Habarlar

Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine döredijilik we hyzmatdaşlyk ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistany bedew bady bilen ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreleri amala aşyrýar, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. 21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy

Şu gün Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 16-njy iýulda hormatly Prezidentimiz döwlet sapary bilen Gruziýa bardy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Giňişleýin