Metbugat neşirleri

ŞYGRYÝET DÜNÝÄSINIŇ ŞAMÇYRAGY

24.11.2021

Türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň biri-de özüniň ägirtlerini, beýik şahsyýetlerini sarpalamak, olaryň hatyrasyny belent tutmakdyr. Bu ýörelgä hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Karara gol çekilmegi, hakykatdan-da, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň, asuda we agzybir durmuşynyň dabaralanmasydyr. Mähriban halkymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramçylygyny bellemäge şu günlerden uly taýýarlyk görýär.

Giňişleýin
RAÝATLARYŇ DURMUŞ GORARLYLYGYNYŇ HUKUK ESASLARY

22.11.2021

Adam hakyndaky alada, onuň hemmetaraplaýyn durmuş goraglylygyny üpjün etmek häzirki döwürde ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlet syýasatynyň uly ähmiýet berilýän we bir pursat hem ünsden düşürilmeýän ugurlarydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 5-nji maddasyna laýyklykda «Türkmenistan her bir adamyň durmuş goraglylygyny kepillendirýän döwletdir.» Ýurdumyzda ene göwresindäki çagadan başlap, ýaş çagaly aýallar, köp çagaly maşgalalar, ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalar, maýyplygy bolan adamlar, eklenjini ýitirenler, gartaşan adamlar we halk köpçüliginiň beýleki birnäçe gatlaklary döwletiň durmuş goraglylygyndan peýdalanýarlar. Özem bu goraglylyk kanunçylyk esaslary bilen pugta berkidilip, kabul edilýän ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirlen maksatnamalarda we olary ýerine ýetirmegiň meýilnamalarynda göz öňünde tutulýar. Ilatyň ýaşaýşynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, durmuş syýasatyny, aýratyn hem, ykdysady, durmuş we medeni hukuklary babatda syýasaty mundan beýläk hem ösdürmek Hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda hem bellenilmegi bu ugurda adam hukuklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmakda möhüm ädimdir.

Giňişleýin
ÝOLLARYMYZ AÝDYŇ BOLSUN!

20.11.2021

Ösüşlere beslenýän zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda başy başlanýan tutumly işleriň, il-ýurt bähbitli başlangyçlaryň guwandyryjy netijeleri halkymyzyň göwün guşuny göge göterýär. Döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berlen, uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanylan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň baýramçylyk ruhuny has-da beýgelden waka boldy.

Giňişleýin
TÜRKMENISTANDA ADAMYŇ WE RAÝATYŇ HUKUKLARYNYŇ KANUNÇYLYK KEPILLIKLERI

18.11.2021

Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden öňe süren “Döwlet adam üçindir” diýen şygarynyň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň subutnamalaryny biz gündelik durmuşymyzda kabul edilýän kanunlarda, kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we anyk işlerde görýäris. Ýurdumyzda hereket edýän we täze kabul edilýän kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalar raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny berkarar etmäge gönükdirilýär. Bagtyýar döwrümizde ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen giň möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Aýlyk zähmet we talyp haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary yzygiderli köpeldilýär. Raýatlarymyzyň ýaşaýşy üçin sagdyn ekologiki gurşawy, azyk howpsuzlygyny döretmek, sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak we ýeňilleşdirmek üçin tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda: «Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar.» diýlip kesgitlenen. Hukuk döwleti – bu jemgyýetde syýasy häkimiýetiň, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem azatlyklaryny has doly üpjün etmek üçin şertleri döredýän döwletdir. Konstitusiýadan gözbaş alýan kanunlaryň hereket etmegi, olaryň hukuk hem durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi bolsa häzirki zaman düşünjesinde hukuk döwletiniň esasy alamatlarynyň hatarynda durýar.

Giňişleýin
NIKANYŇ BERKLIGI – MAŞGALANYŇ MIZEMEZLIGI

17.11.2021

Maşgala nikadan döreýär, müňlerçe maşgala birigip, jemgyýeti emele getirýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, adamzat jemgyýeti maşgala döretmegiň birnäçe nusgalaryny öňe çykardy. Bu meselede häzirki günlerde hem düýpli aýratynlyklara duş gelmek bolýar. Nika-maşgala institutlary her bir halkyň özboluşly mental aýratynlyklaryna esaslanýar. Biziň ýurdumyzda maşgala meselesinde ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelere eýerilýär. Maşgala däpleri döwre görä, täze öwüşginler bilen üsti ýetirilýär, ýöne olar many-mazmun babatda mizemez hasaplanylýar. Maşgala däplerini mynasyp dowam etdirmekde mekdebe öwrülen Hormatly Prezidentimiziň dürdäne eserlerini okanyňda nusgalyk türkmen maşgalasynyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Milli Liderimiz «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserinde: «Zenan maşgalalar, ata-babalarymyzyň sözi bilen aýtsak, «dört tärimden başga ýeri» gören hem däldir. Ýöne han-beglere, gahryman batyrlara öz maslahatlary bilen kömek edýärler.

Giňişleýin
KÄMIL NESIL — BAGTYÝAR GELJEK

15.11.2021

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlary boýunça bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Watanymyz dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşuldy. Nesil aladasy, onuň bilimi we terbiýesi döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Çünki ýaş nesil Watanymyzyň geljegi, daýanjy hasaplanylýar. Olaryň watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri bolsa esasy şertdir. Halkymyzda irki döwürde-de çaga terbiýesi esasy orunda durupdyr. Çaga terbiýesine ene göwresindekä başlamaly diýlen ýörelgeden ugur alnypdyr. Çaga doglandan soň, ol maşgalanyň terbiýesi, okuw ýaşyna ýetensoň, mekdebiň terbiýesi bilen gurşalýar. Netijede, ýaş ynsanyň edep-ekramly şahsyýet bolup ýetişmeginde maşgalanyň, mekdebiň, soňra tutuş jemgyýetiň jogapkärçiligi ýüze çykýar. Çaganyň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetderejesine ýetmegi maşgalanyň, mekdebiň, jemgyýetiň bilelikdäki tagallasynyň netijesine baglydyr.

Giňişleýin
OŇLANYLÝAN BEÝIK BAŞLANGYÇLAR

08.11.2021

Döwletimiziň ulag diplomatiýasy Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitlerini Ýewraziýada strategik durnuklylygyň mäkäm halkasyna öwürmegi, Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny geljegi uly ykdysady hyzmatdaşlar hökmünde jebisleşdirmegi, yklymara ähmiýetli ulag ulgamyny döretmegi maksat edinýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, goňşy sebitleriň arasyndaky ykdysady we söwda ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjek häzirki zaman, utgaşdyrylan ulag-üstaşyr infrastrukturasyny döretmek baradaky pikirleri, başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasat başlangyçlarynyň, oňyn teklipleriniň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda BMG-niň we beýleki köp sanly hyzmatdaşlaryň goldaw bermeginde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň paýtagtymyz Aşgabatda taryhy ähmiýetli üstünlikli we netijeli geçirilendigini ýatlamak has hem guwandyryjydyr. Onuň çäklerinde häzirki zaman ýagdaýlara we isleglere laýyk gelýän çemeleşmeler beýan edilip, geljegi uly meýilnamalar göz öňünde tutuldy. Şeýle-de täze mümkinçilikler hödürlenildi hem-de jemleýji resminama kabul edildi.

Giňişleýin
HEMIŞELIK BITARAPLYK — GYMMATLY TAGLYMAT

05.11.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz Türkmenistan Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär. Döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şahyryň: Ösüşleriň bedew bady bagta sary rowandyr, Bitaraplyk ýörelgämiz dowamata dowamdyr —

Giňişleýin
DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HUJUW

04.11.2021

— Türkmen halky taryhy dostlugyň bahasyny hemişe belentde goýýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 24-25-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwletleriň Baştutanlary däp bolan dostluk, özara düşünişmek, açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumy boýunça hemmetaraplaýyn we netijeli gepleşikleri geçirdiler. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bilelikdäki Beýannamasy dostlukly gatnaşyklaryň şöhlelenmesi boldy.

Giňişleýin
OBA HOJALYGY WE INNOWASIÝALAR

29.10.2021

Güneşli Diýarymyzyň bol hasylly topragy ýere bagry badaşan zähmetkeş halkymyza özüniň datly miweleri bilen jogap berýär. «Ene ýere nähili esewan etseň, şonuň ýaly hem miwe eçiler» diýlen jümlä berk eýeren ata-babalarymyz daýhançylyk etmegi, maldarçylyk bilen meşgullanmagy esasy kär hökmünde görüp, onuň usullaryny, inçe tärlerini arkama-arka öwredip, nakyllar, aýtgylar we öwüt-ündewler bilen şu günlerimize ýetiripdirler. Ýurdumyz geoykdysady taýdan amatly guşakda ýerleşmek bilen, aglaba miweleriň datly tagam bermegi üçin Gün şöhlesiniň kadaly böleginiň düşýän ýeridir. Alymlaryň bellemegine görä, biziň topragymyzda ýetişýän gawunyň, garpyzyň, üzümiň, naryň, şetdalynyň we şuňa meňzeş birnäçe miweli agaçlaryň başga ýurtlardakydan datly tagam bilen ýetişýändigi anyklanylandyr.

Giňişleýin
BERKARARLYK BAGTY

27.10.2021

Türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, belent maksady — demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiz özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, tebigy baýlyklarymyz milli we umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär.

Giňişleýin
SAGDYN DURMUŞYŇ HATYRASYNA

20.10.2021

Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň saglygyny berkitmäge, her bir raýatyň sagdyn, eşretli durmuşda uzak ýaşamagyny we zähmete ukyply bolmagyny üpjün etmäge, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti terbiýelemäge gönükdirilen syýasaty halk köpçüliginiň giň goldawyny tapdy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan, hakykatdan hem, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ülkesine öwrüldi.

Giňişleýin
EDEBIŇ BINÝADY

13.10.2021

Türkmen halkynyň asyrlardan gelýän milli däp-dessurlary, inçe ýörelgeleri, durmuşa siňip giden, ýazylmadyk kada-kanunlary bar. Şolaryň biri hem çaga terbiýe bermek, ony edep-ekramly edip ýetişdirmekdir. Terbiýe barada gürrüň açylanda, türkmen halky «Edebiň ýagşysy — ulyny syla», «Edep salamdan başlanýar», «Atalar sözi, akylyň gözi» diýen ýaly nakyllary durmuş hemrasyna öwrüpdir. Bir wagtlar ogly mekdep ýaşyna ýeten adam, ony mollanyň ýanyna alyp barýar. «Şuňa terbiýe berseňiz hem-de okatsaňyz» diýýär. Şonda molla: «Okatmasyna başlarys, ýöne terbiýe meselesinde biraz gijä galan bolmasaňyz. Çagany doglan gününden terbiýeläp başlamaly, has takygy, onuň terbiýesi barada entek enesiniň göwresindekä aladalanmaly» diýýär. Çagany ene göwresindekä terbiýeläp başlan pederlerimiz onuň ýurt üçin gerekli, jemgyýet üçin peýdaly adam bolup ýetişmekleri ugrunda yhlas edipdirler.

Giňişleýin
SAGDYN JEMGYÝET - KUWWATLY DÖWLET

08.10.2021

Ähli ugurlardan ösüşleriň, özgerişleriň ýurdy — ata Watanymyz Türkmenistanda ynsan mertebesine goýulýan sarpa döwletimiziň baş şygary, esasy ýol-ýörelgesi. Diňe sagdyn jemgyýet bilen ösüşleriň, özgerişleriň mekany bolan sarsmaz, synmaz we kuwwatly döwleti berkarar edip bolýar. Islendik döwletiň ösüşi jemgyýetiň aň-düşünjesi, ruhy we ahlak sagdynlygy, kämil sowatlylygy, bilimliligi bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem jemgyýetiň sagdynlygyny gazanmak ugrundaky tagallalar her bir döwlet üçin hökmany zerurlykdyr. Milli Liderimiziň atalyk aladasy bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha gowulanýar. Önümçilik bilen bir hatarda, durmuşyň ähli ugurlarynyň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi, bilim, terbiýe meselesinde halkyň milli ruhundan ugur alynmagy ýaş nesliň dünýägaraýşyna, akyl derejesine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Milli Liderimiz ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, kämil derejede sowatly bolmagyny esasy talap hökmünde kesgitledi. Bu talabyň düýp özeni bolsa sagdyn durmuş kadasyny adaty ýagdaýa öwürmek bolup durýar.

Giňişleýin
DÖWRE BUŸSANÇ-ZÄHMETE HUJUW

05.10.2021

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynda harby gullukçylarynyň we işgärleriniň ýurdumyzyň we halkymyzyň howpsuzlygyny, kanunçylygy üpjün etmekde alyp barýan jogapkärli işlerinde bitirýän hyzmatlaryna mynasyp baha berlip, döwlet sylaglary bilen sylaglanylmagy ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Şeýle şanly günde maňa-da «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly ýubileý medala eýe bolmak bagty nesip etdi. Bu döwlet sylagy meni mundan beýläk-de gijämi gündiz edip, ak ýürekden gulluk etmäge ruhlandyrdy.

Giňişleýin
arrow
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • arrow