I Metbugat neşirleri

WATANA SÖÝGI — BAŞ ŞYGARYMYZ

03.12.2021

Halkymyz üç mukaddeslige aýratyn sarpa goýýar. Olar ynanç-iman, ata-ene we Watan. Bulary ähli gowy we beýik zatlara deňeýärler, emma hiç bir zady bular bilen deňeşdirjek bolmaýarlar. Türkmeniň ýürek örki diňe öz Watanynda. Watan diýlende biziň gözümiziň öňünde türkmen sähralary, dag-gerişleri, bäş welaýaty daşyna üýşürip oturan Garagum sähralygy we gün-günden gülleýän, gül açýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri emele gelýär. Watan düşünjesi — mukaddes düşünje. Watanyňy janyňdan eziz görmek, onuň her daban ýerini gözüň göreji ýaly aýap saklamak her bir ynsanyň borjy hasaplanýar. Islendik ynsanyň kalbynyň töründe Watana bolan belent we mukaddes söýgi bolýar. Sen nirede bolsaň-da, ýüregiň şol mukaddesligi küýseýär.

Giňişleýin

DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW

02.12.2021

— Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipe borçlaryna ygrarly Türkmenistanyň ynsanperwerlik ýörelgeleri umumadamzat derejeli gymmatlyklara beslenendir. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň 18-nji noýabrda Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etmegi hem tassyklaýar.

Giňişleýin

ŞYGRYÝET DÜNÝÄSINIŇ ŞAMÇYRAGY

24.11.2021

Türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň biri-de özüniň ägirtlerini, beýik şahsyýetlerini sarpalamak, olaryň hatyrasyny belent tutmakdyr. Bu ýörelgä hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Karara gol çekilmegi, hakykatdan-da, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň, asuda we agzybir durmuşynyň dabaralanmasydyr. Mähriban halkymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramçylygyny bellemäge şu günlerden uly taýýarlyk görýär.

Giňişleýin

RAÝATLARYŇ DURMUŞ GORARLYLYGYNYŇ HUKUK ESASLARY

22.11.2021

Adam hakyndaky alada, onuň hemmetaraplaýyn durmuş goraglylygyny üpjün etmek häzirki döwürde ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlet syýasatynyň uly ähmiýet berilýän we bir pursat hem ünsden düşürilmeýän ugurlarydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 5-nji maddasyna laýyklykda «Türkmenistan her bir adamyň durmuş goraglylygyny kepillendirýän döwletdir.» Ýurdumyzda ene göwresindäki çagadan başlap, ýaş çagaly aýallar, köp çagaly maşgalalar, ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalar, maýyplygy bolan adamlar, eklenjini ýitirenler, gartaşan adamlar we halk köpçüliginiň beýleki birnäçe gatlaklary döwletiň durmuş goraglylygyndan peýdalanýarlar. Özem bu goraglylyk kanunçylyk esaslary bilen pugta berkidilip, kabul edilýän ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirlen maksatnamalarda we olary ýerine ýetirmegiň meýilnamalarynda göz öňünde tutulýar. Ilatyň ýaşaýşynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, durmuş syýasatyny, aýratyn hem, ykdysady, durmuş we medeni hukuklary babatda syýasaty mundan beýläk hem ösdürmek Hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda hem bellenilmegi bu ugurda adam hukuklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmakda möhüm ädimdir.

Giňişleýin

ÝOLLARYMYZ AÝDYŇ BOLSUN!

20.11.2021

Ösüşlere beslenýän zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda başy başlanýan tutumly işleriň, il-ýurt bähbitli başlangyçlaryň guwandyryjy netijeleri halkymyzyň göwün guşuny göge göterýär. Döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berlen, uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanylan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň baýramçylyk ruhuny has-da beýgelden waka boldy.

Giňişleýin

TÜRKMENISTANDA ADAMYŇ WE RAÝATYŇ HUKUKLARYNYŇ KANUNÇYLYK KEPILLIKLERI

18.11.2021

Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden öňe süren “Döwlet adam üçindir” diýen şygarynyň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň subutnamalaryny biz gündelik durmuşymyzda kabul edilýän kanunlarda, kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we anyk işlerde görýäris. Ýurdumyzda hereket edýän we täze kabul edilýän kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalar raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny berkarar etmäge gönükdirilýär. Bagtyýar döwrümizde ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen giň möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Aýlyk zähmet we talyp haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary yzygiderli köpeldilýär. Raýatlarymyzyň ýaşaýşy üçin sagdyn ekologiki gurşawy, azyk howpsuzlygyny döretmek, sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak we ýeňilleşdirmek üçin tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda: «Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar.» diýlip kesgitlenen. Hukuk döwleti – bu jemgyýetde syýasy häkimiýetiň, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem azatlyklaryny has doly üpjün etmek üçin şertleri döredýän döwletdir. Konstitusiýadan gözbaş alýan kanunlaryň hereket etmegi, olaryň hukuk hem durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi bolsa häzirki zaman düşünjesinde hukuk döwletiniň esasy alamatlarynyň hatarynda durýar.

Giňişleýin