Metbugat neşirleri

KÄMIL KANUNÇYLYK — ÖSEN JEMGYÝET

01.05.2021

Kämil kanunçylyk ösen jemgyýeti gurmagyň, belent ösüşleri we üstünlikleri gazanmagyň hökmany şertidir. Muňa häzirki wagtda ähli ugurlarda ýokary sepgitleri nazarlaýan ata Watanymyz Türkmenistanyň bedew batly ösüşleri aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgamynyň döredilmegi Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň durmuşynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygyny mundan beýläk-de berkitmek, Watanymyzy çalt depginlerde dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak bilen baglydyr.

Giňişleýin
BEHIŞDI BEDEWLER BUÝSANJYMYZDYR

29.04.2021

Her bir milletiň özüne mahsus mukaddeslikleri, milli gymmatlygy, sungat derejesine ýetiren özboluşly aýratynlygy bar. Türkmen ilinde gadymyýetden bäri wepadarlygyň belent nusgasyny özünde jemleýän bedew aty bar. Gadymy çeşmelerde “behişdi”, “asman”, “asylly”, “adaty bolmadyk” diýlip atlandyrylýan türkmen bedewleri şöhraty müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, köpeldip, arassa ganlylygyny saklap, nesillerimize galdyrypdyrlar. Türkmenistan behişdi bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr. Bu barada atşynas, görnükli alym, atlaryň janköýeri, professor W. O. Wittiň: “Türkmen bedewleri şol gadymy arassa ganly atlaryň soňky damjalarydyr. Onuň kömegi arkaly dünýäniň atşynaslyk ulgamynyň ähli medeniýeti kemala getirildi” diýen jümlelerini buýsanç bilen beýan etmek bolar.

Giňişleýin
TÜRKMENIŇ MILLI GYMMATLYGY

29.04.2021

Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýyny belende götermek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýar. 16-njy aprelde «Oguzkent» myhmanhanasynda Hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda ýokary derejede geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaraly çärelere mynasyp badalga boldy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine on bir ýyl dolýar. Häzirki döwre çenli ýurdumyzdan we dünýäniň 36 döwletinden 191 sany ýuridik we fiziki şahs bu guramanyň agzasy boldy.

Giňişleýin
ENERGIÝA ÇEŞMELERINIŇ KANUNÇYLYK ESASLARY

10.04.2021

Adamyň janynyň we saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýan berkarar döwletimizde ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak esasy ähmiýet berilýän meseleleriň hataryndadyr. Şu nukdaýnazardan daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak maksady bilen, adaty energiýany gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýa bilen tapgyrlaýyn çalyşmak babatdaky işleri höweslendirmek döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biridir.

Giňişleýin
HALKARA BÄSLEŞIGIŇ BUÝSANDYRYJY NETIJELERI

10.04.2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan mart aýynyň 30-na wideoaragatnaşyk arkaly ýaş hukukçylaryň arasynda onlaýn görnüşinde halkara bäsleşik geçirildi.

Giňişleýin
SANLY ULGAMYŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI

08.04.2021

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme geçirmek hem-de degişli üýtgetmeleri girizmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça her ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň içki meýilnamasyny taýýarlamak we tassyklamak ilkinji wezipeleriň hatarynda görkezilen.

Giňişleýin
BAŞ BAÝLYGYŇ GORAGY

05.04.2021

Adam saglygyny ähli zatdan ilerde goýýan Gahryman Arkadagymyz döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli adyl syýasaty durmuşa geçirýär. MilliLiderimiziň raýatlaryň saglygyny goramak, olaryň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan beýik başlangyçlary ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen beýik taglymatyň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Giňişleýin
WATANA GULLUK — ÖMRÜMIZIŇ MANYSY

31.03.2021

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde döwletimiziň harby gullukçylary barada hemişe alada etjekdigini yzygiderli nygtaýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, döwlet Garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, serhetleriň eldegrilmesizligini, parahatçylygy we asudalygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny goramak, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek ýaly belent hem-de jogapkärli wezipeler üstüne ýüklenilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryndan we işgärlerinden ýokary hünär ussatlygyny, belent adamkärçilik we watansöýüjilik ýaly asylly sypatlary talap edýär.

Giňişleýin
“Döwre buýsanç-zähmete hujuw”

24.03.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar.

Giňişleýin
“Döwre buýsanç-zähmete hujuw”

24.03.2021

Ýurdumyzda raýatlaryň zähmet hukuklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Zähmet kodeksi we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalar arkaly kepillendirilýär. Milli zähmet kanunçylygymyza laýyklykda, zähmet şertnamasy iş beriji bilen işgäriň arasyndaky ylalaşyk bolup durýar.

Giňişleýin
ERKANA DURMUŞYŇ EŞRETI

18.03.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň çalt depgin bilen ösdürilmegine ýardam berjek täze kanunlary kabul etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belleýär.

Giňişleýin
Garaşsyzlyga buýsanç — kalba ganat

18.03.2021

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen badalga alan 2021-nji ýylymyzda her bir gün hoş habarlaryň buşlukçysy bolup dogýar. Şanly wakalara beslenjek bu ýylymyzda halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, mermer paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýuny uludan toýlar. Ýylyň başyndan bäri ähli ugurlarda bu şanly toýlara giňden taýýarlyk görlüp, dürli mazmundaky çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Her bir ulgamda gazanylýan üstünlikler medeniýetiň, sungatyň üsti bilen dünýä ýaýylýar.

Giňişleýin
ÖZGERTMELERIMIZIŇ HUKUK ESASLARY

18.03.2021

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda il bähbitli, ýurt ähmiýetli alnyp barylýan döwlet syýasaty taryhyň gatlaryna öçmejek altyn harplar bilen ýazylýar. 25-nji fewralda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda döwlet ähmiýetli işleriň birnäçesine badalga berildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklanyldy.

Giňişleýin
Döwrüň möhüm talaby

06.03.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge netijeli goşant bolýan, raýatlaryň hukuklaryny we erkinligini üpjün edýän kanunçylygyň hereket etmegi gazanylýar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow geçirýän her bir mejlislerinde, iş maslahatlarynda döwlet dolandyryş işini kämilleşdirmegiň, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere götermegiň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde wezipe edip goýlandygyny belleýär.

Giňişleýin
BÄHBITLI IŞIŇ NETIJESI

06.03.2021

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň kanunçylyk- -hukuk binýady kämilleşdirildi. Türkmenistanyň “Bilim hakynda” Kanunynda bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklary düzgünleşdirilendir. Şu Kanunda bilim ulgamynda döwlet syýasatynyň binýatlyk ýörelgeleri, bu ulgamyň maksatlary, wezipeleri, hyzmatlary hem-de onuň işini dolandyrmagyň tertibi kesgitlenendir.

Giňişleýin
arrow
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • arrow