Metbugat neşirleri

NAÝBAŞY BAÝRAMYŇ ŞANYNA

05.10.2021

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly buýsanç, ruhubelentlik bilen garşylan halkymyz döwletli döwrana ýetiren bu ajaýyp senäniň eçilen miwelerine, belent sepgitlerine nazar aýlap, erkana Tuguň astynda eýe bolan gymmatlyklarynyň gadyr-gymmatyna ýene bir ýola göz ýetirdi.

Giňişleýin
ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

30.09.2021

Bilşimiz ýaly, milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek aýynyň ilkinji gününde talyplar we okuwçylar bilen ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada okuw sapagyny geçirdi. Duşuşykda döwlet Baştutanymyz: «Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadydyr. Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi. Elbetde, 30 ýyl taryh üçin uzak möhlet däl. Muňa garamazdan, şu döwrüň içinde ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlaryny yzygiderli berkitdik» diýip bellemek bilen, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ösüşiniň her bir tapgyrynda gazanylan üstünlikler, şol sanda barha kämilleşýän kanunçylyk ulgamy dogrusynda durup geçdi.

Giňişleýin
SAGLYGYM — BAÝLYGYM (OÝLANMA)

20.09.2021

Olaryň gülüp duran bigam gözleri bagtyýarlyk döwrüniň bagta baýlygyndan habar berýär. Dür saçýan dilleri öýde ata-eneleridir ulularyň, ýurtda döwletimiziň hem Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber uly aladalary bilen juda eý görülýändigini äşgär edýär. Çaganyň juda näzik hem duýguçyl kalby söýgi, mähir, üns-alada bilen gurşalanda bolsa, öwredilýän harplardyr sözler, diňlenilýän öwüt-ündewlerdir ertekiler, okalýan goşgulardyr sanawaçlar naşyja ýürekleri heýjana getirip, şirin aýdyma öwrülýär. Ony biz güýz paslynyň ilkinji şenbesi Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda çagalaryň arasynda geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginde jan-tenden duýduk. Binanyň giň sahnasynda keýik owlajygy ýaly bökjekleşýän balalar, göýä, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna getiren toý sowgatlaryny halkymyza buşlaýana çalymdaşdylar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Ýüplük fabriginde zähmet çekýän raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Giňişleýin
SAGDYNLYK — ABADAN DURMUŞYŇ KEPILI

17.09.2021

Hormatly Prezidentimiz halkyň saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürmek bilen bu babatda giň möçberli işlere badalga berýär. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu mesele Ýer ýüzünde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy sebäpli häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýokanç keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmak arkaly ilatyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Bu işlerde ilatyň köpçülikleýin sanjylm edilmeginiň guramaçylykly alnyp barylýandygyny guwanç bilen bellemelidiris.

Giňişleýin
ANYK MAKSAT – AÝDYŇ ÝOL

15.09.2021

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda pandemiýa garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryň ilkinjileriniň hatarynda orun eýelemegi, adam we onuň saglygy hakyndaky aladany esasy orunda goýýan ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň diňe bir ýurt ýa-da sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde ähmiýetli, ynsanperwer ugurlary nazarlaýandygynyň subutnamasydyr. Ýurdumyz tarapyndan dünýä ykdysadyýetini dikeltmegiň aýratyn ugurlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ugurdaş düzümleriniň işiniň güýçlendirilmegini pandemiýanyň ýaramaz täsirlerini azaltmagyň has netijeli usuly hasaplanylýandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem ýurdumyzyň bu ugurda öňe sürýän başlangyjyna tutanýerlilik bilen çemeleşip, dünýä halklarynyň ünsüni we ylmy, ykdysady kuwwatyny ählumumy häzirki döwrüň wajyp meselelerine gönükdirmekde uly sepgitlere ýetendiginden nyşandyr.

Giňişleýin
TÄZE OKUW ÝYLYNYŇ BOSAGASYNDA

14.09.2021

Ata watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan bilim ulgamy hem beýleki pudaklar bilen birlikde ýyl geçdigisaýyn kämilleşýär. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumybilim berýän orta mekdeplerde bagtyýar çagalara döwrebap ylym-bilim bermäge, edep-ekramly watansöýüji, berk bedenli nesilleri kemala getirmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň-Watany” ýylynda Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda eziz diýarmyzda nesil terbiýesine aýratyn uly üns berilýär. Milli Lidermiz her bir çykyşynda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtly geljeginiň ýaşlaryň elindedigini nygtaýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda “Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär.Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär.Ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenýär” diýip kesgitlenen.

Giňişleýin
BAGTYÝAR DURMUŞYŇ HATYRASYNA

03.09.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen, raýatlaryň hukuklaryny we erkinligini üpjün edýän kanunçylygyň höküm sürmegi üçin çäksiz tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň her gezekki ýygnaklarynda, döwlet maslahatlarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny hem-de döwlet dolandyryş işini kämilleşdirmegiň, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere götermegiň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde wezipe edip goýlandygyny belleýär. Dünýäde üýtgäp duran ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilmäge başlanan özgertmeleriň döwlet-hukuk institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, täze kanunlary gaýra goýman kabul etmegi we olary örän çalt durmuşa ornaşdyrmagy talap edýändigini nygtaýar.

Giňişleýin
GA­RAŞ­SYZ­LYK — HALKYŇ ÇÜWEN YKBALY

02.09.2021

Ýurt pa­ra­hat­çy­ly­gy­nyň, il abat­ly­gy­nyň ha­ty­ra­sy­na uly iş­le­ri alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne gö­nük­di­rilen mak­sat­na­ma­la­ry, dur­muş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-bi­lim, jem­gy­ýet­çiliksy­ýa­sy öz­gert­me­le­ri, hal­ka­ra de­re­je­de öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de, bu gün eziz Di­ýa­ry­my­zyň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ab­raýmer­te­be­si, şan-şöh­ra­ty has-da ýo­kar­lan­ýar. «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hal­ky­myz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­ny giň­den toý­la­ýar. Ýur­du­myz Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da äh­li ul­gam­lar bo­ýun­ça ýo­ka­ry sep­git­le­re ýet­di. Mu­nuň özi geç­miş­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýü­rek­le­rin­de ar­zuw­lan we uzak ga­ra­şan döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ne­ti­je­si, onuň türk­men hal­ky­na be­ren peş­ge­şi­dir. Garaşsyzlyk türkmeniň buýsançly bagtydyr. Ýurdumyz özbaşdaklyk ýoluna düşen ilkinji gününden başlap, halkymyzyň taryhy tejribesinde toplanan parahatçylyk söýüjilik, asudalyk, dostlukly gatnaşyklara eýerýän goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, döwlet syýasatynyň binýadyny goýdy. Netijede, Garaşsyz Türkmenistan içeri we daşary syýasatyny özbaşdak alyp barmak bilen, halk hojalyk pudagyny düýpli özgertmäge hem-de dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge başlady. Watanymyz bu günki gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda dünýäniň halkara syýasy giňişliginde özüniň ornuny barha pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylýar. Döwletimiziň şeýle teklipleriniň birine eýerip, Birleşen Milletler Guramasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi.

Giňişleýin
ÝURDUMYZYŇ HUKUK NAMALARYNYŇ BEÝANY

01.09.2021

Häzirki döwürde her bir döwletiň ähli ugurlaryndaky ösüşiniň kanunalaýyklygynyň, jemgyýetçilik islegleriniň kanunçylyk namalarynda öz wagtynda we netijeli hasaba alynmagynyň ze­rur şer­ti — hu­kuk na­ma­la­ry­nyň he­mi­şe kä­mil­leş­di­ril­me­gi­dir. Jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň bäh­bitleri üçin kabul edilýän kadalar hukuk taýdan düzgünleşdirilmelidir, ilat üçin ýeterlik derejede aý­dyň bol­ma­ly­dyr. Ka­nun çy­kar­mak işi hu­kuk taý­dan äh­li­ta­rap­la­ýyn düz­gün­leş­di­ril­me­gi ta­lap edýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň öwrenilmeginden, hereket edýän kanunlaryň seljerilmeginden, konstitusion hukuk binýadynyň hem-de döwletiň we adamlaryň berjaý etmäge borçly bolan düz­gün­le­ri­niň göz öňün­de tu­tul­ma­gyn­dan baş­lan­ma­ly­dyr. Is­len­dik hu­kuk na­ma­syn­da dur­muş­da bo­lup bi­läý­jek äh­li ýag­daý­la­ry göz öňün­de tut­mak as­la müm­kin däl. Şo­nuň üçin hem bü­tin ka­nun­çy­lyk ul­ga­my he­mi­şe tä­ze­le­nip we kä­mil­leş­di­ri­lip du­rul­ma­gyn­da mä­täç­lik çek­ýär. Ka­nun çykaryjylyk işiniň kämilleşdirilmegi kabul edilýän namalaryň hiliniň ýokarlanmagyna, raýatlaryň hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň ke­pil­lik­le­ri­niň güýç­len­di­ril­me­gi­ne, döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň bäh­bit­le­ri­niň de­ňag­ram­ly­ly­gy­nyň has oňyn bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Hukuk namalarynyň kabul edilmegine, üýtgedilmegine, goşmaçalar girizilmegine ýa-da ýatyrylmagyna ýurtda amala aşyrylýan häkimiýet dolandyrylyşynyň görnüşi, ykdysadyýetiň we söwda gatnaşyklarynyň ösmegi, maglumatlar bileleşigi, elektron hökümetiň hem-de jemgyýetiň durmuşykdysady islegleriniň ýüze çykmagy, şahsyýetiň bähbitleriniň hasaba alynmagynyň ýagdaýy, jemgyýetiň hukuk düşünjeliliginiň we medeniýetiniň derejesi, ilatyň syýasy işjeňligi, halkara hukuk gatnaşyklarynyň täsiriniň güýçlenmegi ýaly şertler öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz hemişe ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek işine aýratyn üns berýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli ösüşler geljegi nazarlaýan konstitusion özgertmeleriň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen badalga berlen özgertmeleriň netijesinde döwletimiziň konstitusion hukuk binýady barha berkeýär. Ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamynda iki palataly parlamentiň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň döredilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Giňişleýin
BERK BINÝATLY ÝÖRELGE

31.08.2021

Gahryman Arkadagymyz geljegimiz bolan ýaşlaryň maşgala terbiýesine uly üns berýär. Terbiýäniň düýp binýady, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Sebäbi çaga ilkinji terbiýäni maşgaladan alýar. Türkmen maşgalasy agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Ata-enäniň yhlasy, söýgisi bilen bina bolan maşgala berk, abat bolýar. Häzirki ylmy-tehniki mümkinçilikleriň ösýän eýýamynda öz ähmiýetini ýitirmän saklaýan zerur düşünjeleriň biri hem çaga terbiýesidir. Çagalar — biziň geljegimiz. Biz özümizi boýy ýeten daragt hökmünde göz öňüne getirsek, ýaş nesiller şol daragtyň miweleri bolup durýar. Onuň ajylygy ýa-da süýjüligi bolsa biziň olara berýän terbiýämize baglydyr. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň, ýaşlaryň aň-üşükli, zehinli we ukyply bolmaklary, zähmete yhlasly çemeleşmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Şeýle mümkinçilikleriň bar ýerinde biz döwletimiz üçin ummasyz işleri bitirmäge borçludyrys.

Giňişleýin
TÜRKMENISTANYŇ OŇYN BAŞLANGYÇLARY

30.08.2021

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipe-borçlaryna ygrarly Türkmenistan dünýäde umumadamzat derejeli ynsanperwer başlangyçlaryň öňe sürülýän ýurdy hökmünde tanalýar. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň 20-nji awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde hem tassyklandy. Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda öz işine başlajak nobatdaky 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary baradaky hasabat halka ýetirildi.

Giňişleýin
MAŞGALA — JEMGYÝETIŇ GYMMATLYGY

25.08.2021

Hormatly Prezidentimiziň: «...Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar, maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir» diýen parasatly jümlesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kämil we sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek aladasyny döwlet syýasatymyzyň iň esasy, wajyp wezipesi edip, öňümizde goýmaga esas bolýar. Maşgala jemgyýetiň esasy gymmatlygy bolup durýar. Adamyň durmuş ýolunda, geljekde öz ornuny tapmak meselesinde maşgalanyň täsiri uludyr. Adamyň çäkli ömründe berk maşgala gurup, agzybirlikde, söýüp, söýlüp ýaşamagy durmuşyň manysy diýsek hem ýalňyşmarys.

Giňişleýin
IL-ÝURT BÄHBIDINE

04.08.2021

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýurdumyzyň çäginde takyk we birmeňzeş berjaý edilmegine gözegçilik işini amala aşyrmagy prokuratura edaralarynyň öňünde goýlan esasy wezipe hökmünde kesgitleýär.

Giňişleýin
MÖHÜM MESELELERE GARALDY

04.08.2021

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň ähli ýerlerinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bagtyýarlyk eýýamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, halkymyzyň bähbidine gönükdirilip kabul edilýän kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegi barada wagyz-nesihat ýygnaklary ýokary guramaçylyk derejesinde yzygiderli geçirilýär.

Giňişleýin
ÝÜPEKDEN HEM ÝUMŞAK ÝOL

03.08.2021

Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň iň häzirki zaman nusgasy Türkmenistandan Hytaý Halk Respublikasyna gaz alyp gidýän dünýäde iň uzyn gaz geçirijisidir. Bu ýol türkmen gazy bilen doganlyk halklaryň kalbyny ýyladýar. Şu ýylyň ýanwar aýynda «Malaý» ýatagynda täze kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi türkmen tebigy gazynyň Hytaý Halk Respublikasyna uzak möhletleýin esasda durnukly iberilmegini üpjün etmekde möhüm ädim boldy.

Giňişleýin
arrow
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • arrow