Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri doglan güni bilen gutlaýarlar

30.06.2021

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan öz ösüşinde uly üstünlikler gazandy hem-de häzirki wagtda dünýä giňişliginde mynasyp orun eýeleýär. Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn nygtamak isleýärin. Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyga we syýasy özara düşünişmäge esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine we ösdüriljekdigine berk ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Sadyr Žaparow, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

28.06.2021

Mähriban halkym! Hormatly medeniýet we sungat işgärleri! Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde asyrlara ýaň saljak tutumly işler, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Mähriban Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda düýpli ösüşler gazanylyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Dünýäniň häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlary, kämil tehnologiýalary, sanly ulgam ýurdumyzyň ähli ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna giňden ornaşdyrylyp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler medeniýet ulgamyny has-da ösdürmekde, täze ösüşlere beslemekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny yzygiderli kämilleşdirmek, täze eserler bilen baýlaşdyrmak, medeniýet we sungat işgärlerini, ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri çeper döredijilige höweslendirmek, olary maddy taýdan goldamak maksady bilen, bu ugurda zerur işleri alyp barýarys. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda medeni ulgamyň ösüşi aýratyn orny eýeleýär. Medeniýetiň we sungatyň ösmegi ilatyň medeni aň-bilim derejesini, nesilleriň ruhy kämilligini, sowatlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamak hem-de kiçi we orta telekeçilik taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, ugurdaş, abraýly düzümlerden bähbitli şertlerde karz serişdelerini çekmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy

24.06.2021

Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşdy. Bu ýerde ýurdumyzyň gündogar sebitinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine bagyşlanan konsert hem boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze howa menziliniň ulanylmaga berilmegi yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatyna iş saparyna ugrady

23.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden uçup, biraz wagtdan soň, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimiz mähirli garşylandy. Welaýat häkimi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitiň gallaçylarynyň döwlete däne tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça döwletimiziň kanunçykaryjylyk edarasynyň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda birnäçe täze kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar, üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmegi talap edilýän kanunçylyk namalary seljerilýär. Bu işler durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli Geňeşiň Mejlisiniň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň esasynda alnyp barylýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisi

19.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy durmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Milli Liderimiz mejlisi açyp, dünýäde koronawirus keseli bilen bagly ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy zerarly, şu gün Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirmek barada karara gelnendigini belledi. Häzirki wagtda dünýäde koronawirus keseliniň täze-täze görnüşleri ýüze çykýar. Aýry-aýry ýurtlarda onuň eýýäm 14 müňden gowrak görnüşi hasaba alyndy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça döwletimiziň kanunçykaryjylyk edarasynyň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda birnäçe täze kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar, üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmegi talap edilýän kanunçylyk namalary seljerilýär. Bu işler durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli Geňeşiň Mejlisiniň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň esasynda alnyp barylýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

16.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şäher ilatynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda zerur şertleriň döredilmegine, şäheri ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

15.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Giňişleýin
Milli ylmy mynasyp dowam etdirijiler sylaglandy

14.06.2021

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, asylly däbe görä, Ylymlar güni mynasybetli guralýar. Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran bu çäresi şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan bu bäsleşik ýurdumyzyň ylym ulgamynyň ösdürilmegine hem-de onuň häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän ornunyň berkidilmegine, ägirt uly döredijilik ukyby bolan alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, has zerur we wajyp ugurlarda alnyp barylýan ylmy işleriň höweslendirilmegine gönükdirilendir. Her ýylda geçirilýän bu ylmy bäsleşige ýaş alymlar, ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki edaralaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary we ylmy iş bilen meşgullanmaga aýratyn uly gyzyklanma bildirýän dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisi

11.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklady

11.06.2021

Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karara gol çekdi

09.06.2021

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işini höweslendirmek, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, telekeçiligiň ykdysadyýetde eýeleýän ornuny has-da artdyrmak, şeýle hem täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Kanuny

06.06.2021

«Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda 1-nji madda. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli. 2-nji madda. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar). 3-nji madda. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň Ýazgysyny we onuň plankasynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar). Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Giňişleýin