Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

13.02.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýyl gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri dowam edýär, pagtaçy kärendeçileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar gözden geçirilýär, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleri taýýarlanylýar.

Giňişleýin
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary

12.02.2023

11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş bolup, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtap, bu resmi saparyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Diplomat hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň hem Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belledi we şu gezekki saparyň, onuň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

11.02.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary

07.02.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda, hususan-da, obasenagat toplumyny ösdürmek we onuň kuwwatyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

06.02.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri sürmek we tekizlemek işleri agrotehniki talaplary berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler guramaçylykly dowam edýär. Öňümizdäki ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme doly taýýar edip goýmak hem-de suwdan rejeli peýdalanmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleri taýýarlanylýar. Şeýle hem häkim obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnama laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky işleriň barşy barada hasabat berdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi

03.02.2023

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem geçirilen harby-taktiki okuw türgenleşikleri, Milli goşunyň bölümlerini iň täze serişdeler bilen üpjün etmegiň barşy, serkerdeleriň, esgerleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işler barada habar berildi. Hasabatda durmuş ugurly meseleleri çözmek boýunça ýerine ýetirilen anyk işler, Ýaragly Güýçleriň düzüminden nobatdaky gezek ätiýaçlyga ugratmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça her ýylda geçirilýän meýilnamalaýyn işleriň netijeleri barada aýratyn bellenildi. Şeýle hem ýokary hünär derejeli harby işgärleri taýýarlamak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklarynyň degişli düzümler tarapyndan ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Giňişleýin
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar

01.02.2023

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siz döwlet işiňizde Türkmenistanyň halkynyň goldawyna we belent hormatyna eýe bolan parasatly syýasatçy, güýçli ýolbaşçy hökmünde tanaldyňyz. Ýurduň syýasy, durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, onuň dünýädäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna goşan goşandyňyz hem bimöçberdir. Russiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglylykda, Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän ünsüňiz üçin, Size hoşallygymy beýan edýärin. Size berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw etmäge, şeýle hem bilelikdäki netijeli işimizi dowam etdirjekdigimize umyt bildirmäge rugsat ediň! Hormatlamak bilen, Rustam Minnihanow, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

Giňişleýin
Watanymyz beýik özgertmeleriň ugry bilen ynamly öňe barýar

31.01.2023

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe bir milli ykdysadyýetimizde däl, eýsem, döwlet gurluşynda, jemgyýetçilik durmuşynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. 23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek ýerleri sürmegiň we tekizlemegiň depginini güýçlendirmegi, tehnikalardyr enjamlary taýýarlamagy hem-de kärendeçileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmegi tabşyrdy. Häkimlere bugdaýa ideg etmekde agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

30.01.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatyň ekin meýdanlarynda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, 2023-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri guramaçylykly dowam edýär hem-de pagta öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ýazky ekiş möwsümi üçin oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar we gözden geçirilýär, ýeralmany, beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işine taýýarlyk görülýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi

30.01.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanda saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi. Gepleşikleriň dowamynda dürli ugurlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gepleşiklerde Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek aýratyn üns berildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna

27.01.2023

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar! Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary! Sizi döwletimiziň işjeň hem-de öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy özüne ýörelge edinen ýaşlarymyzyň ykbalynda uly orun aljak bu gurultaýyň örän netijeli hem-de üstünlikli geçmegini arzuw edýärin. Bu gün ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary düýpli döwrebaplaşdyrylýar, täze şäherlerdir obalar döredilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnygyny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Giňişleýin
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sylaglamak, harby we ýörite atlar dakmak hem-de hünär derejeleri bermek

27.01.2023

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik, hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri we söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal, göreldeli zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň uly topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

26.01.2023

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy S.G.BERDIMUHAMEDOWA goşun generaly diýen harby ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby ady dakmaly. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.MÄMMEDOWA. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 26-njy ýanwary.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

26.01.2023

Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Mejlisiň iş toparlarynda ýakynda kabul edilen Konstitusion kanunlardan gelip çykýan, hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Milli parlamentiň wekilleri halkara işiň çäklerinde dürli çärelere, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşýarlar hem-de kanun çykaryjylygyň öňdebaryjy tejribesini öwrenýärler. Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar, Milli Geňeşiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen resminamalaryň many-mazmunyny we taryhy ähmiýetini düşündirýärler.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

25.01.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministr Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda açyklyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyzyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halkymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.

Giňişleýin