Metbugat neşirleri

ÝOLLARYŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

10.10.2022

Jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny, rahatlygyny goramak barada edilýän aladalary her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mysalynda hem görmek bolýar. Ýol hereketinde her bir raýat şahsy jogapkärçilik çekýär. Bu barada «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda anyk we aýdyň bellenilip geçilýär. Bu Kanuna laýyklykda, ýol hereketine gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň ýollary boýunça hereketiň howpsuz şertlerine bolan hukuklary döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biri öz hukuklaryna dogry düşünip, howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

Giňişleýin
ÝOLLARYŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

06.10.2022

Ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmek hemmeleriň borjudyr. Bu babatda geleňsizlige ýol berilmeli däldir. Ulag sürüjileri hemişe ünsli bolmalydyrlar, ýol hereketiniň bellenen düzgün-tertibine eýermelidirler. Olar hereketiň tizligini bellenen çäkden geçirmek, ozup geçmek ýaly gödek hereketleriň özleriniň hem-de töweregindäkileriň janyny howp astynda goýýandygyna düşünmelidirler. Şonuň üçinem ulaga erk edýän wagtlary hüşgärligi elden bermeli däldirler. Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmekde sürüjiler bilen bir hatarda pyýada ýolagçylar hem eserdeň bolmalydyrlar. Pyýadalar diňe ýanýodalardan ýa-da pyýada ýodajyklardan ýöremelidirler. Olar köçäni diňe ýörite bellenen ýerlerden kesip geçmelidirler.

Giňişleýin
KÄMIL SAZLAŞYK

03.10.2022

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän işler özüniň oňyn netijesini berýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda badalga berlen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk örän netijeli häsiýete eýedir. Döwlet derejesinde geçirilýän bu ählihalk çärä çagalar bagyna gatnaýan körpejelerden başlap, ýaşuly nesliň wekillerine çenli hemmeler agzybirlikde, işjeň gatnaşýarlar. Her birimiziň ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry bilmegimiz, ony gyşarnyksyz berjaý etmegimiz zerurdyr. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowam edýän günlerinde çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda bu çäräniň maksady we ähmiýeti barada, ýol hereketiniň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegi il-halkymyzyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ynsan saglygy, halkymyzyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabatda, obadyr şäherlerde sürüjiler we pyýadalar üçin köp amatlyklary döredýän giň ýollar, köprüler, ýerasty we ýerüsti geçelgeler gurulýar.

Giňişleýin
NAZ-NYGMATA BAÝ DIÝAR

29.09.2022

Güneşli Diýarymyz ýokuma baý ir-iýmişleriň, datly nygmatlaryň mekanydyr. Pederlerimiz sahawatly türkmen topragynda dürli ir-iýmişleri, bakja ekinlerini ýetişdirip, olardan ýokary hasyl almagy başarypdyr. Ata-babalarymy- zyň döreden daýhançylyk däplerine, ajaýyp ýörelgelerine eýerýän daýhanlarymyz bu gün dürli miweli baglary, behişdi bakja ekinlerini ýetişdiripdirler. Ak bazarlarymyzda ilata hödürlenýän dürli naz-nygmatlaryň bolçulygynyň mysalynda hem türkmen daýhanlarynyň çekýän zähmetiniň miwesine buýsanç bilen göz ýetirýäris. Häzirki wagtda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirligi tarapyndan miweli baglaryň ýetişdirilişine uly üns berilýändigini, olardan ýokary hasylyň alynýandygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Hormatly Prezidentimiz 10-njy sentýabrda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyran mahalynda welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýanynda ýerleşýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligine degişli bagçylyk we üzümçilik meýdanyna barmagy, üzümiň «Kärizek» atly görnüşiniň köpçülikleýin ýygymyna badalga bermegi biz — hukuk goraýjy işgärlerini has-da begendirdi.

Giňişleýin
WEPADARLYGYŇ BEÝIK NUSGASY

26.09.2022

Milli gymmatlyklary gorap saklamak we dünýä ýaýmak ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyz we baky Bitarap döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda itşynaslygy ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz we baky Bitarap döwletimizde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň saýasynda, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bu ulgamyň hem kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýagny, 2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpanyň beýanydyr. Bu Kanun itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de tohum itleriniň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen bu ugurdaky hukuk binýadydyr.

Giňişleýin
HOŞNIÝETLI HYZMATDAŞLYK PUGTALANÝAR

23.09.2022

Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine laýyklykda, sebitde we dünýäde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ösdürmek ugrunda işjeň çykyş edýär. Garaşsyz Türkmenistan Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlarynyň çatrygynda amatly çäkde ýerleşmek bilen, öz öňünde açylýan mümkinçilikleri has-da giňeltmäge we ählumumy bähbitleri sazlaşdyrmak arkaly sebitde we bütin dünýäde abadançylygy, durnuklylygy, parahatçylygy berkarar etmäge derwaýys goşandyny goşýar. Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilen maslahat hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň halkara maslahatda sanly ulgam arkaly eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi öňe sürdi. Bu resminamanyň biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge we olara düşünmäge ýardam berjekdigini nygtady.

Giňişleýin
ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

20.09.2022

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 10 ýyllyk maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygynyň goragyna gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Her ýyl «Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde geçirilýän çäreler, maslahatlar Diýarymyzy baýramçylyk lybasyna besleýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi her birimiziň ömrümiziň goraglylygyna gönükdirilen düzgünleri yzygiderli gaýtalap, öwrenip durmagymyza ýardam edýär. Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň gatnaşmagynda çagalar baglaryna gatnaýan körpelerden başlap, orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle-de dürli edara kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmagynda, ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmäge degişli dürli çäreler guralýar. Ýokary okuw mekdebimizde bu ugurdan ýörite hünärmenler bilen geçirilýän duşuşyklar biz üçin örän tasirli bolýar.

Giňişleýin
AHLAK PÄKLIGI — ZENAN MERTEBESI

17.09.2022

Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Ahlak päkligi — zenan mertebesi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň, etrap prokuraturasynyň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda bolan duşuşyga etrabyň bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdy. Duşuşykda Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň, welaýat Polisiýa müdirliginiň işgäri Öwezgeldi Akmyradowyň, Ak bugdaý etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Aýna Annamyradowanyň, şol etrabyň ýaşaýjysy Annajeren Sadykowanyň çykyşlary täsirli boldy. Çykyşlarda halkymyzyň döreden baý ruhy-ahlak gymmatlyklary, zenanlara mahsus gylyk-häsiýetler, ata-babalarymyzdan miras galan edim-gylymlar, maşgala mukaddesligi, zähmetsöýerlik hakdaky gürrüňe aýratyn üns çekildi hem-de oňa gatnaşyjy ýaş gelin-gyzlara şonuň bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Giňişleýin
AZIÝANYŇ MERJENI

14.09.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň baş şäheri gözümiziň alnynda barha özgerýär. Paýtagtymyzda milli binagärlik sungatynyň özboluşly äheňlerini we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny öz keşbinde jemleýän kaşaň ymaratlardyr desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen Aşgabadyň görki has-da artýar. Aşgabady bu gün görmäge göz, waspyny ýetirmäge şirin söz gerek. Merjen şäherimiziň çar ýanyny ak mermerli binalar, ýaşyl begresli seýilgähler bezeýär. Paýtagtymyzyň aýna ýaly şaýollary, köpugurly köprüleri, suw çüwdürimleri we beýleki täsin ymaratlary hem buýsanmaga esas döredýär. Aşgabadyň ajaýyp desgalary — belentden belent ýaşaýyş jaýlary, medeni dynç alyş seýilgähleri, söwda we hyzmat ulgamyna degişli binalary hem-de beýlekiler paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlaryna giň amatlyklary açýar. Ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan, Aziýanyň merjeni diýlip atlandyrylýan baş şäherimizde bu gün dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 23-nji awgustda dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyran mahalynda şeýle desgalaryň birnäçesinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşmagy ildeşlerimizde buýsançly duýgulary döretdi.

Giňişleýin
SANLY YKDYSADYÝET - ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTI

11.09.2022

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde. ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda. söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim we beýleki ulgamlaryň işlerini innowasion esasda alyp barmakda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şolar bilen birlikde. ykdysadyýeti dolandyrmagyň hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi nygtalýar. Bu kadalar pudaklaýyn kanunçylykda ulgamlaýyn düzgünleşdirilip, has-da ösdürilýär. Mundan başga-da, «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýurtlarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Giňişleýin
DERWAÝYS MESELÄNIŇ ÇÖZGÜDI

08.09.2022

Ajap eýýamymyzda neşekeşlige garşy göreş ählihalk işine öwrülip, bu ýowuz belany halkymyzyň durmuşyndan ýok etmekde ýokary netijeler gazanyldy. Neşe howpunyň üzül-kesil pese gaçmagy il-günümizde hoşallyk duýgusyny döretdi. Onsoňam, Garaşsyz döwletimizde ähli ugurlar boýunça düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän döwründe neşekeşlige asla orun bolup hem bilmez. Neşäniň zyýany hakynda aýtsak, ol adamyň saglygyna uly zyýan ýetirýär. Zähmete ukyplylygyny peseldýär. Neşekeşlige ulaşan adam abraýdan gaçýar. Maşgalasynyň, dogan-garyndaşlarynyň at-abraýyny döküp, ile ryswa bolýar. Neşä erkini aldyran soňa-baka jenaýatlykly hereketlerede ýüz urup başlaýar. Şeýle hereketleriň soňy bolsa, peýdasyz puşmana getirip, demir gözenegiň aňyrsyndan garamaly edýär. Şonuň üçinem neşekeşlige garşy göreşde ýetilen sepgidi has-da berkitmek wajypdyr. Bu işde wagyz-nesihat çäreleriniň ähmiýetine uly üns bermek döwrüň talabydyr.

Giňişleýin
EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY

05.09.2022

Meşhur şahyr Gara Seýitliýew goşgusynda: Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar — diýip, belläp geçýär. Türkmen halky bag ekmegi sogap we mukaddes iş hasaplaýar. Häzirki wagtda ekologiýany gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tebigy şertlerine görä, dürli görnüşli baglary ekmek we olara ideg etmek işleri ýokary derejede ýola goýulýar. Bag nahallarynyň dürli görnüşlerini taýýarlamak işleri edara-kärhanalara degişli şitilhanalarda, şitil ýetişdirýän hojalyklarda alnyp barylýar. 2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy

Giňişleýin
KÄRHANANY DÖWLET BELLIGINE ALMAGYŇ ESASLARY

02.09.2022

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda eýeçiligiň ähli görnüşleri döwlet tarapyndan goralýar we Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak üçin önüm öndürijilere hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikler döredilýär. Önüm öndürmek, harytlary ýerleşdirmek, ýerine ýetirilýän işler we bitirilýän hyzmatlar üçin jemgyýetiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak hem-de girdeji almak maksady bilen döredilýän ykdysady işiň özbaşdak subýekti kärhana hasaplanýar. Ol esaslandyryjylaryň karary bilen döredilýär we ýuridik şahs hökmünde hukuk ýagdaýyny kesgitleýän resminamasy, tertipnamasy bolýar. Kärhananyň döredilendigi, şeýle hem onuň üýtgedilip guralandygy ýa-da ýatyrylandygy hakyndaky hakykaty tassyklamak, ýeke-täk hasabyny ýöretmek we edara görnüşindäki, fiziki şahslary degişli habar bilen üpjün etmek maksady bilen, kärhanalar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti hem-de onuň salgyt edaralary tarapyndan döwlet belligine alynýar.

Giňişleýin
BUÝSANJA BESLENEN DABARA

30.08.2022

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa 20-nji awgustda Bagabatda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň toý bagyny kesmegi harby gullukçylaryň ýokary derejeli gullugy we oňaýly dynç almagy üçin ähli zerur şertleri döretmek babatda yzygiderli edilýän tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr.

Giňişleýin
WATAN MUKADDESLIGI

27.08.2022

Watan mukaddesdir, onuň duzy-da, suwy-da, topragy-da müň bir derde dermandyr. Bizi ata Watan, ene toprak bilen diňe bir göbek ganymyz däl, eýsem, topraga döken alyn derimiz, ata-babalarymyzyň bizi penalap, ýelden-suwdan goraglap, üstümizde ganat gerýän ruhlary-da birleşdirýär. Müňýyllyklaryň dowamynda gahrymançylyk türkmen ýigitleriniň ganyna siňip, milli häsiýetlerimiziň naýbaşylarynyň birine öwrüldi. Damarynda watansöýüjilik gany aýlanan pederlerimiz Watan ugrundaky söweşlerde mertlik görkezip, gahrymançylygyň, kasama wepalylygyň, lebze ygrarlylygyň belent nusgasyny, gaýtalanmajak mekdebini nesillere miras galdyrypdyrlar. Damarynda türkmen gany aýlanýan ynsan üçin göbek ganyň daman ýeri ykbal örküjidir, onda geçmişimiz, geljegimiz bardyr. Watan türk- meniň hany-manydyr, genji-känidir. Watan diýlen ol belentlige bolan söýgiň seniň diriligiňden, buýsançly seriňden, jan-jigeriňden güýç alýandyr. Ol seniň göwräňe şirin jan bilen ornan iň päkize, iň ajaýyp duýgularyň synmaz sütünidir. Ömri şu berklige daýanýan her bir türkmen beýikdir. Türkmen beýikliginiň jemi bolsa, mukaddes Watanymyzy beýgeldýär.

Giňişleýin