TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Syýahatçylyk hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 2, 31-nji madda)
(Türkmenistanyň 22.06.2013 ý. № 414-IV, 23.11.2016 ý. № 484-V, 02.03.2019 ý.
№ 130-VI, 05.10.2019 ý. № 188-VI we 22.08.2020 ý. № 278-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
I bap. Umumy düzgünler
1-nji madda. Şu Kanunyň maksady
Ykdysadyýetiň ýokary girdejili pudagy hökmünde syýahatçylygyň emele gelmegi we syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazarynyň ösmegi, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, altyn puluň gelmeginiň artmagy, syýahatçylaryň we syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy üçin hukuk esaslaryny döretmek şu Kanunyň maksady bolup durýar.
Şu Kanun işi syýahatçylyk hyzmatlaryny etmek bilen baglanyşykly ýuridik we fiziki şahslara, şeýle hem şol hyzmatlary alýan şahslara degişlidir.
2-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
syýahatçylyk – fiziki şahslaryň hemişelik ýaşaýan ýerinden tölegli iş bilen meşgul bolmazdan dynç almak üçin, sagaldyş, öwreniş, professional-işewürlik, bilim, sport, dini we beýleki maksatlar bilen wagtlaýyn bolunýan ýurda (ýere) gezelenji;
syýahatçylyk işi – gezelençleri we olar bilen baglanyşykly syýahatçylyk hyzmatlaryny guramak boýunça ýuridik şahslaryň we syýahatçylyk hyzmatlaryny edýän (hususy telekeçiler hökmünde bellige alnan) fiziki şahslaryň işi;
syýahat – belli bir ugur boýunça takyk möhletlerde toplumlaýyn syýahatçylyk hyzmatlary bilen üpjün edilen gezelenç;
toplumlaýyn syýahatçylyk hyzmaty – buýruja (sarp edijä) edilýän ýa-da teklip edilýän umumy baha üçin düzüminde azyndan iki hyzmat (ýerleşdirmek we daşamak) bolan tehnologik taýdan baglanyşykly hyzmatlaryň toplumy;
syýahatçy – tölenilýän iş bilen meşgul bolmazdan sagaldyş, öwreniş, professional-işewür, bilim, sport, dini we başga maksatlar bilen Türkmenistanyň çäklerinde ýa-da ondan daşarda ýigrimi dört sagatdan alty aýa çenli ýa-da ýigrimi dört sagatdan az, ýöne dynç almak üçin bir gije ýatmak bilen gezelenç edýän fiziki şahs;
syýahatçylyk operatorlyk işi (syýahatoperatorlyk işi) – syýahatçylyk işine ygtyýarnamasy bolan we syýahatçylyk agentlerine hem-de syýahatçylara syýahatçylyk önümini döretmek, öňe sürmek, gitmek we durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan ýuridik şahslaryň işi. Syýahatçylyk operatory çykyş syýahatçylygyny guramak boýunça hyzmatlary etmekde aýratyn hukuga eýedir;
syýahatçylyk agentlik işi (syýahatagentlik işi) – syýahatçylyk işine ygtyýarnamasy bolan we syýahatçylyk operatory tarapyndan çykyş syýahatçylygy boýunça işlenip taýýarlanylan syýahatçylyk önüminiň öňe sürülmegini we durmuşa geçirilmegini amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslaryň işi. Syýahatçylyk agenti giriş we içerki syýahatçylyk guralanda özbaşdak işi amala aşyrýar;
syýahatçylyk hyzmatlary – syýahatçylyk işiniň subýektleriniň syýahatçyny ýerleşdirmek, naharlamak, oňa ulag, maglumat-mahabat hyzmatlaryny etmek, şeýle hem syýahatçynyň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen beýleki hyzmatlar;
syýahatçylyk baýlyklary – syýahatçylyk görkeziş desgalaryny özünde jemleýän tebigy-klimat, şol sanda aýratyn goralýan tebigy ýerlerdäki, şeýle hem taryhy, durmuş-medeni, sagaldyş desgalary, şeýle hem syýahatçylaryň ruhy isleglerini kanagatlandyrmaga, olaryň fiziki güýçlerini dikeltmäge we ösdürmäge ýardam etmäge ukyply beýleki desgalar;
syýahatçylyk önümi – syýahatça ýerlemek üçin niýetlenen syýahatçylyk baýlyklarynyň, sarp ediş närseleriniň we hyzmatlarynyň jemi;
syýahatçylyk industriýasy – ulag serişdeleriniň, ýerleşdiriş (ýaşaýyş) desgalarynyň, naharlanyş desgalarynyň we güýmenje industriýasynyň, öwreniş, professional-işewürlik, sagaldyş, bilim, sport, dini we başga maksatly desgalaryň, syýahat operatorlyk we syýahat agentlik işini amala aşyrýan guramalaryň, şeýle hem gezelenç hyzmatlaryny we gid-terjimeçileriň hyzmatlaryny edýän guramalaryň jemi;
syýahatçylyk industriýasynyň desgalary – eýeçilik hukugynda we gaýry kanuny esasda (şertnama we ş.m. boýunça) syýahatçylyk industriýasynyň subýektlerine degişli bolan we olar tarapyndan hyzmatlary etmek üçin ulanylýan emläk, emläk toplumlary (edaralar), maglumat, intellektual işiniň netijeleri, şeýle hem maddy däl eşretler. Syýahatçylyk industriýasynyň desgalaryna ýerleşdiriş serişdeleri we ulag serişdeleri, söwda kärhanalary, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary, ruhy we maddy medeniýetiň desgalary, maglumat serişdeleri we maglumat ulgamlary, awtomatlaşdyrylan maglumatlar ulgamlarynyň we olaryň tehnologiýasyny üpjün etmek serişdeleri degişlidir;
syýahatçylyk önüminiň öňe sürülmegi – syýahatçylyk hyzmatlaryny etmäge gönükdirilen çäreleriň (mahabat, ýöriteleşdirilen sergilere we ýarmarkalara gatnaşmak, syýahatçylyk önümini ýerlemek boýunça syýahatçylyk maglumat merkezlerini guramak, kataloglary, bukletleri neşir etmek we ýaýratmak) toplumy;
gid-terjimeçi (ýolbelet) – Türkmenistanyň syýahatçylyk baýlyklary bilen tanyşdyrmak boýunça syýahatçylara gezelenç-maglumat we guramaçylyk hyzmatlaryny edýän, hünär taýdan taýýarlanan fiziki şahs. Gid-terjimeçi daşary ýurt syýahatçylarynyň dili ýa-da olar üçin umumy düşnükli dili, ýolbelet bolsa, Türkmenistanyň döwlet dilini ýa-da syýahatçylar üçin umumy düşnükli dili bilmelidirler;
syýahatçylyk boýunça instruktor – degişli hünäri we Türkmenistan boýunça syýahatçylyk ugurlaryny geçmekde tejribesi bolan, hünär taýdan taýýarlanan fiziki şahs;
ekskursiýa işi - syýahatçylyk industriýasynyň subýektleriniň ekskursiýa hyzmatlaryny etmek boýunça telekeçilik işi;
ekskursiýa hyzmatlary – fiziki şahslaryň ekskursiýalary geçirmäge hukugy bolan ýolbelediň, gid-terjimeçiniň ýa-da başga bir adamyň ugratmagyndaky medeni, taryhy, binagärlik we beýleki desgalar bilen tanyşdyrmak maksady bilen dowamlylygy 24 sagatdan köp bolmadyk gezelenji (ekskursiýany) guramak boýunça hyzmatlar;
ekskursant – 24 sagatdan ýokary geçmeýän döwrüň içinde bolýan ýerindäki sýahatçylyk baýlyklary bilen tanyşmak maksady bilen syýahaty amala aşyrýan fiziki şahs;
myhmanhana işi – syýahatçylyk industriýasynyň subýektleriniň myhmanhana hyzmatlaryny etmek boýunça telekeçilik işi;
myhmanhana hyzmatlary – sarp edijileriň (ýaşaýjylaryň) köpçülikleýin we hususy ýerleşdiriş serişdelerinde ýerleşdirilmegi we wagtlaýyn ýaşamagy boýunça hereketler (amallar), şeýle hem ýerleşdirmek we wagtlaýyn ýaşamak bilen baglanyşykly beýleki hereketler (amallar);
ýerleşdirmäniň köpçülikleýin serişdesi (myhmanhanalar, moteller we ş.m.) – ýeke-täk ýolbaşçylyk astynda bolan we 10 nomerden az bolmadyk, kanunçylyk bilen bellenilen ýagdaýlarda bolsa, şeýle hem edilýän hyzmatlaryň derejesine we bar bolan enjamlara görä derejeler (klaslar) boýunça toparlara bölünen emläk toplumy;
ýerleşdirmäniň hususy serişdesi – syýahatçylary wagtlaýyn ýerleşdirmek boýunça syýahatçylyk hyzmatlaryny etmek üçin kärendesine berilýän kwartiralar, kwartiralardaky otaglar, jaýlar, kottejler;
maliýe kepilligi – syýahatçylyk işiniň subýektleriniň syýahatçylyk önümini ýerlemek hakyndaky şertnamanyň esasynda ýüze çykýan öz borçnamalaryny ýerine ýetirmezligi ya-da göwnejaý ýerine ýetirmezligi netijesinde ýetirilip bilinjek zyýanlaryň öwezini dolmaga üçünji tarapyň resmi taýdan tassyklanan borçnamasy.
3-nji madda. Türkmenistanyň syýahatçylyk hakyndaky kanunçylygy
Türkmenistanyň syýahatçylyk hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de syýahatçylygyň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.
Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar göz öňünde tutulan bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
4-nji madda. Syýahatçylygyň kysymlary we görnüşleri
1. Halkara we içerki syýahatçylyk syýahatçylygyň kysymlarydyr.
Halkara syýahatçylyk şu aşakdakylary öz içine alýar:
a) giriş syýahatçylygy – Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan adamlary hasap etmezden, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäklerindäki syýahaty;
b) çykyş syýahatçylygy – Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäklerinden daşardaky syýahaty.
Içerki syýahatçylyk – Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäklerindäki syýahaty.
2. Şu Kanun bilen syýahatçylygyň dynç alyş-sagaldyş, medeni-öwrenijilik, professional-işewürlik, bilim, durmuş, ekologik, sport, işjeň, zyýarat we beýleki görnüşleri bellenýär.
Dynç alyş-sagaldyş syýahatçylygy diýlip dynç almak, adamyň zähmetiň dowamynda sarp eden güýjüni dikeltmek maksady bilen amala aşyrylýan syýahatçylyga düşünilýär.
Medeni-öwrenijilik syýahatçylygy diýlip taryhy-medeni ähmiýetli desgalara baryp görmek we medeni çärelere gatnaşmak maksady bilen amala aşyrylýan syýahatçylyga düşünilýär.
Professional-işewürlik syýahatçylygy diýlip kongreslere, konferensiýalara, gepleşiklere, maslahatlara, mejlislere, söwda ýarmarkalaryna, sergilere we beýleki işewürlik çärelerine gatnaşmak maksady bilen amala aşyrylýan syýahatçylyga düşünilýär.
Bilim syýahatçylygy diýlip öwredijilik we ylmy maksatly amala aşyrylýan syýahatçylyga düşünilýär: adamyň işi ýa-da hünäri bilen baglanyşykly hünäri ýokarlandyryş; bilim almak; barlag işi we ylmy rugsatlar; şeýle hem okuw prosesini guramazdan bilim edaralarynda, şeýle-de tomusky dynç alyş merkezlerinde ulular hem çagalar üçin dil maksatnamalary.
Durmuş syýahatçylygy diýlip Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň durmuş maksatlary üçin goýberilýän serişdeleriniň, şeýle hem ýuridik şahslaryň, hususy telekeçileriň we fiziki şahslaryň serişdeleriniň hasabyna dolulygyna ýa-da bölekleýin amala aşyrylýan syýahatçylyga düşünilýär. Durmuş syýahatçylygyna çagalar we ýetginjekler syýahatçylygy; maşgala syýahatçylygy; gartaşan adamlaryň, maýyplaryň we weteranlaryň syýahatçylygy; bejeriş-sagaldyş syýahatçylygy, tanyşlaryňa we garyndaşlaryňa barmak we beýlekiler girýär.
Ekologik syýahatçylygy diýlip seýrek duş gelýän tebigy desgalara, goraghanalara, milli tebigy seýilgählere, şeýle hem tebigaty goraýyş maksatly çärelere gatnaşmak maksady bilen amala aşyrylýan syýahatçylyga düşünilýär.
Sport syýahatçylygy diýlip höwesjeňleriň we professionallaryň sport ýaryşlaryna (täjirçilik häsiýetlilerinden başgalary) gatnaşmaklygy bilen, şeýle hem sport çärelerine tomaşaçy hökmünde barmaklygy bilen baglanyşykly syýahatçylyga düşünilýär.
Işjeň syýahatçylyk diýlip belli bir ugur boýunça hereket etmegiň işjeň ýollary bilen baglanyşykly (pyýada, dagdaky, welosipedli, atly, düýeli, suwdaky, trekli we beýleki) syýahatçylyga düşünilýär.
Zyýarat syýahatçylygy diýlip mukaddes ýerlere baryp görmek we dini çärelere gatnaşmak maksatly syýahatçylyga düşünilýär.
3. Syýahatçylyk gezelenji ýekebara ýa-da syýahatçylar toparynyň düzüminde amala aşyrylýar.
5-nji madda. Syýahatçylyk işiniň subýektleri we desgalary
1. Syýahatçylyk işiniň subýektlerine şu aşakdakylar degişlidir:
- syýahatçylyk operatorlary (syýahatoperatorlary);
- syýahatçylyk agentleri (syýahatagentleri);
- gid-terjimeçiler, ýolbeletler;
- syýahatçylyk boýunça instruktorlar;
- ýerleşdirilýän (ýaşalýan) ýerleri bermek, naharlamak boýunça hyzmatlary, ulag, ekskursiýa, güýmenje we beýleki syýahatçylyk hyzmatlaryny edýän telekeçilik işiniň beýleki subýektleri.
2. Syýahatçylyk işiniň desgalary – tebigy desgalar we tebigy-howa zolaklary (şol sanda aýratyn goralýan tebigy ýerler), gözel ýerler, taryhy, etnografik we görkezilýän durmuş-medeni desgalar hem-de gezelenç wagtynda syýahatçynyň isleglerini kanagatlandyrmaga ukyply beýleki desgalar.
6-njy madda. Syýahatçylyk hyzmatlary
Şu aşakdakylar syýahatçylyk hyzmatlarynyň görnüşleridir:
1) syýahatlary guramak boýunça hyzmatlar;
2) ýerleşdirilýän ýerleri (ýerleşdirmegiň köpçülikleýin, ýöriteleşdirilen, hususy desgalary) bermek boýunça hyzmatlar;
3) naharlamak boýunça hyzmatlar;
4) habarlar, mahabat hyzmatlary (habarlar, mahabat agentlikleriniň we mahabat býurolarynyň hyzmatlary);
5) ulag hyzmatlary (awtomobil, demir ýol, howa, suw we ulagyň beýleki görnüşleri bilen daşamak boýunça hyzmatlar);
6) güýmenje hyzmatlary;
7) beýleki syýahatçylyk hyzmatlary.
7-nji madda. Syýahatçylyk baýlyklary
1. Türkmenistanyň syýahatçylyk baýlyklarynyň klassifikasiýasy we olara baha bermek, olary goramagyň, bütewiligini aýap saklamagyň düzgüni, olary dikeltmek boýunça çäreler, şeýle hem daşky tebigy gurşawa aňryçäk ýol berilýän agramy hasaba almak bilen peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
2. Syýahatçylyk baýlyklaryny peýdalanmak syýahatçylygyň durnukly ösüşini hasaba almak bilen syýahatçylyk işiniň ähli subýektleri tarapyndan amala aşyrylýar.
Syýahatçylygyň durnukly ösüşi baýlyklaryň ýaşaýyş ukyplylygyny üpjün etmek, şeýlelik bilen Türkmenistanyň tebigy we medeni mirasyny aýap saklamaga mümkinçiligi döretmek maksady bilen baýlyklaryň global dolandyryşyny göz öňünde tutýan gözegçilik edilýän proses bolup durýar.
Syýahatçylar goragyň aýratyn düzgüninde durýan syýahatçylyk baýlyklaryndan peýdalananlarynda şu Kanunda göz öňünde tutulan hukuklary durmuşa geçirmekde çäklendirilmeli däldir.
8-nji madda. Türkmenistanyň syýahatçylyk baýlyklarynyň döwlet kadastry
1. Türkmenistanda syýahatçylyk baýlyklarynyň döwlet kadastry ýöredilýär, onda şol baýlyklaryň hukuk derejesi, olaryň geografik ýerleşişi we serhetleri, tebigaty ulanyjylar, ylmy, ykdysady, ekologik we medeni gymmatlyklar, şeýle hem olaryň goragynyň düzgüni hakyndaky maglumatlar bardyr.
2. Türkmenistanyň syýahatçylyk baýlyklarynyň döwlet kadastryny alyp barýan jogapkär edara, ony alyp barmagyň tertibi, şeýle hem şol baýlyklary syýahatçylyga degişli etmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
9-njy madda. Syýahatçylyk hyzmatlarynyň eksporty we importy
1. Türkmenistanyň çägine giriş syýahatçylygyny guramak bilen baglanyşykly syýahatçylyk hyzmatlaryny etmek syýahatçylyk hyzmatlarynyň eksporty bolup durýar.
2. Türkmenistanyň çäkleriniň daşyna çykyş syýahatçylygyny guramak bilen baglanyşykly syýahatçylyk hyzmatlaryny etmek syýahatçylyk hyzmatlarynyň importy bolup durýar.
II bap. Syýahatçylyk çygryndaky döwlet düzgünleşdirmesi
10-njy madda. Syýahatçylyk çygryndaky döwlet düzgünleşdiriş edaralary
Türkmenistanda syýahatçylyk çygryndaky döwlet düzgünleşdirişi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanda syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
11-nji madda. Syýahatçylyk çygryndaky döwlet düzgünleşdirmesiniň ýörelgeleri
Şu aşakdakylar Türkmenistanda syýahatçylyk çygrynda döwlet düzgünleşdirmesiniň esasy ýörelgeleridir:
- syýahatçylyk işine ýardam etmek we halkara hem içerki syýahatçylygyň ösmegi üçin amatly şertleri döretmek;
- Türkmenistanyň döwlet durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde syýahatçylyk industriýasynyň ösmegi;
- Türkmenistan hakynda syýahatçylygy ösdürmek üçin amatly bolan ýurt hökmündäki düşünjäni kemala getirmek;
- Türkmenistanyň çäginde syýahatçylygyň durnukly ösüşini üpjün etmek;
- içerki syýahatçylyk baýlyklaryny meşhur etmek;
- syýahatçylyk çygryndaky kiçi we orta telekeçiligi ileri tutup goldamak;
- Türkmenistanyň syýahatçylyk bazarynda bäsdeşligi ösdürmek we döwlet monopoliýasyna ýol bermezlik;
- syýahatçylyk çygrynda döwlet düzgünleşdirmesiniň çäreleri işlenip taýýarlananda, kabul edilende we ulanylanda aýdyňlyk we açyklyk;
- syýahatçylyk çygrynda döwlet düzgünleşdirmesiniň çärelerini ulanmagyň esaslylygy we hakykatçyllygy;
- syýahatçylyk çygrynda döwlet düzgünleşdirmesi ulgamynyň bütewiligi.
12-nji madda. Syýahatçylyk çygryndaky döwlet düzgünleşdirmesiniň maksatlary, ileri tutulýan ugurlary we usullary
1. Şu aşakdakylar syýahatçylyk çygrynda döwlet düzgünleşdirmesiniň esasy maksatlarydyr:
- boş wagty rejeli peýdalanmak, syýahatçylaryň ähli derejeleri üçin syýahatçylygyň elýeterliligi üçin amatly şertleri döretmek;
- täze iş orunlaryny döretmek, syýahatçylaryň wagtlaýyn bolýan ýerlerinde ýaşaýan ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanyň syýahatçylygyny we syýahatçylyk industriýasyny ösdürmek;
- daşky gurşawy goramak;
- syýahatçylaryň isleglerini üpjün edýän syýahatçylyk industriýasyny ösdürmek;
- Türkmenistanyň raýatlarynyň we syýahatçylyk industriýasynyň bähbitlerini hasaba almak bilen Türkmenistanyň halkara ylalaşyklaryna we şertnamalaryna laýyklykda syýahatçylyk industriýasy çygrynda harytlary, işleri we hyzmatlary alyşmagyň liberalizasiýasy;
- halkara syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek;
-syýahatçylyk çygrynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak.
2. Şu aşakdakylar syýahatçylyk çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarydyr:
- syýahatçylygyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýokary düşewüntli pudagy hökmünde emele gelmegi;
- Türkmenistanyň çäginde syýahatçylyk guramalaryny we kärhanalaryny goldamak we ösdürmek, şeýle hem giriş we/ýa-da içerki syýahatçylyk bilen meşgullanýan fiziki şahslary goldamak;
- syýahatçylyk industriýasynyň desgalaryna maýa goýmak üçin amatly şertleri döretmek.
3. Syýahatçylyk çygrynda döwlet düzgünleşdirmesi şu aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:
- Türkmenistanda syýahatçylyk çygrynda döwlet düzgünleşdirişi amala aşyrmaga ygtyýarly döwlet edaralarynyň döredilmeginiň we işiniň tertibini bellemek;
- syýahatçylyk industriýasynyň subýektleriniň telekeçilik we gaýry ykdysady işiniň dürli görnüşlerini amala aşyrmagyň we olaryň amala aşyrylyşyna gözegçiligi üpjün etmegiň umumy kadalaryny bellemek;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, syýahatçylyk işini ygtyýarlylandyrmak;
- syýahatçylyk çygrynda maksatlaýyn, maýa goýum we beýleki maksatnamalary, konsepsiýalary we taslamalary işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek;
- Türkmenistanyň çäginde ýokary syýahatçylyk mümkinçiligi bolan milli syýahatçylyk zolaklaryny döretmek;
- syýahatçylygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek;
- milli we daşary ýurt maýa goýumlaryny syýahatçylyk industriýasynyň ösüşine çekmek;
- syýahatçylygyň ileri tutulýan görnüşlerini we syýahatçylyk industriýasynyň subýektleriniň işini döwlet tarapyndan goldamak;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda syýahatçylygy ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmegi döwlet tarapyndan goldamak;
- syýahatçylyk çygrynda statistik hasaby ýöretmek;
- syýahatçylyk industriýasynyň ösüşine bilermenler-serjerme bahasyny bermek;
- syýahatçylyk çygrynda işgärleri taýýarlamaga hünär talaplaryny bellemek;
- syýahatçylyk we syýahatçylyk industriýasy çygryndaky gatnaşyklaryň gatnaşyjylarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramak.
13-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň syýahatçylyk çygryndaky ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti syýahatçylyk çygrynda:
1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň, syýahat çygry bilen baglanyşykly halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
2) syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň işiniň kadalaýyn düzgünleşdirmesini amala aşyrýar;
3) syýahatçylyk çygryndaky döwlet syýasatyny işläp taýýarlaýar;
4) adamyň we raýatyň syýahatçylyk çygryndaky hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragyny we durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;
5) syýahatçylyk çygrynda döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýar;
6) halkara standartlarynyň we tejribesiniň, milletiň taryhynyň we mentalitetiniň esasynda syýahatçylyk çygrynda özgertmäniň geçirilmegini guraýar;
7) syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň maksatlaýyn maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar, kabul edýär we ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
8) syýahatçylyk çygrynda ylmy barlaglary ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;
9) syýahatçylyk çygrynda daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy üpjün edýär;
10) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.
14-nji madda. Syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary
Syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:
- syýahatçylyk çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;
- syýahatçylygy ösdürmegiň perspektiw ugurlaryny, olaryň mazmunyna, derejesine we möçberine bolan talaplary işläp taýýarlamak;
- Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamalarynyň taýýarlanylmagyna gatnaşmak we olary ýerine ýetirmek;
- syýahatçylyk çygrynda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň görkezijilerini işläp taýýarlamak;
- Türkmenistanda syýahatçylara hyzmat etmegiň kadalaşdyrmalaryny işläp taýýarlamak we döwlet standartlaryny kesgitlemek;
- syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, şonuň ýaly-da syýahatçylyk işiniň subýektleriniň işine kadalaşdyryş-usuly ýolbaşçylygy, gözegçiligi we utgaşdyrmagy amala aşyrmak;
sekizinji tesimi Türkmenistanyň 05.10.2019 ý. № 188-VI Kanuny esasynda aýyrlan;
- syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazarynda bäsdeşligiň ösmegine, onda syýahatçylyk işiniň ähli subýektleri üçin deň şertleriň döredilmegine ýardam etmek;
- beýleki döwletler bilen halkara aragatnaşygyny üpjün etmek, öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we ýaýratmak, halkara syýahatçylyk guramalarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmek;
- işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy we olaryň hünärini ýokarlandyrmagy amala aşyrmak;
- syýahatçylyk çygrynyň işgärleriniň hünär synagynyň we hünärini ýokarlandyrmagyň tertibini işläp taýýarlamak;
- syýahatçylyk çygrynda ylmy-barlag işlerini geçirmek;
- syýahatçylyk işiniň meseleleri boýunça şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak;
- Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek.
Syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp kabul edilýär.
15-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň syýahatçylyk çygryndaky ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň syýahatçylyk çygryndaky ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:
- Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek;
- syýahatçylygy ösdürmegiň ýerli sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak;
- syýahatçylygyň infrastrukturasyny döretmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek;
- syýahatçylyk çygrynda telekeçiligi goldamak we ösdürmek;
- syýahatçylyk çygrynda edara tabynlygyndaky çäkde kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak;
- edara tabynlygyndaky çäkde syýahatçylygyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek;
- syýahatçylyk çygryndaky işgärleri durmuş taýdan goramak, şeýle hem maddy-tehniki we maliýe üpjünçiliginiň kadalaryna laýyklykda olaryň işi üçin şertleri döretmek;
- syýahatçylyk çygrynda işgärlere bolan islegleri kesgitlemek we buýurmany emele getirmek, olary taýýarlamak baradaky şertnamalary baglaşmak;
- Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek.
16-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky syýahatçylyk boýunça edaraara bilermenler-utgaşdyryş geňeşi
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky syýahatçylyk boýunça edaraara bilermenler-utgaşdyryş geňeşi Türkmenistanda syýahatçylygy durnukly ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek meseleleri boýunça döwlet edaralarynyň, syýahatçylyk işiniň subýektleriniň özara hereketini kämilleşdirmek, syýahatçylygyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak, bäsdeşlik gurşawyny kemala getirmek, syýahatçylyk hyzmatlarynyň milli bazaryny goramak maksady bilen, şeýle hem şu aşakdakylar boýunça maslahatlary işläp çykarmak üçin döredilýär:
a) syýahatçylyk çygrynda döwlet syýasatyny geçirmek we degişli maksatlaýyn maksatnamalary, taslamalary, çäreleri durmuşa geçirmek üçin maliýe serişdelerini çekmek we netijeli peýdalanmak arkaly bäsdeşligi ösdürmek;
b) syýahatçylygy goldamagyň we ösdürmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny we halkara maksatnamalary durmuşa geçirmek;
ç) syýahatçylyk işiniň subýektleriniň bähbitlerini üpjün etmek we goramak.
2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky syýahatçylyk boýunça edaraara bilermenler-utgaşdyryş geňeşi hakyndaky Düzgünnama, şeýle hem onuň düzümi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
17-nji madda. Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamalary
1. Türkmenistanda syýahatçylygy maksada gönükdirip ösdürmek üçin syýahatçylygy ösdürmegiň döwlet we ýerli maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar.
2. Syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamalary gysga möhletli (3 ýyla çenli), orta möhletli (3-5 ýyl) we uzak möhletli (5 ýyldan köp) döwürler üçin işlenip taýýarlanylyp bilner.
3. Syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamalarynda olaryň maksatlary, wezipeleri, durmuşa geçirmegiň möhletleri, maksatnamalaýyn çäreleriň ulgamy, serişde üpjünçiligi, durmuşa geçirmegiň we gözegçilik etmegiň mehanizmi, garaşylýan durmuş-ykdysady netijeleri kesgitlenilýär.
4. Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň döwlet maksatnamasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
5. Ýerli maksatnamalar welaýatlarda, welaýat hukukly şäherlerde, etraplarda, etrap hukukly şäherlerde syýahatçylygy ösdürmegiň guramaçylyk we maliýe esasydyr. Olar ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.
6. Maksatnamalarda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar:
1) syýahatçylygyň maddy-tehniki binýadyny ösdürmek we täzelemek üçin, şol sanda giriş we içerki syýahatçylygy ösdürmek bilen meşgullanýan ýuridik şahslara we hususy telekeçilere subsidiýalaryň we subwensiýalaryň berilmeginiň üsti bilen şertleri döretmek;
2) Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek we syýahatçylyk industriýasynyň bar bolan maddy-tehniki binýadynyň netijeli peýdalanylmagyny ýokarlandyrmak;
3) syýahatçylyk çygrynda we syýahatçylyk industriýasynyň subýektleriniň işinde kadalaşdyryjy hukuk namalary işläp taýýarlamak we kabul etmek;
4) giriş we içerki syýahatçylygyň ösüşini höweslendirýän maýa goýum, nyrh we salgyt syýasatyny geçirmek;
5) syýahatçylyk çygrynda pudagara we sebitara utgaşdyrmasyny, şeýle hem daşary ýurt döwletleri bilen gatnaşyklary giňeltmek;
6) syýahatçylygyň ylmy we habarlar üpjünçiligi;
7) syýahatçylyk çygryndaky kiçi we orta telekeçiligi goldamak;
8) syýahatçylara hyzmat etmek bilen meşgullanýan işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak we hünär taýýarlygy üçin şertleri döretmek.
III bap. Milli syýahatçylyk zolagy
18-nji madda. Milli syýahatçylyk zolagyny döretmek
1. Milli syýahatçylyk zolagy – munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen kesgitlenen edara ediş-çäk serhetleri anyk görkezilen we aýratyn hukuk, salgyt we gümrük düzgünli ýörite bölünip berlen ýerdir.
2. Milli syýahatçylyk zolagy halkara ülňülerine laýyk gelýän syýahatçylyk industriýasynyň desgalaryny döretmek, syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmek we durkuny täzelemek hem-de syýahatçlygy ösdürmek boýunça wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine gönükdirilen maýa goýum işini höweslendirmek maksady bilen döredilýär.
3. Syýahatçylyk industriýasynyň desgalaryny döretmek we syýahatçylyk zolagynyň infrastrukturasyny ösdürmek daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen amala aşyrylyp bilner.
4. Milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäginde hojalyk işini amala aşyrýan taraplar tarapyndan şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine milli syýahatçylyk zolagynyň meseleleri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy we syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy gözegçilik edýärler.
19-njy madda. Milli syýahatçylyk zolagynyň meseleleri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary
Milli syýahatçylyk zolagynyň meseleleri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy şu ygtyýarlyklary ýerine ýetirýär:
- syýahatçylyk zolagynyň edara ediş-çäk dolandyrmasyny amala aşyrýar;
- syýahatçylyk zolagynyň ösüşiniň geljekki we häzirki maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar;
- işiniň esasy ugurlaryny, maýa goýum çekilmeleriniň çelgilerini, Türkmenistanyň uzak möhletli durmuş-ykdysady bähbitleriniň döredilmegine maksatlarynyň laýyklygyny kesgitleýär;
- syýahatçylyk industriýasynyň desgalarynyň we syýahatçylyk zolagynyň infrastrukturasynyň ösüşi boýunça iň gowy tehniki we maliýe teklipleri göz öňünde tutmak bilen maýadarlary çekýär;
- maýa goýum taslamalarynyň seljermesini geçirýär;
- syýahatçylyk zolagynyň subýektleri bilen raýat-hukuk häsiýetli şertnamalary baglaşýar;
- syýahatçylyk zolagynyň binýatlyk infrastrukturasynyň döredilmegini guraýar we gözegçilik edýär;
- syýahatçylyk zolagynyň we onuň infrastrukturasynyň desgalaryny döretmek we abadanlaşdyrmak boýunça işleri utgaşdyrýar;
- tebigaty goramak baradaky ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen bilelikde syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde daşky gurşawyň desgalarynyň goragyny we abatlygyny üpjün edýär;
- syýahatçylyk zolagynyň subýektlerine hukuk derejesini berýär we olaryň hasabyny ýöredýär;
- syýahatçylyk zolagynyň subýektleriniň işine, baglaşylan şertnamalaryň olar tarapyndan ýerine ýetirilişine we berilýän syýahatçylyk hyzmatlarynyň hiline gözegçiligi üpjün edýär;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özüniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gaýry wezipeleri amala aşyrýar.
20-nji madda. Milli syýahatçylyk zolagynyň subýektleri
1. Milli syýahatçylyk zolagynyň subýektleri diýlip milli syýahatçylyk zolagynyň meseleleri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen syýahatçylyk zolagynyň çäginde aşakdakylary amala aşyrmak babatda şertnamalary baglaşan Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary, daşary ýurtly ýuridik şahslar ykrar edilýär:
- maýa goýum işi;
- milli syýahatçylyk zolagynda ýa-da onuň çäklerinden daşarda diňe milli syýahatçylyk zolagynyň işiniň maksatlary üçin syýahatçylary kabul etmek boýunça täze desgalary we olaryň infrastrukturalaryny gurmak bilen baglanyşykly gurluşyk we gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek;
- milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde syýahatçylary ýerleşdirmek, söwda işi, jemgyýetçilik iýmiti, hususy-durmuş we bejeriş-sagaldyş hyzmatlaryny, güýmenjeleri guramaklygy we syýahatçylara edilýän beýleki hyzmatlary goşmak bilen syýahatçylary kabul etmek boýunça hyzmatlar, şeýle hem milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäklerinde syýahatçylyk industriýasynyň desgalarynyň dolandyrylyşy we ulanylyşy bilen baglanyşykly hyzmatlar.
Syýahatçylyk zolagynyň çäginden daşarda işleri we hyzmatlary ýerine ýetirýän şahslar milli syýahatçylyk zolagynyň subýektleri diýlip ykrar edilip bilner, ýöne bu işleriň we hyzmatlaryň diňe milli syýahatçylyk zolagynyň işi üçin ýerine ýetirilmegi zerurdyr.
2. Milli syýahatçylyk zolagynyň subýekti diýen hukuk ýagdaýyny bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
3. Şertnamanyň hereket ediş möhletiniň bes edilen pursadyndan başlap, milli syýahatçylyk zolagynyň subýekti öz hukuk ýagdaýyny ýitirýär hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde telekeçilik we maýa goýum işini umumy esaslarda amala aşyrmaga haklydyr.
21-nji madda. Milli syýahatçylyk zolagynyň işiniň tertibi
1. Milli syýahatçylyk zolagynyň subýektleriniň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylýan şertnamalaryň şertleri bilen bellenilýär.
2. Milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde syýahatçylyk zolagynyň subýektlerine ýer böleklerini bermek "Ýer hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
22-nji madda. Milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde telekeçilik işiniň ýörite hukuk düzgüni
Milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde syýahatçylyk zolagynyň subýektleri üçin telekeçilik işiniň ýörite hukuk düzgüni ulanylýar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen salgyt, gümrük we beýleki ýeňillikler berilýär.
IV bap. Syýahatçylyk işi
23-nji madda. Syýahatçylyk işiniň ygtyýarlylandyrylmagy
1. Syýahatçylyk işini ygtyýarlylandyrmak "Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna we şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanda syýahatçylyk işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
24-nji madda Türkmenistanyň 05.10.2019 ý. № 188-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
25-nji madda. Syýahatçylyk işiniň subýektleriniň sanawy
1. Türkmenistanda syýahatçylyk hyzmatlarynyň sarp edijileriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, syýahatçylygyň howpsuzlygyny, tebigy, taryhy we medeni gymmatlyklaryň goragyny üpjün etmek maksady bilen syýahatçylyk işiniň subýektleriniň sanawy ýöredilýär.
2. Syýahatçylyk işiniň subýektleriniň sanawyny ýöretmek syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Syýahatçylyk işiniň subýektleriniň sanawyny ýöretmegiň tertibi, şol sanda syýahatçylyk boýunça gid-terjimeçileriň (ýolbeletleriň) we instruktorlaryň hünär synagynyň şertleri we tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
26-njy madda. Syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklary we borçlary
1. Syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklary we borçlary şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.
2. Syýahatçylyk işiniň subýektleri şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda syýahaty amala aşyrmaga;
Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde özleriniň işlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlary döwlet edaralaryndan we beýleki edaralardan almaga;
syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna gatnaşmaga;
gezelenji guramak bilen baglanyşykly maslahat-habar beriş hyzmatlaryny etmäge.
Syýahatoperatorlar we syýahatagentler görkezilen hukuklara goşmaça şu hukuklara eýedirler:
öz islegine görä, syýahatçylyk işiniň subýektleriniň ýa-da gatnaşyjylarynyň buýurmasy boýunça syýahaty guramaga;
syýahaty amala aşyrmak üçin zerur bolan syýahatçylaryň iň az sanyny kesgitlemäge;
3. Syýahatçylyk işiniň subýektleri şu aşakdakylara borçludyrlar:
a) syýahatçylara syýahatyň guralyşy we geçirilişi barada anyk we doly maglumatlary bermäge;
b) berlen maglumata laýyklykda syýahatçylyk hyzmatlaryny etmegi guramaga;
ç) syýahatçynyň ömrüniň, saglygynyň howpsuzlygyny we emläginiň abat saklanmagyny üpjün etmäge;
d) syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edaralaryna statistiki hasabaty bermäge.
Syýahatoperatorlar we syýahatagentler görkezilen borçlaryndan daşary syýahatçylara syýahatçylyk ýollama hatlaryny (wauçerleri) ýerleýärler we olar bilen syýahatçylyga gitmek we syýahatçylyk hyzmatlaryny etmek baradaky şertnamany baglaşýarlar.
Özlerinde degişli resminamalary bar bolan fiziki şahslar: syýahatçylyk boýunça gid-terjimeçileriň, instruktorlaryň, ýolbeletleriň wezipelerini amala aşyryp; naharlanmagy, ýaşamagy, ulag üpjünçiligini guramak boýunça hyzmatlary bermek, ýol biletlerini öňünden belledip goýmak we almak; syýahatçylygy guramak boýunça beýleki goşmaça hyzmatlary edip bilerler.
4. Syýahatçylyk işiniň subýektleri syýahat guralanda we amala aşyrylanda öz hususy hereketleri üçin, şonuň ýaly-da öz hyzmatdaşlarynyň syýahaty guramak (ýerleşdirmek (ýaşamak), iýmit, ulag we syýahatçylyk gezelenjiniň maksatnamasyna goşulan we ýollama hatynda görkezilen beýleki hyzmatlary üçin) we satmak boýunça (ýollama hatynda görkezilen agentler) hereketleri üçin müşderiniň öňünde jogap berýärler.
27-nji madda. Syýahatyň guralmagy
1. Syýahatyň guralmagy syýahatyň maksatnamalarynyň düzülmegini we syýahatyň maksatnamasyna laýyklykda gezelenji amala aşyrmak üçin zerur bolan syýahatçylyk hyzmatlarynyň toplumynyň (ikiden az bolmadyk) döredilmegini öz içine alýar.
Şeýle hem syýahatçylygyň guralmagyna Türkmenistanyň dahylly bolmadygy tarapyndan döredilen syýahatçylygy ýa-da syýahatçylyk hyzmatlarynyň toplumyny durmuşa geçirmek hukugyny edinmek degişlidir.
Syýahatoperatorlarynyň we syýahatagentleriniň edýän şahsy hyzmatlary we (ýa-da) üçünji şahslar bilen şertnamalar esasynda eýe bolýan hukuklary syýahatçylyk hyzmatlarynyň toplumyny düzýär.
2. Syýahatyň maksatnamalaryna şu aşakdakylar girýär:
syýahatyň ugry, syýahatyň başlanýan we tamamlanýan möhleti we wagty;
garşylamalaryň we ugratmalaryň, syýahatçynyň ýany bilen gitmegiň tertibi;
syýahatçylary gatnatmagy amala aşyrýan ulag serişdeleriniň häsiýetnamalary, gatnawlaryň birikmeleriniň (utgaşmalarynyň) möhletleri, Türkmenistanyň ulag işi hakyndaky kanunçylygy bilen göz öňünde tutulan beýleki möhüm maglumatlar;
syýahatçylary ýerleşdirmek üçin desgalaryň häsiýetnamasy, şol sanda olaryň bolýan ýerleri, wagtlaýyn ýaşamak kadalary, şeýle hem wagtlaýyn bolýan döwletiniň (ýeriniň) kanunçylygy bilen bellenilen beýleki möhüm maglumatlar;
syýahatçylygyň amala aşyrylýan wagtynda syýahatçynyň naharlanmagyny üpjün etmegiň tertibi;
edilýän beýleki syýahatçylyk hyzmatlarynyň sanawy we häsiýetnamasy.
28-nji madda. Syýahatyň durmuşa geçirilmegi
Syýahatçylyk işiniň subýektine syýahatyň durmuşa geçirilmegi (ýerlenmegi) şu Kanuna laýyklykda baglaşylýan şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.
Syýahatça syýahatyň durmuşa geçirilmegi syýahatçylyk hyzmatlaryny etmek baradaky şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.
V bap. Syýahatçylyk işiniň subýektleri tarapyndan şertnamalary baglaşmagyň we ýerine ýetirmegiň şertleri
29-njy madda. Syýahatçylyk önüminiň emele gelmeginiň, öňe sürülmeginiň we ýerlenmeginiň umumy şertleri
1. Syýahatçylyk önümi syýahatoperatory we syýahatagenti tarapyndan syýahatçylyk bazarynyň ýagdaýyndan ýa-da syýahatçynyň ýa-da daşary ýurtly hyzmatdaşyň takyk buýurmasy boýunça döredilýär.
2. Syýahatoperatory syýahatçylara syýahatçylyk önümine girýän ähli hyzmatlary ýerine ýetirmegi özbaşdak ýa-da üçünji adamlary çekmek bilen üpjün edýär.
3. Syýahatagenti tarapyndan çykyş syýahaty boýunça syýahatçylyk önüminiň öňe sürülmegi we ýerlenmegi syýahatoperatory bilen baglaşylýan şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar. Görkezilen şertnamada syýahatagenti tarapyndan syýahatçylyk önüminiň öňe sürülmeginiň we ýerlenmeginiň şertleri, şeýle hem taraplaryň özara jogapkärçiligi görkezilmelidir.
4. Syýahatoperatory we syýahatagenti syýahatçylyk önüminiň ýerlenmeginde onuň üçin bolan bahalary özbaşdak belleýärler.
30-njy madda. Syýahatçylyk hyzmaty üçin şertnama
1. Syýahatçylyk hyzmaty üçin şertnama ýazmaça görnüşde baglaşylýar. Daşary ýurt syýahatçylaryna Türkmenistanyň çäginde syýahatçylyk hyzmaty üçin hususy syýahatçylyk gezelenjini amala aşyrýan daşary ýurt syýahatçylary we daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen şertnama syýahatçylyk ýollama haty (wauçer) bermek arkaly düzülip bilner.
2. Syýahatçylyk hyzmaty üçin şertnamanyň görnüşi, onuň mazmuny we şertleri syýahatçylyk işiniň subýektleri tarapyndan bellenilýär.
3. Syýahatçylyk hyzmaty baradaky hyzmatlary etmegiň şertnamasy boýunça Ýerine ýetiriji Buýruja Ýerine ýetiriji tarapyndan öňünden guralan ýa-da Buýrujynyň hususy tabşyrygy boýunça syýahatçylyk hyzmatlarynyň toplumyny etmäge borçlanýar, Buýrujy bolsa görkezilen hyzmatlary tölemäge borçlanýar.
4. Syýahatçylyk hyzmatlary boýunça hyzmatlary etmek baradaky şertnamany baglaşan syýahatoperatory we syýahatagenti syýahatçylyk hyzmatlary boýunça hyzmatlaryň (ýa-da olaryň belli bir böleginiň) syýahatoperatory we syýahatagenti ýa-da üçünji bir şahs – syýahatçylyk industriýasynyň subýektiniň edenligine garamazdan Ýerine ýetiriji bolup durýar.
5. Syýahatçylyk hyzmatlary boýunça hyzmatlary buýurýan sarp ediji (syýahatçy) Buýrujy bolup durýar.
6. Syýahatoperatory we syýahatagenti tarapyndan syýahatçylyk hyzmatlary boýunça hyzmatlary etmek baradaky şertnama boýunça özleriniň borçlarynyň bir bölegini ýa-da hemmesini üçünji şahslara – syýahatçylyk işiniň subýektlerine ýüklemek mümkinçiligi şertnamada göz öňünde tutulyp bilner. Syýahatoperatory we syýahatagenti tarapyndan borçlaryň ýerine ýetirilmeginiň üçünji şahslara ýüklenmeginiň özi syýahatoperatoryny we syýahatagentini syýahatçynyň öňündäki syýahatçylyk hyzmatlarynyň toplumyna girýän ähli hyzmatlary etmek jogapkärçiliginden boşatmaýar.
7. Şertnama syýahatçy üçin düşnükli görnüşde düzülmelidir. Syýahatoperatory we syýahatagenti şertnamanyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykdaky doldurylan bir nusgasyny syýahatça bermäge borçludyrlar.
8. Türkmenistanyň raýat kanunçylygy, şu Kanun bilen düzgünleşdirilmedik buýrujynyň – alyjynyň gatnaşmagyndaky syýahatçylyk hyzmatlarynyň edilmegine baglaşylan şertnama boýunça gatnaşyklar babatda «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we olara laýyklykda kabul edilen gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary ulanylýar.
31-nji madda. Syýahatçylyk ýollama haty (wauçer)
1. Syýahatçylyk ýollama haty (wauçer) syýahatçylyk hyzmatlaryna şertnamanyň baglaşylanlygyny tassyk edýär.
2. Syýahatçylyk ýollama hatynda (wauçerde) şu aşakdakylar bolmalydyr:
a) syýahatçylygyň guramaçysynyň we satyjynyň ady, salgysy, ygtyýarnamanyň belgisi, senesi we ygtyýarnamanyň berlen ýeri;
b) syýahatçynyň familiýasy, ady we atasynyň ady, pasportynyň ýa-da şahsyýetnamasynyň belgisi;
ç) ýerleşdiriş, iýmit, ulag hyzmatlarynyň we syýahatyň (gezelenjiň) bahasyna goşulan beýleki hyzmatlaryň häsiýetnamasy we standartlary;
d) syýahat maksatnamasynyň ýazgysy (wagty, geçirilýän ýeri) we syýahatçy üçin onuň gezelenjiniň günleri boýunça çäreleriň atlary;
e) syýahatyň (gezelenjiň) umumy bahasy we müşderi tarapyndan ony tölemeginiň şertleri – doly öňünden töleg, kem-käsleýin öňünden töleg/hakujy, syýahat gutarandan soň alnan hyzmatlaryň fakty boýunça töleg;
ä) syýahatçynyň syýahatdan boýun gaçyryp biljek şertleriniň we ýagdaýlarynyň beýany (syýahatçylyk işiniň subýekti tarapyndan zyýany tölemezden, ýitgileri kem-käsleýin tölemek bilen ýa-da doly tölemek bilen);
f) syýahatçynyň syýahatynyň ýollama hatynda (wauçerde) kesgitlenen şertleriň we syýahatçylyk işiniň subýektleriniň günäsi boýunça ýol berlen düzgün bozulma üçin oňa öwez pulunyň görnüşleriniň we möçberleriniň beýany;
g) eger zerur hasap edilse, syýahatçy we syýahat kärhanasy tarapyndan beýleki şertler.
3. Syýahatçylyk ýollama haty (wauçer) syýahatçylyk işiniň subýektleri tarapyndan syýahatça berilýär we ol berk hasabatlylygyň resminamasy, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçilende syýahatçylyk dolanyşygyny hasaba almagyň resminamasy bolup durýar.
4. Syýahatçylyk ýollama hatynyň (wauçeriň) nusgasy syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar, çap edilýär hem-de ýaýradylýar.
32-nji madda. Syýahatçylyk şertnamasynyň şertlerini berjaý etmekde syýahatçynyň hukuklary we borçlary
1. Syýahatçy syýahata taýýarlananda we ony amala aşyrýan wagty şu aşakdaky hukuklara eýedir:
1) wagtlaýyn bolýan ýurduna (ýerine) barmagyň we onda bolmagyň düzgünleri, ýerli ilatyň däpleri, dini dessurlary, mukaddes ýerleri, medeni mirasyň desgalary we aýratyn gorag astynda bolan syýahatçylygyň görkezilýän beýleki desgalary, daşky tebigy gurşawyň ýagdaýy hakyndaky zerur we takyk maglumatlary almaga;
2) wagtlaýyn bolunýan ýurduň (ýeriň) kanunçylygy bilen bellenen wagtlaýyn bolýan ýurdunda (ýerinde) kabul edilen çäklendiriş çärelerini göz öňünde tutmak bilen syýahatçylyk baýlyklaryna erkin elýeterlilige, erkin hereket etmäge;
3) şahsy howpsuzlygynyň, özüniň sarp edijilik hukuklarynyň we emläginiň aýawly saklanylmagyna, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini päsgelçiliksiz almagynyň üpjün edilmegine;
4) syýahatçylyk hyzmatlary boýunça şertnamanyň şertleriniň ýerine ýetirilmedik halatynda çykdajylaryň öweziniň dolunmagyna;
5) hukuk we gaýragoýulmasyz kömekleriň beýleki görnüşlerini almakda wagtlaýyn bolýan ýeriniň döwlet häkimiýeti edaralarynyň ýardamyna;
6) aragatnaşyk serişdelerine päsgelçiliksiz elýeterlilige;
7) ýokanç keselleriň we betbagtçylykly ýagdaýlaryň öňüni almagyň netijeli çäreleri barada maglumaty almaga.
2. Syýahatçylygy amala aşyrýan wagtynda syýahatçy şu aşakdakylara borçludyr:
1) wagtlaýyn bolýan ýurdunyň (ýeriniň) kanunçylygyny berjaý etmäge, onuň syýasy we durmuş gurluşyna, däplerine, dessurlaryna, ýerli ilatyň dini ynançlaryna hormat goýmaga;
2) wagtlaýyn bolýan ýurdunyň (ýeriniň) daşky tebigy gurşawyna we onuň medeni mirasynyň desgalaryna, aýratyn gorag astyndaky mukaddes ýerlere we desgalara aýawly garamaga;
3) wagtlaýyn bolýan ýurduna (ýerine) girmegiň we ýurtdan (ýerden) çykmagyň düzgünlerini berjaý etmäge;
4) arassaçylyk-gigiýena düzgünlerini we Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksi bilen bellenilen kadalary berjaý etmäge;
5) syýahatçylyk hyzmatlarynyň şertnamasynyň şertlerini berjaý etmäge;
6) ýurtda (ýerde) bolmagyň syýahatçylyk ýollama hatynda görkezilen bellenilen möhletlerini berjaý etmäge.
33-nji madda. Syýahatçylyk şertnamasynyň şertlerini ýerine ýetirmek boýunça syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklary we borçlary
1. Syýahatçylyk işiniň subýektleri syýahatçylara syýahatçylyk hyzmatlaryny edenlerinde şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
a) diňe syýahatçynyň islegi we razyçylygy boýunça syýahatyň ugruny we dowamlylygyny, hyzmatyň derejesini, ulag hyzmatynyň görnüşini, syýahatçynyň howpsuzlygyny we onuň emläginiň goragyny üpjün etmegiň usullaryny üýtgetmäge;
b) syýahatyň başlanmazyndan öň ýigrimi günden az bolmadyk döwürde syýahatça duýdurylan şertinde we onuň razyçylygy bilen syýahatyň şertleşilen bahasyny ýokarlandyrmaga;
ç) fors-mažor ýagdaýlaryň ýüze çykyp, hyzmatlaryň edilmegi mümkin bolmadyk halatlarynda, şeýle hem topar döretmek üçin zerur bolan syýahatçylaryň talap edilýän sany ýygnalmadyk halatynda we bu barada syýahatçylara syýahatyň başlamazyndan öň ýigrimi günden gijä galman duýdurylan bolsa, syýahatçylyk hyzmatlarynyň şertnamasyny ýatyrmaga;
d) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde syýahatçylar ýa-da syýahatçylara hyzmat etmegi guramak boýunça hyzmatdaşlar tarapyndan ýetirilen çykdajylaryň öweziniň dolunmagyny talap etmäge;
e) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulan beýleki hukuklara.
2. Syýahatçylyk işiniň subýektleri şu aşakdakylara borçludyrlar:
a) syýahatçylara syýahatçylyk hyzmatlarynyň şertnamasynda şertleşilen hyzmatlary etmäge;
b) syýahatçylara syýahatçylyk hyzmatlarynyň edilmedik ýa-da doly edilmedik ýa-da bolmalysyndan pes hilde edilen ýagdaýynda olara ýetirilen çykdajynyň öwezini dolmaga;
ç) syýahatçylara syýahatyň guralyşy, olaryň hukuklary we borçlary hakyndaky doly maglumaty bermäge;
d) görkezilýän desgalaryň (taryhy-binagärlik, medeni ýadygärlikleriň, tebigat desgalarynyň we beýlekileriň) syýahatçylyk baýlyklarynyň aýawly saklanylmagyna ýardam etmäge;
e) syýahatçylar tarapyndan wagtlaýyn bolýan ýurdunyň (ýeriniň) kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga.
34-nji madda. Syýahatçylara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we çykdajylary tölemek
1. Syýahatçylara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we çykdajylary tölemek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.
2. Syýahatçylyk işiniň subýektleri syýahatça zeper ýetirilmegi netijesinde ýüze çykan çykdajylaryň öwezini dolýar.
3. Özüne zeper ýetirilmegi netijesinde ýüze çykan çykdajylary tölemekden ýüz dönderilende ýa-da çykdajy üçin özüne tölenjek serişdäniň möçberi ýa-da görnüşi bilen razy bolmadyk ýagdaýynda syýahatçy talap arza bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.
4. Syýahatçynyň özüni alyp barmak kadalaryny berjaý etmänligi sebäpli we wagtlaýyn bolýan ýurdunyň (ýeriniň) düzgün-tertibini we hereket edýän kanunlaryny berjaý etmänligi sebäpli dörän ýagdaýlar üçin syýahatçylyk işiniň subýektleri jogapkärçilik çekmeýärler.
5. Syýahat wagtynda (syýahatda, gezelençde) öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri zerarly syýahatçynyň çeken ýitgisi üçin syýahatçylyk işiniň subýektleri jogapkärçilik çekmeýärler.
35-nji madda. Syýahatçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek
1. Türkmenistanyň çäginde syýahatçylaryň howpsuzlygy döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Türkmenistan öz raýatlaryna özüniň çäklerinden daşardaky goragy we penakärligi kepillendirýär.
2. Syýahatçylaryň howpsuzlygy diýlip syýahatçylaryň şahsy howpsuzlygyna, olaryň emläkleriniň goraglylygyna we syýahatçylyk edýän wagtlary olaryň daşky gurşawa zyýan ýetirmezligine, şeýle hem syýahatçylygyň bikanun migrasiýasy maksady bilen ulanylmagynyň we syýahatçylaryň üçünji ýurda üstaşyr geçirilmeginiň we olary işletmek üçin ulanmagynyň öňüni almaga gönükdirilen çärelere düşünilýär.
3. Syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy syýahatoperatorlaryny, syýahatagentlerini we syýahatçylary wagtlaýyn bolýan ýurtlarynda (ýerlerinde) syýahatçylar üçin bolup biljek howplar barada habarly edýär.
4. Syýahatçylyk işiniň subýektleri syýahatçylaryň öz günäsi bilen ýüze çykan düzgün bozmalardan başga ýagdaýlarda syýahatçylar tarapyndan howpsuzlyk çäreleriniň ählisiniň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçilik çekýärler.
5. Syýahatçylyk işiniň subýektleri syýahatçylyk wagtynda syýahatçylar tarapyndan düzgün bozmalar ýa-da olar bilen bolup geçen adatdan daşary ýagdaýlar barada gyzyklanýan adamlary we degişli döwlet edaralaryny gaýragoýmazdan habarly etmäge borçludyrlar.
6. Wagtlaýyn bolunýan ýurda (ýere) syýahatçylygy amala aşyrmagy göz öňünde tutýan syýahatçylar öňüni alyş gözegçiligini we çäreleri halkara lukmançylyk talaplaryna laýyklykda geçmäge borçludyr.
7. Syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan degişlilikdäki edaralar we guramalar bilen bilelikde syýahatçylaryň howpsuzlygyny we goragyny üpjün edýän maksatnamalary işläp düzýärler we olaryň ýerine ýetirilişini guraýarlar.
8. Türkmenistanyň çäginde betbagtçylyga uçran syýahatçylara zerur bolan kömegi bermek ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
36-njy madda. Syýahatçylyk ätiýaçlandyrmasy
1. Syýahatçylyk ätiýaçlandyrmasy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
2. Syýahatçylyk ätiýaçlandyrmasy syýahatçylyk gezelenji döwründe ätiýaçlandyrylan şahslara betbagtçylykly ýagdaýlarda ýetirilen maddy zyýanyň öwezini dolmagy maksat edinýär.
3. Syýahatçylyk ätiýaçlandyrmasy üçin niýetlenen serişdeler bellenilen kadalaşdyrmalar boýunça şertnama esasynda syýahatçylaryň ätiýaçlandyrma tölegleriniň we Türkmenistanyň syýahatçylyk işiniň subýektleriniň ätiýaçlandyrma tölegleriniň hasabyna döredilýär.
VI bap. Syýahatçylygyň ykdysadyýeti
37-nji madda. Syýahatçylyk çygryndaky ykdysady iş
1. Syýahatçylyk çygryndaky ykdysady iş syýahatçylygyň bar bolan maddy-tehniki binýadynyň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden we onuň täzesini döretmekden, döwletiň býujetine altyn puluň gelmegini artdyrmakdan, syýahatçylyk işiniň subýektleriniň serişdelerini birikdirmekden, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmakdan we onuň dürli talaplaryny kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.
2. Syýahatçylyk işiniň subýektleriniň ykdysady işiniň esasy wezipeleri aşakdakylardan ybaratdyr:
syýahatçylyk önümini döretmekden;
syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazaryny kemala getirmekden;
syýahatçylyk infrastrukturasyny kämilleşdirmekden;
syýahatçylyk hyzmatlaryny etmekden;
halkara we içerki syýahatçylygy ösdürmekden.
38-nji madda. Syýahatçylyk we syýahatçylyk infrastrukturasy çygryndaky maýa goýum syýasaty
1. Döwletiň syýahatçylyk çygryndaky maýa goýum syýasaty onuň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir we syýahatçylyk industriýasynyň ähli ugurlaryna maýa goýumlary çekmegi, syýahatçylyk industriýasyna maýa goýumlarynyň bolan netijeliligine döwlet tarapyndan gözegçiligi güýçlendirmegi göz öňünde tutýar.
2. Amatly maýa goýum klimatyny kemala getirmek, telekeçilik işini amala aşyrmak üçin durnukly şertleri döretmek, hususy eýeçiligiň eldegrilmesizligini üpjün etmek, syýahatçylyk maksatly harytlaryň we hyzmatlaryň hereket etmek erkinligini, Watanymyzyň haryt öndürijilerini goldamak we olaryň goragyny üpjün etmek, maýa goýumlary çekmegiň innowasion gurallaryny ulanmak, syýahatçylyk industriýasy çygryna täze ýokary netijeli tehnologiýalaryň ornaşdylmagynyň ykdysady taýdan höweslendirilmegini üpjün etmek maýa goýum syýasatynyň esasy bolup durýar.
39-njy madda. Syýahatçylyk işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri
1. Syýahatçylyk işi şu aşakdakylaryň:
syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hususy serişdeleriniň;
ýuridik we fiziki şahslaryň pul gatançlarynyň;
karz serişdeleriniň (obligasiýa we beýleki karzlar, bank we gaýry karzlar);
daşary ýurt maýa goýumlarynyň;
Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
2. Syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen syýahatçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän telekeçilik subýektlerine syýahatçylyk işine salgyt salmak, karzlaşdyrmak we ätiýaçlandyrmak boýunça ýeňillikler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilip bilner.
40-njy madda. Syýahatçylyk hyzmaty boýunça hyzmatlaryň bahasy we tölegi
1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, syýahatçylyk hyzmaty boýunça hyzmatlar üçin taraplaryň ylalaşygy bilen bellenilen töleg alynýar.
Haçanda kanunçylyga laýyklykda syýahatçylar üçin syýahatçylyk hyzmaty boýunça hyzmatyň tölegine ýeňillikler we artykmaçlyklar bellenilen halatlarynda onuň bilen baglanyşykly çekilen çykdajylaryň öwezi syýahatoperatoryna Türkmenistanyň degişlilikdäki kanunçylygynda göz öňünde tutulan serişdeleriň hasabyna dolunýar.
2. Syýahatçy özüne edilen hyzmatlary şertnamada görkezilen tertipde we möhletde tölemäge borçludyr.
Çykyş syýahatçylygy boýunça syýahatçylyk hyzmatlarynyň we önümleriniň tölegi syýahatçy tarapyndan milli pulda bolşy ýaly daşary ýurt pulunda hem amala aşyrylyp bilner. Şunda syýahatçylyk ugurlarynyň maksatnamasyna laýyklykda göz öňünde tutulan Türkmenistanyň çäklerinden daşardaky hyzmatlaryň toplumy (ýaşaýyş, iýmit, ulag, ekskursiýa we beýlekiler) boýunça çykdajylar, şeýle hem daşary ýurtly syýahaty üpjün edijileriň agentlik höweslendirmeleri daşary ýurt pulunda tölenip bilner.
Eger şertnamada başgaça bellenilmedik bolsa, syýahatçy syýahatçylyk hyzmatyna girýän hyzmatlar üçin syýahatoperatoryna töleg etmäge borçludyr. Syýahatoperatory bilen baglaşylan şertnamada üçünji şahsa belli bir hyzmatlar üçin töleg etmek mümkinçiligi göz öňünde tutulan bolsa, bu töleg şertnama boýunça umumy tölegiň düzüm bölegi bolup durýar.
3. Eger taraplaryň ylalaşygynda başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, haçan-da şertnama boýunça syýahatoperatorynyň hyzmatlarynyň öňünden tölegi göz öňünde tutulan ýagdaýynda, syýahatçynyň şol hyzmatlar üçin şertnamada bellenilen möhletde tölemezligi, syýahatçy şertnamany ýerine ýetirmekden boýun gaçyran diýlip hasap edilýär.
4. Şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlardan başga, şertnamada göz öňünde tutulan bahanyň syýahatoperatory tarapyndan birtaraplaýyn tertipde täzeden seredilip bilinjekdigi hakyndaky şertnamanyň islendik şerti hakyky däl diýlip hasap edilýär.
41-nji madda. Syýahatçylyk işinden gelýän girdejiler
1. Syýahatçylyk işinden gelýän girdejiler şu aşakdakylardan emele gelýär:
esasy syýahatçylyk işinden;
syýahatçylaryň myhmanhanalarda, motellerde, kempinglerde we ş.m. ýaşanlygy üçin;
ekskursiýa hyzmatlaryndan;
iýmit kärhanalarynyň hyzmatlaryndan;
ulag hyzmatyndan;
işiň beýleki görnüşleriniň goşmaça hyzmatlaryndan.
2. Syýahatçylyk işiniň subýektleriniň girdejisine Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda umumy esaslarda salgyt salynmaga degişlidir. Şu subýektler tarapyndan tebigy we taryhy- medeni gurşawy aýap saklamak maksady bilen girdejiniň bir bölegi maksatlaýyn ulanmak üçin ýerli býujete berlip bilner.
42-nji madda. Maliýe kepillikleri
1. Maliýe kepillikleri hökmünde ýitgileriň öwezini dolmagyň bank kepilligi ulanylýar. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen talaplara laýyk gelýän Türkmenistanyň ygtyýarly edilen banky ýa-da birinji derejeli daşary ýurt banky kepil bolup çykyş edip biler.
2. Syýahatçylyk işiniň subýektiniň borçnamalaryny üpjün etmekde berlen ýitgileriň öwezini dolmagyň bank kepilligi yzyna alnyp bilinmez.
3. Maliýe kepilliginiň hereket ediş möhleti kepillik borçnamalaryny özünde saklaýan resminamalarda görkezilýär. Täze möhlet üçin maliýe kepilligi syýahat işiniň subýekti tarapyndan hereket edýän maliýe kepilliginiň möhletiniň gutarmagyna çenli üç günden gijä galman alynmalydyr. Täze möhlet üçin maliýe kepilligi öň berlen maliýe kepilliginiň hereket ediş möhletiniň gutaran gününden soň gelýän günden başlap güýje girýär.
4. Syýahatçylyk işiniň subýektinde täze möhlet üçin maliýe kepilliginiň barlygy hakyndaky maglumatlar hereket edýän maliýe kepilliginiň gutarmagyna çenli üç günden gijä galman syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna berilýär.
5. Syýahatçylyk işiniň subýektleri öz borçnamalaryny ýerine ýetirmedik ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmedik mahalynda syýahatçy maliýe kepilligini beren gös-göni bank edarasyna ýitgileriň öwezini dolmak hakyndaky talaby bildirmäge haklydyr. Şeýle talaby bildirmek şu Kanunyň düzgünlerini hasaba almak bilen Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
6. Ýitgileriň öwezini dolmagyň kepilligi boýunça pul möçberini tölemek hakynda syýahatçynyň talaby bank kepilligini beren bank edarasyna ýazmaça görnüşde berilýär. Şu talapda syýahatçynyň familiýasy, ady we atasynyň ady, bank kepilliginiň belgisi, onuň berlen senesi we hereket ediş möhleti, borçnamalary üpjün etmekde bank kepilligi berlen syýahatçylyk işiniň subýektiniň ady, syýahatçylyk önümini ýerlemek hakynda şertnamanyň belgisi we senesi, şeýle hem tölenmäge degişli pul möçberi görkezilýär. Syýahatçy öz pasportynyň ýa-da pasporty çalyşýan beýleki resminamasynyň nusgasyny, şeýle hem tölenmäge degişli pul möçberini görkezmek bilen şeýle talabyň kanagatlandyrylmagy üçin syýahatçylyk işiniň subýektiniň ýazmaça görnüşindäki razylygyny talaba goşýar, ol bank kepilligi bilen üpjün edilmelidir we talapda görkezilen pul möçberine laýyk gelmelidir.
7. Syýahatçylyk işiniň subýekti syýahatçynyň talaplaryny kanagatlandyrmaga razylyk bermekden boýun gaçyranda bank kepilligi boýunça pul möçberini tölemek kanuny güýje giren kazyýet çözgüdiniň esasynda amala aşyrylýar. Şu ýagdaýda talapda şu maddanyň altynjy böleginde göz öňünde tutulan maglumatlar bilen bir hatarda kazyýet çözgüdiniň senesi, ony çykaran kazyýet edarasynyň ady we şol raýat işi boýunça çykarylan çözgüdiň belgisi hem görkezilýär, tölenmäge degişli pul möçberi bolsa, bu kazyýet çözgüdinde kesgitlenen möçberde görkezilýär. Talaba kazyýet çözgüdiniň kazyýet tarapyndan tassyklanan nusgasy goşulýar. Bank kepilligini beren ygtyýarly bank edarasynyň kepillik boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin başga resminamalary talap etmäge haky ýokdur.
8. Maliýe kepilliginiň serişdeleriniň hasabyna ýitgileriň öwezini dolmak maliýe kepilligini beren bank edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
VII bap. Ekskursiya we myhmanhana işi
43-nji madda. Ekskursiya işi
1. Syýahatçylyk işiniň subýektleri ekskursiya hyzmatlaryny etmegi guramak üçin syýahatçylyk işiniň subýektleriniň sanawyna girizilen ýokary hünärli hünärmenleriň – ýolbeletleriň (gid-terjimeçileriň) hyzmatlaryndan peýdalanmaga borçludyrlar.
Ýolbeletleriň hyzmatlary etmeginiň düzgünleri ýolbeletleriň hyzmatlaryny ýerine ýetirýän syýahatçylyk industriýasynyň subýektleriniň ýa-da fiziki şahslaryň şertnamalarynda kesgitlenilýär. Syýahatçylyk hyzmatlary boýunça hyzmatlary etmegiň şertnamasy baradaky umumy düzgünnamalar ekskursiya hyzmatlary ýerine ýetirilende ulanylýar.
2. Syýahatçylyk hyzmatlaryny edýän şahs ekskursiya başlamazyndan öň ýolbelede hyzmatlar baradaky zerur we dogry maglumatlary, olaryň görnüşleri we aýratynlyklary, ýolbelediň hünär derejesi, hyzmatlaryň töleginiň tertibi we möhletleri, şeýle hem ýolbelede onuň haýyşy boýunça ekskursiya hyzmatlaryna girýän beýleki maglumatlary habar bermäge borçludyr.
44-nji madda. Myhmanhana hyzmatlarynyň guralyşy
1. Syýahatoperatory, syýahatagenti we myhmanhana syýahatçylara myhmanhana hyzmatyny yzygiderli amala aşyrmak zerurlygy ýüze çykanda myhmanhana hyzmatyny guramak barada uzak möhletli şertnamany baglaşyp bilerler.
Myhmanhana hyzmatyny guramak baradaky şertnama boýunça bellenilen tertipde we (ýa-da) myhmanlaryň gelmegi baradaky öňünden kesgitlenilen maksatnama laýyklykda myhmanhana hyzmatyny etmäge borçlanýar, syýahatoperatory, syýahatagenti bolsa, syýahatçylaryň görkezilen sanyny ugratmaga we olara edilen hyzmatlary tölemäge borçludyrlar.
Myhmanhana hyzmatyny guramak baradaky şertnamada syýahatçylaryň sany, edilýän hyzmatlaryň görnüşleri we sanawy, nomerleriň sany we derejeleri (klaslary), şeýle hem taraplaryň ylalaşygynda göz öňünde tutulan myhmanhana hyzmatlaryny guramagyň beýleki şertleri kesgitlenilýär.
2. Myhmanhana hyzmatyny guramagyň şertnamasyna laýyklykda myhmanhana syýahatoperatoryna we syýahatagentine syýahatçylara edilýän hyzmatlaryň hiliniň we möçberiniň myhmanhananyň öz ýaşaýjylaryna edýän hyzmatlarynyň möçberine we hiline laýyk gelmegini kepillendirmäge borçludyr.
3. Myhmanhana hyzmatlarynyň satylmagy (bronlanmagy) netijesinde ýüze çykan myhmanhananyň hakyky bar bolan nomerleriniň (ýerleriniň) sanyndan artyk myhmanhana hyzmatlaryny ýerine ýetirip bilmeýänligi üçin jogapkärdir.
Şeýle ýagdaýda myhmanhana ýaşaýjynyň başga bir myhmanhanada myhmanhananyň öz hasabyna ýerleşdirilmegi üçin – şoňa meňzeş ýa-da has ýokary derejedäki (klasdaky) we şol ýerlerde (golaýynda), şeýle hem ýaşaýjynyň täze myhmanhana geçmegi bilen baglanyşykly zerur bolan çykdajylaryň öwezini dolmaga borçludyr.
Şol ýerlerde (golaýynda) başga bir myhmanhananyň ýok ýagdaýynda ýa-da ýaşaýjynyň myhmanhana hyzmatlarynyň şertnamasyndan ýüz öwren mahalynda myhmanhana şertnamanyň bolmalysy ýaly ýerine ýetirilmänligi bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmaga, şeýle hem taraplaryň ylalaşygy boýunça kesgitlenilen, emma bir gije-gündiziň dowamynda ýerleşdirmek hyzmatlarynyň bahasyndan az bolmadyk boş geçirilen wagty (jerimäni) tölemäge borçludyr.
4. Myhmanhana hyzmatlary etmegiň şertnamasyndan şu aşakdaky ýagdaýlarda ýüz öwürmäge haklydyr:
a) eger ýaşaýjynyň saglygy lukmançylyk resminamalary bilen tassyklanylan ýaşaýjynyň özüne we beýleki adamlaryň howpsuzlygyna howp döredýän bolsa, şeýle hem beýleki adamlar üçin düzedip bolmajak amatsyzlyklary we bitertipligi döredýän bolsa;
b) ýaşaýjynyň şertnamada bellenilen möhletlerde we tertipde myhmanhana hyzmatlaryny tölemekden ýüz öwren halatynda;
ç) ýaşaýjy tarapyndan beýleki adamlaryň saglygyna we ömrüne howp döredýän myhmanhanada ýaşamagyň kadalaryny bozan halatynda;
d) ýaşaýjynyň goşlarynda beýleki adamlaryň saglygyna we ömrüne howp döredýän zatlaryň we serişdeleriň bar bolan halatynda;
e) syýahatçy tarapyndan onuň wagtlaýyn bolýan ýurdundaky (ýerindäki) ýurda girmegiň, çykmagyň we bolmagyň kadalarynyň berjaý edilmedik halatynda.
Myhmanhananyň şertnamadan ýüz öwren halatynda ýaşaýjynyň myhmanhanada wagtlaýyn ýaşanlygy we ýerleşdirilenligi baradaky tölegini şertnamadan ýüz öwrülen pursadyna çenli myhmanhana tarapyndan hakyky edilen hyzmatlaryň bahasyny aýyrmak bilen ýaşaýja gaýtaryp berilýär.
VIII bap. Syýahatçylygyň işgärler üpjünçiligi
45-nji madda. Syýahatçylyk çygrynda hünär bilimi we hünär talaplary
1. Syýahatçylyk çygrynda işgärleri taýýarlamak Türkmenistanyň başlangyç, orta we ýokary hünär bilimiň döwlet bilim edaralary, şeýle hem degişlilikdäki bilim işine ygtyýarnamasy bolan eýeçiligiň beýleki görnüşindäki bilim edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Hünär biliminiň ugurlary we hünärleri, okatmagyň görnüşi we usullary, şeýle hem syýahatçylyk çygrynda hünär bilimi hakyndaky resminamalaryň görnüşleri "Bilim hakynda" Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň bilim babatdaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.
2. Syýahatçylyk, ekskursiýa we myhmanhana işini amala aşyrýan ýuridik şahslaryň ýolbaşçylarynyň ýokary bilimi we syýahatçylyk çygrynda üç ýyldan az bolmadyk iş döwri ýa-da syýahatçylyk çygrynda orta hünär bilimi we bäş ýyldan az bolmadyk iş döwri bolmalydyr.
3. Ýolbeletler (gid-terjimeçiler), syýahatçylyk boýunça instruktorlar we syýahatçylyk, ekskursiýa we myhmanhana işini amala aşyrýan ýuridik şahslaryň ýolbaşçylary syýahatçylyk çygrynda goşmaça hünär biliminiň maksatnamalary boýunça üç ýylda bir gezekden az bolmadyk okuwy geçmäge borçludyrlar.
Syýahatçylyk çygrynda hünäri ýokarlandyrmagy geçmegiň tertibi, şeýle hem maksatnamalaryň möhletleri we görnüşleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde kesgitlenilýär.
4. Syýahatçylyk boýunça ýolbelediň (gid-terjimeçiniň), instruktoryň hyzmatlaryny etmegi niýet edinýän fiziki şahs özüniň hünär derejesiniň barlanmagyndan – hünär synagyndan geçmäge borçludyr. Hünär synagy syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapynda hünär derejesiniň synagy görnüşinde amala aşyrylýar. Hünär derejesiniň synagyny üstünlikli tabşyran adamlara işiň degişlilikdäki görnüşini ýerine ýetirmek üçin hünär derejesi baradaky resminama berilýär. Hünär derejesiniň resminamasy üç ýyl möhlet bilen berilýär. Hünär derejesiniň resminamasynyň eýesi syýahatçylyk industriýasynyň desgalarynyň sanawyna girizilýär.
Hünär synagyndan geçmegiň we hünär resminamasynyň berilmeginiň tertibi syýahatçylyk çygrynda ygtyýarly döwlet dolandyryş edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
IX bap. Syýahatçylyk işiniň dowamynda daşky gurşawy,
tebigy, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak
46-njy madda. Daşky gurşawy, tebigy, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak
1. Döwlet tebigy gurşawy, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramagy we abat saklamagy üpjün edip, öz ygtyýarly edaralarynyň üsti bilen şol ýadygärliklere ýaramaz täsirini ýetirýän syýahatçylyk çygryndaky işi wagtlaýyn togtadýar, çäklendirýär we ýatyrýar, Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda şolary goramagyň başga çärelerini kesgitleýär.
2. Syýahatçylyk işiniň subýektleri syýahatçylyk desgalaryny taslamalaşdyranlarynda, ýerleşdirenlerinde, guranlarynda we olaryň durkuny täzelänlerinde ekologik howpsuzlygyň talaplaryny, tebigat, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak baradaky talaplary ýerine ýetirýärler.
47-nji madda. Daşky gurşawa, tebigy, taryhy we medeni ýadygärliklere zeper ýetirilmegi üçin jogapkärçilik
1. Syýahatçylyk işiniň subýektleri tebigy we medeni desgalaryň syýahatçylar üçin özleşdirilýän we ulanmaga berilýän şertlerinde şol desgalaryň abat saklanylmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
2. Daşky gurşawy, tebigy, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak baradaky kanunçylygy we kadalary bozmakda günäkär syýahatçylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
X bap. Türkmenistanyň syýahatçylyk baradaky halkara işi
48-nji madda. Halkara syýahatçylyk guramalarynda agzalyk
1. Türkmenistan syýahat babatda halkara, sebitara guramalaryň işine Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertibe laýyklykda şu aşakdaky maksatlary amala aşyrmak üçin gatnaşýar:
a) halkara syýahat alyş-çalşy giňeltmek;
b) syýahatyň maddy-tehniki binýadyny we infrastrukturasyny pugtalandyrmak boýunça ykdysady we tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek;
ç) syýahatçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek;
d) syýahat boýunça maglumatlary alyşmagy üpjün etmek;
e) halkara syýahatynyň dürli pudaklarynda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek;
ä) syýahatçylyk çygryndaky halkara hyzmatdaşlygynyň beýleki meselelerini çozmek.
2. Syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy halkara guramalarynda we edaralarynda Türkmenistana wekilçilik edýär.
49-njy madda. Syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň daşary ýurtlardaky wekilhanalary
Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň daşary ýurtlardaky wekilhanalary degişli ýurtlarda Türkmenistanyň syýahatçylyk bähbitlerine wekilçilik edýärler we Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň arasynda syýahatçylyk çygrynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we maglumat alyşmak boýunça wezipeleri amala aşyrýarlar.
XI bap. Jemleýji düzgünler
50-nji madda. "Syýahatçylyk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şu Kanunyň güýje giren gününden aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
1) Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 1995-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul edilen "Syýahat hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 3, 41-nji madda);
2) Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2007-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň üçünji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 68-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2010-njy ýylyň 10-njy maýy.
№ 107-IV.