Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

08.02.2022

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny mähirli mübärekläp, Rejep Taýyp Ärdoganyň we onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi. — Gadyrly doganym, şu dörän pursatda ikiçäk söhbetdeşlikde siziň ýagdaýyňyzy soramak üçin telefon arkaly saglyk-amanlyk soraşmak isledim — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hut öz adyndan we maşgalasy Ogulgeregiň adyndan türk Liderine hem-de onuň maşgalasy Emine hanyma tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw edip, olaryň özlerine mahsus bolan gujur-gaýraty we ruhy durnuklylygy bilen bu keseli ýakyn wagtda ýeňip geçjekdiklerine we gutuljakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmek hakynda Permany

05.02.2022

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin: 1. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmeli. 2. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip guramak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 477-nji Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşen «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli. 3. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

04.02.2022

HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy. Döwlet Baştutanymyzyň “ak” Olimpiadanyň — Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden köp sanly türgenleri bir ýere jemlän örän uly sport baýramçylygynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy ýurdumyzda sporty ösdürmäge we wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly myhman hökmünde 2008-nji ýylda Hytaýyň paýtagtynda geçirilen XXIX tomusky Olimpiýa oýunlarynyň hem-de 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen XXII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşandygyny hem ýatlamak ýerlikli bolar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

03.02.2022

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň syýasatynda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň ýörelgelerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Häzirki döwürde ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda adamlaryň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilmelidir, olara zerur goldawlar berilmelidir we her bir raýatyň erkin, mynasyp durmuşy üçin amatly şertler döredilmelidir. Kazyýet edaralarynyň esasy wezipeleri adyl kazyýetliligi amala aşyrmakdan, halkymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakdan ybaratdyr. Bu ugurda alnyp barylýan işler kanunyň, adalatlylygyň, hukuk tertibiniň berk berjaý edilmegine gönükdirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, adyl kazyýetliligiň açyklygyny, aýdyňlygyny üpjün etmek, kazyýet çözgütlerini degişli derejede kabul etmek we bu işde häzirki zaman usullaryny, sanly tehnologiýalaryny peýdalanmak meselelerine zerur üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Toplum boýunça hasabat döwründe önümleri öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 104 göterim ýerine ýetirildi.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň iri neşirleriniň we teleýaýlymlarynyň wekillerine interwýu berdi

02.02.2022

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe teleýaýlymlarynyň we abraýly metbugat serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Milli Liderimiz bilen guralan sowal-jogap söhbetdeşligine Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi, hanym Ýuý Sýaoşuan gatnaşdy. Hytaýyň belli teleýaýlymlarynyň we köp millionly okyjylary bolan metbugat serişdeleriniň wekilleriniň Türkmenistana bolan ägirt uly gyzyklanmalary döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky beýanydyr. — Hormatly jenap Prezident, men Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi. Siz ýakyn wagtda Pekinde geçiriljek 2022-nji ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaýa sapary amala aşyrmagy meýilleşdirýärsiňiz. «CCTV», «CGTN in Russian» telekompaniýalarynyň we «Ženmin žibao» gazetiniň hem-de «Sinhua» habarlar agentliginiň sowallaryna jogap bermäge razylyk bermegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

31.01.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň barşy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi bilen bagly wezipelere hem-de döwletimiziň durmuşyna degişli käbir wajyp meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Toýlyýewi hem-de M.Mämmedowany çagyrdy. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň esasy düzümleri, hususan-da, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet baradaky ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen gatnaşyklary ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça şeýle oňyn hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumyzyň taryhy-medeni goraghanalarynyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Giňişleýin
«Türkmengaz» döwlet konsernine goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi

31.01.2022

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de türkmen tebigy gazynyň çykarylyşyny we daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine “Türkmengaz” döwlet konserniniň enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek hem-de elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnamalary baglaşmagy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 527-nji Kararyna laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Chuanqing Drilling Engineering Company Limited” kompaniýasy bilen baglaşan degişli şertnamalaryna, olaryň bahalaryny maliýeleşdirmek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.N.Aýazow hakynda

29.01.2022

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky (Ýerewan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwary.

Giňişleýin
Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

29.01.2022

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem “Ösümlikleri goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ösümlikleri zyýankeşlerden, kesellerden hem-de haşal otlardan goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 —2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Giňişleýin
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sylaglamak, harby we ýörite atlar dakmak hem-de hünär derejeleri bermek

28.01.2022

Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri we söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

28.01.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly durmuş-ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň hem-de toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine

27.01.2022

Hormatly Watan goragçylary! Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany hem-de olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýar. Garaşsyz Türkmenistanyň merdana gerçekleri! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda deňsiz-taýsyz üstünlikler gazanyldy we giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen bimöçber işler durmuşa geçirildi. Şeýle tutumly işleri dabaralandyrmak, ýurdumyzyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, ýaş nesli watançylyk we beýik zamanamyza buýsanç ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyryldy. Bu şygarda mähriban halkymyzyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalara, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitlere, bagtyýar zamanamyza we rowaçlyklarymyza bolan çäksiz buýsanjy jemlenendir.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watan goragçylarynyň güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

27.01.2022

Şu gün ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň has tapawutlanan serkerdelerine döwlet sylaglarynyň, harby derejeleriň gowşurylyş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz ir bilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşmak üçin Merkezi serkerdeler öýüne geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de harby gullukçylaryň gatnaşmagynda geçirilýän dabaraly maslahatyň taýýarlyk derejesi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň, aýratyn-da, edermen Watan goragçylarynyň alyp barýan işleriniň ýurdumyzda asudalygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekdi hem-de bu çärä gatnaşýanlary milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitindäki sanly ulgam arkaly çykyşy

27.01.2022

Hormatly jenap Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri! Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri! Ilki bilen, Hindistanyň Premýer-ministri jenap Narendra Modä birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine gatnaşmaga çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlary we Hindistan üçin şanly ýyldyr. 30 ýyl mundan ozal biziň döwletlerimiziň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Biziň halklarymyzyň köpasyrlyk gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyr başlandy. Biz bilelikde giňişleýin syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmaga girişdik. Şol ýyllarda hyzmatdaşlygyň saldamly hukuk binýady kemala geldi, dürli ugurlarda geňeşmeleri we iş bilen bagly gepleşikleri geçirmegiň netijeli gurallary döredildi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan hyzmatdaşlygynyň binýatlyk esaslary kesgitlenildi. 2022-nji ýyl hem şan-şöhratly ýyldyr. Sebäbi şu ýyl Hindistan öz Garaşsyzlygynyň şanly 75 ýyllyk ýubileýini belläp geçýär. Taryhy nukdaýnazardan alanyňda, bu gysga döwürde Hindistan asyrlara barabar şöhratly ýoly geçdi. Milli döwletlilik häzirki zaman görnüşinde dikeldildi, durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasy döredildi, ägirt uly oňyn halkara tejribe toplanyldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

26.01.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleri döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmek boýunça maksatnamalary maliýeleşdirmek, nebitgaz pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak we bu pudakda özgertmeleri geçirmek üçin gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberleri baradaky hasabatlary diňledi. Ilki bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol korporasiýanyň hünärmenleriniň täze ýataklary gözlemek we olary özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Demirgazyk Derwüş”, “Günorta Mary” meýdançalarynda, “Malaý” gaz käninde degişli seýsmiki barlag işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem çuň guýulary burawlamagyň meýilnamasyna laýyklykda hem-de gazly we kondensatly gatlaklaryň sanyny artdyrmak üçin gözleg işlerini geçirmek maksady bilen, bu meýdançalarda gazyň gorlaryny anyklamak üçin guýulary burawlamak işlerine girişmek meýilleşdirildi.

Giňişleýin

Soňky habarlar