Habarlar

Türkmenistanyň başlangyçlary ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar

16.08.2022

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy. Utgaşykly görnüşde geçirilen çärä dünýäniň 40-a golaý döwletinden hem-de halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň edaralarynyň, abraýly sebit we sebitara guramalaryň we maliýe institutlarynyň hem-de seljeriş merkezleriniň, hususy ulgamyň 30-dan gowragynyň wekilleri, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Düýn maslahatda edilen çykyşlarda forumyň ähmiýeti we öz wagtynda çagyrylandygy nygtaldy. Foruma gatnaşyjylaryň uly düzümi ýurdumyza hormat goýulýandygynyň, onuň ulag ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlyga goşýan goşandynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Giňişleýin
Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag boýunça maslahaty öz işine başlady

15.08.2022

Şu gün irden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40 golaý döwletleriň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Ministrler maslahatynyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (DÇBÖBD) durnukly ulag we onuň bilen bagly durnukly ösüş maksatlary ulgamynda gazanan ösüşini seljermekden, şunuň bilen baglylykda, koronawirus ýokanjy pandemiýasynyň we beýleki wehimleriň täsirini kesgitlemekden ybaratdyr. Şeýle hem COVID-19-dan soňky dikeldiş üçin ulagyň esasy orny howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak we oňa uýgunlaşmak bilen bagly meselelere garalar.

Giňişleýin
Ýurdumyz giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar

14.08.2022

Geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady hem-de ruhy kuwwatynyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan we halkymyzyň mynasyp durmuşynyň hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulag düzüminiň ýene-de bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy geçen hepdäniň wakalarynyň arasynda aýratyn orun eýeleýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

12.08.2022

Şu gün Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de käbir meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2022-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Ýedi aýyň jemleri boýunça toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy 10,4 göterim ýokarlandy. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmegi esasynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 39 göterim ýokarlandy.

Giňişleýin
Harby-Deňiz Güýçleri eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda

10.08.2022

Şu gün Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine geldi hem-de bu ýerde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy. Watanymyzyň howpsuzlygynyň kepillendirilmegi, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, deňiz serhedimiziň ygtybarlylygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň taryhynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň serkerdeligi döredildi. Häzirki döwürde Milli goşunymyzyň beýleki kysymlary bilen bir hatarda, iň täze tehnikalar we enjamlar, dürli görnüşli gämiler bilen üpjün edilmeginiň hasabyna, ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar. Goranmak ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň harby gämileri üçin ýokary harby taýýarlykly deňizçi hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty hem-de onuň binýadynda Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi döredildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

08.08.2022

Şu gün Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň gadymyýetden bäri yklymara geçelgeleriň çatrygynda çäk taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini hem-de ägirt uly üstaşyr ulag kuwwatyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň ulag düzüminiň dünýä ulgamyna goşulyşmagy, häzirki zaman ölçeglerine gabat gelýän, ulaglaryň ähli görnüşini, şol sanda awtomobil ulagyny öz içine alýan multimodal düzümiň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Giňişleýin
Aşgabatda halkara sergi we maslahat geçirildi

07.08.2022

Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy--2022” atly halkara sergisi we “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän ýöriteleşdirilen bu forum ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň 6-njy awgustda ilkinji gezek bellenilýän gününe bagyşlanyldy. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilikli we ykdysady taýdan ösüş ýoly bilen öňe barýan Watanymyzyň bu ugurda gazanýan üstünliklerini giňişleýin beýan etdi. Milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän pudagynyň işgärleriniň hormatyna esaslandyrylan bu hünär baýramy mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça dürli çäreler geçiriler, zähmetiň öňdebaryjylaryny sarpalamak dabaralary guralar. Ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçilikleri, ekologiýa taýdan arassa, ýokary tehnologiýaly, şol bir wagtyň özünde ýokary hilli önümleriň önümçiligi hem-de olaryň halkara ülňülerine talaplaryna doly laýyk gelmegi ýurdumyzyň gurluşyk we senagat ulgamynyň ýokary derejesini üpjün edýär.

Giňişleýin
«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara

05.08.2022

Gadyrly myhmanlar! Sizi «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara serginiň we onuň bilen ugurdaşlykda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Pudaga häzirki zaman innowasion tehnologiýalary, dünýä tejribesi giňden ornaşdyrylýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara tejribe alyşmakda, iki tarapa-da bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekde şeýle halkara sergiler we ylmy maslahatlar örän uly ähmiýete eýedir.

Giňişleýin
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

03.08.2022

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly türgenler! Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara sport giňişliginde Watanymyzyň abraýy barha artýar. Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär. Bu bolsa biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi türgenlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegini, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny şertlendirýär. Garaşsyz döwletimiziň türgenleri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarlar we baýrakly orunlary eýeläp, altyn medallara hem mynasyp bolýarlar.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňiz kenaryndaky täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

01.08.2022

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda täze döwrebap “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi. Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Deňiz kenarynda ak mermerli kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherçeleri, ýaht-klublar, çagalar sagaldyş merkezleri, sport desgalary guruldy, dynç alyş seýilgähleri we ýaşyl zolaklar, emeli derýa döredildi. Bularyň hemmesi, şol sanda ulag we inženerçilik-tehniki düzümleriň desgalary-da öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de gurluşyk, binagärlik we bezeg ulgamlaryndaky özboluşly çözgütleri peýdalanmak arkaly, täzeçil çemeleşmeleriň esasynda bina edildi. Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda nobatdaky täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi ildeşlerimize «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp, saglyklaryny berkitmäge mümkinçilik berer. Halk köpçüligine hödürlenilýän iň ýokary dünýä ölçeglerindäki saglyk-dynç alyş hyzmatlarynyň elýeterliligi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň esasyny düzýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abadançylygy hem-de halkymyzyň rowaçlygy bu strategiýanyň baş maksadydyr.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

31.07.2022

30-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, ýakyn geljek üçin ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek meseleleri girizildi. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi, ol şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçirilen işler, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň mynasyp gulluk etmegi üçin talabalaýyk şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Milli goşunyň ähli düzüm bölekleriniň işini kämilleşdirmek, harby ulgamda iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmek hasabatda beýan edilen aýratyn mesele boldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

29.07.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri hem-de döwlet durmuşynyň beýleki käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habardan başlady. Döwlet tarapyndan berilýän giň möçberli goldawyň netijesinde ýurdumyzyň gallaçylary Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzy daýhanlaryň gazanan zähmet ýeňşi bilen gutlap, olaryň netijeli işlemegi ugrunda döredilýän şertler üçin Arkadagly Serdarymyza hoşallyk bildirdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

25.07.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy, Oba milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Ol şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaýdan boşan meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berler. Şu günler welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen ýeralma, gök, bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň bazarlarynda önüm bolçulygynyň üpjün edilmeginde uly ähmiýete eýedir.

Giňişleýin
Türkmenistanyň täze başlangyçlary ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň üpjün edilmegine saldamly goşantdyr

25.07.2022

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan netijeli daşary syýasaty yzygiderli amala aşyrmak bilen, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, ilkinji nobatda, halklarynyň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda sebitde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek boýunça öňe süren täze başlangyçlary muny nobatdaky gezek tassyklady. Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Sadyr Žaparow bilen duşuşygy boldy. Döwlet Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşini ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň geljegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Prezident Sadyr Žaparow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýakyn wagtda resmi sapar bilen Gyrgyzystana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Giňişleýin
Gurluşyk pudagynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň görkezijileriniň biridir

23.07.2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylyň alty aýynda ýurdumyzda 30 sany iri desganyň, 322 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň, şol sanda 900 million manada golaý ýokary amatlykly, has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berlendigini belledi. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 1 milliard 300 million manatdan gowrak maýa goýumy özleşdirildi. Göz öňünde tutulan möçberlerde senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki binalar ulanmaga berildi. Senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam etdirilýär. Häzirki wagtda umumy bahasy ABŞ-nyň 38 milliard dollaryndan gowrak bolan 2 müň 900 töweregi desga gurulýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow innowasiýalary we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gurluşyk pudagyny ösdürmegiň möhümdigi barada aýdyp, “akylly” şäher we “akylly” öý taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, şeýle-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ýaşaýyş jaý gurluşygynda ulanylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Giňişleýin

Soňky habarlar