Habarlar

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

26.03.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.A.Muhammedow hakynda Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji marty. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.Toýlyýew hakynda Sapardurdy Toýlyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji marty.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25.03.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzmek bilen bagly meselelere hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakynda» Кarara gol çekdi. Ministrler Kabinetiniň düzümi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň dokuz orunbasaryndan, on ýedi ministrden we ýigrimi sany pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysyndan ybaratdyr. Hökümeti düzmegi men maliýe, ykdysadyýet we bank toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny wezipä bellemekden başlajak diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Mälim bolşy ýaly, bu toplum ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu pudaklaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün eder diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşyna gatnaşdy

24.03.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Baş şäherimiziň gün-günden gözelleşýän demirgazyk künjeginde ähli zerur düzümleri bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat amatly toplumyň gurulmagy dowam edýär. Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren bu ýaşaýyş jaý toplumy ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde iň ýokary döwlet wezipesine girişmegi mynasybetli geçirilen dabaradaky çykyşynda halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegini, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, “Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar” diýip nygtady. Paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak boýunça wezipeleriň çözgüdine gönükdirilendir. Häzirki döwürde Aşgabat çägini giňeldip, döwrebap ösüşli şäherleriň birine öwrüldi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat

22.03.2022

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym! Merkezi Aziýadan Balkan ýurtlaryna çenli ruhubelentlik ýagdaýynda bellenilýän baharyň buşlukçysy Nowruz biziň umumy gymmatlyklarymyzyň we däp-dessurlarymyzyň dowamatlylygyny alamatlandyrýar. Biziň ýurtlarymyz gadymy medeniýetiň merkezleridir. Şolarda parahatçylyk, ynanyşmak we doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklary aýratyn ähmiýete eýedir, biziň halklarymyza ata-babalarymyzdan ruhubelentlik we ynsanperwerlik miras galdy. Olaryň esasyny bolsa agzybirlik we jebislik düzýär. Nowruza mahsus bolan dost-doganlyk ruhunyň ählumumy möçberde häzirki döwürde ýeňil bolmadyk synaglary ýeňip geçmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara

19.03.2022

Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Bu gün Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetlilik däplerini alamatlandyrýan demokratik özgertmeleriň ähmiýetini açyp görkezýän sene hökmünde girdi. Mälim bolşy ýaly, 12-nji martda açyklyk, aýdyňlyk we giň bäsdeşlik esasynda, milli kanunçylyga hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirilen Prezident saýlawlarynyň jemleri boýunça iň ýokary döwlet wezipesine saýlawçylaryň köp sanly seslerine mynasyp bolan Serdar Berdimuhamedow saýlandy. Ir bilen hormatly Arkadagymyz — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Oguz han” köşkler toplumyndan çykyp, Ruhyýet köşgüne tarap ugradylar. Şu gezekki Prezident saýlawlarynyň hil taýdan täze taryhy şertlerde geçirilendigini bellemek gerek. Häzirki döwürde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri hem-de zähmet ýeňişleri, ata Watanymyzyň halkara derejede beýik abraýa eýe bolmagy bilen baglanyşykly işleri amala aşyran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň möçberli maksatnamalar hem-de taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösüşi hem-de onuň parahatçylygyň, döredijiligiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly gadamy üçin ygtybarly binýady emele getirdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatlar

18.03.2022

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de üstünlik hem-de abadançylyk arzuw edýärin. Meniň iň gowy arzuwlarymy, hakyky dostlugymy we hormatymy kabul ediň! Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

Giňişleýin
Prezident saýlawlarynyň jemleri

16.03.2022

2022-nji ýylyň 12-nji martynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary guramaçylykly, toý-dabara, şatlyk-şowhun bilen we ruhubelentlikde geçirildi. Saýlawlar güni sagat 07:00-dan 19:00 çenli saýlaw hukukly raýatlar işjeňlik bilen ses bermäge gatnaşdylar. Ýurt boýunça hasaba alnan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses berip, 97,17% gatnaşyk boldy. Demokratik şertlerde geçirilen saýlawlarda dalaşgärleriň jemi 9-sy bäsleşdi. Bu barada Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar habar berýär. Şeýlelikde, ses bermegiň netijelerine görä:

Giňişleýin
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

15.03.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň — bäsdeşlik esasynda guralan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine garaldy. Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi. Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütden ugur alnyp, bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk görmek hem-de guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilen giň gerimli işler barada aýdyp, saýlaw uçastoklarynyň jemi 2618-siniň, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýanynda olaryň 41-siniň döredilendigini habar berdi.

Giňişleýin
Merkezi saýlaw toparynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri boýunça mejlisi

14.03.2022

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça geçirilen saýlaw möwsüminiň netijeleri jemlenildi. Habar berlişi ýaly, bir aý mundan ozal badalga alan hem-de geçen şenbe güni — 12-nji martda üstünlikli tamamlanan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk we aýdyňlyk, giň bäsdeşlik esasynda geçip, türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyny, ilatyň raýatlyk düşünjeliliginiň ýokary derejededigini aýdyň görkezdi. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy mejlisi açyp, ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynyň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasyna ajaýyp sahypa bolup giren bu uly ähmiýetli waka bilen oňa gatnaşanlary gutlady. Halkymyz mizemez agzybirligini we jebisligini, ata-babalarymyzyň mukaddes wesýetlerine wepalylygyny ýene-de bir gezek görkezip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ata Watanymyzda demokratik ýörelgeleri berkarar etmek ugrunda möhüm ädim ätdi.

Giňişleýin
Halkara synçylar saýlawlaryň kanuna laýyk ýagdaýda geçendigini tassykladylar

13.03.2022

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylaryň wekilligine agzalaryň, Türki Döwletleriň Guramasyna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna wekilçilik edýän halkara synçylaryň brifinglerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine gözegçiligiň netijeleri yglan edildi. Çärelere ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar. Wekillikleriň ýolbaşçylary ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna hem-de Merkezi saýlaw toparyna döwlet durmuşynyň wajyp jemgyýetçilik-syýasy çäresine gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallyklaryny beýan edip, Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň guramaçylykly, üstünlikli, giň bäsdeşlik esasynda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçendigini kanagatlanma bilen bellediler. Brifinglerde bellenilişi ýaly, bu saýlaw möwsümine halkara synçylaryň çagyrylmagy saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendigini görkezýär.

Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary

11.03.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokma senagaty pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, şeýle hem “Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň enjamlary satyn almagy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda çykaran 1969-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

10.03.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işlerine we beýleki birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol kanun çykaryjylyk işleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni aýanlyk, açyklyk hem-de raýatlaryň erk-islegleriniň erkin beýan edilmegi ýörelgeleri esasynda geçirmek üçin görülýän çäreler barada maglumat berdi. Taýýarlyk işleri ugurdaş düzümler bilen bilelikde, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Saýlaw kodeksiniň kadalaryna laýyklykda alnyp baryldy. Syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, ýerlerde saýlaw kanunçylygyny hem-de bu möhüm çäräniň syýasy ähmiýetini düşündirmek işleri geçirildi.

Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we gelin-gyzlaryna

08.03.2022

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar! Sizi bahar paslynyň älem-jahany joşduryp, Zemine bereket, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu ajaýyp bahar baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, bäsleşiklerdir sergileriň eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, bagtyýar döwrümize buýsanjy, Garaşsyz Watanymyza söýgini has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn. Türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde, aýratyn hem täze zamanamyzda iň asylly häsiýetleri özlerinde jemlän we maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklaýan gelin-gyzlarymyz akyl-paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda hem-de watansöýüjilikde milli buýsanjymyzdyr.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

04.03.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi hem-de döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer 2022-nji ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişi 10,7 göterim ýokarlandy. Ýanwar — fewral aýlarynyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy boýunça 30,7 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,9 göterim berjaý edildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

02.03.2022

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine türkmen döwletiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy we işiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr 2022-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Ýaragly Güýçleriň düzümlerinde alnyp barlan işler hem-de ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş we gulluk şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Giňişleýin