Metbugat neşirleri
HUKUK NAMALARY KÄMILLEŞDIRILÝÄR
29.11.2022
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda her günümiz taryhy ähmiýetli wakalara, ösüşli pursatlara beslenýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, oba hojalygyny ösdürmegiň ýer bilen bagly kanunçylyk namalaryna uly ähmiýet berilýär.
Ýaňy-ýakynda kanunçylyk namalaryndan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 10-njy maddasynyň on ikinji tesimi: «Ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň möçberlerini hem-de ol tölegleri hasaplamagyň we tölemegiň tertibini hasaplaýar», şeýle-de 11-nji maddanyň birinji böleginiň on üçünji bendinde: «Ýerden peýdalanmak hukugyna we ýere kärende hukugyna güwä geçýän resminamalar berlenden soňra, her aýyň 1-indäki ýagdaýyna görä, olaryň nusgalaryny hem-de ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň anyk hasaplanan möçberleri baradaky maglumatlary degişli häkimlige hem-de maliýe we ykdysadyýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň degişli salgyt edarasyna iberýär» diýlip bellenilen üýtgetmeler girizildi.
Giňişleýin
IL SAGLYGY ÄHLI ZATDAN ILERI
25.11.2022
Ýurdumyzda ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmek ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yzygiderli aladalara beslenýär, döwrebaplaşdyrylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gol çeken bu taryhy Karary Alym Arkadagymyzyň ýiti zehini, yhlasy we paýhasly garaýyşlary siňen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda beýan edilen wezipeleriň üstünlikli netijelere beslenýändiginiň buýsançly beýanydyr. Arkadagly Serdarymyzyň: «Biz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiz esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin öňümizde täze, belent maksatlary goýýarys» diýen dürdäne sözleriniň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň dabaralanmasydyr.
Giňişleýin
ÝAŞ MAŞGALALARA DÖWLET GOLDAWY
21.11.2022
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Döwlet Maslahatynda il-ýurt bähbitli meselelere garalyp, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen döwletli kararlar kabul edildi. Halkymyzda uly buýsanç we hoşallyk duýgularyny döreden şeýle kararlaryň biri-de, «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hasda gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky Kararynyň birinji bölegine laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberini 20 müň manada çenli ýokarlandyrmak baradaky Karardyr.
Arkadagly Serdarymyz Döwlet Maslahatyndaky çuň manyly çykyşynda: «Biz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşini kabul etdik. Bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrýar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berýär» diýip belledi.
Giňişleýin
YKDYSADYÝETIMIZIŇ DÖWREBAP DEPGINLERI
16.11.2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň döwrebap depginini güýçlendirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion, şol sanda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Internet hyzmatlarynyň hiliniň we ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagy adamyň aň-bilim mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagyny talap edýär. Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýedir. Şoňa görä-de, döwletimizde sanly ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy. Döwlet edaralarynda resmi web saýtlarynyň döredilmegi, adamlaryň internet ulgamy arkaly onlaýn görnüşde ýüz tutup bilmegi sanly ulgamy ösdürmek Konsepsiýasynyň batly depginlerde durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen onuň hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary sanly ulgamyň hukuk binýadyny düzýär.
Giňişleýin
OBA HOJALYGYNDA ÖSEN INNOWASIÝANYŇ ORNY
12.11.2022
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlarda öňegidişlikleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän ekerançylaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döredip berýär.
Alym Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, IT programmalary oba hojalygynda, senagatda öndürijilik kuwwatyny hemde önümiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen giň gerimde ulanylýar.
Häzirki kompýuter tehnologiýalarynyň we ýokary tizlikli internetiň döwründe oba hojalygyny hem tehnologiýa hökmünde göz öňüne getirmek kyn däldir. Bu günki günde oba hojalygy diýlende, ilkinji bolup, ýaşyl ekin meýdanlary, uly fermalar we maldarçylyk üçin giň sähralar bilen traktorlar, kombaýnlar we ýyladyşhanalary göz öňüne gelýär.
Häzirki zaman obalarynda tehnologiýalaryň ösüşi islendik industrial şäher bilen deňleşip bilýän derejä baryp ýetdi.
Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň oba hojalygynda IT hünärmenleri çalt we ýokary hilli önüm öndürmekde uly üstünlikleri gazandylar. Indi oba hojalyk işleri bilen traktorly daýhanlaryň ýerine kompýuteriň we sensorly panelleriň öňündäki adamlar meşgullanýarlar.
Giňişleýin
TÜRKMENISTAN — GÜLLÄP ÖSÝÄN WATANYM!
08.11.2022
Adalatyň, demokratiýaň mesgeni
Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym.
Öňe barýar ösüşlere beslenip,
Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym.
Paýtagtym bar paýtagtlaryň seresi,
Görenleriň ýene geler göresi,
Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy,
Türkmenistan — gülläp ösýän Watanym.
Giňişleýin
DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW
04.11.2022
— Ösüşler, öňegidişlikler, ilkinji nobatda, halkymyz bilen döwlet Baştutanymyzyň jebisligini alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletiň ösüş depginlerine, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna degişli bolan her bir meseläni üns merkezinden düşürmeýär.
Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 28-nji oktýabrda geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Giňişleýin
ENERGETIKA — YKDYSADYÝETIŇ MÖHÜM UGRY
31.10.2022
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitaby giň okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen bu ajaýyp eserde ýurdumyzyň energetika pudagynyň şanly sahypalary we mümkinçilikleri täsirli beýan edilýär. Owadan suratlar bilen bezelen bu neşirde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 3-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary we talyplary bilen geçiren duşuşygyndaky taryhy çykyşy dolulygyna çap edilipdir.
Kitapda köp sanly anyk we statistiki maglumatlar getirilýär. Türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri hökmünde energetika senagatynyň ösüşine berilýän anyk ylmy seljerme hem-de maglumat-teswirnamalar milli elektroenergetikanyň barha artýan kuwwatyny, onuň döwrebaplaşdyrylmagynyň, işgärler bilen üpjünçiliginiň maksatlaryny aýdyň görkezýär.
Giňişleýin
MAŞGALA MIZEMEZLIGI
28.10.2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala gymmatlyklaryna, maşgalanyň jemgyýetdäki ornuna aýratyn uly ähmiýet berilýär. Ýaşulularyň, ene-mamalarymyzyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
Nika gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk toplumy birnäçe esas goýujy resminamalardan durýar. Bilşimiz ýaly, döwletiň wajyp wezipesi eneligi, çagalygy, atalygy goramak, şeýle-de maşgala kömek bermek we goldamak bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 54-nji maddasynda ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw hem ýeňillikler berilýändigi, 140-njy maddasynda kanunlaryň, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň gaýry hukuk namalarynyň Konstitusiýanyň esasynda we şoňa laýyklykda kabul edilýändigi göz öňünde tutulan.
Maşgala gatnaşyklary babatda iki sany halkara hukuk resminamany bellemek möhüm. Bu, ilkinji nobatda, 1966-njy ýylyň 16-njy dekabryndaky «Raýat we syýasy hukuklar hakynda» halkara ylalaşygydyr. Bu ylalaşygyň 23-nji maddasyna laýyklykda, maşgala jemgyýetiň tebigy we esasy bölegi bolup, onuň jemgyýet hem-de döwlet tarapyndan goralmagyna hukugy bardyr.
Giňişleýin
GELJEK HAKDA ALADA
25.10.2022
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesilleriň düzýändigine ünsi çekip, olara ýurdumyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygyny belledi. Şonuň üçin olaryň kanuny bähbitlerini goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gurultaýda Arkadagly Serdarymyzyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi ösüp gelýän nesliň hukuklarynyň giňden goralýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy. Döwrüň talabyna görä kämilleşdirilen bu kanun ýaşlaryň hukuklaryny giňeldýän maddalaryň giň toplumyny özünde jemleýändigi bilen ähmiýetlidir.
Giňişleýin
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYŇ KEPILI
22.10.2022
Neşekeşlige, arakhorluga, çilimkeşlikdir naskeşlige erkini aldyran adam ýaşyna garamazdan, saglygyny ýitirýär. Adamlaryň arasynda abraýdan gaçýar. Maşgalasynyň agyr gününe sebäp bolup, ata-enesiniň, dogan-garyndaşlarynyň ýüzüni ýere salýar. Hut şonuň üçinem ýokarda ýatlanlarymyza garşy göreş hemişe derwaýys wezipe bolmagynda galýar.
Giňişleýin
MÖHÜM IŞE GOŞANDYMYZ
19.10.2022
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly rowaçlanýar. Garaşsyz döwletimizde öňe sürlen «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatyň çäklerinde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen bähbitli işler giň gerime eýe bolýar. Raýat jemgyýetimizde il-günümiziň asudalygyny üpjün etmek adam hakdaky aladanyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu bolsa öz gezeginde jenaýatlara. hukuk bozulmalaryna garşy aýgytly göreşiň zerurlygyny öňe çykarýar. Soňky ýyllarda bu möhüm meselede gazanylýan üstünliklere garamazdan jenaýatlaryň öňüni almak bilen bagly wezipe wajyplygyna galýar.
Giňişleýin
MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÄHMIÝETI
16.10.2022
Her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem milli Liderimiziň şu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň miwesidir. Her birimiziň bagtyýar geljegimiz ömrümiziň rahatlygyndan başlanýar.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak bu gün iň möhüm meseleleriň hataryndadyr. Bu işe her birimiziň işjeň gatnaşmagymyz bolsa bagtyýar ýaşaýşymyzyň, ýagty ertirimiziň kepilidir. Durmuşymyzyň goraglylygyny, ömrümiziň rahatlygyny, ak mermere bürenen paýtagtymyzyň, gözel Diýarymyzyň şaýollarynda hereketiň howpsuzlygyny gazanmak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Giňişleýin
HALAL ZÄHMET - BAGTA BINÝAT
13.10.2022
Ata-babalarymyz: «Halal zähmet — baky döwlet», «Halal işle, haýyr tap», «Halala hasap bar, harama — azap» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Halallyk durmuşymyzy gözelleşdirýän, ýaşaýşymyza nur saçýan şöhledir. Şonuň üçin halkymyz nesil terbiýesini zähmet terbiýesi bilen utgaşykly alyp barýar. Perzendini zähmet çekmäge gönükdirmek arkaly terbiýeleýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlaryň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine hukugy bardyr. Bu konstitusion kadalar Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda öz beýanyny tapýar. «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilişi ýaly, ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.
Giňişleýin
ÝOLLARYŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY
10.10.2022
Jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny, rahatlygyny goramak barada edilýän aladalary her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mysalynda hem görmek bolýar. Ýol hereketinde her bir raýat şahsy jogapkärçilik çekýär. Bu barada «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda anyk we aýdyň bellenilip geçilýär. Bu Kanuna laýyklykda, ýol hereketine gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň ýollary boýunça hereketiň howpsuz şertlerine bolan hukuklary döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biri öz hukuklaryna dogry düşünip, howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmäge borçludyrlar.
Giňişleýin