Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

02.06.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi boýunça milli parlamentiň iş toparlarynyň alyp barýan işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we öňdebaryjy halkara iş tejribesinden ugur alnyp, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tekliplerini seljermek esasynda birnäçe kanunçylyk taslamalary taýýarlanyldy. Olara Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň 3-nji iýunda geçiriljek ikinji maslahatynda garamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem daşary ýurtlar, iri halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada maglumat berildi. Hususan-da, Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi, Koreýa Respublikasynyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Mejlisiň wekilleri Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde guramagynda Baku şäherinde geçirilen “Ýaşyl» ykdysadyýeti, özara baglanyşygy we durnukly ösüşi höweslendirmek arkaly howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmekde milli parlamentleriň orny” atly halkara foruma, şeýle hem Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen X halkara Newa ekologiýa kongresine gatnaşdylar.

Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

01.06.2023

Mähriban halkym! Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri! Sizi tutuş dünýä bileleşigi bilen bilelikde giňden we dabaraly bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda bu halkara baýramçylygyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyza bolan söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Çagalary goramagyň halkara gününe gabatlap, ösüp gelýän nesillerimiziň şatlyk-şowhunyna, şadyýan gülki seslerine, Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlara ýugrulan baýramçylyk dabaralaryny geçirýäris. Belent dagly, gür bagly Gökdere jülgesindäki, owazasy dünýä dolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlardaky döwrebap çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde tolgundyryjy we ýatdan çykmajak gyzykly pursatlary bagyş etjek tomusky dynç alyş möwsümine badalga berýäris.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi

01.06.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Hanym Helga Şmid hormatly Prezidentimize wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy. Myhman ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny mübärekläp, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga, özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär hem-de ÝHHG-niň çäklerinde bu ugurda tagallalaryň utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylmagy bilen hanym Helga Şmidi tüýs ýürekden gutlady we degişli güwänamalary gowşurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi ekologiýa babatda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygynyň anyk netijelere gönükdirilendiginiň subutnamasydyr.

Giňişleýin
Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen

30.05.2023

Şu gün irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş boldy. Bellenilişi ýaly, ýakyn goňşy döwletler bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugrudyr. Häzirki wagtda Türkmenistan we Eýran dürli ugurlar boýunça iki tarapyň hem milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýarlar. EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Gahryman Arkadagymyzyň bu gezekki saparynyň dowamynda gazanyljak ylalaşyklaryň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirip, saparyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Giňişleýin
Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidentine gutlag haty iberildi

29.05.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maşgalasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli Rejep Taýyp Ärdogana gutlag hatyny iberdiler. Gutlag hatynda türkmen halkynyň adyndan türk halkynyň durmuşyndaky iň taryhy gün, demokratiýa eradasy esasynda gazanan syýasy üstünligi we ýeňşi mynasybetli türk Liderine tüýs ýürekden çykýan gutlaglar beýan edilýär. Şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidentine döwlet işinde geljekde hem uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26.05.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Arkadag şäheriniň ýerli býujetini düzmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda täze şäheriň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar, şäheriň häkimligi hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüm birlikleri döredildi. Olaryň guramaçylykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli kadalar hem-de görkezijiler esasynda Arkadag şäheriniň ýerli býujeti boýunça degişli hasaplamalar geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu işleriň döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, ähli degişli görkezijileri yzygiderli hem-de içgin öwrenmek esasynda alnyp barylmalydygyny belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady

25.05.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwilä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Salome Zurabişwilä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Giňişleýin
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara

24.05.2023

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň paýtagtynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän giň gerimli çäreler aýratyn many-mazmuna eýe bolup, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalara öwrülýär. «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi hem ak mermerli şäherimiziň güni mynasybetli geçirilýär. Onda Aşgabadyň senagat, medeni we aň-bilim kuwwaty, durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri, mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylar. Ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň täze teklipleri we gazananlary görkeziler.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

22.05.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş almak, ýekelemek, otag etmek hem-de hatarara bejergi işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaýa ideg etmek işleri alnyp barylýar. Welaýatda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, tohumlyk bugdaýy ýygnap almak, daşamak we talabalaýyk saklamak üçin ähli zerur çäreler görüldi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21.05.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurlup ulanmaga berlendigi üçin Mejlisiň deputatlarynyň adyndan hoşallygyny beýan edip, bildirilen ynamy ödemek we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalaryny, bilimlerini, tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Giňişleýin
Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammiti öz işine başlady

19.05.2023

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammiti öz işine başlady. Bu halkara möhüm duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary bardylar. Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy geçirildi. Nobatdaky ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerinde jogapkärli, işjeň, başlangyçly orny eýeleýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Sebit we dünýä derejesindäki oňyn gatnaşyklara hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýan Bitarap Türkmenistan mundan beýläk-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşmaga meýillidir.

Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyzyň HHR-a iş sapary başlandy

18.05.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna bardy. Döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça, Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşar. Şeýle-de bu gezekki iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy meýilleşdirildi. Nobatdaky ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

16.05.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi.  Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli, öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýan Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

15.05.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol şu günler welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek hem-de otag işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaýa ideg etmek işleri geçirilýär. Şeýle hem galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin möwsümde işlediljek kombaýnlary, galla kabul ediş nokatlaryny, awtoulaglary taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

13.05.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan kanunçykaryjylyk işi barada maglumat berdi.  Häzirki wagtda Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirilýär. Şeýle hem “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary milli kanunçylyga girizmek boýunça kanun taslamasy taýýarlanylýar.  Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 20-nji aprelde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň, şeýle hem Halk Maslahatynyň döredilmeginiň hem-de onuň işiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ilat arasynda giňden wagyz etmek hem-de düşündirmek maksady bilen, welaýatlarda we paýtagtymyzda deputatlaryň gatnaşmagynda maslahatlar guraldy. 

Giňişleýin