Habarlar
Resmi habarlar
06.02.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gurulýan we durky täzelenýän binalaryň hem-de desgalaryň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, möhüm we aýratyn möhüm gurluşyk işleriniň bahalaryny kesgitlemegi kämilleşdirmek hem-de gurluşyk işlerine gatnaşýanlaryň jogapkärçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy.
Giňişleýin
Resmi habar
05.02.2021
“Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýerleşýän geografik obýektiň çäklerinde aýratyn häsiýetleri şol obýekt üçin mahsus bolan tebigy we (ýa-da) etnografik şertleri bilen kesgitlenilýän harydy haýyşnamaçynyň öndürýändigini tassyklaýan resminamany bermäge ygtyýarly döwlet edaralarynyň sanawy tassyklanyldy.
Giňişleýin
Resmi habarlar
04.02.2021
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, bu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklady.
Giňişleýin
Resmi habar
04.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe berk käýinç yglan edildi.
Giňişleýin
Resmi habarlar
03.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew Esenmyrada berk käýinç yglan edildi.
Giňişleýin
Resmi habarlar
02.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän,işde goýberen kemçilikleri üçin,Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
01.02.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere geçip, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen tanyşdy
01.02.2021
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy.
Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar.
Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 27-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylar üçin ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän we ýokary ýakymlylyk ölçeglerine kybap gelýän harby lybaslaryň täze nusgalaryny taýýarlamak barada tabşyryklary berdi.
Giňişleýin
Resmi habar
30.01.2021
Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, Türkmenistanda olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara Tennis federasiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda çykaran 1539-njy karary esasynda 2020-nji ýylyň 8-15-nji iýuny aralygynda geçirilmegi bellenen Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyryny 2021-nji ýylyň 6-12-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynda agzalan karara laýyklykda geçirmäge ygtyýar berildi.
Giňişleýin
Resmi habarlar
29.01.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gymmat bahaly metallaryň we gymmat bahaly daşlaryň dolanyşygy bilen baglanyşykly işleriň guralyşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň ady üýtgedilip, ol Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy diýlip atlandyryldy hem-de onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy. Resminama bilen Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.01.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetini şu düzümiň Gaznasy diýip atlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda geçirilen işler barada hasabat berdi we degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy.
Giňişleýin
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli wezipelere bellemek we sylaglamak
27.01.2021
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, * Podpolkownik Ýazgeldi Bäşimowiç Nuryýew Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy - Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine bellenildi, oňa möhletinden öň polkownik harby ady dakyldy we ol Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. * Polkownik Muhammetgeldi Babageldiýewiç Agageldiýew Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesine bellenildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini gutlady
27.01.2021
«Sizi «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu baýram Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy we hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakynda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr» -diýlip Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk Gutlagynda aýdylýar.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.01.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Giňişleýin
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler
21.01.2021
Şu gün türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşinde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär.
Giňişleýin