TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Syýasy partiýalar hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 5-nji madda)
(Türkmenistanyň 16.08.2014 ý. № 110-V, 20.10.2018 ý. № 80-VI we 03.06.2023 ý. № 28-VII
Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda raýatlaryň syýasy partiýalary döretmäge bolan hukugynyň durmuşa geçirilmegi we syýasy partiýalaryň döredilmeginiň, işiniň, üýtgedilip guralmagynyň we işiniň bes edilmeginiň aýratynlyklary bilen baglanyşykda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Syýasy partiýa barada düşünje
Syýasy partiýa – munuň özi Türkmenistanyň raýatlarynyň syýasy erk-islegini emele getirmek we ony erkin beýan etmek, saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmak arkaly jemgyýetiň syýasy durmuşyna gatnaşmak, şeýle hem döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda raýatlaryň bähbitlerine wekilçilik etmek maksady bilen meýletin esasda döredilen jemgyýetçilik birleşigidir.
2-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň syýasy partiýalara birleşmäge bolan hukugy
1. Türkmenistanyň raýatlaryna syýasy partiýalary döretmek we olaryň işine erkin gatnaşmak üçin deň hukuklar berilýär we birmeňzeş mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň özleriniň syýasy ygtykadyna laýyklykda meýletin başlangyçlarda syýasy partiýalary döretmäge, bellenilen tertipde olara erkin girmäge ýa-da girmekden saklanmaga, syýasy partiýalaryň işine gatnaşmaga hem-de olarda agzalykdan päsgelçiliksiz çykmaga hukugy bardyr.
2. Raýatlaryň syýasy partiýalarda agza bolmagy ýa-da bolmazlygy olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegine getirmeýär. Syýasy partiýalara degişlidigi ýa-da degişli däldigi üçin raýatlara haýsydyr bir ýeňillikleriň we artykmaçlyklaryň berilmegi ýa-da bermekden ýüz dönderilmegi gadagan edilýär.
3-nji madda. Syýasy partiýalaryň gurluşy, olaryň maksatlary we wezipeleri
1. Syýasy partiýa şu talaplara laýyk gelmelidir:
1) guramalary welaýatlarda, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlerde döredilmelidir;
2) agzalarynyň sany bir müň adamdan az bolmaly däldir;
3) ýolbaşçy we beýleki edaralary, guramalary hem-de düzüm birlikleri diňe Türkmenistanyň çäginde ýerleşmelidir.
2. Syýasy partiýalaryň guramalary we düzüm birlikleri olaryň Tertipnamalaryna laýyklykda döredilýär.
3. Syýasy partiýalaryň guramalary we olaryň düzüm birlikleri syýasy partiýalaryň düzümine girýärler.
4. Syýasy partiýalaryň maksatlary we wezipeleri olaryň Tertipnamalarynda we Maksatnamalarynda beýan edilýär.
5. Syýasy partiýalaryň esasy maksatlary şulardyr:
1) jemgyýetçilik pikirini emele getirmek;
2) raýatlaryň syýasy düşünjelerini kämilleşdirmek we olary syýasy taýdan terbiýelemek;
3) jemgyýetçilik durmuşynyň dürli meseleleri boýunça raýatlaryň pikirini aňlatmak, ony jemgyýetçilige we döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna ýetirmek;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saýlawlara we sala salşyklara (mundan beýläk - saýlawlar) gatnaşmak, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşmak üçin dalaşgärleri hödürlemek.
6. Syýasy partiýalar saýlanan wekilleriniň üsti bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işlerine gatnaşýar.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
4-nji madda. Syýasy partiýalaryň işiniň hukuk esasy
Türkmenistanda syýasy partiýalaryň işiniň hukuk esaslaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we syýasy partiýalaryň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary düzýär. Syýasy partiýalar öz işini Tertipnamalaryna we Maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrýarlar.
5-nji madda. Syýasy partiýalaryň ady
1. Syýasy partiýalaryň adynda «syýasy partiýa» ýa-da «partiýa» diýen sözler bolmalydyr. Syýasy partiýalaryň adynda «Türkmenistan» sözi we onuň esasynda emele gelen söz düzümleri peýdalanylyp bilner.
2. Syýasy partiýalaryň adynda döwlet häkimiýet ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň atlarynyň, raýatlaryň atlarynyň ýa-da familiýalarynyň peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.
3. Syýasy partiýalary Türkmenistanda hereket edýän syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we beýleki guramalaryň, şeýle hem şu Kanunyň 35-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlarda kazyýetiň çözgüdi esasynda işlemegini bes eden syýasy partiýalaryň doly ýa-da gysgaldylan atlary bilen atlandyrmak, şonuň ýaly-da syýasy partiýalaryň adynda milli, dini we gaýry duýgulary kemsidýän sözleri ulanmak gadagan edilýär.
4. Syýasy partiýalaryň guramalary we düzüm birlikleri Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişigi boýunça degişliligini görkezmek bilen şol syýasy partiýalaryň atlaryny ulanýarlar.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky we 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
6-njy madda. Syýasy partiýalaryň nyşanlary
1. Syýasy partiýalar Tertipnamalarynda takyk ýazgysy beýan edilýän nyşanlary edinmäge haklydyrlar.
2. Syýasy partiýalaryň nyşanlarynyň Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň döwlet nyşanlary bilen meňzeşligi bolmaly däldir.
3. Türkmenistanda hereket edýän beýleki syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň nyşanlary, hereket etmegi gadagan edilen guramalaryň nyşanlary syýasy partiýalaryň nyşanlary bolup bilmez.
4. Syýasy partiýalaryň nyşanlarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny, Türkmenistanyň Döwlet senasyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň tuguny we daşary ýurt döwletleriň baýdaklaryny, tugralaryny, senalaryny, dini nyşanlary, şeýle hem milli, dini we beýleki duýgulary kemsitmek gadagan edilýär.
7-nji madda. Syýasy partiýalaryň işiniň esasy ýörelgeleri
1. Syýasy partiýalaryň işi meýletinlik, deň hukuklylyk, sabyr-takatlylyk, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk we aýanlyk ýörelgelerine esaslanýar. Şu Kanun bilen bellenilen çäklendirmelerden başga, syýasy partiýalar özüniň gurluşyny, işiniň maksatlaryny we görnüşlerini kesgitlemekde erkindir.
2. Syýasy partiýalaryň işi adamyň we raýatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary bilen kepillendirilen hukuklaryny hem-de azatlyklaryny çäklendirmeli däldir.
3. Syýasy partiýalar aýan hereket edýärler. Syýasy partiýalaryň Maksatnamalary we olary ýerine ýetirmek üçin alyp barýan işleri barada maglumatlar hemmeler üçin elýeter bolmalydyr.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
8-nji madda. Syýasy partiýalaryň döredilmegi we hereket etmegi bilen bagly çäklendirmeler
1. Konstitusion gurluşy zorluk bilen üýtgetmegi maksat edinýän, öz işinde zorlugy ulanmaga ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş edýän, urşy, teniniň reňki boýunça, milli, dini duşmançylygy wagyz edýän, halkyň saglygyna we ahlak kadalaryna wehim salýan syýasy partiýalaryň, şeýle hem milli ýa-da dini alamatlar boýunça syýasy partiýalaryň döredilmegi we hereket etmegi gadagan edilýär.
2. Syýasy partiýalaryň sebitler we hünär ýörelgeleri boýunça döredilmegine ýol berilmeýär.
3. Daşary ýurtlaryň syýasy partiýalarynyň hem-de olaryň wekillikleriniň döredilmegine we hereket etmegine rugsat berilmeýär.
4. Syýasy partiýalar öz işini Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişigine laýyklykda amala aşyrýarlar.
5. Türkmenistanyň bütin çäginde ýa-da onuň aýry-aýry ýerlerinde adatdan daşary ýa-da harby ýagdaý girizilen halatynda, syýasy partiýalaryň hereket etmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
6. Bellige alynmadyk syýasy partiýalaryň hereket etmegi gadagan edilýär, olaryň adyndan haýsydyr bir hereketleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanynçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
9-njy madda. Döwlet we syýasy partiýalar
1. Döwlet syýasy partiýalaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny kepillendirýär we olaryň hereket etmegi üçin hukuk taýdan deň mümkinçilikleri döredýär.
2. Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň syýasy partiýalaryň işlerine gatyşmaklaryna, şonuň ýaly-da syýasy partiýalaryň görkezilen edaralaryň we wezipeli adamlaryň işlerine gatyşmaklaryna ýol berilmeýär.
3. Syýasy partiýalaryň bähbitlerine täsir edýän meseleler döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan syýasy partiýalaryň gatnaşmagynda ýa-da olar bilen ylalaşylyp çözülýär.
4. Döwlet gullugynda durýan, döwlet wezipelerini eýeleýän adamyň öz wezipe we gulluk artykmaçlyklaryny özüniň agza bolup durýan ýa-da başga haýsydyr bir syýasy partiýanyň bähbitlerine peýdalanmaga hukugy ýokdur. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýerli wekilçilikli we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň saýlanan agzalarynyň borçlaryndan başga, ýokarda görkezilen wezipeli adamlar gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekde syýasy partiýalaryň çözgütleri bilen baglanyşykly däldirler.
5. Syýasy partiýalaryň edaralarynda işleýän raýatlaryň zähmet we beýleki gatnaşyklary Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
II BAP. SYÝASY PARTIÝALARYŇ DÖREDILIŞI
10-njy madda. Syýasy partiýalary döretmegiň tertibi
1. Syýasy partiýalar Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we şu Kanuna laýyklykda syýasy partiýanyň dörediji gurultaýynyň çözgüdi esasynda döredilýär.
2. Dörediji gurultaý tarapyndan syýasy partiýany döretmek, Tertipnamany we Maksatnamany tassyklamak, onuň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralaryny saýlamak hakynda we beýleki çözgütler kabul edilýär.
11-nji madda. Guramaçylyk komiteti
1. Syýasy partiýanyň dörediji gurultaýyny taýýarlamak, çagyrmak we geçirmek üçin syýasy partiýanyň agzasy bolmaga hukugy bolan raýatlardan düzümi dokuz adamdan az bolmadyk guramaçylyk komiteti döredilýär.
2. Guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň Adalat ministrligine syýasy partiýany döretmek meýliniň bardygy barada ýazmaça habar berýär we onuň teklip edilýän adyny görkezýär. Ýazmaça habara şular goşulýar:
1) guramaçylyk komitetiniň agzalary barada maglumat (familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, raýatlygy, ýaşaýan ýeriniň salgysy we habarlaşmak üçin telefon belgileri);
2) guramaçylyk komitetiniň döredilmeginiň maksady, ygtyýarlyk möhleti (alty aýdan köp bolmaly däl), ýerleşýän ýeri, onuň maliýe serişdelerini we başga emlägini emele getirmegiň we peýdalanmagyň tertibi, şeýle hem guramaçylyk komitetiniň maliýe serişdelerini ýerleşdirmek üçin hasaplaşyk hasabyny açmaga we onuň işlemegini üpjün etmek üçin raýat-hukuk şertnamalary baglaşmaga ygtyýarly guramaçylyk komitetiniň agzasy hakynda maglumatlar (familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, raýatlygy, ýaşaýan ýeriniň salgysy, pasport maglumatlary: seriýasy, belgisi, kim tarapyndan we haçan berlendigi hem-de habarlaşmak üçin telefon belgileri) görkezilen guramaçylyk komitetiniň ýygnagynyň teswirnamasy.
3. Türkmenistanyň Adalat ministrligi şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen ýazmaça habary we beýleki resminamalary alan güni guramaçylyk komitetiniň ygtyýarly agzasyna resminamalaryň alnandygy barada tassyklaýjy resminama berýär.
12-nji madda. Guramaçylyk komitetiniň işi
1. Guramaçylyk komiteti iş tertibini özbaşdak kesgitleýär. Ol ygtyýarlyk möhletiniň dowamynda syýasy partiýanyň dörediji gurultaýyny geçirýär. Şu maksatlar bilen guramaçylyk komiteti:
1) welaýatlarda, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlerde syýasy partiýanyň guramalarynyň döredilmegine gönükdirilen guramaçylyk, wagyz-nesihat we habar beriş işlerini amala aşyrýar, şol sanda özüniň bellän wekilçilik kadalaryna laýyklykda syýasy partiýanyň dörediji gurultaýyna wekilleri saýlamak üçin ýygnaklary geçirýär;
2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde guramaçylyk komitetiniň ygtyýarly agzasynyň üsti bilen bank edarasynda hasaplaşyk hasabyny açýar we bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar berýär.
2. Guramaçylyk komitetiniň maliýe we beýleki serişdeleri şu Kanuna laýyklykda emele getirilýär.
3. Guramaçylyk komiteti syýasy partiýanyň dörediji gurultaýy geçirilenden soň öz işini bes edýär. Guramaçylyk komitetiniň maliýe serişdeleri we beýleki emlägi, şeýle hem maliýe serişdeleriň gelip gowşan çeşmelerini görkezmek bilen olaryň ulanylyşy baradaky maliýe hasabaty döredilen syýasy partiýa berilýär.
4. Dörediji gurultaý guramaçylyk komitetiniň ygtyýarlyk möhletiniň dowamynda geçirilmese, bu möhletiň tamamlanmagy bilen, guramaçylyk komiteti öz işini bes edýär. Şu halatda guramaçylyk komitetiniň galan maliýe serişdeleri we beýleki emlägi hemaýatkärlere gaýtarylyp berilýär. Eger guramaçylyk komitetiniň maliýe serişdelerini we beýleki emlägini gaýtarmaga mümkinçilik bolmasa, olar Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
13-nji madda. Syýasy partiýanyň dörediji gurultaýy
1. Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de welaýatlara, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlere wekilçilik edýän wekilleriň ýarysyndan köpüsi syýasy partiýanyň dörediji gurultaýynyň işine gatnaşýan bolsa, ol doly ygtyýarly hasap edilýär.
2. Dörediji gurultaýda ähli welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň wekilçilik etmekleri hökmandyr.
3. Syýasy partiýanyň dörediji gurultaýynyň kararlary oňa gatnaşýan wekilleriň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
III BAP. SYÝASY PARTIÝALARYŇ BELLIGE ALNYŞY
14-nji madda. Syýasy partiýalary döwlet belligine almak
1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi syýasy partiýalary döwlet belligine almagy amala aşyrýar we bu barada degişli şahadatnama berýär.
Türkmenistanyň Adalat ministrligi döwlet belliginden geçen syýasy partiýalaryň sanawyny ýöredýär.
Syýasy partiýalar Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan degişli sanawa girizilmegi bilen ýuridik şahslaryň hukugyna eýe bolýar.
2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi şu Kanunyň 15-nji maddasyna laýyklykda döwlet belligine alynmak üçin resminamalaryň berlen gününden bir aýyň dowamynda syýasy partiýany döwlet belligine almak ýa-da döwlet belligine almakdan ýüz döndermek barada çözgüt kabul edýär we bu barada oňa üç iş gününiň dowamynda ýazmaça habar berýär.
3. Syýasy partiýanyň Tertipnamasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar şu Kanunda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.
4. Syýasy partiýa hem-de onuň Tertipnamasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar döwlet belligine alnanda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän möçberde ýygym alynýar.
5. Syýasy partiýanyň Tertipnamasyna laýyklykda döredilen we ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan degişli sanawa girizilen guramalary we düzüm birlikleri Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde ýuridik şahslaryň hukugyna eýe bolýarlar.
15-nji madda. Syýasy partiýalaryň döwlet belligine alynmagy üçin resminamalary bermek
1. Syýasy partiýanyň dörediji gurultaýy geçirilen gününden bir aýdan gaýra goýulman Türkmenistanyň Adalat ministrligine şu resminamalar berilýär:
1) syýasy partiýanyň ygtyýarly adamy tarapyndan familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeriniň salgysy we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilip berlen arza;
2) tassyklanan Tertipnama (iki nusgada);
3) tassyklanan Maksatnama;
4) dörediji gurultaýyň syýasy partiýany we onuň guramalaryny döretmek, Tertipnamasyny we Maksatnamasyny tassyklamak, ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralaryny saýlamak baradaky kararlarynyň tassyklanan göçürilen nusgalary;
5) hemişelik hereket edýän ýolbaşçy edarasynyň ýerleşýän ýeri barada maglumatlar;
6) döredijiler barada maglumatlar;
7) agzalyga kabul edilen raýatlaryň sanawy;
8) döwlet belligine almak üçin ýygymyň geçirilendigi barada resminama.
2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi resminamalary kabul edendigi barada syýasy partiýanyň ygtyýarly adamyna tassyklaýjy resminama berýär.
16-njy madda. Syýasy partiýalar hakynda maglumatlary bermek
1. Syýasy partiýalaryň döredilendigi ýa-da işini bes edendigi baradaky maglumatlar Türkmenistanyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär.
2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi, her ýylyň birinji ýanwaryna çenli bolan ýagdaýa görä, döwlet belliginden geçen syýasy partiýalaryň doly sanawyny Türkmenistanyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edýär.
3. Syýasy partiýalaryň agzalarynyň razylygy bolmazdan olar barada maglumatlaryň aýan edilmegi we ýaýradylmagy gadagan edilýär.
17-nji madda. Syýasy partiýany döwlet belligine almakdan ýüz döndermek
1. Syýasy partiýalara şu esaslar boýunça döwlet belligine almakdan ýüz dönderilip bilner:
1) Tertipnamasynyň düzgünleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyk gelmezligi;
2) adynyň ýa-da nyşanynyň şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelmezligi;
3) şu Kanuna laýyklykda degişli resminamalaryň doly sanawynyň berilmezligi ýa-da olary resmileşdirmegiň tertibiniň bozulmagy;
4) döwlet belligine almak üçin berlen resminamalara görnetin ýalan maglumatlaryň girizilmegi;
5) döwlet belligine almak üçin zerur bolan resminamalary bermegiň şu Kanunda bellenilen möhletiniň bozulmagy.
2. Syýasy partiýanyň Maksatnamasy Türkmenistanyň Adalat ministrligine maglumat üçin berilýär. Şu Kanunyň 8-nji maddasynda görkezilenlerden başga, syýasy partiýanyň Maksatnamasynda goýberilen ýalňyşlyklar we nätakyklyklar syýasy partiýany döwlet belligine almakdan ýüz döndermäge esas bolup bilmez. Syýasy partiýadan Maksatnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmegi talap etmäge Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hukugy ýokdur.
3. Syýasy partiýany döwlet belligine almakdan ýüz dönderilen halatynda ýüz döndermegiň sebäpleri esaslandyrylyp, bu barada syýasy partiýa üç gije-gündiziň dowamynda ýazmaça habar berilýär.
4. Syýasy partiýany döwlet belligine almakdan ýüz dönderilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.
5. Syýasy partiýany döwlet belligine almakdan ýüz döndermäge getiren päsgelçilikleriň düzedilmegi gaýtadan ýüz tutulmagyna esas bolup durýar. Gaýtadan ýüz tutulmagyna garamak we ol boýunça çözgüt kabul etmek şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde umumy esaslarda geçirilýär.
IV BAP. SYÝASY PARTIÝALARYŇ GURAMAÇYLYK TAÝDAN GURLUŞY
18-nji madda. Syýasy partiýanyň Tertipnamasy
1. Syýasy partiýalar, olaryň guramalary we düzüm birlikleri Tertipnamanyň esasynda we oňa laýyklykda hereket edýärler.
2. Syýasy partiýanyň Tertipnamasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:
1) ady (şol sanda gysgaldylan ady), maksatlary we wezipeleri;
2) nyşanynyň ýazgylary;
3) hemişelik hereket edýän ýolbaşçy edarasynyň ýerleşýän ýeri;
4) ýolbaşçy edaralarynyň işiniň görnüşleri we çözgütleri kabul etmegiň tertibi;
5) agzalyga girmegiň, ondan çykmagyň hem-de çykarylmagyň şertleri we tertibi, agzalaryň hukuklary we borçlary;
6) agzalaryň hasabyny ýöretmegiň tertibi;
7) syýasy partiýany, onuň guramalaryny we düzüm birliklerini döretmegiň, üýtgedip guramagyň we işini bes etmeginiň tertibi we işi bes edilen halatynda emlägi paýlamagyň tertibi;
8) syýasy partiýanyň, onuň guramalarynyň we düzüm birlikleriniň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralaryny saýlamagyň tertibi, olaryň ygtyýarlyklarynyň möhletleri;
9) Tertipnama we Maksatnama üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmegiň tertibi;
10) Türkmenistanda geçirilýän saýlawlarda dalaşgärleri hödürlemegiň tertibi;
11) saýlawlarda hödürlenen we bellige alnan dalaşgärleri yzyna çagyrmagyň esaslary we tertibi;
12) maliýe serişdeleriniň we beýleki emlägiň emele geliş çeşmeleri, emläge bolan hukuklary;
13) syýasy partiýalaryň, olaryň guramalarynyň we düzüm birlikleriniň maliýe serişdelerini we beýleki emlägini dolandyrmak boýunça hukuklary, maliýe hasabatlylygynyň tertibi.
3. Syýasy partiýalaryň Tertipnamalarynda olaryň işine degişli we Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki düzgünler hem görkezilip bilner.
19-njy madda. Syýasy partiýanyň Maksatnamasy
1. Syýasy partiýanyň işiniň ugurlaryny, onuň maksatlaryny we wezipelerini, şeýle hem maksatlary durmuşa geçirmegiň we wezipeleri çözmegiň usullaryny kesgitleýän Maksatnamasy bolýar.
2. Syýasy partiýanyň Maksatnamasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar baradaky maglumatlar bir aý möhletde Türkmenistanyň Adalat ministrligine berilýär.
20-nji madda. Syýasy partiýalarda agzalyk
1. Syýasy partiýalarda agzalyk meýletindir we ol her bir raýatyň erkini özbaşdak beýan etmegine esaslanýar hem-de agzalyga berkidilmek tertibinde amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan, 18 ýaşyna ýeten Türkmenistanyň raýaty syýasy partiýanyň agzasy bolup biler. Raýat diňe bir syýasy partiýanyň agzasy bolup biler.
Daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň we kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlaryň Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň agzasy bolmagyna ýol berilmeýär.
3. Syýasy partiýa agzalyga kabul etmek onuň Tertipnamasynda bellenilen tertipde syýasy partiýa agza bolmaga isleg bildirýän adamyň ýazmaça arzasy esasynda amala aşyrylýar.
4. Syýasy partiýalaryň agzalary olaryň işine Tertipnamada bellenilen tertipde gatnaşýarlar, Tertipnama laýyklykda hukuklara eýe bolýarlar we borçlary ýerine ýetirýärler.
5. Syýasy partiýalaryň agzalary Tertipnamada bellenilen tertipde hasaba alynýarlar we syýasy partiýalaryň, olaryň guramalarynyň we düzüm birlikleriniň ýolbaşçy edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga, syýasy partiýalaryň saýlawly edaralarynyň işi hakynda maglumat almaga we Tertipnamada bellenilen tertipde syýasy partiýalaryň çözgütlerine we hereketlerine şikaýat etmäge hukuklary bardyr.
6. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň, gullukçylarynyň we işgärleriniň syýasy partiýalarda agzalyga durmagyna ýa-da haýsydyr bir syýasy partiýany goldap çykyş etmegine ýol berilmeýär.
7. Syýasy partiýada agzalykdan meýletin çykmagy, aradan çykmagy, syýasy partiýada agzalykdan çykarylmagy ýa-da başga bir syýasy partiýa girmegi belli bir syýasy partiýada agzalygyň bes edilmegine esas bolup durýar.
21-nji madda. Syýasy partiýanyň we onuň guramalarynyň ýolbaşçy edaralary
1. Gurultaý syýasy partiýanyň ýokary ýolbaşçy edarasydyr.
2. Syýasy partiýanyň guramalarynyň ýokary ýolbaşçy edaralary olaryň konferensiýasydyr ýa-da umumy ýygnagydyr.
3. Syýasy partiýanyň gurultaýynda ygtyýarlylygy bäş ýyldan artyk bolmadyk möhlete onuň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralary saýlanylýar.
4. Syýasy partiýanyň guramalarynyň konferensiýasy, umumy ýygnagy syýasy partiýanyň Tertipnamasynda bellenilen möhletlere guramanyň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralaryny saýlaýar.
22-nji madda. Syýasy partiýanyň Tertipnamasyny, Maksatnamasyny tassyklamagyň we beýleki kararlary kabul etmegiň tertibi
1. Syýasy partiýanyň Tertipnamasyny we Maksatnamasyny tassyklamak, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralaryny saýlamak, saýlawlarda dalaşgärleri hödürlemek, syýasy partiýany döretmek, üýtgedip guramak ýa-da işini bes etmek gurultaýyň ygtyýarlaryna girýär.
2. Syýasy partiýanyň gurultaýy bellenilen wekilçilik kadalaryna laýyklykda onuň welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher guramalary tarapyndan saýlanan wekilleriň gatnaşmagynda ygtyýarlydyr .
3. Syýasy partiýanyň guramalarynyň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralaryny saýlamak, saýlawlarda dalaşgärleri hödürlemek hakyndaky çözgütleri olaryň konferensiýasynda ýa-da umumy ýygnagynda gatnaşýanlaryň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.
4. Syýasy partiýalaryň we olaryň guramalarynyň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralaryny saýlamak, şeýle hem saýlawlarda dalaşgärleri hödürlemek hakyndaky çözgütler bellenen tertipde ses bermek arkaly kabul edilýär.
5. Syýasy partiýalaryň, olaryň guramalarynyň we düzüm birlikleriniň işlemeginiň beýleki meseleleri boýunça çözgütler syýasy partiýanyň Tertipnamasyna laýyklykda kabul edilýär.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
V BAP. SYÝASY PARTIÝALARYŇ HUKUKLARY,
BORÇLARY WE OLARYŇ IŞINIŇ ÜPJÜN EDILMEGI
23-nji madda. Syýasy partiýalaryň hukuklary
Döwlet belliginden geçen syýasy partiýalar şulara hukuklydyrlar:
1) öz işi hakyndaky habarlary açyk ýaýratmaga, garaýşyny, maksatlaryny we wezipelerini erkin wagyz etmäge;
2) şu Kanunda bellenilen tertipde döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna çözgütleri işläp düzmek barada teklipleri girizmäge;
3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saýlawlara gatnaşmaga:
4) guramalaryny we düzüm birliklerini döretmäge, üýtgedip guramaga we olaryň işini bes etmäge;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri guramaga we geçirmäge;
6) bellenilen tertipde neşir we habar beriş serişdelerini döretmäge we neşirýat işini alyp barmaga, syýasy-terbiýeçilik çärelerini geçirmäge;
7) döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden peýdalanmaga;
8) beýleki syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen aragatnaşyk saklamaga;
9) syýasy işi bilen baglanyşykda agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, şeýle hem olaryň bähbitlerine döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda wekilçilik etmäge;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz Tertipnamalaryna laýyklykda telekeçilik işi bilen meşgullanmaga;
11) bellenilen tertipde halkara aragatnaşygyny ýola goýmaga;
12) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki işler bilen meşgullanmaga.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
24-nji madda. Syýasy partiýalaryň borçlary
1. Döwlet belliginden geçen syýasy partiýalar şulara borçludyrlar:
1) öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hem-de öz Tertipnamalarynyň talaplaryny berjaý etmäge;
2) guramalar boýunça agzalarynyň sany, hemişelik hereket edýän edarasynyň ýerleşýän ýeri we salgysy baradaky habary, hödürlenen we bellige alnan dalaşgärler baradaky maglumatlary, degişli saýlaw topary tarapyndan tassyklanan saýlawyň jemleri boýunça teswirnamanyň göçürilen nusgasyny hem-de ýolbaşçylary baradaky maglumatlary bellenilen möhletde Türkmenistanyň Adalat ministrligine bermäge;
3) syýasy partiýalar, olaryň guramalary we düzüm birlikleri tarapyndan geçirilýän açyk ýygnaklara we beýleki çärelere Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň wekillerini goýbermäge;
4) saýlawlarda dalaşgär hödürlemek boýunça çäreleriň geçirilýändigi barada degişli saýlaw toparlaryny öz wagtynda habarly etmäge, olaryň wekillerini görkezilen çärelere çagyrmaga;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletlerde maliýe işleri baradaky hasabatlary döwlet edarasyna bermäge.
2. Syýasy partiýalar, olaryň guramalary we düzüm birlikleri, şeýle hem olaryň wezipeli adamlary öz işlerinde şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň, eýeçiligiň we jemgyýetçilik tertibiniň goralmagy, parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin jogapkärdirler.
25-nji madda. Syýasy partiýalaryň eýeçiligi
1. Şu Kanunda, Tertipnamada we Maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleri maddy taýdan üpjün etmek üçin syýasy partiýalar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde emläk edinip bilerler.
2. Syýasy partiýalaryň we olaryň ýuridik şahsyň hukugy bolan guramalarynyň we düzüm birlikleriniň aýrybaşgalanan emlägi bolýar we olar Türkmenistanyň kanunçylygynda hem-de syýasy partiýalaryň Tertipnamalarynda bellenilen tertipde we çäklerde emläge eýeçilik hukugyndan peýdalanýarlar. Olaryň özbaşdak balansy, smetasy, bank edaralarynda aýratyn hasaby bolýar. Syýasy partiýanyň emlägi, şol sanda onuň guramalarynyň we düzüm birlikleriniň emlägi syýasy partiýanyň tutuş emlägini emele getirýär. Syýasy partiýanyň agzalary onuň emlägine eýeçilik etmeýärler.
3. Syýasy partiýanyň emlägi diňe Tertipnamada we Maksatnamada göz öňünde tutulan maksatlary durmuşa geçirmek we wezipeleri çözmek üçin peýdalanylyp bilner.
4. Syýasy partiýanyň, onuň ýuridik şahsyň hukugy bolan guramalarynyň we düzüm birlikleriniň maliýe işiniň amala aşyrylmagyna syýasy partiýanyň Tertipnamasyna laýyklykda saýlanan ýa-da bellenen wezipeli adamlar jogapkärçilik çekýärler.
5. Syýasy partiýalar, olaryň ýuridik şahsyň hukugy bolan guramalary we düzüm birlikleri borçnamalary boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda we Tertipnamalarynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.
6. Syýasy partiýalar agzalarynyň borçnamalary boýunça, syýasy partiýanyň agzalary bolsa syýasy partiýanyň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýärler.
26-njy madda. Syýasy partiýalaryň maliýe serişdeleri
1. Syýasy partiýalaryň maliýe serişdeleri we beýleki emläkleri aşakdaky çeşmelerden emele getirilýär:
1) Tertipnama laýyklykda giriş we agzalyk gatançlaryndan;
2) bagyş etmelerden;
3) syýasy partiýalar, olaryň guramalary we düzüm birlikleri tarapyndan geçirilýän çärelerden, şeýle hem kömekçi häsiýetli telekeçilik işinden gelen girdejilerden;
4) raýat-hukuk geleşiklerden gelen geçirmelerden;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmelerden.
2. Syýasy partiýalaryň maliýe serişdeleri Türkmenistanda bellige alnan bank edaralarynda açylan hasaplaryna ýerleşdirilýär. Syýasy partiýalaryň, olaryň ýuridik şahsyň hukugy bolan guramalarynyň we düzüm birlikleriniň diňe bir bank edarasynda hasaplaşyk hasabyny açmaga hukugy bardyr.
3. Syýasy partiýalara daşary ýurt döwletlerinde ýerleşýän banklarda, maliýe we beýleki guramalarynda maliýe serişdelerini, gymmat bahaly metallary we beýleki gymmatlyklary saklamak gadagan edilýär.
27-nji madda. Syýasy partiýalara bagyş etmeler
1. Syýasy partiýalaryň fiziki we ýuridik şahslardan resminamalar bilen tassyk edilen we çeşmeleri görkezilen pul serişdeleri we başga emläk görnüşindäki bagyş etmeleri kabul etmäge hukugy bardyr.
2. Syýasy partiýalara pul serişdelerini bagyş etmek nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylyp bilner. Bir adam tarapyndan syýasy partiýalara bagyş edilýän nagt pul serişdeleriniň möçberi ýylda Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk hakynyň on essesinden ýokary bolup bilmez.
3. Syýasy partiýalara bagyş etmeleri aşakdakylardan kabul etmek gadagan edilýär:
1) daşary ýurt döwletlerinden, daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslaryndan;
2) raýatlygy bolmadyk adamlardan;
3) Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlaryndan;
4) tertipnamalaýyn gaznasynda daşary ýurt maýasy bolan Türkmenistanyň ýuridik şahslaryndan;
5) halkara guramalaryndan, halkara jemgyýetçilik hereketlerinden;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk halatlarda, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan;
7) harby bölümlerden, harby guramalardan we hukuk goraýjy edaralardan;
8) haýyr-sahawat we dini edaralardan, şeýle hem olar tarapyndan döredilen guramalardan;
9) bellige alnan gününden on iki aý geçmedik ýuridik şahslardan;
10) näbelli çeşmelerden.
4. Syýasy partiýalaryň wekilleriniň kabul edýän tarapyň hasabyna gurultaýlara, ylmy we beýleki çärelere gatnaşmagy bagyş etmeleriň bikanun kabul edilmegi diýlip hasap edilmeýär.
5. Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen bagyş etmeler kabul edilen halatynda syýasy partiýalar olary bagyş edenlere gaýtaryp berýär, eger gaýtarmak mümkin bolmasa, olary Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirýärler.
6. Ýuridik şahslaryň maliýe serişdelerini nagt däl görnüşinde bagyş etmeleri bank edaralarynyň üsti bilen syýasy partiýalaryň hasaplaşyk hasabyna bellenilen tertipde geçirilýär.
7. Fiziki şahslaryň syýasy partiýalara hususy pullaryny nagt ýa-da nagt däl görnüşde bagyş etmeleri olaryň pasportyny ýa-da onuň ornuny tutýan başga resminamasyny görkezmegi boýunça bank edaralary tarapyndan ýa-da hasaplaşyk resminamalaryny doldurmak arkaly kabul edilýär we bellenilen tertipde syýasy partiýalaryň hasaplaşyk hasabyna geçirilýär.
8. Syýasy partiýalaryň emläk görnüşinde kabul eden bagyş etmeleriniň bahasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär we degişli maglumatlary, şol sanda bagyş edenleri hem görkezmek bilen, syýasy partiýalaryň jemleýji maliýe hasabatynda görkezilýär.
28-nji madda. Syýasy partiýalaryň hojalyk işi
1. Syýasy partiýalar wezipelerini maddy taýdan üpjün etmek maksady bilen amala aşyrýan hojalyk işinde, şol sanda telekeçilik işiniň meselelerini çözmekde, maliýe serişdelerini almakda we başga emlägi edinmekde, zähmete hak tölemek meselelerini çözmekde özbaşdakdyr we ony Türkmenistanyň kanunçylygyna, Tertipnamasyna we Maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrýar. Syýasy partiýalara haýyr-sahawat işini alyp barmaga hukuk berilýär.
2. Syýasy partiýalar Tertipnamada we Maksatnamada görkezilen maksatlara ýetmek we wezipeleri çözmek üçin bellenilen tertipde telekeçilik işiniň aşakdaky görnüşleri bilen meşgullanyp biler:
1) garaýyşlaryny, maksatlaryny we wezipelerini wagyz-nesihat etmek, öz işiniň netijelerini halka ýetirmek üçin maglumat beriş, mahabat, neşirýat we poligrafiýa işini amala aşyrmak;
2) nyşanlary, ýadygärlik suwenirlerini, sowgatlary, şeýle hem neşirýat we poligrafiýa önümlerini taýýarlamak we ýerlemek;
3) eýeçiliklerinde bolan emlägi satmak we kärendesine bermek.
3. Syýasy partiýalaryň şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda, täjirçilik guramalarynyň döredijisi bolup çykyş etmäge, paýnamalardan we beýleki gymmatly kagyzlardan girdeji almaga ýa-da telekeçilik işiniň beýleki görnüşleri bilen meşgul bolmaga hukugy ýokdur.
4. Syýasy partiýalaryň telekeçilik işinden alan girdejisi olaryň agzalarynyň arasynda paýlaşylyp bilinmez we diňe Tertipnamada göz öňünde tutulan maksatlar üçin peýdalanylýar.
5. Syýasy partiýalaryň hojalyk işiniň netijeleri bellenilen tertipde jemleýji maliýe hasabatynda görkezilýär.
6. Rugsat berilmedik çeşmelerden alnan maliýe serişdeleri, emläk we beýleki girdeji Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.
29-njy madda. Syýasy partiýalaryň döwlet tarapyndan goldanmagy
1. Syýasy partiýalar Tertipnamasyna we Maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrýan işlerinde döwletiň şu goldawyndan peýdalanmaga hukuklydyrlar:
1) döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerine deň, kepillendirilen we päsgelçiliksiz elýeterliligiň üpjün edilmegi;
2) bellenilen tertipde döwlet eýeçiligindäki jaýlaryň we aragatnaşyk serişdeleriniň berilmegi;
3) saýlawlara, jemgyýetçilik, syýasy we beýleki çärelere gatnaşmakda deň şertleriň üpjün edilmegi.
2. Syýasy partiýalaryň saýlawlara gatnaşmagy bilen baglanyşykda eden çykdajylarynyň öwezini dolmagyň tertibi Türkmenistanyň saýlawlar hakyndaky kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.
3. Syýasy partiýanyň işi togtadylanda ýa-da bes edilende, oňa döwlet goldawy hem degişlilikde togtadylýar ýa-da bes edilýär.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
30-njy madda. Syýasy partiýalaryň maliýe hasabatlary
1. Syýasy partiýalar, olaryň ýuridik şahsyň hukugy bolan guramalary we düzüm birlikleri Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde we möhletlerde maliýe we buhgalterlik hasabatlary düzýärler.
2. Syýasy partiýalar bellenilen möhletlerde girdejileri we çykdajylary baradaky jemleýji maliýe hasabatlaryny döwlet edaralaryna berýärler.
3. Syýasy partiýalaryň, olaryň ýuridik şahsyň hukugy bolan guramalarynyň we düzüm birlikleriniň jemleýji maliýe hasabatlarynda hasabyna gelen pul serişdeleriniň çeşmeleri we möçberleri, bu serişdeleriň çykdajy edilişi, şeýle hem bahasyny görkezmek bilen, syýasy partiýalaryň emlägi baradaky maglumatlar bolmalydyr. Olarda syýasy partiýalaryň, olaryň guramalarynyň we düzüm birlikleriniň saýlawlary taýýarlamak işlerine we saýlawlara gatnaşmak bilen baglanyşykly eden çykdajylary aýratyn görkezilýär.
4. Maliýe hasabatynyň görnüşi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen hem-de olara laýyklykda syýasy partiýalar tarapyndan bellenilen tertipde kesgitlenilýär.
31-nji madda. Syýasy partiýalaryň saýlawlara gatnaşmagy
1. Syýasy partiýalar saýlawlara gatnaşmak üçin döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnamanyň nusgasyny bellenilen tertipde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara berýärler we Türkmenistanyň saýlawlar hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda saýlawlarda dalaşgärleri hödürlemek we beýleki hukuklardan peýdalanýarlar.
2. Saýlawlara gatnaşmak hukugyndan saýlawlary bellemek hakynda ygtyýarly döwlet edarasynyň çözgüdiniň kabul edilen gününden öň döwlet belliginden geçen syýasy partiýalar peýdalanýarlar.
3. Syýasy partiýalara saýlawlara özbaşdak gatnaşmak hukugy, şeýle hem Türkmenistanyň saýlawlar hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda beýleki syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde gatnaşmak hukugy berilýär.
4. Syýasy partiýalar saýlawlarda dalaşgärleriň hödürlenmegi baradaky habary we olaryň Maksatnamalaryny Türkmenistanyň saýlawlar hakyndaky kanunçylygynda kesgitlenen tertipde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap etmäge borçludyrlar.
VI BAP. SYÝASY PARTIÝALARYŇ IŞINE GÖZEGÇILIK
32-nji madda. Syýasy partiýalaryň işine gözegçilik
1. Syýasy partiýalaryň, olaryň guramalarynyň we düzüm birlikleriniň işiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelşine gözegçiligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi amala aşyrýar.
2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň şulara hukugy bardyr:
1) syýasy partiýalaryň, olaryň guramalarynyň we düzüm birlikleriniň hereketi baradaky maglumatlar we degişli resminamalar bilen ýylda bir gezek tanyşmaga;
2) syýasy partiýalar, olaryň guramalary we düzüm birlikleri tarapyndan geçirilýän açyk ýygnaklara we beýleki çärelere gatnaşmak üçin wekillerini ibermäge;
3) syýasy partiýalara, olaryň guramalaryna we düzüm birliklerine Türkmenistanyň kanunçylygyna we syýasy partiýanyň Tertipnamasyna we Maksatnamasyna garşy gelýän hereketleri üçin ýazmaça duýduryş bermäge;
4) şu Kanunda görkezilen esaslar boýunça syýasy partiýalaryň, olaryň guramalarynyň we düzüm birlikleriniň işlemegini togtatmak ýa-da bes etmek hakynda kazyýete hak isleýiş arzasyny ibermäge.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
VII BAP. SYÝASY PARTIÝALARYŇ IŞINI TOGTATMAK,
ÜÝTGEDIP GURAMAK WE BES ETMEK
33-nji madda. Syýasy partiýalaryň işini togtatmak
1. Syýasy partiýalar, olaryň guramalary we düzüm birlikleri tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem syýasy partiýalaryň Tertipnamalary we Maksatnamalary bozulanda Türkmenistanyň Adalat ministrligi olara ýazmaça duýduryş yglan edýär we bozulmalary düzetmek üçin bir aýdan az bolmadyk möhlet belleýär. Eger syýasy partiýalar bellenilen möhletlerde ýokarda görkezilen bozulmalary düzetmeseler, olaryň işini togtatmak Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýüztutmasy esasynda kazyýetiň çözgüdi bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylyp bilner.
2. Syýasy partiýalaryň işiniň togtadylan döwründe olaryň agzalaryna we ýolbaşçylaryna syýasy partiýalaryň adyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek, ýygnaklary, ýygnanyşyklary we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek, şeýle hem syýasy partiýalaryň hojalyk işi bilen baglanyşykly, zähmet şertnamalary boýunça, olaryň hereketleri bilen ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça hem-de salgytlary we jerimeleri tölemek boýunça hasaplaşyklardan başga syýasy partiýalaryň bank hasaplary boýunça sarp ediş amallary geçirmek gadagan edilýär.
3. Syýasy partiýalaryň işini togtatmak üçin esas bolan bozulmalaryň düzedilen ýagdaýynda syýasy partiýalaryň işini dikeltmek kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar, şunda syýasy partiýalaryň işi wagtyndan öň dikeldilip bilner.
4. Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasynyň saýlawlary bellemek baradaky çözgüdiniň resmi çap edilen gününden bu saýlawlaryň jemleri resmi taýdan yglan edilýänçä, syýasy partiýalaryň işiniň togtadylmagyna ýol berilmeýär.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
34-nji madda. Syýasy partiýalaryň işini üýtgedip guramak
1. Syýasy partiýalaryň işini üýtgedip guramak Türkmenistanyň kanunçylygynda we syýasy partiýalaryň Tertipnamalarynda göz öňünde tutulan tertipde gurultaý tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Syýasy partiýalaryň işiniň üýtgedilip guralandygy hakyndaky çözgüt Türkmenistanyň Adalat ministrligine we ýuridik şahslaryň sanawyny ýöredýän ygtyýarly döwlet edarasyna berilýär.
3. Üýtgedilip guralan syýasy partiýalary döwlet belligine almak we ony ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ýuridik şahslaryň degişli sanawyna girizmek şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde umumy esaslarda amala aşyrylýar.
35-nji madda. Syýasy partiýalaryň işiniň bes edilmegi
1. Syýasy partiýalar öz işini gurultaýyň karary ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça bes edip bilerler. Syýasy partiýalaryň işiniň bes edilmegi baradaky gurultaýyň karary ýa-da kazyýetiň kanuny güýjüne giren çözgüdi Türkmenistanyň Adalat ministrligine we ýuridik şahslaryň sanawyny ýöredýän ygtyýarly döwlet edarasyna berilýär.
2. Syýasy partiýalaryň işi şu halatlarda kazyýetiň çözgüdi bilen bes edilip bilner:
1) şu Kanunyň 8-nji maddasynyň talaplary bozulsa;
2) bellenilen möhletlerde kanunyň ýüze çykarylan bozulmalary düzedilmese;
3) bäş ýylyň dowamynda saýlawlara gatnaşylmasa;
4) Türkmenistanyň kanunçylygy, raýatlaryň hukuklary we azatlyklary yzygiderli ýa-da gödek bozulsa, şeýle hem Tertipnamada göz öňünde tutulan maksatlara garşy gelýän hereketler yzygiderli amala aşyrylsa;
5) döwlet belligine almak we ýuridik şahslaryň sanawyna girizmek üçin ýalan maglumatlar berilse;
6) agzalaryň umumy sany şu Kanunda bellenilenden az bolsa.
3. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen esaslar boýunça syýasy partiýanyň işiniň bes edilmegi hakyndaky hak isleýiş arzasy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kazyýete berilýär.
4. Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasynyň saýlawlary bellemek barada çözgüdiniň resmi çap edilen gününden bu saýlawlaryň jemleri resmi taýdan yglan edilýänçä, syýasy partiýalaryň işiniň şu Kanunyň 8-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilenlerden başga halatlarda kazyýet tarapyndan bes edilmegine ýol berilmeýär.
5. Syýasy partiýalaryň işi kazyýetiň çözgüdi esasynda bes edilen halatynda olaryň Türkmenistanda haýsydyr bir görnüşde işlemegi gadagan edilýär.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
36-njy madda. Syýasy partiýalaryň işiniň togtadylmagy, bes edilmegi barada şikaýat etmek
1. Syýasy partiýalaryň, olaryň guramalarynyň we düzüm birlikleriniň işiniň togtadylmagy, bes edilmegi baradaky çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.
2. Syýasy partiýalaryň, olaryň guramalarynyň we düzüm birlikleriniň işiniň togtadylmagy ýa-da bes edilmegi baradaky kazyýet çözgüdiniň sökülip, iş boýunça önümçiligiň bes edilmegi ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagynyň talap edilmegi üçin esas bolup biler. Syýasy partiýalara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
37-nji madda. Syýasy partiýalaryň işiniň üýtgedilip guralmagynyň we bes edilmeginiň netijeleri
1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi syýasy partiýalaryň işiniň üýtgedilip guralandygy ýa-da bes edilendigi baradaky habary döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edýär.
2. Syýasy partiýalaryň işiniň bes edilmegi bilen bagly emläk we beýleki meseleleriň çözülmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
3. Işini bes eden syýasy partiýanyň emlägi borçnamalary boýunça hasaplaşyklar geçirileninden soň syýasy partiýanyň Tertipnamasynda we Maksatnamasynda göz öňünde tutulan maksatlara gönükdirilýär.
4. Syýasy partiýalaryň işiniň üýtgedilip guralmagy ýa-da bes edilmegi bilen olaryň döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnama güýjüni ýitiren diýlip hasap edilýär, syýasy partiýalar bolsa ýuridik şahslaryň sanawyndan çykarylýar.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
38-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.
39-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2012-nji ýylyň 10-njy ýanwary.
№ 254-IV.