Metbugat neşirleri

KORRUPSIÝA GARŞY HEREKET ETMEGIŇ HUKUK ESASLARY

01.03.2021

Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly, işiň, önümiň hyzmat edilişiniň hiliniň, netijede bolsa, ýurduň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň düýpli peselmegine getirýän, döwlet býujetiniň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine iňňän ters täsir edýän korrupsiýa we parahorlyga garşy göreşiň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramakdan, adalatlylygy, kanunylygy, jemgyýetiň we döwletiň özara jebisligini üpjün etmekden ybaratdyr. Bu babatda «Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek wezipesi korrupsiýa garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça kanunçylyk binýadyny, hukuk taýdan habarlylygyny kämilleşdirmek ýaly guramaçylyk-hukuk, öňüni alyş işlerini, halkara hyzmatdaşlyklaryny kämilleşdirmek boýunça guramaçylyk çärelerini öz içine alýar.

Giňişleýin
Kämil kanunlar ösüşe badalga

01.03.2021

«Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny jemgyýetde durnuklylygy we howpsuzlygy ygtybarly üpjün etmekde, döwleti dolandyrmakda demokratik başlangyçlary, aýanlygy we gözegçiligi giňeltmekde, ilatyň döwlete we onuň düzüm gurluşlaryna bolan ynamyny berkitmekde, işini ýokary derejede bilýän hünärmenleri döwlet gullugyna girmäge höweslendirmekde, döwlet gullukçylarynyň halallygynyň kepilliklerini berkitmekde uly ähmiýete eýedir.

Giňişleýin
BELENT SEPGITLERIŇ ÝYLY BOLAR

01.03.2021

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulan döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli işleri merdana halkymyzyň agzybirligini üpjün etmäge, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny durnukly we sazlaşykly ösdürmäge, eziz Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilikler berdi.

Giňişleýin
ÜSTÜNLIGE ROWANA

22.02.2021

Eziz Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edildi. Bedew bady bilen öňe batly gadamlar urýan mähriban Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär.

Giňişleýin
Döwrüň ýalkymy

22.02.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her bir şanly senäni mynasyp dabaralandyrmak, toýlary uludan tutmak ajaýyp däbe öwrüldi. Baýramçylyk dabaralarynyň halkara derejesinde guramaçylykly geçirilmegi, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň giňden wagyz edilmegi, dünýä nusgalyk syýasaty durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň mertebesini has-da belende göterýär.

Giňişleýin
Kämil kanunçylyk esasy — dogry netije

22.02.2021

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şeýle resminamalaryň biri hem «Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak hakyndaky» Karardyr.

Giňişleýin
SANLY ULGAMYŇ KANUNY ESASLARY

22.02.2021

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek we ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň martyndan elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunda elektron söwda diýlip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan uzaklykdan satmak arkaly amal edilýän söwdanyň görnüşine düşünilýändigi görkezilýär. Şeýle hem elektron söwda, satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, karz bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynanç haty esasynda dolandyrylmagy, bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklaryň we borçlaryň edinilmegi we amala aşyrylmagynyň degişlidigi barada görkezilendir.

Giňişleýin
Döwre buýsanç - zähmete hujuw

09.02.2021

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe watansöýüji nesilleri kemala getirmegiň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy nazara alnyp, maşgala gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary has-da kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 3-nji maddasyna laýyklykda: «Maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar» diýlip kesgitlenilen.

Giňişleýin
Döwre buýsanç - zähmete hujuw

09.02.2021

— Gadymy we müdimi halkymyzyň halallyk, ynsaplylyk, sabyr-kanagatlylyk, dogry sözlülik ýaly mukaddes hem keramatly saýylýan milli ýol-ýörelgeleri bilen parahorluk ýaly jenaýatçylykly hereketler asla bir ýere sygyşyp bilmez. Ata-babalarymyzdan miras galan päkize ýol-ýörelgeleri biz elmydama şol nogsanlyklaryň garşysyna goýmalydyrys. Ata-babalarymyz «Iliň güýji — siliň güýji» diýipdir.

Giňişleýin
Dost-doganlygyň Diýary

02.02.2021

2021-nji ýylyň eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçlygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilik bilen alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň, şol sanda oňyn bitaraplyk syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň, dünýä ýüzünde giň goldawa eýediginiň aýdyň subutnamalarydyr.

Giňişleýin
Hukuk döwletiniň aýdyň ýörelgeleri

29.12.2020

Ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň ygtyýarlykla­ry we wezipeleri Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýar. Onuň VI bölümi «Prokuratura» diýlip atlandyrylyp, de­gişli maddalarda prokuror gözegçiliginiň esasy ugurlary kesgitlenýär...

Giňişleýin
Konstitusiýamyz – biziň netijämiz

29.12.2020

kmenistanyň Esasy Kanuny durnuklylygyň we milli ylalaşygyň kepili boldy. Geçen ýyllarda Türkmenistanda häzirki zaman döwletliligimiziň, bazar ykdysadyýetimiziň kanunçylyk esaslary döredildi...

Giňişleýin
Çagalygyň goragynda

29.12.2020

Milli Liderimiziň tagallalary bilen durmuşa geçi­rilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy her bir raýa­tyň, şol sanda ýaşlaryň sagdyn bedenli bolmaklary üçin ähli şertleri üpjün edýär...

Giňişleýin
Ykdysady özgerişlere badalga

29.12.2020

Parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, oňyn hoşniýetli gatnaşyklary bilen dün­ýäde öz mynasyp ornuny tapmagy başa­ran Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy barha...

Giňişleýin
arrow
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • arrow