TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Adalatçy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 157-nji madda)
(Türkmenistanyň 18.12.2021 ý. № 442-VI we 16.03.2023 ý. № 541-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun Adalatçynyň hukuklaryny, borçlaryny, işiniň esasy ugurlaryny we kepilliklerini hem-de onuň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Adalatçy
1. Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolup durýan Adalatçynyň wezipesi, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goragynyň kepilliklerini, şeýle-de döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan ol kepillikleriň berjaý edilmegini we hormat goýulmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döredilýär.
2. Adalatçy öz işi bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Adalatçynyň işi adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragyny amala aşyrýan beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygynyň çäklendirilmegine getirmeýär.
2-nji madda. Şu Kanuny ulanmagyň çygry
Şu Kanuny ulanmagyň çygry, bolýan ýerine garamazdan, Türkmenistanyň raýaty, Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam bilen döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň arasynda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa geçirmegiň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir.
3-nji madda. Adalatçynyň işiniň hukuk esaslary
1. Adalatçy öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we halkara şertnamalaryny gollanýar.
2. Türkmenistanyň kanunçylygynda, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şeýle-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda göz öňünde tutulmadyk wezipeleri Adalatçynyň üstüne ýüklemäge hiç kimiň hukugy ýokdur.
II BAP. ADALATÇYNY WE ONUŇ ORUNBASARYNY
WEZIPÄ BELLEMEGIŇ WE WEZIPEDEN BOŞATMAGYŇ TERTIBI
4-nji madda. Adalatçynyň saýlanylmagy
1. Türkmenistanyň Mejlisi Adalatçyny gizlin ses bermek arkaly, deputatlaryň bellenen sanyndan sesleriň ýönekeý köplügi bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan hödürlenen üç dalaşgäriň arasyndan saýlaýar.
2. Eger Türkmenistanyň Mejlisi Adalatçyny saýlamak barada çözgüt kabul etmese, Türkmenistanyň Prezidenti on bäş günüň içinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisine başga dalaşgärleriň üçüsini hödürleýär.
3. Adalatçynyň wezipesine dalaşgärler hakynda teklip Türkmenistanyň Mejlisine ondan öňki Adalatçynyň ygtyýarlyk möhleti tamamlanmazyndan öň bir aýdan gijä galman getirilýär.
4. Adalatçynyň saýlanylandygy we ygtyýarlyklarynyň bes edilenligi hakynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habar berilýär.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
5-nji madda. Adalatçynyň wezipesine dalaşgäre bolan talaplar
Adalatçynyň wezipesine ýaşy kyrkdan pes bolmadyk, adam hukuklaryny goramak babatda tejribeli we ýokary ahlak sypatlaryna eýe bolan, ýokary bilimli, döwlet dilini bilýän, Türkmenistanyň çäginde soňky on ýylyň dowamynda hemişelik ýaşaýan we işleýän Türkmenistanyň raýaty saýlanylyp bilner.
6-njy madda. Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň wezipesine girişmegi
1. Adalatçy we onuň orunbasary saýlanylan güni Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda dabaraly ýagdaýda şu aşakdaky mazmunly kasam edýär: «Men (familiýasy, ady we atasynyň ady), wezipäme girişmek bilen, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny goldanyp, öz üstüme ýüklenen borçlary päk ýürekli, garaşsyz, tarapgöýsüzlik bilen adamyň bähbidine ýerine ýetirjekdigime kasam edýärin».
2. Adalatçy we onuň orunbasary kasam kabul edeninden soň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmäge girişen diýlip hasap edilýär.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
7-nji madda. Adalatçynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti
1. Adalatçy bäş ýyl möhlet bilen saýlanylýar. Şol bir adam görkezilen wezipä yzygiderli iki möhletden köp saýlanylyp bilinmez. Adalatçynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti onuň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmäge girişen pursadyndan başlanýar.
2. Adalatçynyň ygtyýarlyklary onuň bellenilen möhleti tamamlanan, ygtyýarlyklary möhletinden öň ýatyrylan ýa-da aradan çykan halatynda bes edilýär.
8-nji madda. Adalatçynyň orunbasary
1. Adalatçynyň orunbasarlary bolýar. Adalatçynyň orunbasary Adalatçynyň hödürnamasy boýunça Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bäş ýyl möhlete saýlanylýar we wezipesinden boşadylýar. Adalatçynyň orunbasarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti onuň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmäge girişen pursadyndan başlanýar.
2. Adalatçynyň orunbasarynyň wezipe borçlary Adalatçy tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Adalatçynyň orunbasary Adalatçynyň ygtyýarlyklary möhletinden öň ýatyrylan ýa-da aradan çykan halatynda täze Adalatçy saýlanylýança onuň wezipesini ýerine ýetirýär we şol döwürde oňa Adalatçy üçin bellenilen kepillikler degişlidir.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
9-njy madda. Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň ýatyrylmagy
Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň bellenen sanyndan sesleriň ýönekeý köplügi bilen şu halatlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:
1) öz ygtyýarlyklaryny üstünden aýyrýandygy hakynda arza berende;
2) lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge päsgel berýän saglyk ýagdaýy boýunça;
3) kazyýetiň aýyplaw hökümi kanuny güýjüne girende;
4) ony kämillik ukyby çäklendirilen, kämillik ukyby ýok, nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek ýa-da ölen diýip yglan etmek hakynda kazyýetiň karary kanuny güýje girende;
5) Türkmenistanyň raýatlylygy bes edilende;
6) şu Kanun boýunça Adalatçy we onuň orunbasary hukuk ýagdaýy bilen utgaşmaýan wezipä saýlanylanda ýa-da bellenilende;
7) wezipe ygtyýarlyklaryny gödek bozup, eýeleýän wezipede bolmagy bilen bir ýere sygyşmaýan etmiş edende;
8) hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden daşyna gidende.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
10-njy madda. Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň wezipesini eýelemek üçin çäklendirmeler
1. Adalatçy we onuň orunbasary şol bir wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, häkimiýetiň ýerli wekilçilikli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzasy bolup bilmez, şeýle hem ylmy, mugallymçylyk we döredijilik işinden başga iş bilen meşgullanyp bilmez.
2. Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň syýasy iş bilen meşgullanmaga, syýasy partiýanyň ýa-da syýasy maksatlara eýerýän beýleki jemgyýetçilik birleşiginiň agzasy bolmaga hukugy ýokdur.
3. Adalatçy we onuň orunbasary saýlanylandan soň bir aýyň içinde öz wezipeleri boýunça hukuk ýagdaýy bilen utgaşmaýan işini bes etmelidir. Eger-de olar görkezilen möhletde bu talaby berjaý etmese, olaryň ygtyýarlyklary bes edilýär we Türkmenistanyň Mejlisi täze Adalatçyny ýa-da onuň orunbasaryny saýlaýar.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
11-nji madda. Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň eldegrilmesizligi
1. Adalatçy we onuň orunbasary şahsy eldegrilmesizlik hukugyna eýedir. Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bolmazdan, olar jenaýat jogapkärçiligine we kazyýet tertibinde administratiw jogapkärçilige çekilip, tutulyp saklanylyp, tussag edilip, mejbury getirilmäge we ýanynyň dökülmegine sezewar edilip bilinmez.
2. Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň eldegrilmesizligi olaryň ýaşaýyş we gulluk jaýlaryna, ýüküne, şahsy we gulluk ulagyna, hat alyşmaklaryna we gulluk resminamalaryna, olaryň ulanýan aragatnaşyk serişdelerine degişlidir. Olarda dökmegi we almagy geçirmek, gepleşikleri diňlemek we olaryň öz ýanyny dökmek, şeýle hem hat alyşmalaryny, emlägini we resminamalaryny almak diňe Türkmenistanyň Baş prokurorynyň sanksiýasy bilen amala aşyrylyp bilner.
3. Adalatçy we onuň orunbasary babatda jenaýat işi diňe Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan gozgalyp bilner.
4. Adalatçy we onuň orunbasary babatda jenaýat işi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde seredilmäge degişlidir.
5. Adalatçy we onuň orunbasary öz ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanşykly özüne mälim bolan maglumatlar barada jenaýat, raýat we administratiw işleri boýunça şaýat hökmünde görkezme bermekden ýüz döndermäge hukuklydyrlar.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
III BAP. ADALATÇYNYŇ IŞINIŇ ÝÖRELGELERI WE KEPILLIKLERI
12-nji madda. Adalatçynyň işiniň esasy ýörelgeleri
Adalatçynyň işi garaşsyzlyk, kanunylyk, tarapgöýsüzlik, elýeterlilik, maglumatlaryň ýaşyrynlygy, kemsidilmelere ýol berilmezligi, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulmagy, adalatlylyk, dogruçyllyk we aýanlyk ýörelgelerine esaslanýar.
13-nji madda. Adalatçynyň garaşsyzlygy
1. Adalatçy öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranynda garaşsyzdyr we haýsydyr bir döwlet edaralaryna we wezipeli adamlara hasabat berýän däldir.
2. Adalatçy öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetireninde özbaşdakdyr we döwlet edaralaryna, wezipeli adamlara, syýasy partiýalara we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerine wekilçilik etmeýär.
3. Adalatçynyň çözgütleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, kanunlaryna we halkara şertnamalaryna, adam hukuklary babatda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän, syýasy tarapgöýliklerden erkin hukuk garaýyşy aňladýar.
14-nji madda. Adalatçynyň işiniň aýanlygy
Adalatçynyň işi aýandyr we Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýär.
15-nji madda. Adalatçynyň zähmet hukuklarynyň kepillikleri
1. Adalatçynyň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmeginiň möhleti işgäriň umumy iş döwrüne, nobatdaky harby ýa-da ýörite ady dakylmagyna we hünär derejesiniň berilmegine hukuk berýän gulluk ediş möhletine goşulýar.
2. Adalatçynyň ygtyýarlygy tamamlanandan soň, oňa öňki işlän wezipesi, beýle mümkinçiligiň ýok halatynda, onuň razylygy bilen öňküsi bilen deň derejedäki başga wezipe berilýär.
16-njy madda. Adalatçynyň maddy we durmuş kepillikleri
Adalatçynyň zähmete hak tölemek, lukmançylyk, durmuş we gaýry üpjünçiligi hem-de hyzmaty bilen baglanyşykly maddy we durmuş kepillikleri Türkmenistanyň kanunlary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen döwlet wezipeli adamlar üçin göz öňünde tutulan kepilliklere laýyklykda bellenilýär.
17-nji madda. Adalatçynyň işine päsgel berilendigi üçin jogapkärçilik
Adalatçynyň çözgüdine ýa-da hereketine täsir etmek maksady bilen onuň işine gatyşylmagy, eldegrilmesizligine kast edilmegi, şu Kanunda göz öňünde tutulan borçlaryň wezipeli adamlar tarapyndan ýerine ýetirilmezligi, şeýle hem onuň işine başga görnüşde päsgel berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
IV BAP. ADALATÇYNYŇ YGTYÝARLYLYGY
18-nji madda. Adalatçynyň ygtyýarlyklary
1. Adalatçy:
1) döwlet häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, guramaçylyk-hukuk görnüşlerine we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalara, edaralara we guramalara, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralara, deslapky tussag ediş, tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerine, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine, beýleki goşunlaryna, harby edaralara päsgelçiliksiz we öňünden duýdurmazdan barýar we özbaşdak ýa-da ygtyýarly döwlet edaralary, wezipeli adamlar, döwlet gullukçylary bilen bilelikde olaryň işine barlag geçirýär;
2) döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, guramaçylyk-hukuk görnüşlerine we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň wezipeli adamlaryndan zerur resminamalary, materiallary, beýleki maglumatlary we olaryň düşündirişlerini soraýar we alýar;
3) anyklanylmaga degişli meseleler boýunça bilermen barlaglarynyň geçirilmegini ygtyýarly döwlet edaralaryna we ylmy edaralara tabşyrýar;
4) adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan wezipeli adam babatda düzgün-nyzam ýa-da administratiw önümçiligini ýa-da jenaýat işini gozgamak hakynda teklip bilen ygtyýarly döwlet edaralaryna ýa-da wezipeli adamlara ýüz tutýar;
5) şu Kanunda we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
2. Adalatçynyň döwlet we gulluk syrlary bilen baglanyşykly maglumatlara bolan ygtyýarlygy Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde amala aşyrylýar.
3. Adalatçy adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmalarynyň faktyny anyklamak maksady bilen gelip gowşan ýüztutmalaryň esasynda, şeýle-de öz başlangyjy boýunça, eger hukuk bozulmalar barada resmi çeşmelerden ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden özüne mälim bolsa, öz ygtyýarlygynyň çäklerinde barlag geçirýär.
4. Adalatçy öz ygtyýarlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasy, gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly wezipeli adamlaryň we guramalaryň hereketlerine we çözgütlerine bolan şikaýatlara seredýär.
5. Türkmenistanyň çäklerinde ýa-da onuň belli bir böleginde adatdan daşary ýa-da harby ýagdaý düzgüniniň girizilmegi Adalatçynyň ygtyýarlyklaryny çäklendirmeýär, şeýle hem onuň işini togtatmaýar we ýatyrmaýar.
19-njy madda. Adalatçynyň esasy wezipeleri
1. Adalatçynyň esasy wezipeleri şu aşakdakylara ýardam etmekdir:
1) adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine;
2) adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine;
3) adam hukuklary babatda halkara şertnamalaryny tassyklamaga;
4) adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine;
5) adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri we usullary babatda raýatlaryň hukuk taýdan aň-bilimliligine;
6) adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň arkalaşykly hereketlerine;
7) adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we utgaşdyrylmagyna.
2. Adalatçy Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň, döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, wezipeli adamlaryň, döwlet gullukçylarynyň çözgütlerine we hereketlerine (hereketsizligine) bolan şikaýatlaryna, eger öň arza beriji bu çözgütlere ýa-da hereketlere (hereketsizlige) kazyýet ýa-da administratiw tertipde şikaýat edip, kabul edilen çözgütler bilen razy bolman beren şikaýatyna seredýär.
3. Adalatçy öz wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan, guramaçylyk-hukuk görnüşlerine we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalardan, edaralardan we guramalardan, aýry-aýry raýatlardan, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden alýan maglumatyny toplaýar we seljerýär.
20-nji madda. Adalatçynyň maglumaty
1. Adalatçy her ýyl öz işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty Türkmenistanyň Prezidentiniň seretmegine berýär, şol maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär.
2. Adalatçynyň her ýylky maglumaty Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýär.
3. Adalatçy zerur halatlarda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly aýratyn meseleler boýunça ýörite maglumatyny Türkmenistanyň Prezidentiniň seretmegine bermäge, şol maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş etmäge hukuklydyr.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
V BAP. ADALATÇYNYŇ ADAMYŇ WE RAÝATYŇ BOZULAN HUKUKLARYNYŇ WE AZATLYKLARYNYŇ DIKELDILMEGINE ÝARDAM ETMEGI
21-nji madda. Adalatçynyň şikaýatlara seretmegi
1. Adalatçy Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini bozýan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň çözgütlerine ýa-da hereketlerine (hereketsizligine) bolan şikaýatlara seredýär we olar boýunça barlag geçirmäge hukuklydyr. Adalatça ýüz tutulanda haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigi ýa-da hiç partiýa degişli däldigi baradaky alamatlaryna garamazdan artykmaçlyklara ýa-da çäklendirmelere ýol berilmeýär.
2. Adalatçy anyk adamyň ýa-da adamlaryň toparynyň razylygy alnan şertinde olaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulandygy üçin üçünji şahslaryň şikaýatlaryny seretmek üçin kabul edýär.
3. Adalatçy familiýasy, ýaşaýan ýeri görkezilmedik, şeýle hem şikaýaty ýazan tarapyndan gol çekilmedik şikaýatlara seretmeýär.
4. Adalatça şikaýatyň berilmegi arza berijiniň kazyýete ýüz tutmagyna päsgel bermeýär.
5. Adalatça berlen şikaýat arza beriji ýa-da onuň kanuny wekili tarapyndan yzyna alnyp bilner.
6. Adalatçy kazyýetiň ygtyýaryna degişli edilen meselelere seretmeýär.
7. Adalatça berilýän şikaýat döwlet pajy tölegine degişli däldir.
22-nji madda. Adalatçy tarapyndan şikaýatlara seretmegiň şertleri
1. Adalatçy arza berijä özüniň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulandygy hakynda mälim bolan ýa-da eger arza beriji öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň beýleki serişdelerini peýdalanyp, ýöne kabul edilen çözgütler bilen kanagatlanmasa, şikaýat boýunça soňky çözgüdiň kabul edilen pursadyndan başlap, bir ýylyň dowamynda berlen şikaýatlara seredýär.
2. Adalatçy esasly sebäpler bolan mahalynda özüne şikaýatlary bermegiň möhletini alty aýdan köp bolmadyk möhlete uzaltmaga hukuklydyr.
3. Tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, deslapky tussag ediş ýerlerinde, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralarda saklanýan adamlar tarapyndan Adalatça ýazylan şikaýatlar hiç bir gözegçilikden geçirilmezden ýigrimi dört sagadyň dowamynda Adalatça iberilmäge degişlidir.
4. Adalatçy tarapyndan öň seredilen şikaýat täze ýagdaýlaryň ýa-da wakalaryň görkezilen halatlaryndan başga ýagdaýlarda gaýtadan seredilmäge degişli däldir.
23-nji madda. Adalatçy tarapyndan şikaýatlara seretmegiň möhletleri
Adalatçy şikaýat gelip gowşan gününden başlap on bäş günden köp bolmadyk möhletde, goşmaça barlag zerur bolan halatynda bolsa bir aýdan gijä galman şikaýatlara seredýär. Şikaýata seretmek üçin ýörite barlaglaryň geçirilmegi zerur bolan halatlarynda ol möhlet Adalatçy tarapyndan uzaldylyp bilner, ýöne şikaýata seretmegiň umumy möhleti kyrk bäş günden köp bolmaly däldir.
24-nji madda. Şikaýatlaryň mazmuny
1. Adalatça berlen şikaýatda arza berijiniň familiýasy, ady, atasynyň ady, şahsy goly we onuň salgysy, hereketine (hereketsizligine) şikaýat edilýän kärhananyň, edaranyň, guramanyň ady, wezipeli adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady, arza berijiniň pikirine görä öz hukuklaryny bozanlaryň hereketleriniň (hereketsizliginiň) düýp manysynyň beýany, şahsy goly bolmalydyr. Şikaýata arza berijiniň talaplaryny tassyklaýan resminamalar we beýleki şaýatnamalar goşulýar.
2. Adalatça, hukuklary bozulan adamyň bähbitlerine şikaýaty Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde onuň kanuny wekili berip biler.
3. Dilden şikaýat edilen halatynda Adalatçynyň diwanynyň işgäri şikaýatyň mazmunyny, şeýle-de şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumatlary ýörite resmi kagyza geçirýär.
25-nji madda. Adalatçynyň iş önümçiliginiň dili
1. Adalatçynyň iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar.
2. Adalatça ýüz tutujylar ene dilinde ýa-da özleriniň bilýän başga dilinde ýüz tutmaga hukuklydyrlar. Şu ýagdaýda ýüz tutuja jogap döwlet dilinde we onuň bilýän diline terjime edilip berilýär.
26-njy madda. Adalatçynyň şikaýaty önümçilige kabul etmek boýunça çözgüdi
1. Adalatçy berlen şikaýaty alyp, çözgüt çykarýar:
1) eger ol şikaýaty bermegiň tertibi we möhleti hem-de onuň mazmuny hakyndaky talaplara laýyk gelse, ony önümçilige kabul etmek hakynda;
2) eger ol şikaýaty bermegiň tertibi we möhleti hem-de onuň mazmuny hakyndaky talaplara laýyk gelmese, ony önümçilige kabul etmekden ýüz döndermek hakynda;
3) öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri barada arza berijä düşündirmek hakynda.
2. Adalatçy şikaýaty kabul etmek boýunça çykarylan çözgüt we onuň esaslary hakynda arza berijä bäş günüň dowamynda habar berýär.
3. Adalatçynyň şikaýaty kabul etmek boýunça çykaran çözgüdi şikaýat edilmäge degişli däldir.
27-nji madda. Adalatçynyň şikaýatyň barlanylmagyna ýardam edilmegi üçin ýüztutmasy
1. Adalatçy şikaýaty önümçilige kabul edip, ony barlamakda ýardam edilmegi üçin ygtyýarly döwlet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, wezipeli adamlara ýüz tutmaga hukuklydyr. Barlagyň netijeleri we arza berijiniň hukuklarynyň bozulmalarynyň ýüze çykarylmagy boýunça görlen çäreler hakynda Adalatça onuň bellän möhletinde habar berilmelidir.
2. Adalatçynyň şikaýatyň barlanylmagyna ýardam edilmegi üçin, arza beriji tarapyndan çözgüdine, hereketine (hereketsizligine) şikaýat edilen döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna ýa-da wezipeli adama ýüz tutmaga hukugy ýokdur.
28-nji madda. Adalatçynyň adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam edilmegi boýunça hukuklary
Adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmek maksady bilen Adalatçy şu aşakdakylara ýüz tutmaga hukuklydyr:
1) arza berijiniň hukuklarynyň bozulmagynda günäkär adamy düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek hakyndaky teklip bilen döwlet häkimiýet edarasynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň, guramaçylyk-hukuk görnüşlerine we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhananyň, edaranyň we guramanyň ýolbaşçysyna, düzediş edarasynyň we deslapky tussag ediliş, tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerleriniň ýolbaşçylygyna, harby bölümiň we harby birikmesiniň, harby edaralaryň serkerdeligine;
2) arza berijiniň hukuklarynyň bozulmagynda günäkär adamy administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekmek hakyndaky teklip bilen ygtyýarly döwlet edarasyna;
3) döwlet pajyny tölemezden arza berijiniň bozulan hukuklaryny goramak, oňa ýetirilen maddy zyýanyň öwezini dolmak we ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öwez puluny almak, arza berijiniň hukuklarynyň bozulmagyna elten kadalaşdyryjy hukuk namasyny hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda arza (hak islegi) bilen kazyýete;
4) arza berijiniň hukuklarynyň bozulmagyna getiren jenaýat işini ýatyrmak ýa-da jenaýat işini gozgamakdan ýüz döndermek hakynda kararyň, kazyýetiň jenaýat ýa-da raýat işi boýunça ýa-da administratiw hukuk bozulmalary hakynda iş boýunça kabul eden, kanuny güýje giren höküminiň (çözgüdiniň, kararynyň) kanunylygyny we esaslylygyny barlamak hakynda teklip bilen ygtyýarly wezipeli adama.
29-njy madda. Adalatçynyň adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam edilmegi boýunça borçlary
Adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmekde Adalatçy şu aşakdakylara borçludyr:
1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, şu Kanuna laýyklykda öz borçlaryny berjaý etmäge;
2) öz ygtyýarlygy bilen bir ýere sygyşmaýan islendik hereketi etmekden saklanmaga;
3) kanun arkaly goralýan döwlet we beýleki syrlary ýaýratmazlyga;
4) gizlin maglumatlary, öz borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen bagly özüne mälim bolan şahsy maglumatlary olaryň özleriniň ýazmaça razylygy bolmazdan ýaýratmazlyga. Bu borç onuň ygtyýarlyklary bes edilenden soň hem hereket edýär.
30-njy madda. Adalatçynyň teklibi
1. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy takyklanan halatynda Adalatçy hereketleri (hereketsizligi) bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan kärhanalara, edaralara, guramalara ýa-da wezipeli adamlara adamyň bozulan hukuklaryny we azatlyklaryny gaýragoýulmasyz dikeltmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan wezipeli adam babatda bolsa düzgün-nyzam ýa-da administratiw önümçiligini ýa-da jenaýat işini gozgamak hakynda maslahat beriş häsiýetdäki teklip bilen ygtyýarly döwlet edaralaryna ýa-da degişli wezipeli adamlara ýüz tutýar.
2. Adalatçynyň teklibini alan kärhanalar, edaralar, guramalar ýa-da wezipeli adamlar bir aýyň dowamynda teklibe seretmäge we görlen çäreler barada ýazmaça jogap bermäge borçludyrlar.
3. Adalatçy görlen çäre bilen razy bolmasa, berlen maslahaty ýerine ýetirmek barada degişli çäre görülmegini sorap ýokarda durýan edara ýüz tutmaga hukuklydyr.
VI BAP. ADALATÇYNYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGINE ÝARDAM ETMEGI
31-nji madda. Adam hukuklary babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine ýardam etmek boýunça Adalatçynyň işi
Adam hukuklary babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine ýardam etmek boýunça Adalatçynyň işi ony Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara şertnamalaryna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen amala aşyrylýar.
32-nji madda. Adam hukuklary babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmäge ýardam etmek boýunça Adalatçynyň hukuklary
Adam hukuklary babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine ýardam etmekde Adalatçy aşakdakylara hukuklydyr:
1) Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasy we Türkmenistanyň Mejlisiniň seretmegine girizilen kanun taslamalary bilen tanyşmaga;
2) Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek hakyndaky teklipleri kanunçykaryjylyk başlangyjyna hukugy bolan subýektlere girizmäge;
3) adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça iş toparlaryna gatnaşmaga.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
VII BAP. ADALATÇYNYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA ILATYŇ HABARLYLYGYNY ÝOKARLANDYRMAGA ÝARDAM ETMEGI
33-nji madda. Adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek boýunça Adalatçynyň işi
Adalatçy adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär, bilim maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna, adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary babatda milli kanunçylygyň we möhüm halkara resminamalaryň çygrynda ilatyň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gatnaşýar.
34-nji madda. Adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek boýunça Adalatçynyň hukuklary
Adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri we usullary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek maksady bilen Adalatçy şu aşakdakylara hukuklydyr:
1) adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň usullary we döwletiň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni durmuşyna şahsyýetiň gatnaşmagynyň görnüşleri hakynda bilimleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýratmaga;
2) ilatyň habarlylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen barlaglaryň geçirilmegine, adamyň we raýatyň esasy hukuklaryna we azatlyklaryna degişli ugurlar boýunça okatmaga ýardam etmäge;
3) döwlet bilim edaralarynda okuw işlerini we bilim standartlaryny kämilleşdirmek, döwlet gullukçylarynyň, hukukçylaryň, lukmanlaryň, mejbury saklanylýan ýerleriň işgärleriniň we harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça teklipler girizmäge;
4) jemgyýetçilik birleşikleriniň adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ykrar edilmegine, berjaý edilmegine we goragyna gönükdirilen başlangyçlaryny wagyz etmäge.
35-nji madda. Adalatçynyň resmi döwürleýin çap neşiri
Adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri we usullary hakynda bilimleri, şeýle hem adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişine garaşsyz gözegçiligi amala aşyrmak, olary goramak boýunça geçirilýän iş hakynda ýaýratmak üçin Adalatçy resmi döwürleýin çap neşirini esaslandyrmaga hukuklydyr.
VIII BAP. ADALATÇYNYŇ ADAM HUKUKLARYNY GORAMAKDA DÖWLET EDARALARYNYŇ ARKALAŞYKLY HEREKETINE ÝARDAM ETMEGI
36-njy madda. Adalatçynyň adam hukuklary babatda döwlet edaralarynyň arkalaşykly hereketiniň guralmagyna ýardam etmek boýunça işi
Adalatçy adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça ylalaşylan maksatnamalaryň bilelikde meýilleşdirilmeginde we ýerine ýetirilmeginde döwlet edaralarynyň arkalaşykly hereketiniň guralmagyna ýardam edýär.
37-nji madda. Adalatçynyň adam hukuklary babatda döwlet edaralarynyň arkalaşykly hereketiniň guralmagyna ýardam etmek boýunça hukuklary
Adalatçy adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça milli maksatnamalary işläp taýýarlamak we toplumlaýyn utgaşdyrylan çäreleri geçirmek boýunça teklipleri Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň seretmegine hödürlemäge, şeýle hem olaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga hukuklydyr.
IX BAP. ADALATÇYNYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMÄGE ÝARDAM ETMEGI
38-nji madda. Adalatçynyň adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etmek boýunça işi
Adalatçy adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, halkara standartlaryny öwrenmäge we ornaşdyrmaga, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmäge hem-de halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýär.
39-njy madda. Adalatçynyň adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etmek boýunça hukuklary
Adam hukuklary we azatlyklary babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam etmek maksady bilen Adalatçy şu aşakdakylara hukuklydyr:
1) adam hukuklaryny goramak boýunça halkara guramalary we döwletara edaralary, daşary ýurt döwletleriniň adam hukuklary boýunça milli edaralary bilen aragatnaşyklary ýola goýmaga hem-de olar bilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda özara kömek hakynda ylalaşyklary baglaşmaga;
2) halkara guramalarynyň işine adam hukuklary babatda bilermen hökmünde gatnaşmaga;
3) ýurtda adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilşi boýunça döwletara edaralaryna we halkara guramalaryna berilýän milli hasabatlaryň taýýarlanylmagyna we seredilmegine gatnaşmaga, zerur halatlarda bolsa degişli mesele babatda öz pikirini degişli derejede özüniň garaşsyzlygyny berjaý etmek bilen beýan etmäge;
4) adam hukuklarynyň berjaý edilmegi boýunça halkara synçy bolmaga, daşary ýurtly (halkara) synçylaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çagyrmaga;
5) adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny ykrar etmek, berjaý etmek we goramak babatda meýilnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek üçin niýetlenen tehniki, maliýe we beýleki kömegi halkara guramalaryndan almak hakynda teklipleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde girizmäge.
40-njy madda. Adalatçynyň adam hukuklary babatda halkara şertnamalaryny baglaşmagyň maksadalaýyklygy hakynda teklipleri girizmek hukugy
Adalatçy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde adam hukuklary babatda halkara şertnamalaryny baglaşmagyň maksadalaýyklygy hakynda teklipler girizmäge hukuklydyr.
X BAP. ADALATÇYNYŇ DIWANY
41-nji madda. Adalatçynyň diwany we sebitleýin edaralary
1. Adalatçynyň işiniň hukuk, guramaçylyk, ylmy-seljeriş, maddy-tehniki, maliýe we hojalyk, maglumat beriş we gaýry üpjünçiligini amala aşyrmak üçin Adalatçynyň diwany döredilýär. Ýerlerde Adalatçynyň sebitleýin edaralary döredilip bilner.
2. Adalatçynyň diwany ýuridik şahs bolup, karz edaralarynda hasaplaşyk we beýleki hasaplary, şeýle-de möhri, möhürçeleri we beýleki maglumatlary bolan döwlet edarasydyr.
3. Adalatçynyň diwanynyň we sebitleýin edaralarynyň işgärleriniň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi, şeýle hem olaryň döwlet gullugyny geçmegi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
42-nji madda. Adalatçynyň diwanynyň we sebitleýin edaralarynyň gurluşy
1. Adalatçy diwanynyň we sebitleýin edaralarynyň gurluşyny, diwan we sebitleýin edaralar hem-de olaryň gurluş düzüm birlikleri hakynda düzgünnamany tassyklaýar, olaryň işine gös-göni ýolbaşçylyk edýär.
2. Adalatçy çykdajylar sanawynyň çäklerinde öz diwanynyň we sebitleýin edaralarynyň işgärleriniň sanyny we wezipe sanawyny kesgitleýär we tassyklaýar.
3. Diwana we sebitleýin edaralara ýolbaşçylyk etmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça Adalatçy buýruklary çykarýar.
43-nji madda. Adalatçynyň işini maliýeleşdirmek
1. Adalatçynyň we onuň diwanynyň işini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň Döwlet býujetinde her ýyl Adalatçynyň we onuň diwanynyň işini üpjün etmek üçin zerur bolan serişdeler göz öňünde tutulýar.
3. Adalatçy çykdajylaryň sanawyny özbaşdak işläp taýýarlaýar we ýerine ýetirýär.
4. Adalatçy tarapyndan maliýe hasabatlylyk Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berilýär.
5. Adalatçynyň we onuň diwanynyň işini amala aşyrmak üçin zerur bolan emläk döwletiň eýeçiligine degişlidir.
6. Adalatçynyň we onuň diwanynyň işini goşmaça maliýeleşdirmek Türkmenistan tarapyndan baglaşylýan şertnamalaryň (ylalaşyklaryň) esasynda daşary ýurt döwletlerinden we halkara guramalaryndan alynýan serişdeleriň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna hem amala aşyrylyp bilner.
44-nji madda. Bilermenler geňeşi
Maslahat beriş kömegini bermek maksady bilen Adalatçynyň ýanynda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary babatda zerur aň-düşünjeleri bolan adamlardan bilermenler geňeşi döredilip bilner. Bilermenler geňeşi hakyndaky düzgünnama Adalatçy tarapyndan tassyklanylýar.
XI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
45-nji madda. Adalatçynyň bolýan ýeri
Adalatçynyň hemişelik bolýan ýeri Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir.
46-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
2. Şu Kanun güýje girýänçä Türkmenistanyň Ministrler Kabineti şu Kanunyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamaly we kabul etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.
№ 476-V.