Habarlar
Ählisi ›
Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitleri nazarlaýar
Geçen hepde döwletimiziň durmuş-ykdysady we ruhy taýdan ösüşiniň dürli ugurlaryny öz içine alýan halkara hem-de içerki syýasy ähmiýetli wakalara beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň mynasyp dowam etdirilmegi esasynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmäge, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin berk binýady döretmäge gönükdirilendir.
Noý. 15, 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Noý. 13, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Karol Nawroskä we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Noý. 11, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Noý. 09, 2026
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Tutuş halk bag ekmek dabarasy umumymilli çäreleriň iň möhümleriniň biri bolup, ýurdumyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmäge ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Noý. 07, 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Noý. 05, 2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy
Noý. 04, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Noý. 02, 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Okt. 31, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi
Şu gün Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Okt. 30, 2026
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Okt. 29, 2026
Bitarap Türkmenistanyň strategiýasy: parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we ösüş
Geçen hepde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyň yzygiderliligini şöhlelendirýän birnäçe wakalara beslendi.
Okt. 27, 2026
WATANYMYZYŇ BAÝLYGY
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli ynsanperwer syýasatynyň netijesinde gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan şöhratly taryhymyzy, ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklaryny ylmy esasda düýpli öwrenmekde we şu günki hem-de geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar.
Noý. 08, 2026
AHALTEKE BEDEWLERINI GORAMAGYŇ KANUNÇYLYK ESASLARY
Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli ýörelgesini döredipdirler.
Noý. 05, 2026
HALKLARY BIRLEŞDIRÝÄN KÖPUGURLY MEDENI KÖPRI
Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy oktýabr aýynyň başynda halkara duşuşyklaryň, giň möçberli forumlaryň we taryhy ähmiýetli maslahatlaryň esasy meýdançasyna öwrüldi.
Noý. 02, 2026
BAGTYÝAR GELJEGIŇ SYNMAZ KUWWATY
Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: «...sagdyn millet güýçli döwletiň, bagtyýar geljegiň we synmaz kuwwatyň berk binýadydyr» diýip belledi.
Okt. 30, 2026
ADALATLY ÇÖZGÜT
Ir döwürlerde halal zähmetinden bereket tapan bir çopan bar eken. Ol kyrk ýyllap bir baýyň goýunlaryny bakypdyr. Çopan ýaşynyň soňunda uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetiniň netijesinde ýygnan dowarlaryny bakyp, öý-işik aladasynda bolmak maksady bilen baýdan rugsat sorapdyr.
Okt. 26, 2026
ÝURDUMYZYŇ BAŞ BAÝLYGY
Saglygy goraýşyň dürli ugurlaryny ösdürmek boýunça ýurdumyzda ýokary derejede we ulgamlaýyn esasda giň gerimli çäreleri durmuşa geçirmek, sagaldyş hem-de bejeriş edaralarynyň durkuny täzelemek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Okt. 23, 2026
ÝÜREK BUÝSANÇ
- Ine, şu toýly günde maňa-da Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmak bagty nesip etdi. Bu döwlet sylagy meni mundan beýläk-de gijämi gündiz edip, ak ýürekden gulluk etmäge ruhlandyrdy.
Okt. 20, 2026
ÝÜREK BUÝSANÇ
-Ýaşamak we işlemek üçin döredilýän giň mümkinçilikler, ynsan mertebesiniň belent tutulmagy we ak ýürekden çekilýän halal zähmete mynasyp baha berilmegi başlanan işleriň netijeliligini üpjün edýär.
Okt. 17, 2026
ÝAŞLAR SYÝASATYNYŇ HUKUK BINÝADY
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen umumy okuw sapagynyň ähmiýetini aýratyn bellemek bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmeginiň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady.
Okt. 14, 2026
SAGLYGYM-BAŞ BAÝLYGYM
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we onuň ilata elýeterliligini üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Okt. 11, 2026
KANAGADYŇ BEREKEDI
Ir döwürlerde serhetýaka obalaryň birinde halalhon, günüňe şükürli bir bagban ýaşapdyr.
Okt. 08, 2026
TÜRKMEN MEDENIÝETINIŇ GERIMI GIŇEÝÄR
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýär.
Okt. 05, 2026