Metbugat neşirleri

PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ UGRY

18.08.2022

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly tutumlary esasynda Hazar deňzi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söwda, syýahatçylyk, ulag-logistika we ýangyç- energetika babatdaky ösüşleri bilen dünýäde parahatçylykly ösüşiň kämil tejribesini dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 8-nji awgustda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny mynasyp mazmun bilen baýlaşdyran şanly waka boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä we sebit döw- letleri, şol sanda Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli berkidýär. Hazarýaka döwletleriniň, ýagny Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşmeginde

Giňişleýin
GURLUŞYK WE SENAGAT

14.08.2022

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 6-7-nji awgustynda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Ýerli we daşary ýurtly işewürleriň işjeň gatnaşmagynda geçen sergide bu işe ýaňy başlan täze kärhanalaryň öz mümkinçilikleri- ni görkezmegi telekeçiligi goldamak we ösdürmek babatda döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän netijeli işleriň beýany boldy. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen işlerini döwrebap guramaga döwletimiz tarapyndan giň goldawlary alýan ýerli kompaniýalar häzirki zaman edara binalaryny, ýaşaýyş toplumlaryny, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly iri desgalary gurmakda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň özleşdirýärler we şolardan netijeli peýdalanýarlar.

Giňişleýin
HALAL ZÄHMET — BAGTA BINÝAT

10.08.2022

Ynsany bezeýän gözel häsiýetleri özünde jemleýän halkymyz halal zähmeti bilen ertirlerine eýe çykjak nesillerine nusgalyk görelde görkezmegi iň dogry ýol hasaplapdyr. Halallyk, halal zähmet, halal çörek, halal ýaşamak baradaky düşünjeler dogrusynda ata-babalarymyzdan miras galan rowaýatlara, tymsallara, çeper aýtgylara, nakyllardyr atalar sözlerine näçe diýseň gabat gelmek bolýar. Ata-babalarymyz: «Halal zähmet — baky döwlet», «Halal işle, haýyr tap», «Halala hasap bar, harama — azap» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Halallyk durmuşymyzy gözelleşdirýän, ýaşaýşymyza nur saçýan şöhledir. Şonuň üçin halkymyz nesil terbiýesini zähmet terbiýesi bilen utgaşykly alyp barýar. Perzendini zähmet çekmäge gönükdirmek arkaly terbiýeleýär.

Giňişleýin
DÖWLET GULLUGYNDA AHLAK GYMMATLYKLARY

06.08.2022

Ýurdumyzda dolandyryş işiniň kämilligi döwlet edaralarynda işleýänleriň — döwlet gullukçylarynyň hünär ussatlygy, ahlak keşbi we işewür sypatlary, ýokary derejedäki medeniýetliligi, edepliligi bilen pugta baglanyşykly. Iş we durmuş babatda hemişe üstünlik gazanmak, oňyn netijelere ýetmek üçin döwlet gullukçysy özünde birnäçe edep-häsiýetleriterbiýelemäge borçludyr. Muňa başgaça «Döwlet gullukçysynyň etikasy» ýa-da «Döwlet gullukçysynyň edep kadalary» diýip kesgitleme berip bolar. 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, döwlet gullugy — bu döwlet gullukçylarynyň döwlet häkimiýetiniň wezipelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrýan hünär işidir. Şeýle hem Kanunyň 3-nji maddasynyň 1-nji bendiniň 1-nji böleginde bellenilişi ýaly, döwlet gullukçysy döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipäni eýeleýän we döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan Türkmenistanyň raýatydyr.

Giňişleýin
BEREKEDI BOLDAN BOLSUN!

02.08.2022

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda oba hojalygyna degişli pudaklaryň sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen işleri ýerine ýetirmek bilen, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak we halkara standartyna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi döretmek arkaly azyk howpsuzlygyny doly üpjün etmegiň kanunçylyk binýady hem döwrebap derejede kämilleşdirilýär. «Azyk howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwletiň ykdysady howpsuzlygynyň düzüm bölegi bolup durýan, Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Şeýle-de agzalan Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, azyk howpsuzlygy — ýurduň azyk garaşsyzlygy, ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleriniň we iýmit çig malynyň öndürilmeginiň zerur derejesini üpjün edýän, şeýle hem işjeň we sagdyn durmuş üçin zerur bolan mukdarda azygyň ähli ilat üçin fiziki we ykdysady taýdan elýeterliligine kepil geçilmesidir. Hut şonuň üçin hem Watanymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, daýhanlarymyz, maldarlarymyz irginsiz zähmet çekip, bu babatda şahsy goşantlaryny gaýgyrmaýarlar.

Giňişleýin
DÖWLETLILIGIŇ GÖZBAŞY

28.07.2022

Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Watanymyzda amala aşyrylýan her bir iş, belent tutumlar köňülleriň guwanjy bolan şadyýan çagalaryň bagtly geljegine gönükdirilendir. Ynsanyýet durmuşynda çagalaryň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni, 20-nji noýabrynda bolsa Bütindünýä çagalar güni bellenilýär. 1946-njy ýylda döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) häzirki wagtda dünýäniň 190-dan gowrak ýurdunda çagalaryňdyr ýaş raýatlaryň goraglylygyny, sagdynlygyny we bilimliligini üpjün etmek ugrunda iş alyp barýar. Çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek jemgyýetimizi hem-de döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde öňe sürýän esasy wezipelerimizdir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Giňişleýin
HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

24.07.2022

Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri bilen halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda döredijilik işgärleriniň möhüm orny bar. Döwletiň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde, dünýä bileleşiginde parahatçylyk dörediji, özara peýdaly hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryna aýratyn gadyr goýýan ýurt hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny belende götermekde medeniýet diplomatiýasyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de ähli döredijilik işgärleriniň wezipeleri häzirki döwrüň döredijilikli ruhuny, ýurdumyzyň okgunly ösüşini, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan we halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, Garaşsyz döwletimiziň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen ägirt uly tutumlaryny giňden wagyz etmekden ybaratdyr. Mähriban Watanymyzda halkara derejede geçirilýän döredijilik forumlary, Medeniýet günleri, festiwallar, sergiler, konsertler we beýleki medeni çäreler hemişelik Bitarap döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary has-da ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Giňişleýin
WATANYMYZYŇ GELJEGI

21.07.2022

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwlet işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda beýik döwrümize mynasyp ýaşlary ýetişdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren özgertmeleri uly üstünliklere beslenýär. Şolaryň biri-de, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi bilen baglydyr. Esasy Kanunymyzyň 55-nji maddasynda: «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär» diýlip beýan edilýär. Ýaşlarda asylly ahlak sypatlary kemala getirmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalaryny we ýörelgelerini öz içine alýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň in gymmatly hazynasy adam diýlip ykrar edilendir. Halkyň taryhy-medeni geçmişine düşünýän, döwletiň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletiň baş maksady bolup durýar. Gadymdan gelýän milli ynsanperwer ýörelgelere laýyklykda, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, sanly ulgamyň ýola goýlan häzirki zaman döwlet hünär bilimi edaralarynda ýaşlara halkara derejesinde bilim we terbiýe bermäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, durmuş, medeni, ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda: «Bilim almak hukugy adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Okatmak diýlip, bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň we ygtyýarlylygyň belli bir maksat bilen ele alynmagynyň, ukyplaryň ösdürilmeginiň, bilimleri gündelik durmuşda ulanmagyň tejribesini toplamagyň hem-de adamyň bütin ömrüniň dowamynda bilim almaga we hünär derejesini kämilleşdirmäge bolan çuňňur isleginiň emele getirilmeginiň barşyna düşünilýär» diýlip kesgitlenilýär.

Giňişleýin
NETIJELI DUŞUŞYK

01.07.2022

Ýakynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirilip, onda Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa boýunça borçnamalary ýerine ýetirmekde hem-de kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we ýaşlar hakyndaky kanunlar bilen bagly alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar öňki gazanylan netijelere esaslanyp, BMG-niň Çagalar gaznasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça ýurt maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda çaganyň saglygy, iýmitleniş we çaganyň irki ösüş hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek, çagalary zorlugyň, sütemiň we durmuş-ykdysady gowşaklygyň ähli görnüşlerinden goramak barada aýdyldy. Şeýle hem ýaş nesliň ýokary hilli inklýuziw hem-de döwrebap bilim almak mümkinçilikleriniň elýeterliligini giňeltmek ugrunda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýurdumyzyň döwlet edaralary we iri jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigi bellenildi.

Giňişleýin
ÝURDUMYZYŇ ÝAŞLARY — DÖWRÜŇ GÖWHER GAŞLARY

25.06.2022

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga alan ýaşlar baradaky syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, zamanabap tehnologiýalardan, sanly ulgamdan baş çykaryp, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny has-da ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän işler toplumlaýyn häsiýete eýedir. Şeýle işleriň çäklerinde ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak wezipesi uly orun eýeleýär. 14-nji iýunda Gahryman Arkadagymyz ýaşlar baradaky yzygiderli aladalaryny dowam etdirip, paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi.

Giňişleýin
YKDYSADY ÖSÜŞLERE BADALGA

17.06.2022

Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda tebigy baýlyklarymyzyň orny örän uludyr. Nebitgaz, elektrik energiýasy, ak pagta, bugdaý, ýüpekçilik — bularyň bary türkmen halkynyň bol rysgal-berekedi. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň biri bolan «mawy ýangyç» raýatlarymyzyň gowy durmuşda ýaşamagyna hyzmat edýär. Energiýanyň esasy çeşmesi hasaplanylýan tebigy gazyň ilat üçin elýeterli bolmagy raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir. Döwletimiz tutuş dünýäde iň iri gaz öndüriji ýurt hökmünde tanalýar. «Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tebigy gaz pudagynda we gaz üpjünçiliginde döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär. Milli oba maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilaty agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek işleri alnyp baryldy. Ýurduň ähli ýerlerinde, ýagny iň çetki obalarda hem gazlaşdyrmak işleri ýerine ýetirildi. Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malynyň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýär.

Giňişleýin
IŞLESEŇ, IL TANAR

10.06.2022

Arkadagly Serdarymyz 26-njy maýda toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna baranda, ol ýerde Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň gidişi hem-de ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryndaky we maldarçylyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgam emele gelýär. Bu bolsa içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçiligini berkitmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyny şertlendirer. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda yhlas bilen zähmet çekýän işçilere öz minnetdarlygyny ýetirmegi tabşyrdy.

Giňişleýin
TÜRKMENISTANDA ADAMYŇ WE RAÝATYŇ KONSTITUSION HUKUKLARYNYŇ JENAÝAT IŞ ÝÖREDIŞINDE DURMUŞA GEÇIRILIŞINIŇ AÝRATYNLYKLARY

06.06.2022

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny kepillendirýän kadalarynyň döwrüň talaplaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi, halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygynyň gazanylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligine täsirini ýetirýär. Şonuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyzyň degişli kadalarynyň Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jamamasynyň we adamyň hukuklaryny goramaga gönükdirilen beýleki halkara hukuk namalarynyň kadalary bilen sazlaşykly utgaşýandygy möhüm ähmiýete eýedir. Raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň jenaýat iş ýöredişin- de durmuşa geçirilişi kadalaşdyryş-hukuk kepillikleri bolan Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň degişli kadalary arkaly kepillendirilýär, şeýle-de guramaçylyk-hukuk kepilliklerine degişli bolan agzalan kanunda bellenen kadalary ýerine ýetirýän deslapky derňew, kazyýet edaralary şol sanda Esasy Kanunymyza laýyklykda dessin-agtaryş işiniň kanunylygyna we jenaýat işleriniň derňelişine gözegçilik edýän ýurdumyzyň prokuratura edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Giňişleýin
KONSTITUSIÝANYŇ MAŞGALA GYMMATLYKLARYNY GORAMAK HAKYNDAKY KADALARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI

03.06.2022

Esasy Kanunymyzda maşgalany pugtalandyrmaga, maşgala gymmatlyklaryny goramaga gönükdirilen ýörelgeleýin kadalar mynasyp orun tutýar. Maşgala döwlet tarapyndan goralýar. Maşgala döwletiň, jemgyýetiň binýadyny düzýän we asyrlaryň synagyndan geçen durmuş instituty bolup durýar. Agzybirlik, adalatlylyk, zähmetsöýerlik, birek-biregi sarpalamak ýaly umumadamzat gymmatlyklary maşgalada kemala gelýär. Maşgala jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmakda wajyp ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasyna laýyklykda, maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar. Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar. Ata-eneler ýa-da olaryň omuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-des- surlara hormat goýmak medeniýetini olaryň anyna omaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar. Kämillik ýaşyna ýeten çagalar ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge borçludyrlar. Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär.

Giňişleýin
GYMMATLY GOLLANMA

29.05.2022

Güneşli Diýarymyzyň her bir güni şatlykly wakalara utgaşyp, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, mizemez ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaýar. Şeýle ajaýyp zamanada ýaşamak, döretmek, döredijilikli zähmet çekmek we dynç almak üçin ähli mümkinçilikler hem-de zerur şertler döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Ömrümiň manysy» atly täze kitaby halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryny beýan edýän ajaýyp edebi-filosofik eserdir. Kitabyň başyndaky: «Eziz watandaşlar! Bu gün Türkmenistan döwleti Ýer togalagynda, türkmen halky bolsa dünýä halklarynyň arasynda özüniň mynasyp ornuna eýe boldy. Döwletimiziň hem, halkymyzyň hem mertebesi belende galdy. Elbetde, döwleti hem, halky hem beýgeldýän ynsanlardyr. Şunda şol ynsanlaryň asyrlaryň dowamynda sünnälenip kemala getirilen kada-kanunlara, ýörelgelere, däp-dessurlara eýerişi, olara sarpa goýuşy uly ähmiýete eýe bolýar» diýen setirleri okanyňda, gatbar-gatbar kitaplaryň içinde jemlenen paýhas bir pursatda aňyňa dolup, ähli meseleleriň düýp manysyna göz ýetirýärsiň.

Giňişleýin
arrow
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • arrow