Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.03.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Ol 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşi hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üpjün edilýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu görkeziji 6,2 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy
02.03.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary boldy.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiziň wekilçilikli forumyň geçirilýän ýeri bolan Azerbaýjana iş sapary ýurdumyzyň esasy daşary syýasy ugruna laýyklykda amala aşyryldy. Şol syýasy ugur ählumumy abadançylygyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Döwletimiz oňyn sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Muňa Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy aýdyň mysal bolup durýar. Şolaryň hatarynda 1961-nji ýylda döredilen Goşulyşmazlyk Hereketi hem bar. Onuň esasy maksady harby-syýasy toparlara goşulyşmazlykdan hem-de dünýäde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
01.03.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň giň möçberli özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň “Wozroždeniýe” kompaniýalar topary bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk tejribesine kanagatlanma bildirdi. Ýurdumyz bilen bu kompaniýanyň arasynda ygtybarly we ynanyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.02.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümine taýýarlyk görülýär.
Giňişleýin
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary
25.02.2023
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Ahal welaýatynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gurluşygynda dünýäniň iň gowy tejribesiniň ulanylmagyna hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň möhüm şertidir. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigini bellemek gerek. Şunda senagat zolagyny döretmek, onuň çäklerinde bina ediljek önümçilik kärhanalarynyň häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmek wajyp wezipedir.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
23.02.2023
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Alar Karise tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Estoniýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Patyşa Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi
22.02.2023
Şu gün Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz Bahreýn Patyşalygyna resmi sapar bilen geldi.
Ýokary derejedäki şu gezekki duşuşyk däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, bu sapar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Bu strategiýa dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
21.02.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.
Diplomat ikiçäk duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, giň möçberli özgertmeler ýolunda üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki döwrüň ählumumy meselelerinde esasy orny eýeleýän BMG-niň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda merkeziň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça işiniň üstünlikli dowam edendigi, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi hem-de sebitde anyk maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň depgininiň güýçlendirilendigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Giňişleýin
M.Öwezgeldiýew Arkadag şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi
21.02.2023
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2-nji derejeli ýurist Magtymguly Söýünmämedowiç Öwezgeldiýew Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.02.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly geçirilýär, gowaça ekiljek ýerlerde tekizlemek we geriş çekmek işleri dowam edýär, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň arasyndaky duşuşyk
19.02.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmany döwlet Baştutanymyz garşylady.
Belent mertebeli myhmana türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyk gelýän hormat-sarpa bildirildi.
Dünýä döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan kuwwatly we ösen ýurtlarynyň biri bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi we her gezek Türkmenistana gelende, özüni ata Watanynda ýaly duýýandygyny aýtdy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.02.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol döwletimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen Konstitusion kanunlardan gelip çykýan, hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly işler dowam etdirilýär.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
16.02.2023
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ýurduň Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, weýrançylyklara getiren gar süýşgünleri zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
15.02.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýa Federasiýasynyň iri energetika kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, onuň ýurdumyza şu gezekki saparynyň ýangyç-energetika toplumyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we umuman, köpugurly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, öz gezeginde Russiýanyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Giňişleýin
Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşyjylara
14.02.2023
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribä daýanýan ygtybarly binýadyny has-da berkitmekde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde bu giň möçberli serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Giňişleýin