Metbugat neşirleri

IŇ BELENT SÖÝGI

29.03.2022

Watan — başymyzyň täji, Watana söýgi — iň belent söýgi. Her bir adamyň göbek ganynyň siňen topragyna, Watanyna bolan söýgüsi onuň bütin ömründe güýjüne güýç, ruhuna ruh goşýar. Ynsan agy-garany saýgaryp, kemala gelenden soň, onuň watançylyk düşünjesi, duýgusy zähmeti bilen taplanýar, kämilleşýär, hakyky watançynyň kämilligi bolsa onuň ata-enesi tarapyndan goýlan binýatdan, berlen edep-terbiýeden öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Biziň ata-babalarymyzyň «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen dürdäne paýhasy Watana wepaly gulluk eden ilhalar ynsanlar Berdimuhamet Annaýewiň hem-de Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömürleri, olaryň bitiren işleri, nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky aladalary bilen dabaralanýar.

Giňişleýin
DURMUŞA SÖÝGINIŇ GÖZBAŞY

28.03.2022

Aslyny gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyz saglyga hem-de sagdyn ýaşaýşa aýratyn üns berip, çagalaryň kiçilikden arassaçylyk kadalaryna eýermeklerini, dogry iýmitlenmeklerini, bedenlerini taplap gezmeklerini gazanypdyrlar. Ajaýyp döwrümizde hem eziz Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işleriň esasynda bu kadalaryň gitdigiçe kämilleşip, döwrebaplaşýandygynyň şaýady bolýarys. Çünki raýatlaryň saglygy döwletimizde ileri tutulýan wajyp mesele bolup durýar.

Giňişleýin
TÄZE DÖWÜR — TÄZE SEPGITLER

25.03.2022

Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty dünýä dolup, halkara bileleşikde mynasyp orun aldy. Aýratyn bellemeli ýeri-de, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilýänligidir.

Giňişleýin
TERBIÝE MUKADDESDIR

14.03.2022

Şahsyýetiň ahlak kadalaryna laýyklykda, daş-töwereginde bolup geçýän zatlara baha bermegi we şoňa görä hereket etmegi netijesinde adamyň ahlak keşbi kemala gelýär. Ýokary ahlakly adam her hili kyn şertlerde hem ejizlemän, halal ýaşamaga çalyşýar, arassa gazanjynyň hasabyna eklenýär, şol ruhda hem çagalaryny terbiýeleýär, elmydama döwletiň kanunlarynyň öňünde şahsy jogapkärçiligini duýup, olara hormat goýup ýaşaýar hem-de kanunyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Şeýle ýokary ahlakly halkyň döwlet binýady hem berk bolýar. Bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň bitiren beýik işleri bu gün halkymyzyň durmuşynda has aýdyň duýulýar.

Giňişleýin
KANUNA HORMAT — RAÝATLYK BORJUMYZ

10.03.2022

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmaga aýratyn uly ähmiýet berilýär. «Gallup» halkara barlaglar merkezi tarapyndan kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda, raýatlaryň harby we hukuk goraýjy edaralaryna ynamyna, şahsy howpsuzlyk ýagdaýyna, jenaýatçylykly we terrorçylykly wehimleriň aradan aýrylmagy bilen bagly statistika esaslanýan jemgyýetçilik pikir soraşmalarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini görkezýär.

Giňişleýin
BAŞYMYZYŇ TÄJI WATAN

07.03.2022

Ajaýyp zamanamyzda halkymyz ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar, röwşen geljegine buýsanyp ýaşaýar. Halkymyz ata Watany — Garaşsyz we baky Bitarap döwletimizi söýüp, oňa buýsanyp, başynyň täjine deňeýär. Paýhasly pederlerimizem ata Watanyň mukaddesligi we onuň beýikligi barada dür dänesi ýaly pähimleri nesillerine miras goýup, Watanyň gymmatyna akyl ýetirmekligi we onuň her daban ýerini gözüň göreji deýin goramaklygy wesýet edipdirler.

Giňişleýin
WATANYMYZ — BUÝSANJYMYZ

04.03.2022

2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde gol çekilen il-ýurt bähbitli resminamalar, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň her bir ynsan üçin nusga alarlyk çuňňur manyly çykyşy halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döretdi. Milli Liderimiz: «Biziň ählimizi bir belent maksat birleşdirýär, ol hem nirede, haýsy wezipede bolanyňda hem, ähli ukyp-başarnygyň, zehiniň, zähmetiň bilen mukaddes Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak, ýürek yhlasyň bilen halka hyzmat etmek maksadydyr. Halka gulluk etmek — Haka gulluk etmek! Men bütin ömrümiň manysyny eziz Watanymyza, mähriban halkymyza hyzmat etmekde görýärin» diýen sözleri hemmeler üçin, ilkinji nobatda, Watan goragçylary üçin watansöýüjilik mekdebine öwrüldi.

Giňişleýin
TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGY BOÝUNÇA MAŞGALA GORAGLYLYGYNYŇ KEPILLIKLERI

28.02.2022

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 16-njy noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek we ahlak taýdan ösdürmäge ýardam edýän milli maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmek boýunça çäreleri geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Maşgala jemgyýetçilik durmuşy babatda çözülýän meseleleriň – ykdysadyýeti kämilleşdirmek, medeniýeti ösdürmek, durmuşy gowulandyrmak ýaly wezipeleriň tutuş toplumy bilen berk baglydyr. Bu arabaglanyşyk ikitaraplaýyn häsiýete eýedir: bir tarapdan, jemgyýetçilik durmuşy maşgala babatda kesgitleýji bolsa, beýleki ta

Giňişleýin
MYNASYP TERBIÝE — DÖWRÜŇ TALABY

25.02.2022

«Çagany başdan» diýýän pederlerimiz çaga terbiýesine onuň enesiniň göwresinde wagty başlamalydygyny, şol päkize çaga doglandan soň bolsa, terbiýäni has hem kämilleşdirmelidigini tekrarlapdyrlar. Çaga eşidýän sözlerinden, şeýle hem görýän zatlaryndan has köp terbiýe alýar. Ene-atasynyň, doganlarynyň hereketlerini gaýtalap, öz häsiýetine ornaşdyrýar. Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz, Märekede otur-turuşyn görüň — diýýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem öz şygyrlary arkaly her bir ene-atanyň çagasynyň terbiýesine jogapkärçilikli çemeleşmelidigini, ýaş nesliň geljekde nähili şahsyýet boljakdygynyň onuň terbiýesine baglydygyna ünsi çekipdir.

Giňişleýin
BUÝSANJYMYZYŇ ÇÄGI ÝOK

07.02.2022

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Şeýle şanly seneleriň biri hem her ýylyň 27-nji ýanwarynda uly dabara bilen bellenilýän Watan goragçylarynyň günüdir.

Giňişleýin
ÖÝLI BOLMAK BAGTY

31.01.2022

Bagtyýarlyk döwrüniň ähli ýyllaryna mahsus bolşy ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem toýlar-toýa ulaşýar. «Watan goragçylarynyň güni» mynasybetli Daşoguz şäherinde prokuratura edaralarynyň işgärleri üçin 2 sany 16 öýli 4 gatly täze ýaşaýyş jaýy gurlup, ulanylmaga berildi. Bu täze ýaşaýyş jaýyndan öýli bolmak bagtynyň nesip edendigine buýsanjym çäksizdir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, harby gullukçylary we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edilýär. Olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bimöçber tagallalar bizi mundan beýläk-de ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak ugrunda jan aýaman, ak ýürekden zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Giňişleýin
MAŞGALANYŇ GORAGLYLYGYNYŇ DÖWLET KEPILLIKLERI

17.01.2022

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan täze sepgitlere eýe bolmak bilen, ruhy galkynyşy hem başdan geçirdi. Milli däp-dessurlarymyz, ýagşy edim-gylymlarymyz halkymyzyň gündelik durmuşyna ornaşdy, milli baýramlarymyz gaýtadan dikeldildi. Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Maşgala - adamzadyň hojalyk döretmeginiň, öz durmuşyny ýöretmeginiň çaga terbiýelemeginiň esasy binýady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Biz maşgala gymmatlyklaryna aýratyn üns berýäris. Ýaşlarymyzyň belent ahlak sypatlary şol gymmatlyklar esasynda kemala gelýär. Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara hormat goýmak, Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine sarpa goýmak duýgularyny terbiýelemek maşgaladan başlanýar. Şoňa görä-de, maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, jemgyýetçilik pikirini öwrenip, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine häzirki döwrüň talaplaryna esaslanýan degişli üýtgetmeleri girizsek, dogry bolar diýip hasap edýärin» diýen sözleri maşgalanyň hukuk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Giňişleýin
ÇAGA HUKUKLARYNYŇ GORAGLYLYGY

13.01.2022

Ýurdumyzda çagalaryň goraglylygy döwlet tarapyndan kepillendirilendir. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenilişi ýaly, on sekiz ýaşyna ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilip, belli bir hukuga eýe bolmak ukyby onuň doglan pursadyndan ýüze çykýar.

Giňişleýin
KANUNÇYLYK NAMALARDA MILLI ÝÖRELGELER

07.01.2022

Jemgyýetiň we döwletiň hemmetaraplaýyn kämil ösüşinde esasy wezipe onuň kanunçylyk namalarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämil bolmagydyr. Kanunlaryň kämil bolmagyny gazanmak üçin olarda raýatlaryň erk-islegi beýan edilip, halkyň aňyýetini, medeniýetini we däp-dessurlaryny özünde jemleýän milli ýörelgeler göz öňünde tutulýar. Şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygydyr. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar döwletimiziň gurluşynda esasy ýörelgedir.

Giňişleýin
DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW

04.01.2022

— Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesi, etrap polisiýa bölümi, etrap prokuraturasy bilen bilelikde guramagynda Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanja garşy geçirilýän öňüni alyş çäreleri barada söz açylyp, arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmegiň, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, degişli howpsuz araçägi saklamagyň, sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti bellenildi. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda ynsan saglygy we olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda bimöçber tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Giňişleýin
arrow
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • arrow