TÜRKMENISTANYŇ BAŞ PROKURATURASY
Türkmenistanyň prokuratura edaralary Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine, şeýle-de Türkmenistanyň kanunlarynyň talaplaryna laýyklykda kabul edilen beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine, dessin-agtaryş işiniň kanunylygyna we jenaýat işleriniň derňelişine gözegçilik edýär. Prokuror kazyýetlerde işleriň garalmagyna kanunda bellenilen esaslarda we tertipde gatnaşyp, raýatlaryň hukuklarynyň, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýär.
Prokuratura edaralarynyň ýeke-täk merkezleşdirilen ulgamyna Türkmenistanyň Baş prokurory ýolbaşçylyk edýär. Prokurorlary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär. Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda diňe kanuny gollanýarlar.
Prokuratura edaralarynyň ulgamy şulardan ybaratdyr:
1) Türkmenistanyň Baş prokuraturasy;
2) Welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalary;
3) Etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň prokuraturalary;
4) Harby prokuraturalar;
5) Ýöriteleşdirilen prokuraturalar.
Prokuratura edaralarynyň işiniň guralyşy we tertibi hem-de prokurorlaryň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, “ Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda ” Türkmenistanyň Kanuny we prokuratura edaralarynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.