Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklady

11.06.2021

Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karara gol çekdi

09.06.2021

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işini höweslendirmek, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, telekeçiligiň ykdysadyýetde eýeleýän ornuny has-da artdyrmak, şeýle hem täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Kanuny

06.06.2021

«Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda 1-nji madda. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli. 2-nji madda. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar). 3-nji madda. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň Ýazgysyny we onuň plankasynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar). Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Giňişleýin
Türkmenistanyň Kanuny

06.06.2021

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan adamlary sylaglamak maksady bilen: 1-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli. 2-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar). 3-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar). Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Giňişleýin
Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenildi

05.06.2021

Şu gün Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu foruma, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň tebigaty goraýyş düzümleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Milli Geňeşiň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa meseleleri boýunça merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine

05.06.2021

Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri! Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tebigata bolan söýgi türkmen halkynyň durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyna aýawly çemeleşmek, ony goramak ýörelgeleri halkymyzyň aňyna ornaşyp, ekologik meseleleri oňyn çözmegiň özboluşly tärlerini kemala getiripdir. Ýurdumyzyň bedew bady bilen ösmegi we halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda geçirilýän taryhy özgertmeler eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklary täze öwüşginde has-da dabaralanýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

05.06.2021

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary makullanyldy. Mejlise gatnaşmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Gün tertibine hem-de “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Kanunyň 18-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň makullamagy üçin 22-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynda kabul edilen kanunlar hödürlenildi.

Giňişleýin
Resmi habarlar

02.06.2021

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, içerki gullugyň podpolkownigi Nuraýew Jumamyrat Orazdurdyýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

02.06.2021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň ýakyn geljek üçin işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Onuň gün tertibine Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini kämilleşdirmek, döwlet emläginiň, şol sanda maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

01.06.2021

Mähriban halkym! Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri! Sizi adamzadyň belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän ajaýyp halkara baýram — Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri mähriban halkymyzyň, durmuşymyza bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döretsin!

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň altyn nyşany bilen sylaglanyldy

01.06.2021

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda habarlary alyşmak hem-de habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeň giňeldýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar — iri habarlar agentlikleri, abraýly neşirler, meşhur teleýaýlymlar bilen bilelikde özygtyýarly türkmen döwletiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de ýurdumyzy halkara habarlar giňişligine goşmak, metbugat we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, hususan-da, internet serişdelerinde täzelikleri, habarlary ýaýratmak, syn we seljerme materiallaryny çap etmeklik boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeşligi

01.06.2021

Şu ýyl bellenilýän şanly sene — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeş boldy. — Hormatly jenap Prezident! Biziň bilen söhbetdeş bolmaga razylyk berendigiňiz üçin Size hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Siziň pikiriňizçe, Garaşsyzlyk türkmen halky üçin nämäni aňladýar?

Giňişleýin
Milli Liderimiz Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna sadaka berdi

29.05.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Hezreti Omar” metjidinde kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky mynasybetli sadaka berdi. Paýhasly pederlerimiziň mukaddes ýörelgelerine laýyklykda, aradan çykan adamlary ýatlap, olaryň ruhuna aýat-doga okamak, sadaka bermek halkymyzyň asylly däbidir. Ine, bu gün hem ildeşlerimiz özüniň yhlasly zähmeti bilen döwletimiziň öňünde ägirt uly hyzmatlary bitiren ynsany hatyralap, berlen sadaka gatnaşdy.

Giňişleýin
Milli Liderimiz “Aşgabat-sitiniň” gurluşygyna badalga berdi hem-de täze ýaşaýyş toplumyny açdy

27.05.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy. Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat Aziýanyň “merjen şäheri” diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy we paýhasly baştutanlygy esasynda paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlara has amatly durmuş şertleriniň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Giňişleýin
Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

26.05.2021

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşlere beslenip, tanalmaz derejede özgerýär. Aşgabady dünýäniň gülläp ösýän şäherleriniň birine öwürmek maksady bilen, biz iri möçberli maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy binagärlik däpleri, inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen milli binagärlik ugurlary utgaşdyrylýan ak mermerli paýtagtymyzda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýarys. Häzirki döwürde biz Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary, söwda-dynç alyş merkezlerini, seýilgähleri, medeni-durmuş maksatly binalar toplumlaryny yzygiderli gurýarys. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge, täze seýilgäh zolaklaryny döretmäge, şaýollaryň we köçeleriň durkuny täzelemäge uly ähmiýet berýäris.

Giňişleýin