Metbugat neşirleri
MAGTYMGULYNYŇ ŞYGYRLARYNDA SAGDYN JEMGYÝETIŇ BEÝANY
01.06.2023
Öwüt-nesihata, çuňňur parasata ýugrulan setirleri bilen adamzat kalbynyň şahyryna öwrülen Magtymguly Pyragynyň jemgyýete, her bir ynsana durmuşda dogry ýol görkezýän goşgulary asyrlar aşsa-da könelmän, gaýtam, ýaňy dogan Gün ýaly şöhle saçyp, ýagşylyga, haýyr işe çagyrýar. Halkymyz üçin mert bilen namardy, halal bilen haramy, haýyr bilen şeri, ýagşy bilen ýamany ölçeýän ölçeg daşyna barabar ol setirleriň köpüsi durmuş ýörelgesine, nakyllara siňip, ebedilik hemramyza öwrüldi. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy
Pyragynyň döredijiliginde sagdynlyga, ruhubelentlige, sagdyn durmuş ýörelgesine aýratyn ähmiýet berilýär. Şahyryň şygyrlarynda ynsan saglygynyň gymmaty, ony aýap saklamak, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmak barada düýpli pikir ýöredilýär. Şol pikirleriň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň nukdaýnazaryna gabat gelýändigi bolsa, şahyryň Hakdan içen zehinini subut edýän ýagdaýlaryň biridir. Magtymgulynyň goşgularynda adamyň diňe bir beden sagdynlygyny däl, eýsem, ruhy sagdynlygyny gazanmagyň möhümligi üns merkezinde saklanylýar. Şahyr ynsanyň beden hem ruhy sagdynlygy we gözelligi sazlaşanda ynsanperwer kalby döredýändigine ynanypdyr. Pyragynyň şygyrlarynda bedenterbiýäniň hem lukmançylygyň dürli tilsimleri şahyrana, düşnükli dilde, kämil derejede beýan edilýär. «Jan eglenmez» diýen goşgusynda «Kimse säher turar irden, kimse baş götermez ýerden...» diýmek bilen, irden turup hereketde bolmagyň adamyň özüni ýeňil duýmagy, şähdiniň açyk bolmagy üçin zerurdygyny ýaňzydýar.
Giňişleýin
YNSAN SAGLYGY-DÖWLETIŇ BAÝLYGY
28.05.2023
Ynsan ömründe jan saglygyň belli bahasy ýokdur. Hut şonuň üçin-de adamlar tanyş-bilişleri bilen duşuşanlarynda ilki bilen, birek-biregiň saglygyny soraşýarlar, hoşlaşanlarynda hem saglyk-salamatlyk arzuw edýärler. Bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny goramak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýan berkarar döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Raýatlara saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasy esasynda ýeňillikli lukmançylyk hyzmatlary bilen birlikde, derman serişdeleri berilýär. Paýtagtymyzda, we-I aýatdyr etrap merkezlerinde gurulýan dürli saglyk merkezleri, saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar, sport-sagaldyş, bedenterbiýe meýdançalary halkyň saglygy hakynda edilýän aladalardan nyşandyr. Berkarar döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan şeýle tutumly işler geljekde sagdyn nesliň kemala gelmegine ýardam edýär.
Giňişleýin
TELEKEÇILIK IŞINIŇ KONSTITUSION HUKUK KEPILLIKLERI
25.05.2023
Ata Watanymyz ykdysady taýdan ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmaklyga gönükdirilen hukuk esasyny has-da kämilleşdirmek bolsa, döwrüň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar.
Esasy Kanunymyzyň 47-nji maddasynda bellenilişi ýaly, her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr. Şundan ugur alnyp we konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary telekeçilik işiniň çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän möhüm hukuk binýady bolup çykyş edýärler. Telekeçilige goldaw bermek babatynda alnyp barylýan işler hem döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Telekeçiligiň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligine, girdejisiniň artmagyna, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli döwrebap harytlaryň ýurdumyzyň çäginde öndürilmegine we daşarky bazara çykarylmagyna, harytlaryň görnüşleriniň we hiliniň artmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.
Giňişleýin
HALALLYKDA HAÝYR BAR
22.05.2023
Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly ösüşler dünýä derejesinde ykrar edilen kämil hukuk binýadyna esaslanýar. Munuň özi kanunçylyk ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwletimiziň demokratik, hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmak üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär.
bozulmagynyň islendik synanyşyklarynyň öňüni almak kanun esasynda kepillendirilendir. Bu babatda «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem uly ähmiýete eýedir. Bu Kanun korrupsiýa garşy hereket etmegiň esasy ýörelgelerini, korrupsiýa garşy göreşiň, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam eden sebäpleri we şertleri aradan aýyrmagyň we olaryň netijelerini ýok etmegiň hukuk hem guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmek arkaly Kanunyň many- -mazmunyny, ondan gelip çykýan wezipeleri raýatlara giňden düşündirmek hukuk goraýjy edaralaryň işiniň esasy bölegini düzýär. Kanunyň ähmiýeti, korrupsiýa garşy göreşiň maksatlary we ugurlary, korrupsiýa garşy hereket etmegiň hukuk esaslary, şeýle-de korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalar, döwlet edaralarynyň gözegçilik wezipeleri, korrupsiýa garşy hereket etmek, onuň öňüni almak bilen bagly esasy düşünjeleri her bir raýatyň aňyna ýetirmek şol işleriň esasy maksady bolup durýar.
Giňişleýin
BELENT MAKSATLAR — BAKY ROWAÇLYGA BADALGA
19.05.2023
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi eziz Diýarymyzyň ykdysady taýdan ösýändiginiň, syýasy taýdan at-abraýynyň belende göterilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, asylly başlangyçlaryň, halk bähbidine gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitleýän milli we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzyň daşary we içeri syýasaty gün-günden belent ösüşleri nazarlaýar. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, «Häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir».
Giňişleýin
ÖSÜŞIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI
16.05.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalyp, olara uly ynam bildirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ynamyna eýe bolan ýaşlaryň ata Watanymyza mynasyp, ylymly-bilimli, edepterbiýeli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegi üçin döredilen şertler bolsa her birimizi buýsandyrýar.
Ýaşlara ynam — geljege ynam. Ýaş nesilleriň nurana geljegi, ilkinji nobatda, ylym-bilim, edep-terbiýe bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde şeýle diýip belledi: «Ýene-de birnäçe wagtdan ýaş nesilleriň gerdenine geljekde ýurdumyzy dolandyrmak wezipesi düşer. Munuň üçin olardan maksatlara ýetmekde hakyky watançylyk, ýokary hilli bilim almak we yhlasly zähmet çekmek talap edilýär. Ýaş nesiller Türkmenistany ösdürmekde aýgytly orny eýelemelidirler, ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidirler». Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaşlaryň öňküden-de yhlasly okap, işläp, öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirip, diňe öňe tarap hereket etmegi zerurdyr. Nesil terbiýesinde Milli Liderimiziň sargytlary, gymmatly kitaplary, öwütündewleri mizemez ýol-ýörelgedir, ýaş nesle kämil bilim-terbiýe bermekde, olaryň Watana, il-halka bolan söýgüsini artdyrmakda gymmatly gollanmadyr.
Giňişleýin
BAGTYMYZYŇ EŞRETLI ÝOLY
13.05.2023
Dogrusy, sagdyn durmuşy esasy ýörelgämiz edinmek her birimiz üçin bagtyýarlygymyzyň eşretli ýolunda abadan ýaşaýşyň kepilidir. Jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny gazanmaga gönükdirilen degerli işler giň gerime eýe bolup, gowy netijeler gazanylýar. Neşekeşlige, arakhorluga, çilimkeşlikdir naskeşlige garşy göreş jemgyýetimiziň mäkämligini, agzy birligini üpjün etmekden, halkyň saglygyny goramakdan ybaratdyr.
Giňişleýin
EDEP-TERBIÝE MAŞGALADAN BAŞLANÝAR
10.05.2023
Maşgala diňe bir hukuk gatnaşyklarynyň däl, eýsem, ilkinji nobatda, söýginiň, hormatyň we beýleki ahlak kadalarynyň binýadynda döredilýär. Türkmen maşgalasynda hereket edýän birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, ene-atanyň sözüni ýykmazlyk, gelniň ýaşynmagy, gyzyň uýat-haýaly bolmagy, maşgalabaşynyň erkek adam bolmagy ýaly kämil ýörelgeler «ýazylmadyk kanunlardan» emele gelýär.
Jemgyýetiň ahlak, ruhy, edep kämilligi maşgalanyň kämillik derejesine baglydyr. Jemgyýet maşgaladan başlanýar. Jemgyýeti sagdyn we arassa saklamak üçin maşgalany arassa saklamaly. Hatda jemgyýetiň dynçlygy, oňşuklylygy hem maşgaladan başlanýar. Ýurtsuz millet bolmaýar, öýsüz hem maşgala. Türkmen maşgalasy, adatça, uly, köp çagaly bolýar. Maşgala her näçe uly bolsa-da, bir gapydan girip-çykmak, bir saçakdan çörek iýmek gadymdan gelýän kadadyr. Alty-ýedi ogluny öýerip, on-ýigrimi agtygy bilen agzybirlikde ýaşaýan maşgalany görüp begenýärsiň.
Giňişleýin
BAGTYÝAR NESILLER ALADA BILEN GURŞALÝAR
07.05.2023
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasatyna uly üns berilmegi ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar nesillerimiz üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi baradaky aladadan gözbaş alýar. Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem bu aladanyň aýdyň nyşany bolup, bu çözgüt döwrümiziň sesine ses goşýan, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerine goşant goşmakda yhlas-başarnyklaryny orta goýýan ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy, nurana ertirlere ynamymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, biz ýetip gelen 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berdik. Bu bolsa Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdyr» diýip belledi. Elbetde, Arkadagly Serdarymyzyň belent ynamyny ödemek, şu mukaddes Watana, il-güne gerekli adamlar bolup ýetişmek, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekmek ýaşlaryň öňündäki mukaddes borçdur.
Giňişleýin
ÝARAMAZ ENDIKLERDEN GORANMAGYŇ ESASLARY
04.05.2023
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda raýatlara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä derejesine ýetirilmegini, ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegini, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşilmegini, türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň gazanylmagyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi. Bu babatda 2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy raýatlaryň saglygyny jemgyýetiň esasy gymmatlygy hökmünde sarpalamak däbi döwrebap derejede ösdürilýändiginiň nyşany bolup durýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 52-nji maddasynda her bir adamyň saglygyny gorap saklamak boýunça döwlet syýasatynyň beýan edilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle konstitusion kadalar «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda has giňişleýin düzgünleşdirilýär.
Giňişleýin
ARKADAG ŞÄHERI WE ŞÄHERGURLUŞYK IŞI
01.05.2023
Asyrlaryň dowamynda dünýäniň çar künjünde azymazym şäherleri, döwletleri guran türkmen halkynyň bu günki şöhratly nesli öz mukaddes ata Watanynda döwrebap we milli ruhda nusgalyk şäherleri gurýar. Ýurdumyzyň göwher gaşyna öwrülen şol şäherleri bezäp oturan binalary synlanyňda, hormatly Prezidentimiziň egsilmez hyjuwy, Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasy aýdyň görünýär. Dana Pyragynyň: «Isgender, Jemşit saldyran//Beýik binalar görüner» diýen setirlerini seriňde aýlap, şol ajaýyp binalar bilen bilelikde olary gurduran beýik şahsyýetleriň hem atlarynyň taryha ýazylýandygyna akyl ýetirýärsiň.
«Döwlet ähmiýetli şäher» diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilen Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe binagärlige siňen hakyky nurana keşbidir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Bu ýerde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagy ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň, milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Giňişleýin
HALAL ZÄHMET — BAKY DÖWLET
28.04.2023
Gahryman Arkadagymyz terbiýeçilik işiniň täsirine ýugrulan «Ömrümiň manysy» atly dürdäne eserinde: «Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys. Bu meselede halypalaryň egnine juda mukaddes borç, edil şonuň ýaly hem uly wezipe düşýär. Meniň bu ýerdäki «halypalar» diýýänim, ilkinji nobatda, ata-enelerdir, terbiýeçilerdir, mugallymlardyr, dürli ugurlardan öz işine ussat adamlardyr. Halkymyz öz nesillerini geçmişde-de şeýdip ýetiş-diripdir. Ata-babalarymyz öz nesillerini, ine, şu taýsyz nusganyň - hünär, düşünjelilik, zerur dilleri öwrenmek, Watany jan-dilden söýmek, tutanýerlilik, zehiniňi ýerinde ulanmak we zähmetsöýerlik babatdaky beýik mekdebiň, beýik ruhy akademiýanyň gujagynda ýetişdiripdirler» diýip nygtamak bilen, nesillerimizi merdana ata-babalarymyzyň bize baky miras galdyran maddy we ruhy mukaddeslikleri esasynda terbiýelemegi nesihat edýär.
Giňişleýin
TERBIÝE—ÝAŞLARYŇ ÝARAŞYGY
25.04.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimize bildirilýän beýik ynamyň nyşany bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda täzeden-täze başlangyçlaryň binýady goýulýar, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, olaryň innowasion tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy, döwrebap hünärleri ele almagy üçin ähli amatly şertler döredilýär.
Ata-babalarymyz döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerip, öz nesillerini adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan watansöýüjilik, asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw etmek ýaly häsiýetler bilen terbiýeläpdir. Bu ýörelgeler häzirki zaman terbiýesine hem mahsus bolup, şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän eserler nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär.
Giňişleýin
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY
22.04.2023
Sarahs etrap Medeniýet öýünde etrap prokuraturasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üstünligiň açarydyr» ady bilen geçirilen duşuşyga bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy Batyr Goşaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Wepa Ýazgylyjow we beýlekiler çykyş edip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzy gurşap alan ösüşlerdir özgertmeler, ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi dogrusynda tasirli gürrüň berdiler. Sport bilen meşgullanmak. sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek. ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen bagly aýdylan maslahatlar ýaşlar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Giňişleýin
SAGDYN NESIL — BAGTYÝAR GELJEK
19.04.2023
Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde etrabyň prokuraturasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen duşuşyga etrapdaky mekdeplerden ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy.
«Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» şygary astynda geçen duşuşykda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda berkarar Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, ýaşlaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen tagallalar dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Duşuşygyň barşynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga işjeň çekmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Giňişleýin