýarly wekilidir we ol Geňeşde saýlawçylaryň erk-islegini hem bähbitlerini aňladýar.

Geňeş agzasynyň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy we şu Kanun bilen kesgitlenilýär.

Geňeş agzasynyň ygtyýarlyklary olary ykrar etmek hakynda Geňeş tarapyndan karar kabul edilenden soň başlanýar we täze çagyrylyşyň Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklary ykrar edilen gününde gutarýar.

Geňeş agzasy özüniň ygtyýarlyklaryny muzdsuz amala aşyrýar. Geňeş agzasy Geňeşiň maslahatlary geçirilýän, Geňeşiň tabşyryklaryny ýerine ýetirýän döwründe önümçilik ýa-da gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylýar, oňa şol işleri ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly edilen çykdajylaryň öwezi býujetiň hasabyna tölenilýär.

Geňeş agzasy saýlawçylar bilen ykjam aragatnaşyk saklaýar, öz çäklerini ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi hakynda olary yzygiderli habarly edip durýar, Geňeşiň kabul eden kararlaryny ýerine ýetirmegi guramak we oňa gözegçilik etmek işine gatnaşýar, jemgyýetçilik pikirini, ilatyň isleg-hajatlaryny öwrenýär, Geňeşe teklip girizýär.

Geňeş agzasynyň ygtyýarlyklary kazyýetiň aýyplaw höküminiň kanuny güýje girmegi, ýa onuň özüniň arza bermegi, ýa Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmagy ýa-da raýatlygyny ýitirmegi bilen baglanyşyklylykda Geňeşiň kabul eden karary esasynda möhletinden öň ýatyrylýar.

Geňeş dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgedilmegi bilen baglanyşyklylykda ýatyrylan mahalynda, Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklary möhletinden öň ýatyrylýar.

8-nji bölegi aýyrlan Türkmenistanyň 23.05.2015 ý. № 239-V Kanuny esasynda.

Geňeşiň agzasy Geňeş bilen deslapdan ylalaşylman, ýolbaşçylaryň teklibi boýunça işden ýa gullukdan boşadylyp ýa-da düzgün-nyzam temmisi tertibinde pes hak tölenilýän işe geçirilip (wezipesinden peseldilip) bilinmez.

Geňeşiň agzasy jenaýat jogapkärçiligine çekiljek, tussag ediljek bolnanda ýa-da ol barada kazyýetiň üsti bilen administratiw temmi çäresi ulanyljak bolnanda Geňeş bilen deslapdan ylalaşylmalydyr.

Geňeşiň agzasyna bellenilen nusgadaky şahsyýetnama berilýär.

 

18-nji madda. Geňeş agzasyny jenaýat ýa-da administratiw jogapkärçiligine çekmek üçin Geneşiň razylygyny almagyň tertibi

 

Geňeş agzasyny jenaýat jogapkärçiligine çekmek, tussag etmek ýa-da ol barada kazyýet tarapyndan administratiw temmi çäresi ulanyljak bolnanda Geňeşiň razylygyny almak üçin etrabyň, şäheriň prokurory Geňeşe teklip girizýär. Şeýle teklip ýokarda durýan prokuror tarapyndan hem girizilip bilner.

Teklip Geňeş agzasyna aýyp bildirilmezinden ýa-da tussag etmäge idin berilmezinden, ýa-da administratiw hukuk bozulmalary baradaky iş kazyýete ugradylmazyndan ozal girizilýär.

Geňeş agzasyny jogapkärçilige çekmek hakynda razylygy almak üçin aşakda durýan prokuror tarapyndan ugradylan teklipnamany ýokarda durýan prokuror yzyna çagyryp biler.

Geňeş bir aýdan gijä goýman prokuroryň teklipnamasyna garaýar we teklipnamada görkezilen meseleleri çözmek üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary prokurordan sorap biler. Geňeş delillendirilen karar kabul edýär we bu barada üç günüň dowamynda prokurora habar berýär. Geňeş esaslar bar bolan ýagdaýynda öz kararyna gaýtadan seredip biler. Öz eldegrilmesizligi hakyndaky meselä Geňeş tarapyndan garalanda, Geňeş agzasynyň oňa gatnaşmaga haky bardyr.

Geňeşiň karary bilen ylalaşylmadyk mahalynda ýokarda durýan prokuror Geňeş tarapyndan şu meselä gaýtadan seredilmegi hakynda Geňeşe teklipnama girizmäge haklydyr.

Eger Geňeş ilkibaşdaky kararyny tassyklasa, onda Baş prokuroryň teklipnamasy boýunça şu mesele düýp manysy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan çözlüp bilner.

Eger şu maddada göz öňünde tutulan tertipde prokuroryň girizen teklipnamasyna Geňeş tarapyndan bir aýyň dowamynda seredilmedik bolsa, onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Baş prokuroryň girizen teklipnamasy boýunça, oňa haýal edilmän garalmagyny üpjün etmek üçin çäreleri görýär.

Geňeşe teklipnama girizen prokuror Geňeş agzasyny jenaýat ýa-da dolandyryş jogapkärçiligine çekmäge ýa-da ony tussag etmäge razylyk beren Geňeşe iş boýunça önümçiligiň gutaran gününden soň üç gün möhletiň dowamynda derňew geçirilmeginiň ýa-da işe garalmagynyň netijeleri hakynda habar bermäge borçludyr.

 

IV BAP

JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

19-njy madda. Maliýe serişdeleri

 

Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň we geňeşligiň maliýe serişdeleri býujetiň serişdelerinden we býujetden daşary serişdelerden, şeýle hem kanun tarapyndan gadagan edilmedik gaýry maliýe çeşmelerinden durýar.

 

20-nji madda. Býujetiň çeşmeleri

 

Býujet serişdeleriniň çeşmeleri şu aşakdakylar hasaplanylýar:

Türkmenistanyň kanunlary boýunça bellenilýän salgytlardan hem-de beýleki töleglerden býujete geçirilýän serişdeler;

Geňeşiň karary boýunça bellenilen ýerli ýygymlar;

gaýry girdejiler we düşýän serişdeler.

 

21-nji madda. Býujetiň çykdajylary

 

Geňeş arçynyň teklipnamasy boýunça:

býujetiň serişdelerini haýsy maksatlar üçin we näçe mukdarda ulanmalydygyny kesgitleýär;

býujetiň girdeji we çykdajy böleklerine düzediş girizýär;

Geňeşiň diwanyny saklamak üçin çykdajylaryň möçberini tassyklaýar.

Býujet ýerine ýetirilende goşmaça alnan girdejiler, şeýle hem alynmaly girdejileriň artyk ýerine ýetirilmegi ýa-da çykdajy etmekde tygşytlylyk gazanylmagy netijesinde girdejileriň çykdajylardan artyk galan bölegi Geňeşiň ygtyýarynda galýar, ol ýokarda durýan döwlet edaralary tarapyndan yzyna alynmaga degişli däldir hem-de ol Geňeşiň kararyna görä peýdalanylýar.

 

22-nji madda. Býujetden daşary gazna

 

Geňeş şu aşakdaky çeşmelerden býujetden daşary gaznany döredýär:

goşmaça alnan girdejiler hem-de ykdysady we durmuş meselelerini çözmek boýunça Geňeşiň guran çäreleriniň durmuşa geçirilmeginiň hasabyna alnan tygşytlanan maliýe serişdeleri;

raýatlaryň we eýeçiligiň görnüşine seretmezden kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň meýletin gatançlary we beren serişdeleri;

býujetden daşary gelip gowuşýan beýleki serişdeler.

Býujetden daşary gaznanyň serişdeleri bank edaralarynda açylýan ýörite hasaplarda saklanylýar, ýokarda durýan döwlet edaralary tarapyndan yzyna alynmaga degişli däldir hem-de ol Geňeşiň kararyna görä peýdalanylýar.

 

23-nji madda. Geňeş tarapyndan Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň ulanylmagy

 

Geňeşiň diwanynyň ýerleşýän jaýynda Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy gerilýär we Döwlet Tugrasy (Gerbi) oturdylýar.

Türkmenistanyň döwlet baýdagy Geňeşiň maslahatynyň geçirilýän jaýynda hem gerilýär.

 

 

Türkmenistanyň Halk

Maslahatynyň Başlygy,

Türkmenistanyň                                                                 Saparmyrat

Prezidenti                                                                            Türkmenbaşy

 

 

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 25-nji oktýabry

№ HM-82