TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň Prezidenti hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 36-njy madda)
(Türkmenistanyň 10.01.2012 ý. № 262-IV, 16.02.2012 ý. № 276-IV, 28.01.2017 ý. № 494-V, 13.03.2021 ý. № 339-VI we 16.03.2023 ý. № 541-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň Prezidentiniň işiniň hukuk, ykdysady, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär, onuň işini üpjün etmek boýunça döwlet kepilliklerini belleýär, şeýle hem Türkmenistanyň öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegini bes eden Prezidentine kepillikleri üpjün edýär.
I bap. Türkmenistanyň Prezidentiniň hukuk derejesi
1-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti
1. Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr, Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň, hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň we çäk bitewüliginiň, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmegiň we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär.
2. Türkmenistanyň Prezidenti döwlet häkimiýetiniň ähli şahalarynyň ylalaşykly işlemegini we häkimiýet edaralarynyň halkyň öňündäki jogapkärçiligini üpjün edýär.
3. Türkmenistanyň Prezidenti eldegrilmesizlik hukugyna eýedir. Onuň at-abraýy we mertebesi kanun arkaly goralýar.
2-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň işiniň hukuk esasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň işiniň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kanunlary düzýär.
3-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilýär.
4-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň öz wezipesine girişmegi
1. Türkmenistanyň Prezidenti kasam kabul eden pursadyndan öz wezipesine girişýär.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy (inaugurasiýasy) Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, giň jemgyýetçilik köpçüliginiň, şeýle hem beýleki çagyrylan adamlaryň gatnaşmagynda geçirilýär.
3. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasynyň (inaugurasiýasynyň) geçirilýän güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan kesgitlenýär.
4. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy (inaugurasiýasy) şu aşakdaky tertipde geçirilýär:
1) Hormat garawulynyň esgerleri Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny dabaranyň (inaugurasiýanyň) geçirilýän ýerine getirýärler;
2) Türkmenistanyň Konstitusiýasy Döwlet baştutanynyň kasam kabul etjek münberine ýerleşdirilýär;
3) dabarany alyp baryjy Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň dabara gelenligini yglan edýär;
4) Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti dabaraly sazyň owazy astynda zalyň üsti bilen geçýär we bellenilen ýere galýar;
5) dabara gatnaşyjylar ör turup, Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini mübärekleýärler;
6) dabarany alyp baryjy Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna söz berýär we ol Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemini yglan edýär;
7) Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti ýörite enjamlaşdyrylan münbere barýar we sag elini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goýup, Watana we Türkmenistanyň halkyna wepaly boljaklygyna kasam edýär:
«Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek bilen:
- öz üstüme ýüklenen beýik borçlary mukaddes we ak ýürekli, hormat bilen we ýadawsyz ýerine ýetirmäge;
- Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny we bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goramaga;
- adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamaga hem-de goramaga;
- Türkmenistanyň Konstitusiýasyny berjaý etmäge we goramaga;
- ähli güýjümi we ukybymy türkmen halkynyň agzybirligine, onuň parahat durmuşyny goramak üçin bagyş etmäge;
- türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriň şöhratyny has-da belende götermekleri üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanmaga;
- türkmen halkyna wepaly we dogruçyl hyzmat etjekligime dabaraly kasam edýärin.»;
8) Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň welaýatlarynyň bäşisine hem-de Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular bilen bile Döwlet baştutanyna degişlilikde Türkmenistanyň Prezidentiniň şahadatnamasyny we Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny gowşurýarlar;
9) Türkmenistanyň Prezidentiniň öz wezipesine girişmeginiň şanyna Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilýär, Türkmenistanyň Prezidentiniň rezidensiýasynyň ýokarsynda bolsa Prezidentiň Tugunyň öwezligi galdyrylýar;
10) Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde dyzyny epýär we Watanyň mukaddes baýdagyny öpýär.
Ak ýola we hoşniýetli işlere pata bermegiň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň öňünde ak keçe ýazylýar, oňa türkmen saçagy, okly sagdak we mukaddes Gurhan eltilýär. Türkmenistanyň Prezidenti müdimi milli mukaddesliklere baş egýär;
11) Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň raýatlaryna gysgaça ýüzlenme bilen çykyş edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş başyndan aýrylýanlygyny kabul edýär.
5. Türkmenistanyň Prezidentligine gaýtadan saýlanylan halatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşany gowşurylmaýar, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmeginiň tertibiniň şu maddanyň dördünji böleginiň 10-njy bendiniň ikinji tesiminde göz öňünde tutulan dabaranyň bölegi bolsa geçirilmeýär.
6. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy (inaugurasiýasy) tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti zalyň üsti bilen geçýär we meýdança çykýar, ol ýerde ol Hormat garawulyndan dabaraly ýörişi kabul edýär.
7. Hormat garawulynyň serkerdesi Watana, halka we Türkmenistanyň Prezidentine wepaly gulluk etmäge taýýarlygy hakynda Döwlet baştutanyna raport berýär. Dabaraly marşyň we top okunyň sesiniň astynda Hormat garawulynyň harby gullukçylary batly ädimläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňünden geçýärler.
5-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň tapawutlandyryş nyşanlary
1. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguna we Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyna eýedir.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugunyň we Türkmenistanyň Prezidetiniň Tapawutlandyryjy nyşanynyň ýazgysy Türkmenistanyň kanunlary bilen kesgitlenilýär.
6-njy madda. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde bolmak bilen baglanyşykly çäklendirmeler
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty bolup bilmez.
7-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklary
1. Türkmenistanyň Prezidenti:
1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny durmuşa geçirýär;
2) daşary syýasatyň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk edýär, beýleki döwletler bilen gatnaşyklarda Türkmenistana wekilçilik edýär, gepleşikleri geçirýär we halkara şertnamalaryna gol çekýär, daşary ýurt döwletlerindäki, döwletara we halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň ilçilerini we beýleki diplomatik wekillerini belleýär we yzyna çagyrýar, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilleriniň ynanç we yzyna çagyrylyş hatlaryny kabul edýär;
3) Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyny düzýär;
4) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysydyr, Ýaragly Güýçleriň ählumumy ýa-da bölekleýin mobilizasiýasyny geçirmek, Ýaragly Güýçleri söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek we ulanmak hakynda buýruk berýär;
5) Türkmenistanyň harby doktrinasyny tassyklaýar;
6) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň ýokary serkerdeligini wezipelere belleýär we wezipelerden boşadýar;
7) Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşini düzýär we oňa baştutanlyk edýär;
8) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny tassyklaýar;
9) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hem-de tassyklamagyna hödürleýär;
10) kanunlara gol çekýär, ylalaşmadyk halatynda, gaýra goýmak weto hukugyny peýdalanyp, özüniň närazylyklary bilen kanuny iki hepdeden gijä goýman, Türkmenistanyň Mejlisine gaýtadan ara alyp maslahatlaşmak we sese goýmak üçin gaýtarmaga haklydyr. Eger, Türkmenistanyň Mejlisi deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen ozal kabul eden çözgüdini tassyklaýan bolsa, onda Türkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýany kabul etmek, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlar babatda gaýra goýmak weto hukugy ýokdur;
11) ýurtdaky ýagdaý, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada her ýylky ýüzlenmeler bilen Türkmenistanyň halkyna we Türkmenistanyň Mejlisine ýüzlenýär;
12) Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary döredýär, onuň düzümine üýtgetmeler girizýär;
13) sala salşyklary geçirmegiň senesini belleýär, Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatyny möhletinden öň çagyrmaga haklydyr;
14) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, oňa dikeltmek, raýatlykdan çykarmak we raýatlygy ýitirmek, şeýle hem gaçybatalga bermek hakynda meseleleri çözýär;
15) Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakýar;
16) Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;
17) Türkmenistanyň Mejlisine Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili — Adalatçyny saýlamak hakynda teklip girizýär;
18) rehim etmegi we günä geçmegi amala aşyrýar;
19) adatdan daşary we harby ýagdaýlaryň düzgünini girizýär;
20) Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda özüniň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 2-nji, 15-nji, 18-nji bentlerinde göz öňünde tutulan özüniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna berlip bilinýän ygtyýarlyklaryndan başga ygtyýarlyklaryny beýleki döwlet edaralaryna ýa-da wezipeli adamlara bermäge haky ýokdur.
II bap. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary
8-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary
1. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna laýyklykda Türkmenistanyň bütin çäginde hökmanylyk güýji bolan permanlary, kararlary we buýruklary çykarýar.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlary we kararlary - munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň esasynda we olary ýerine ýetirmek üçin umumydöwlet ähmiýetli möhüm meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan çykarylýan namalar.
3. Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugy – munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gündelik meseleleriň çözülmegi üçin çykarylýan namalar.
9-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak:
1) Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň düzüm birlikleri;
2) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti;
3) Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýän beýleki döwlet edaralary we wezipeli adamlar tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň taslamalaryny taýýarlamakda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertibiň berjaý edilişine Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany tarapyndan gözegçilik edilýär.
10-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny güýje girizmegiň we çap etmegiň tertibi
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň kadalaşdyryjy hukuk namalary, eger olary güýje girizmegiň başga möhleti göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda olar resmi taýdan çap edilen ýa-da başga usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilen gününden güýje girýär.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen resmi metbugat serişdelerinde çap edilýär.
3. Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syrlaryny ýa-da kanun arkaly goralýan başga syry özünde saklaýan namalary çap edilmäge degişli däldir. Şeýle namalaryň asyl nusgalarynda gizlinligiň resmi ýazgysy goýulýar we olar bellenilen tertipde olaryň hereketi degişli edilen edaralaryň, wezipeli adamlaryň we raýatlaryň dykgatyna ýetirilýär.
4. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan çykarylan namalary belgilemek onuň ygtyýarlyk möhletiniň çäklerinde alnyp barylýar. Namalaryň asyl nusgalary we olar üçin maglumatlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birliginde saklanylýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletler gutarandan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwine iberilýär.
11-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibi
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak görnüşi we hukuk taýdan güýji boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň şonuň ýaly namasyny kabul etmek arkaly amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň birmeňzeş hukuk güýjüne eýe bolan namalarynyň arasynda garşylyklar ýüze çykan mahalynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň has soňky möhletde güýje giren namasy ulanylýar.
III bap. Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet üpjünçiligi
12-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň we onuň maşgala agzalarynyň döwlet üpjünçiligi
1. Türkmenistanyň Prezidenti:
1) Türkmenistanyň paýtagtynda gulluk ýaşaýyş jaýy, şäher etegindäki rezidensiýasy we Türkmenistanyň her bir welaýat merkezindäki rezidensiýalary, paýtagtyň şäher eteginde döwlet daçasy;
2) ýörite maksatly awtomobil ulagy, ýörite enjamlaşdyrylan uçar, dikuçar we otlusy bilen, şeýle hem ýörite enjamlaşdyrylan ulag serişdeleriniň beýleki görnüşleri;
3) ýörite aragatnaşyk serişdeleri;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde aýlyk wezipe haky we her ýylky esasy rugsat;
5) lukmançylyk we şypahana-kurort hyzmaty;
6) şahsy kitaphanasynyň we arhiwiniň döredilmegi we saklanylmagy bilen üpjün edilýär.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň we onuň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş jaý we ulag hyzmaty Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugy, şeýle hem Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda üpjün edilýär.
3. Türkmenistanyň Prezidentini ýörite aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün etmek Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.
4. Türkmenistanyň Prezidentiniň we onuň maşgala agzalarynyň lukmançylyk we şypahana-kurort hyzmaty Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligi tarapyndan üpjün edilýär.
5. Türkmenistanyň Prezidentiniň we onuň maşgala agzalarynyň işi, hyzmaty we howpsuzlygy Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna üpjün edilýär.
6. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesinde bolan döwründe näsaglygy ýa-da aradan çykmagy boýunça onuň öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk mahalynda, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinden möhletinden öň boşadylan halatynda, onuň maşgala agzalarynyň döwlet üpjünçiligi şu Kanunyň 19-njy we 20-nji maddalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
13-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň goragy
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň goragy Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň üstüne ýüklenilýär.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň aýaly (äri) we Türkmenistanyň Prezidenti bilen bile ýaşaýan onuň beýleki maşgala agzalary hem goraga degişlidir.
14-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany döwlet edarasy bolup, onuň üstüne şu aşakdakylar ýüklenilýär:
1) Türkmenistanyň Prezidentiniň işini üpjün etmek;
2) Türkmenistanyň Prezidentine ýurtdaky işleriň ýagdaýy hakynda öz wagtynda we doly habar bermek;
3) Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek hem-de olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;
4) Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýän beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.
15-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky maslahat beriş-maslahatçy guramalar we edaralar
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň konstitusion ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak we onuň işini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda maslahat beriş-maslahatçy guramalar we edaralar döredilip bilner.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky maslahat beriş-maslahatçy guramalar we edaralar hakyndaky düzgünnamalar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
IV bap. Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň
bes edilmegi we geçmegi
16-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň bes edilmegi
Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklary şu ýagdaýlarda bes edilýär:
1) Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipä girişen pursadyndan;
2) Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilen tertipde näsaglygy sebäpli öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, ol möhletinden öň wezipesinden boşadylan ýagdaýynda;
3) Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny bozan halatynda. Bu ýagdaýda Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirip biler;
4) Eger Türkmenistanyň Prezidenti başga sebäplere görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese.
17-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň geçmegi
Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, Prezident saýlanylýança onuň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna geçýär. Şu halatda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary onuň ygtyýarlyklarynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna geçen gününden başlap, altmyş günden gijä goýulman geçirilmelidir.
V bap. Öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi bes eden
Türkmenistanyň Prezidentine we onuň maşgala agzalaryna
kepillikleriniň üpjün edilmegi
18-nji madda. Öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi bes eden Türkmenistanyň Prezidentiniň we onuň maşgala agzalarynyň eldegrilmesizligi
1. Öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi bes eden Türkmenistanyň Prezidenti (mundan beýläk - eks-prezident) eldegrilmesizlige eýedir. Eger-de işler boýunça önümçiligiň alnyp barlyşynda ýüze çykan etmişli hereketler eks-prezidentiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanşykly bolsa, eks-prezident Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetiren döwründe öz eden etmişleri üçin jenaýat we administratiw jogapkärçiligine çekilip, şeýle hem tutulyp saklanyp, tussag edilip, ýany dökülip, sorag edilip ýa-da şahsy gözden geçirilip bilinmez.
Eks-prezidentiň we onuň maşgala agzalarynyň eldegrilmesizligi olaryň eýeleýän ýaşaýyş we gulluk jaýlaryna, olaryň peýdalanýan ulag serişdelerine, aragatnaşyk serişdelerine, olara degişli resminamalara we goşlara, onuň alşan hatlaryna degişlidir.
2. Eks-prezident agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat edendiginiň fakty boýunça jenaýat işi gozgalan halatynda eldegrilmesizlikden mahrum edilip bilner.
Türkmenistanyň Baş prokurory görkezilen adam babatda onuň Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetiren döwründe eden agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty bilen baglanyşykly jenaýat işiniň gozgalmagyndan öň ony eldegrilmesizlikden mahrum etmek hakyndaky teklipnamany Türkmenistanyň Mejlisine iberýär.
Türkmenistanyň Mejlisi palatalary Türkmenistanyň Baş prokurorynyň teklipnamasyny hasaba almak bilen bir aý möhletde eks-prezidenti eldegrilmesizlikden mahrum etmek hakyndaky meselä garaýar, bu mesele boýunça karar kabul edýär we ol hakynda Türkmenistanyň Baş prokuroryna üç gün möhletde habar berýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň eks-prezidenti eldegrilmesizlikden mahrum etmäge razylyk bermekden ýüz döndermek hakyndaky karary degişli jenaýat işini önümçilikden aýyrýan ýagdaýdyr.
3. Eks-prezidenti eldegrilmesizlikden mahrum etmek hakyndaky meselä garalanda teklipnama çykarylan eks-prezident Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatyna gatnaşmaga haklydyr.
19-njy madda. Eks-prezidente we onuň maşgala agzalaryna döwletiň durmuş kepillikleri
1. Eks-prezident we onuň maşgala agzalary (aýaly (äri), ene-atasy we kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary) döwletiň şu aşakdaky durmuş kepillikleri bilen üpjün edilýär:
1) döwlet jaýy we daçasy bilen;
2) ýörite aragatnaşygyň we ulag hyzmatynyň berilmegini goşmak bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan ýerlerinde döwlet goragy bilen;
3) Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegini bes eden gününe çenli berlen lukmançylyk hyzmaty bilen;
4) hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy bilen;
5) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde we möçberlerde aýlyk zähmet haky bilen;
6) aeroportlaryň we aeromenzilleriň, demir ýol menzilleriniň we beketleriniň, deňiz menzilleriniň (portlarynyň) we derýa menzilleriniň resmi adamlary we wekiller toparlary üçin zallaryndan peýdalanmak;
7) hökümet derejesinde poçta we telegraf ýollamalaryny ibermek (bermek);
8) iş tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligi tarapyndan kesgitlenilýän kömekçiler bilen.
2. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, guramalaryň we edaralaryň eks-prezidente durmuş kepilliklerini üpjün etmek bilen baglanyşykly çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna tölenilýär.
20-nji madda. Aradan çykan eks-prezidentiň maşgala agzalaryna döwletiň durmuş kepillikleri
1. Eks-prezident aradan çykan mahalynda:
1) jaýlama we ýatlama dessurlaryny amal etmegi guramak Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň üstüne ýüklenilýär we Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar;
2) onuň maşgala agzalaryna Türkmenistanyň Durmuş üpjünçiligi hakyndaky kanunçylygy bilen onuň aradan çykan günündäki bellenilen ekleýjisini ýitirenligi boýunça döwlet pul kömeginiň iň az möçberiniň 20 essesine deň pul möçberinde her aýlyk pul kömegi bellenilýär. Görkezilen pul kömegine hukugy bolan maşgala agzalarynyň topary we ony tölemegiň möhletleri Durmuş üpjünçiligi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
2. Eks-prezident aradan çykandan soň şu maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinde görkezilen adamlara Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna döwlet daçasyndan, ýörite aragatnaşykdan, ulagdan, lukmançylyk hyzmatyndan ömürlik peýdalanmak hukugy berilýär.
VI bap. Jemleýji düzgünler
21-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şu Kanunyň güýje giren gününden başlap 2007-nji ýylyň 28-nji iýunynda kabul edilen "Türkmenistanyň Prezidenti hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 2, 52-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2011-nji ýylyň 21-nji maýy.
№ 192-IV.