TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Harby ýagdaý hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., 4, 86-njy madda)

 

(Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 127-VI, 14.03.2020 ý. № 234-VI, 05.06.2021 ý.

№ 386-VI we 16.03.2023 ý. № 541-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde harby ýagdaýyň hukuk esaslaryny, ony girizmegiň we ýatyrmagyň tertibini belleýär, harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça çäreleri kesgitleýär.

 

I BAP.UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Harby ýagdaý

 

Harby ýagdaý – Türkmenistana harby wehim abanýan, onuň içerki işlerine harby taýdan gatyşylýan ýa-da oňa garşy ýaragly agressiýa amala aşyrylan ýa-da onuň gös-göni howp salýan halatynda döwleti goramak, jemgyýetçilik tertibini we milli howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň bütin çäginde ýa-da onuň aýry-aýry ýerlerinde şu Kanuna laýyklykda wagtlaýyn girizilýän, döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hem-de guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslaryň (mundan beýläk – ýuridik şahslar) we olaryň wezipeli adamlarynyň işiniň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegini, olara goşmaça borçlaryň ýüklenilmegini göz öňünde tutýan aýratyn hukuk düzgünidir.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

2-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy adalgalar

 

Şu Kanunda şu esasy adalgalar ulanylýar:

1) harby wehim – başga döwlet (döwletler) ýa-da onuň çäginde ýerleşen ekstremistik, separatistik, dini ýa-da beýleki hereketler, guramalar tarapyndan Türkmenistanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna, çäk bitewiligine we konstitusion gurluşyna garşy ýaragly güýji hakykatda ulanmagyň niýet edilýändigini görkezýän hereketler;

2) harby gatyşma – ýarag ulanmak arkaly döwletiň (halkyň) içerki işlerine, ýagny Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewiligini, konstitusion gurluşyny we milli bähbitlerini bozýan ýa-da olara äşgär wehim salýan gös-göni ýa-da gytaklaýyn gatyşylmagy;

3) ýaragly agressiýa – Türkmenistanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna, çäk bitewiligine, konstitusion gurluşyna we milli bähbitlerine garşy başga döwlet (döwletler) tarapyndan ýaragly güýç ulanylmagy ýa-da Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy bilen bir ýere sygyşmaýan başga bir usulda täsir edilmegi;

4) komendant sagady – harby ýagdaýyň düzgüni döwründe girizilýän gije-gündiziň bellenen wagtynda köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde ýörite berlen rugsatnamasyz we şahsyýeti tassyklaýan resminamasyz raýatlaryň bolmagyny gadagan edýän wagtlaýyn çäre;

5) anneksiýa –bir döwletiň çägine başga döwletiň çäginiň zorluk bilen birikdirilmegi;

6) internirleme – harby ýagdaý girizilen döwründe Türkmenistana garşy uruş hereketlerini alyp barýan daşary ýurt döwletiniň Türkmenistanyň çäginde bolan raýatlarynyň belli çäge mejbury ýerleşdirilmegi we olara ol çäkden çykmagyň gadagan edilmegi;

7) rekwizisiýa – goranmagyň zerurlyklaryna ulanmak üçin emlägi mejbury muzdly almak.

 

3-nji madda. Harby ýagdaýyň hukuk esaslary

 

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we olaryň esasynda kabul edilen Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary harby ýagdaýyň hukuk esaslary bolup durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa‚ onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

4-nji madda. Harby ýagdaýy girizmegiň maksady

 

Türkmenistana abanýan harby wehimi, onuň içerki işlerine harby gatyşmagy ýa-da oňa garşy ýaragly agressiýany serpikdirmek ýa-da olaryň öňüni almak üçin zerur şertleri döretmek harby ýagdaýy girizmegiň maksady bolup durýar.

 

5-nji madda. Harby ýagdaýy girizmeg esaslary

 

1. Türkmenistana abanýan harby wehim, onuň içerki işlerine harby gatyşylmagy ýa-da oňa garşy ýaragly agressiýa edilmegi Türkmenistanyň bütin çäginde ýa-da onuň aýry-aýry ýerlerinde harby ýagdaýy girizmek üçin esas bolýar.

2. Şu hereketler harby wehim hasap edilýär:

1) başga döwlet (döwletler) tarapyndan Türkmenistana urşuň yglan edilmegi;

2) Türkmenistanyň çäk bütewiliginiň bozulmagy;

3) Türkmenistana garşy gönükdirilen ýaragly çaknyşyklaryň ojaklarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet serhedine gönüden-göni golaý ýerlerde ýerli uruşlaryň we ýaragly çaknyşyklaryň ojaklarynyň döremegi;

4) Türkmenistanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna, çäk bütewiligine we konstitusion gurluşyna garşy ýaragly güýjüň ulanylmagynyň maksat edinilýändigini görkezýän Türkmenistanyň Döwlet serhediniň uzaboýuna başga döwletiň (döwletleriň) ýaragly güýçleriniň toplanmagy;

5) Türkmenistana ýaragly agressiýa etmek maksady bilen başga döwletde (döwletlerde) mobilizasiýanyň geçirilmegi;

6) başga döwletiň (döwletleriň) çäginde Türkmenistanyň çägine geçirmek üçin niýetlenen ýaragly toparlaryň döredilmegi, enjamlaşdyrylmagy we taýýarlanmagy;

7) ýaragly agressiýa meýillerini aklamak maksady bilen başga döwlet (döwletler) tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, maglumat beriş ulgamlarynda, şol sanda internet ulgamynda Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylaryny syýasy taýdan ynamdan gaçyrmaga gönükdirilen maglumatlaýyn täsir ediş işleriniň geçirilmegi;

8) Türkmenistana garşy gönükdirilen we onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna, çäk bütewiligine we konstitusion gurluşyna wehim salýan halkara terrorçylyk işiniň güýçlendirilmegi;

9) resmi beýannamany we güýjüň mazamlanmagyny goşmak bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy bozulyp, başga döwlet (döwletler), onuň çäginde ýerleşen ekstremistik, separatistik, dini we beýleki hereketler, guramalar tarapyndan Türkmenistana garşy ýaragly agressiýa taýýarlygyny anyk görkezýän beýleki hereketleriň amala aşyrylmagy.

3. Şu hereketler ýaragly agressiýa hasap edilýär:

1) başga döwletiň (döwletleriň) ýaragly güýçleriniň Türkmenistanyň çägine çozup girmegi ýa-da çozmagy ýa-da nähili wagtlaýyn häsiýete eýeligine garamazdan Türkmenistanyň çäginiň harby taýdan islendik görnüşde basylyp alynmagy, ýaragly güýçleri ulanmak bilen şeýle çozup girmegiň ýa-da ýaragly agressiýanyň netijesi bolan Türkmenistanyň çäginiň ýa-da onuň aýry-aýry böleginiň islendik görnüşde anneksiýa edilmegi;

2) başga döwletiň (döwletleriň) ýaragly güýçleri tarapyndan Türkmenistanyň çäginiň oka tutulmagy ýa-da başga döwlet (döwletler) tarapyndan Türkmenistanyň garşysyna islendik görnüşli ýaragyň ulanylmagy;

3) başga döwletiň (döwletleriň) ýaragly güýçleri tarapyndan Türkmenistanyň portlarynyň ýa-da kenar ýakalarynyň gabalmagy;

4) başga döwletiň (döwletleriň) ýaragly güýçleriniň Türkmenistanyň çägi boýunça raketa-awiasiýa urgylary amala aşyrmagy;

5) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine, beýleki goşunlaryna we goşun düzümlerine başga döwletiň (döwletleriň) ýaragly täsiriniň ýetirilmegi;

6) Türkmenistana çozmagy amala aşyrmak üçin öz çägini üçünji döwletiň (döwletleriň) peýdalanmagyna mümkinçilik berýän beýleki döwletiň (döwletleriň) hereketleri;

7) şu maddanyň şu böleginde görkezilenler bilen deň güýji bolan Türkmenistana garşy ýaragly güýç ulanmagy amala aşyrýan ýaragly toparlaryň, hereket edýän güýçleriň, hakyna tutulanlaryň ýa-da hereket edýän goşun bölümleriniň başga döwlet tarapyndan ýa-da başga döwletiň adyndan ugradylmagy;

8) ýaýlymda başga döwlet tarapyndan maglumat beriş urşunyň başlanmagy we güýçlendirilip alnyp barylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün edýän elektron ulgamlaryna şikes ýetirmek, olary hatardan çykarmak maksady bilen radio ulgamlarda, radiolokasion meýdanynda radioelektron göreşiniň başlanmagy.

 

II BAP. HARBY ÝAGDAÝY GIRIZMEGIŇ WE ÝATYRMAGYŇ TERTIBI

 

6-njy madda. Harby ýagdaýy girizmek

 

Türkmenistanyň bütin çäginde ýa-da onuň aýry-aýry ýerlerinde harby ýagdaý Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen girizilýär.

 

7-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň harby ýagdaýy girizmek hakynda Permanynyň mazmuny

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň harby ýagdaýy girizmek hakynda Permanynda şular görkezilmelidir:

1) harby ýagdaýyň girizilmeginiň esasy we sebäbi;

2) harby ýagdaý girizilýän ýerleriň çäkleri;

3) harby ýagdaýyň düzgünini üpjün edýän çäreleriň sanawy;

4) harby ýagdaýyň düzgünini üpjün edýän güýçler we serişdeler;

5) harby ýagdaýyň başlanýan wagty we senesi.

 

8-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň harby ýagdaýy girizmek hakynda Permanynyň güýje girmegi we yglan edilmegi

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň harby ýagdaýy girizmek hakynda Permany kabul edilen pursadyndan güýje girýär we gaýra goýulmasyz resmi taýdan çap edilmäge, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly yglan edilmäge degişlidir.

 

9-njy madda. Harby ýagdaýyň ýatyrylmagy

 

1. Harby ýagdaýy girizmek üçin esas bolan ýagdaýlar aradan aýrylandan soň, Türkmenistanyň bütin çäginde ýa-da onuň aýry-aýry ýerlerinde şu Kanuna laýyklykda girizilen harby ýagdaý Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýatyrylýar we bu barada harby ýagdaýy girizmek hakynda habarberlişi ýaly tertipde Türkmenistanyň ilatyna habar berilýär.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, harby ýagdaýyň ýatyrylan pursadyndan harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek üçin kabul edilen Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary ýatyrylmaga degişlidir.

3. Harby ýagdaýyň ýatyrylan pursadyndan degişli döwlet edaralary we harby dolandyryş edaralary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilen tertipde harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek çygrynda ygtyýarlyklary amala aşyrmagyny bes edýärler.

 

III BAP. HARBY ÝAGDAÝYŇ DÜZGÜNI WE ONY ÜPJÜN ETMEGIŇ TERTIBI

 

10-njy madda. Harby ýagdaýyň düzgüni

 

Harby ýagdaýyň düzgüni şu Kanun bilen kesgitlenýär we Türkmenistana abanýan harby wehimi, onuň içerki işlerine harby gatyşmagy ýa-da oňa garşy göni ýa-da gytaklaýyn ýaragly agressiýany serpikdirmek ýa-da olaryň öňüni almak üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen syýasy, ykdysady, administratiw, harby we beýleki çäreler toplumyny öz içine alýar.

 

11-nji madda. Harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek

 

1. Harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda berlen ygtyýarlyklara laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi, degişli döwlet häkimiýet edaralary, harby dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar, guramalar we raýatlar şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň we wezipeli adamlaryň harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklaryny amal etmeklerine hemmetaraplaýyn ýardam edýärler we olaryň kanuny talaplaryny ýerine ýetirýärler.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

12-nji madda. Harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça çäreler

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň harby ýagdaýy girizmek hakynda Permanyna laýyklykda harby ýagdaý hereket edýän döwründe şu çäreler ulanylýar:

1) jemgyýetçilik tertibiniň, şonuň ýaly-da döwletiň aýratyn goragyna degişli desgalaryň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we ulaglaryň hereketini hem-de aragatnaşyk ulgamynyň işlemegini üpjün edýän desgalaryň, adamyň janyna we saglygyna, şeýle hem daşky gurşawa ýokary howply desgalaryň goragyny güýçlendirmek;

2) şu maddanyň 1-nji bendinde görkezilen desgalaryň aýratyn iş düzgünini bellemek;

3) azyk harytlaryny we ilkinji zerur zatlary satmagyň, satyn almagyň we paýlamagyň aýratyn tertibini bellemek;

4) maliýe-ykdysady işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga, şol sanda harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe serişdeleriniň dolanyşygyna çäklendirmeleri girizmek;

5) döwlet we mobilizasion maddy ätiýaçlyklarynyň maddy gymmatlyklaryny ulanmak, ýuridik şahslaryň serişdelerini harby ýagdaýyň bähbitlerine çekmek, olaryň iş düzgünini üýtgetmek, ugruny harby ýagdaý şertlerinde zerur bolan önümleri öndürmäge we zerur bolan önümçilik-hojalyk işiniň beýleki üýtgetmelerine gönükdirmek;

6) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini döwlet ätiýaçlygynyň we ýerlerdäki gorlaryň hasabyna maddy we beýleki serişdeler bilen goşmaça üpjün etmek;

7) degişli döwlet edaralarynda, harby dolandyryş edaralarynda we beýleki kärhanalarda, edaralarda we guramalarda döwlet syrlaryny goramagyň güýçlendirilmegine gönükdirilen goşmaça çäreleri görmek;

8) deslapdan senzurany girizmek ýoly bilen amala aşyrmagyň şertlerini we tertibini görkezmek arkaly metbugatyň hem-de beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkinligini çäklendirmek, şeýle hem metbugat önümlerini, radiohabarberijileri, ses gataldyjy tehniki serişdeleri, köpeldiji tehnikalary wagtlaýyn almak ýa-da gozgamasyz etmek, žurnalistleri akkreditasiýa etmegiň aýratyn tertibini bellemek;

9) poçta ugratmalaryna we hat-habarlaryna harby senzurany, telefon gepleşiklerine gözegçiligi girizmek, görkezilen meseleler bilen gönüden-göni meşgullanýan senzura edaralaryny döretmek,

10) aragatnaşygyň, ulagyň, çaphanalaryň, hasaplaşyk merkezleriniň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, söwda, jemgyýetçilik iýmiti, durmuş hyzmatlary, azyk senagaty kärhanalarynyň işine gözegçiligi girizmek we olaryň işini goranmagyň zerurlyklaryna ulanmak;

11) hojalyk, durmuş we medeni maksatly desgalaryň ýok edilmegine ýa-da zaýalanmagyna hakyky howp bar bolsa, olary howpsuz ýerlere göçürmek;

12) ýaşamak üçin wagtlaýyn ýaşaýyş otaglaryny hökmany bermek bilen raýatlary howpsuz ýerlere wagtlaýyn göçürmek;

13) Türkmenistanyň çäginde hereket etmäge çäklendirmeleri bellemek, şeýle hem Türkmenistana gelmegiň we ondan gitmegiň aýratyn düzgünini, şol sanda daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmegine we onda bolmagyna çäklendirmeleri girizmek;

14) syýasy partiýalaryň, beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň, şol sanda daşary ýurt we halkara guramalarynyň işini çäklendirmek ýa-da togtatmak;

15) aýry-aýry döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň ygtyýarlyklaryny doly ýa-da bölekleýin togtatmak;

16) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde raýatlary goranyş häsiýetli işleri ýerine ýetirmäge, ýarag ulanmagyň zyýanly netijelerini ýok etmäge, zyýan ýetirilen (ýok edilen) desgalary, durmuş-ýaşaýyş ulgamyny we harby desgalary dikeltmäge, şeýle hem ýangyna, epidemiýalara we epizootiýalara garşy göreşe çekmek;

17) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde raýatlardan hem-de ýuridik şahslardan ulag serişdelerini we goranmagyň zerurlyklaryna gerek bolan beýleki emläkleri rekwizisiýa etmek;

18) raýatlaryň ýaşajak ýerini ýa-da boljak ýerini saýlamagy çäklendirmek ýa-da gadagan etmek;

19) ulag serişdeleriniň hereketini çäklendirmek we olary gözden geçirmek, zerurhalatlarynda bolsa – olary tutup saklamak we eltmek;

20) komendant sagadyny girizmek;

21) raýatlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny barlamak, olary şahsy gözden geçirmek, olaryň goşlaryny, ýaşaýyş we beýleki jaýlaryny we ulag serişdelerini gözden geçirmek;

22) harby ýagdaýyň düzgünini bozan raýatlary üç gije-gündizden köp bolmadyk möhlete tutup saklamak;

23) ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmegi çäklendirmek ýa-da gadagan etmek;

24) raýat ýaraglaryny, ok-därileri, partlaýjy maddalary, ýörite serişdeleri, zäherli maddalary we alkogolly önümleri satmagy çäklendirmek ýa-da gadagan etmek, düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, güýçli täsir ediji maddalar bolan derman serişdeleriniň we önümleriň, etil spirtiniň we düzüminde spirt bolan önümleriň dolanyşygynyň aýratyn düzgünini bellemek. Aýratyn ýagdaýlarda, dörän ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen, fiziki şahslardan ýaraglary we ok-därileri, zäherli maddalary almak, ýuridik şahslardan bolsa–ýaraglar, ok-däriler we zäherli maddalar bilen bir hatarda söweşjeň we okuw harby tehnikalaryny, partlaýjy, radioaktiw we howply maddalary wagtlaýyn almak;

25) höwesjeň radiostansiýalaryň, erkin ulanylýan zolakda işleýän, umumy ulgamdan peýdalanýan gorly we müşderler radiostansiýalarynyň işini gadagan etmek, zerurhalatlarda bolsa – olary almak;

26) Türkmenistanyň howa giňişligini daşary ýurt howa gämileri tarapyndan peýdanylmagyn çäklendirmelerini, şeýle hem Türkmenistanyň çäk deňzinde deňiz akwatoriýalarynyň ulanylmagy bilen bagly çäklendirmeleri girizmek;

27) Türkmenistana garşy uruş hereketlerini alyp barýan ýurduň raýatlaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda internirlemek.

 

13-nji madda. Harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini çekmek

 

1. Harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilen tertipde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri, beýleki goşunlary we goşun düzümleri çekilip bilner.

2. Harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmegiň meselelerini çözmäge Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini çekmek hakynda çözgüt Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilýär we harby dolandyryş edaralarynyň dykgatyna ýetirilýär.

3. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri, beýleki goşunlary we goşun düzümleri:

1) jemgyýetçilik tertibini, döwletiň aýratyn goragyna degişli döwlet desgalary, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we ulaglaryň hereketini hem-de aragatnaşyk ulgamynyň işlemegini üpjün edýän desgalary, adamyň janyna we saglygyna, şeýle hem daşky gurşawa ýokary howply desgalary goraýar;

2) Türkmenistanyň çäginde hereket etmäge bellenilen çäklendirmeleriň, şeýle hem Türkmenistana gelmegiň we ondan gitmegiň girizilen aýratyn düzgüniniň, şol sanda daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmegine we onda bolmagyna bellenilen çäklendirmeleriň berjaý edilişini üpjün edýär;

3) ilaty halas etmäge we göçürmäge, heläkçilik-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işlere hem-de ýangyna, epidemiýalara we epizootiýalara garşy göreşe gatnaşýar;

4) ulag serişdeleriň hereketiniň çäklendirilmegini, olaryň gözden geçirilmegini amala aşyrýar, zerur halatynda bolsa – olary tutup saklaýar we eltýär;

5) komendant sagadynyň çärelerini, şeýle hem raýatlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň barlagyny, şahsy gözden geçirişini, olaryň goşlaryny, ýaşaýyş we beýleki jaýlaryny we ulag serişdelerini gözden geçirmegi amala aşyrýar;

6) harby ýagdaýyň düzgünini bozan raýatlary üç gije-gündizden köp bolmadyk möhlete tutup saklaýar;

7) harby dolandyryş edaralarynda döwlet syrlarynyň goragynyň güýçlendirilmegine gönükdirilen goşmaça çäreleriň girizilmegini üpjün edýär;

8) poçta ugratmalaryna we hat-habarlaryna harby senzurany, telefon gepleşiklerine gözegçiligi amala aşyrýar;

9) bikanun ýaragly birikmeleriň, terrorçylykly we ýykgynçylykly işiň öňüni alýar, Türkmenistana garşy ýaragly agressiýany amala aşyran ýurduň ýaragly birikmelerini ýaragsyzlandyrmak (hereketsizlendirmek) we Türkmenistanyň çäginden kowup çykarmak boýunça operasiýalary we söweş hereketlerini geçirýär;

10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça beýleki çärelere gatnaşýar.

4. Türkmenistanyň howa giňişligini daşary ýurt howa gämileri tarapyndan peýdanylmagyn çäklendirmeleri, şeýle hem Türkmenistanyň çäk deňzinde deňiz akwatoriýalarynyň ulanylmagy bilen bagly çäklendirmeler bellenilen tertipde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri, beýleki goşunlary we goşun düzümleri tarapyndan üpjün edilýär.

 

14-nji madda. Harby hereketleriň alnyp barylýan çäginde harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek

 

1. Harby hereketleriň alnyp barylýan çäginde şu Kanunyň 12-nji maddasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ulanylyşy Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda harby dolandyryş edaralaryň üstüne ýüklenip bilner.

2. Görkezilen çägiň serhetleri we şu Kanunyň 12-nji maddasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ulanylyşy boýunça harby dolandyryş edaralaryň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenýär.

3. Harby hereketleriň alnyp barylýan çäginde harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça çäreler durmuşa geçirilende harby dolandyryş edaralary jogapkärçilik çäklerinde ähli ýuridik şahslar we raýatlar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan buýruklary çykarýarlar.

 

IV BAP. HARBY ÝAGDAÝYŇ DÜZGÜNINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ, TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ, DÖWLET WE HARBY DOLANDYRYŞ EDARALARYNYŇ YGTYÝARLYKLARY

 

15-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Prezidenti harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça işleri guraýar, olara gözegçilik edýär hem-de ýolbaşçylygy amala aşyrýar, şeýle hem:

1) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň üsti bilen döwletiň harby guramasyny strategik taýdan dolandyrmagy amala aşyrýar;

2) harby döwrüň harby dolandyryşyň döwlet edaralaryny düzýär we olaryň Türkmenistany ýaragly goramak we harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek barada wezipelerini kesgitleýär;

3) ählumumy ýa-da bölekleýin mobilizasiýany yglan edýär;

4) Türkmenistany ýaragly goramagyň, harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmegiň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň harby hereketleri alyp barmagynyň meseleleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

5) döwlet edaralarynyň we harby dolandyryş edaralarynyň özara gatnaşyklarynyň ylalaşykly hereketini üpjün edýär;

6) ýerli goranyş geňeşlerini döredýär;

7) degişli döwlet edaralary, harby dolandyryş edaralary we ýerli goranyş geňeşleri tarapyndan harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça ulanylýan çäreleri hem-de görkezilen edaralaryň bu çäreleri ulanmak boýunça ygtyýarlyklaryny şu Kanuna laýyklykda kesgitleýär;

8) döwletiň aýratyn goragyna degişli döwlet desgalarynyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we ulaglaryň hereketini hem-de aragatnaşyk ulgamynyň işlemegini üpjün edýän desgalaryň, adamyň janyna we saglygyna, şeýle hem daşky gurşawa ýokary howply desgalaryň aýratyn iş düzgünini girizýär;

9) maliýe-ykdysady işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga, şol sanda harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe serişdeleriniň dolanyşygyna çäklendirmeleri girizýär;

10) Türkmenistanyň çäginde hereket etmäge çäklendirmeleri belleýär, şeýle hem Türkmenistana gelmegiň we ondan gitmegiň aýratyn düzgünini, şol sanda daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmegine we onda bolmagyna çäklendirmeleri girizýär;

11) syýasy partiýalaryň, beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň, şol sanda daşary ýurt we halkara guramalarynyň işini çäklendirýär ýa-da togtadýar;

12) aýry-aýry döwlet edaralaryň we wezipeli adamlaryň ygtyýarlyklaryny doly ýa-da bölekleýin togtadýar;

13) ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmäge çäklendirmeleri girizýär ýa-da olary gadagan edýär;

14) komendant sagadyny girizýär;

15) aragatnaşygyň, ulagyň, çaphanalaryň, hasaplaşyk merkezleriniň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň, köpçülikleýin habarberiş serişdeleriniň, söwda, jemgyýetçilik iýmiti, durmuş hyzmatlary, azyk senagaty kärhanalarynyň işinewe olaryň işini goranmagyň zerurlyklaryna ulanylyşyna gözegçiligi girizýär we olara gözegçilik etmegiň ýörite tertibini belleýär;

16) höwesjeň radiostansiýalaryň, erkin ulanylýan zolakda işleýän, umumy ulgamdan peýdalanýan gorly we müşderler radiostansiýalarynyň işini gadagan edýär, zerur halatlarda olary almagyň tertibini belleýär;

17) Türkmenistana garşy uruş hereketlerini alyp barýan ýurduň raýatlaryny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda internirlemek hakynda çözgüt kabul edýär;

18) deslapky senzurany girizmek ýoly bilen amala aşyrmagyň şertlerini we tertibini görkezmek arkaly metbugatyň hem-de beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkinligine çäklendirmeleri girizýär.

 

16-njy madda. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklary

 

Harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi ygtyýarlyklarynyň çäginde:

1) Türkmenistanyň Prezidentine harby ýagdaýyň düzgünini girizmek ýa-da ýatyrmak meseleleri boýunça teklipleri berýär;

2) Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistana abanýan harby wehimi, onuň içerki işlerine harby gatyşmagy ýa-da oňa garşy ýaragly agressiýany serpikdirmek ýa-da olaryň öňüni almak üçin döwlet edaralaryna, harby dolandyryş edaralaryna we ýerli goranyş geňeşlerine ygtyýarlyklaryň berilmegi, harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini ulanmagyň tertibi, raýatlaryň we ýuridik şahslaryň üstüne harby ýagdaýyň düzgüniň üpjün edilmegi boýunça borçlaryň ýüklenmegi, harby ýagdaýyň hereket edýän döwrüne hereket edýän harby dolandyryş edaralaryny gaýtadan gurmak ýa-da täze harby dolandyryş edaralaryny döretmek, olaryň ygtyýarlyklary hakynda teklipleri berýär;

3) harby ýagdaý döwründe döwletiň harby guramasynyň durnukly işlemegini guraýar;

4) Türkmenistanyň ykdysadyýetini harby döwrüň şertlerinde işlemäge geçirmegi utgaşdyrýar;

5) şu meseleler boýunça ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň işini utgaşdyrýar:

a) harby ýagdaýy girizmek we ýatyrmak boýunça kabul edilýän permanlary taýýarlamak we durmuşa geçirmek;

b) Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramagyň, serhetde döwletiň bähbitlerini goramagyň toplumlaýyn maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, olary guramaçylyk, hukuk we ykdysady taýdan üpjün etmegiň meseleleri barada maksatnamalary durmuşa geçirmek;

ç) mobilizasiýa, ýerlerde raýat goranyşyny, adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda desgalary we ilaty goramagy üpjün etmek;

6) degişli döwlet edaralarynyň, harby dolandyryş edaralarynyň, şeýle hemýerli goranyş geňeşleriň ýolbaşçylaryny harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek meseleleri boýunça diňleýär;

7) harby ýagdaý döwründe adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça çözgütleriň taslamalaryny taýýarlaýar;

8) Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda beýleki döwletler bilen howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy guraýar;

9) harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

17-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ygtyýarlyklarynyň çäginde harby ýagdaýyň girizilmegi we ýatyrylmagy bilen baglanyşykly Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar, harby ýagdaýyň düzgüniniň üpjün edilmegi, görkezilen döwürde döwletiň ykdysadyýetiniň hereket etmegi üçin jogapkärçilik çekýär.

2. Harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ygtyýarlyklarynyň çäginde:

1) döwlet edaralarynyň we beýleki kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işine ýolbaşçylyk edýär;

2) bellenilen tertipde ykdysadyýeti harby döwrüň şertlerinde işlemäge geçirmegi guraýar;

3) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmalaryna laýyklykda ýaraglary we harby tehnikany satyn almagy we olar bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini enjamlaşdyrmagy, olaryň maddy serişdeler, gorlar we hyzmatlar bilen üpjün edilmegini guraýar;

4) ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çäklerinde mobilizasion meýilnamalaryň we tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we goşun düzümleriniň zerurlyklarynyň üpjün edilmegini guraýar;

5) harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça çäreleriň maliýeleşdirilmegini guraýar;

6) Türkmenistanyň goranyşyny üpjün etmek maksady bilen tabşyryklary (buýurmalary) ýerine ýetirmek üçin şertnamalary baglaşmak tertibini, şeýle hem öň baglaşylan şertnamalaryň hereketlerini ýatyrmak tertibini kesgitleýär;

7) harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe döwletiň zerurlyklaryny maddy-enjamlaýyn, zähmet we beýleki gorlar bilen üpjün etmek işini guraýar;

8) maliýe-ykdysady işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga, şol sanda harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe serişdeleriniň dolanyşygyna çäklendirmeleriň berjaý edilmegini üpjün edýär;

9) ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we ulaglaryň hereketini hem-de aragatnaşyk ulgamynyň işlemegini üpjün edýän desgalaryň, adamyň janyna we saglygyna, şeýle hem daşky gurşawa ýokary howply desgalaryň aýratyn iş düzgünini guraýar;

10) döwlet we mobilizasion maddy ätiýaçlyklarynyň maddy gymmatlyklaryny ulanmak barada çözgüt kabul edýär, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň serişdelerini harby ýagdaýyň bähbitlerine çekýär, olaryň iş düzgünini üýtgedýär, ugruny harby ýagdaý şertlerinde zerur bolan önümleri öndürmäge we zerur bolan önümçilik-hojalyk işiniň beýleki üýtgetmelerine gönükdirýär;

11) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini döwlet ätiýaçlygynyň we ýerlerdäki gorlaryň hasabyna maddy we beýleki serişdeler bilen goşmaça üpjün edýär;

12) hojalyk, durmuş we medeni maksatly desgalaryň ýok edilmegine ýa-da zaýalanmagyna hakyky howp bar bolsa, olaryň howpsuz ýerlere göçürilmegini guraýar;

13) ýaşamak üçin wagtlaýyn ýaşaýyş otaglaryny hökmany bermek bilen raýatlaryň howpsuz ýerlere wagtlaýyn göçürilmegini guraýar;

14) syýasy partiýalaryň, beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň, şol sanda daşary ýurt we halkara guramalaryň işini çäklendirmek ýa-da togtatmak boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegini guraýar;

15) raýatlaryň goranyş häsiýetli işleri ýerine ýetirmäge, ýarag ulanmagyň zyýanly netijelerini ýok etmäge, zyýan ýetirilen (ýok edilen) desgalary, durmuş-ýaşaýyş ulgamyny we harby desgalary dikeltmäge, şeýle hem ýangyna, epidemiýalara we epizootiýalara garşy göreşe çekmegiň tertibini kesgitleýär;

16) raýatlardan hem-de ýuridik şahslardan ulag serişdelerini we goranmagyň zerurlyklaryna gerek bolan beýleki emläkleri rekwizisiýa etmegiň tertibini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda belleýär;

17) raýat ýaraglaryny, ok-därileri, partlaýjy maddalary, ýörite serişdeleri, zäherli maddalary we alkogolly önümleri satmagy çäklendirýär ýa-da gadagan edýär, düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, güýçli täsir ediji maddalar bolan derman serişdeleriniň we önümleriň, etil spirtiniň we düzüminde spirt bolan önümleriň dolanyşygynyň aýratyn düzgünini bellemegi, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde fiziki şahslardan ýaraglary we ok-därileri, zäherli maddalary almagy, ýuridik şahslardan bolsa - ýaraglar, ok-däriler we zäherli maddalar bilen bir hatarda söweşjeň we okuw harby tehnikalary, partlaýjy, radioaktiw we howply maddalary wagtlaýyn almagy guraýar;

18) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini maddy we beýleki serişdeler bilen ýerlerdäki gorlaryň hasabyna goşmaça üpjün edilmegini guraýar;

19) aragatnaşygyň, ulagyň, çaphanalaryň, hasaplaşyk merkezleriniň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, söwda, jemgyýetçilik iýmiti, durmuş hyzmatlary, azyk senagaty kärhanalarynyň işine we olaryň işini goranmagyň zerurlyklaryna ulanylyşyna gözegçiligi guraýar.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

18-nji madda. Döwlet häkimiýet edaralarynyň harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklary

 

Döwlet häkimiýet edaralary harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklarynyň çäginde:

1) maliýe-ykdysady işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmagyň, şol sanda harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe serişdeleriniň dolanyşygynyň çäklendirmeleri bilen bagly çäreleri ýerine ýetirýär;

2) syýasy partiýalaryň, beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň, şol sanda daşary ýurt we halkaraguramalaryň işini çäklendirmek ýa-da togtatmak bilen bagly çäreleri amala aşyrýar;

3) raýatlaryň ýaşajak ýerini ýa-da boljak ýerini saýlamagy çäklendirmegi ýa-da gadagan etmegi belleýär;

4) raýat ýaraglaryny, ok-därileri, partlaýjy maddalary, ýörite serişdeleri, zäherli maddalary we alkogolly önümleri satmagy çäklendirýär ýa-da gadagan edýär, düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, güýçli täsir ediji maddalary bolan derman serişdeleriniň we önümleriň, etil spirtiniň we düzüminde spirt bolan önümleriň dolanyşygynyň aýratyn düzgünini belleýär. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde fiziki şahslardan ýaraglary we ok-därileri, zäherli maddalary almak, ýuridik şahslardan bolsa - ýaraglary, ok-därileri, söweşjeň we okuw-harby tehnikalary, partlaýjy, zäherli, radioaktiw we howply maddalary wagtlaýyn almak barada karar kabul edýär we ony ýerine ýetirýär;

5) azyk harytlary bilen üpjün etmegi (şol sanda ölçegli üpjün etmegi) we ilatyň lukmançylyk hyzmatlaryny guraýar, şeýle hem azyk harytlaryny we ilkinji zerur zatlary satmagyň, satyn almagyň we paýlamagyň aýratyn tertibini belleýär;

6) aragatnaşygyň, ulagyň, çaphanalaryň, hasaplaşyk merkezleriniň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, söwda, jemgyýetçilik iýmiti, durmuş hyzmatlary, azyk senagaty kärhanalarynyň işine gözegçilik edýär we olaryň işini goranmagyň zerurlyklaryna ulanýar, žurnalistleri akkreditasiýa etmegiň aýratyn tertibini belleýär;

7) höwesjeň radiostansiýalaryň, erkin ulanylýan zolakda işleýän, umumy ulgamdan peýdalanýan gorly we müşderler radiostansiýalarynyň işini gadagan etmek boýunça çäreleri, zerurhalatlarda bolsa – olary almagy amala aşyrýar;

8) Türkmenistana garşy uruş hereketlerini alyp barýan ýurduň raýatlaryny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda internirlemegi üpjün edýär;

9) döwlet edaralarynda, harby dolandyryş edaralarynda we beýleki kärhanalarda, edaralarda we guramalarda döwlet syrlaryny goramagyň güýçlendirilmegine gönükdirilen goşmaça çäreleriň girizilmegini üpjün edýär;

10) şu Kanunyň 15-nji maddasynyň 18-nji bendine laýyklykda girizilen çäklendirmeleriň metbugat hem-de beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilmegini üpjün edýär, şeýle hem metbugat önümlerini, radiohabarberijileri, ses gataldyjy tehniki serişdeleri, köpeldiji tehnikalary wagtlaýyn almagy ýa-da gozgamasyz etmegi amala aşyrýar;

11) ilata köpçülikleýin habarberiş serişdeleri, aragatnaşyk we mälim etme ýaýlymlary arkaly harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça çäreleri ulanmagyň tertibi barada habar edýär.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

19-njy madda. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkezi harby ýagdaýyň girizilen halatynda goranmak çygryndaky wezipeleri ýerine ýetirmek we harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini strategik dolandyrmak ulgamynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýerine ýetiriji edarasynyň wezipesini ýerine ýetirýär.

2. Harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkezi ygtyýarlyklarynyň çäginde:

1) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň dessin dolandyrylmagyny amala aşyrýar, olaryň söweşjeň taýýarlygyny we söweşjeň ukyplylygyny üpjün edýär, söweş hereketleriniň we harby operasiýalaryň geçirilmegini meýilleşdirýär;

2) Türkmenistana abanýan harby wehimiň öňüni almak we strategik saklamak boýunça çäreleri durmuşa geçirmegiň ýolbaşçylygyna we meýilleşdirilmegine gatnaşýar, harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça çäreleriň meýilleşdirilmegini amala aşyrýar;

3) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini, olaryň niýetlenilişine we işiniň aýratynlyklaryna laýyklykda harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmäge çekmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar we Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşine berýär;

4) harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça wezipeleriň taýýarlanmagynda we çözülmeginde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň harby dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

5) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň mobilizasiýasy we olary ulanmagyň meýilnamalary herekete girizilende Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň mobilizasiýasyna we ýaýbaňlandyrylmagyna ýolbaşçylyk edýär hem-de olaryň söweşjeň dolandyrylyşyny amala aşyrýar;

6) goranmak çygryndaky wezipeleri ýerine ýetirmek we harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň özara gatnaşygyny utgaşdyrýar we guraýar, çäkleriň goranyşynyň çäreleri ýerine ýetirilende bolsa güýçleriň hereketini we serişdeleriň ulanylyşyny guraýar hem-de utgaşdyrýar;

7) çäkleriň goranyşynyň wezipelerini çözmäge çekilýän degişli döwlet edaralarynyň, harby dolandyryş edaralarynyň we beýleki guramalaryň işiniň meýilleşdirilmegini we utgaşdyrylmagyny amala aşyrýar;

8) harby hereketler alnyp barylýan çäklerde harby dolandyryş edaralary tarapyndan harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyny guraýar.

 

20-nji madda. Ýerli goranyş geňeşleriň harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklary

 

1. Harby ýagdaýyň girizilmegi bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda welaýatlarda, welaýat hukukly şäherlerde, etraplarda, etrap hukukly şäherlerde ýerli goranyş geňeşleri döredilýär.

2. Ýerli goranyş geňeşleri Türkmenistanyň goranmak ulgamynyň düzüm bölegi bolup durýarlar we Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşine tabyndyrlar.

3. Ýerli goranyş geňeşlerine gös-göni ýolbaşçylyk etmek degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üstlerine ýüklenýär, ýerli harby dolandyryş edaralarynyň serkerdeleri olaryň orunbasarlary bolup durýarlar.

4. Ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralarynyň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary, ýerli harby dolandyryş edaralarynyň, içeri işler, milli howpsuzlyk edaralarynyň, raýat goranyş, adatdan daşary ýagdaýlary we halas ediş işleri edaralarynyň we birlikleriniň serkerdeleri (ýolbaşçylary) ýerli goranyş geňeşiniň agzalary bolup durýarlar. Ýerli goranyş geňeşiniň beýleki agzalary ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan bellenýär.

5. Harby ýagdaýyň düzgünini üpjün etmek boýunça ýerli goranyş geňeşleri ygtyýarlyklarynyň çäginde:

1) harby ýagdaýyň girizilmegi bilen zerur bolan çäreleri taýýarlaýar we geçirýär;

2) fiziki we ýuridik  şahslaryň üstlerine ýüklenen borçlaryň hem-de şu Kanunyň we harby ýagdaýyň düzgünini kadalaşdyrýan Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

3) heläkçilik-halas ediş we dikeldiş işlerini guraýar;

4) degişli çäklerde raýat goranyşyň goşunlarynyň we raýat düzümleriniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini guraýar;

5) jemgyýetçilik tertibiniň, döwletiň aýratyn goragyna degişli desgalaryň we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we ulaglaryň hereketini hem-de aragatnaşyk ulgamynyň işlemegini üpjün edýän desgalaryň, adamlaryň janyna we saglygyna,şeýle hem daşky gurşawa ýokary howply desgalaryň goragyny güýçlendirmek boýunça çäreleri görýär;

6) ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we ulaglaryň hereketini hem-de aragatnaşyk ulgamynyň işlemegini üpjün edýän desgalaryň, adamyň janyna we saglygyna, şeýle hemdaşky gurşawa ýokary howply desgalaryň işiniň aýratyn düzgüniniň amala aşyrylmagyny guraýar;

7) ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çärelerini geçirmegiň gadagan edilmegini guraýar;

8) goranyş häsiýetli işleriň ýerine ýetirilmegini, ýarag ulanmagyň zyýanly netijeleriniň ýok edilmegini, zyýan ýetirilen (ýok edilen) desgalaryň, durmuş-ýaşaýyş ulgamlaryň we harby desgalaryň dikeldilmegini, ýangyna, epidemiýalara we epizootiýalara garşy göreşi guraýar;

9) ýuridik we fiziki şahslaryň ulag serişdelerini we goranmagyň zerurlyklaryna gerek bolan beýleki emläklerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda rekwizisiýa edýär;

10) ulag serişdeleriniň hereketine çäklendirmeleri belleýär we olary gözden geçirmegi, zerur halatlarynda bolsa – olary tutup saklamagy we eltmegi guraýar;

11) komendant sagadynyň çärelerini, raýatlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalary barlamagy, olary şahsy gözden geçirmegi, olaryň goşlarynyň, ýaşaýyş we beýleki jaýlarynyň we ulag serişdeleriniň gözden geçirilmegini guraýar;

12) harby ýagdaýyň düzgünini bozan raýatlaryň üç gije-gündizden köp bolmadyk möhlete tutup saklanylmagyny guraýar;

13) azyk harytlary bilen üpjünçilik, şeýle hem ilata lukmaçylyk hyzmatyny üpjün etmek, azyk harytlaryny we ilkinji zerur zatlary satmagyň, satyn almagyň we paýlamagyň aýratyn tertibini berjaý etmek boýunça çäreleri görýär.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky we 2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

21-nji madda. Harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe kazyýetleriň we prokuratura edaralarynyň işi

 

1. Harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe adyl kazyýetlik diňe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döredilen kazyýetler tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Adatdan daşary kazyýetleriň döredilmegi gadagan edilýär.

3. Harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

(2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

V BAP. HARBY ÝAGDAÝYŇ HEREKET EDÝÄN DÖWRÜNDE FIZIKI WE ÝURIDIK ŞAHSLARYŇ HUKUK ÝAGDAÝY

 

22-nji madda. Harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe kanunylygyň kepilligi

 

1. Harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe Türkmenistanyň Mejlisiniň, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýatyrylmagyna, saýlawlaryň we sala salşygyň geçirilmegine ýol berilmeýär.

2. Harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe saýlawly döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň ygtyýarlyklarynyň möhletleri tamamlanan halatynda, eger-de olaryň ygtyýarlyklary şu Kanun bilen bellenen tertipde togtadylmadyk bolsa, olaryň ygtyýarlyklarynyň möhleti harby ýagdaýyň hereketi ýatyrylýança uzaldylýar.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

23-nji madda. Harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe raýatlaryň hukuk ýagdaýy

 

1. Harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe raýatlar şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kanunlary bilen çäklendirilýän hukuklardan we azatlyklardan başga Türkmenistanyň Konstitusiýasy bilen bellenilen ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar.

2. Raýatlar harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe aşakdakylaraborçludyrlar:

1) şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň harby ýagdaýynyň düzgünini üpjün etmek meseleleri boýunça talaplaryny ýerine ýetirmäge;

2) harby ýagdaýynyň düzgünini üpjün edýän döwlet edaralarynyň we harby dolandyryş edaralarynyň, ýerli goranyş geňeşleriniň, olaryň wezipeli adamlarynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge hem-de olara ýardam etmäge;

3) harby ýagdaýynyň düzgünini üpjün edýän döwlet edaralaryna we harby dolandyryş edaralaryna çagyryş boýunça barmaga;

4) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenen tertipde goranyş häsiýetli işleri ýerine ýetirmäge, ýarag ulanmagyň zyýanly netijelerini ýok etmäge, zyýan ýetirilen (ýok edilen) desgalaryň, durmuş-ýaşaýyş ulgamlarynyň we harby desgalaryň dikeldilmegine, şeýle hem ýangyna, epidemiýalara we epizootiýalara garşy göreşe gatnaşmaga;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ulag serişdelerini we goranmagyň zerurlyklaryna gerek bolan eýeçiligindäki beýleki emlägi rekwizisiýa edilende bermäge.

 

24-nji madda. Harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe ýuridik şahslaryň hukuk ýagdaýy

 

1. Türkmenistana abanýan harby wehimi, onuň içerki işlerine harby gatyşmagy ýa-da oňa garşy ýaragly agressiýany serpikdirmek ýa-da olaryň öňüni almak maksady bilen ýuridik şahslaryň hukuklary harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe şu Kanun we oňa laýyklykda kabul edilen Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenen esaslar boýunça çäklendirilip bilner.

2. Ýuridik şahslar harby ýagdaýynyň düzgünini üpjün edýän döwlet edaralarynyň we harby dolandyryş edaralarynyň, ýerli goranyş geňeşleriniň talaplaryny ýerine ýetirmäge hem-de olara ýardam etmäge borçludyrlar.

3. Ýuridik şahslar harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe aşakdakylara borçludyrlar:

1) şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň goranmak we harby ýagdaýynyň düzgünini üpjün etmek meseleleri boýunça talaplaryny ýerine ýetirmäge;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ulag serişdelerini we goranmagyň zerurlyklaryna gerek bolan eýeçiligindäki beýleki emlägi rekwizisiýa edilende bermäge;

3) Türkmenistanyň goranmagyny üpjün etmek maksady bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda tabşyryklary (buýurmalary) ýerine ýetirmäge.

 

25-nji madda. Harby ýagdaýyň düzgüniniň talaplarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunda bellenen harby ýagdaýyň düzgüniniň talaplaryny bozandygy üçin raýatlar, ýuridik şahslar we olaryň wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

26-njy madda. Harby ýagdaýyň düzgüniniň talaplarynyň bozulmagy üçin administratiw jogapkärçilikden boşadylmagy

 

Harby ýagdaýyň ýatyrylmagy harby ýagdaýyň düzgünini bozandygy baradaky administratiw hukuk bozulmalary hakynda işler boýunça önümçiligi, şeýle hem administratiw temmi çäreleri ýüklemek hakynda kararlary ýerine ýetirmegi ýatyrmak üçin esas bolup durýar.

 

VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

27-nji madda. Harby ýagdaýyň girizilendigi we onuň ýatyrylandygy hakynda Birleşen Milletler Guramasyny habarly etmek

 

1. Şu Kanuna laýyklykda harby ýagdaý girizilen pursadyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Raýat we syýasy hukuklar hakyndaky halkara paktdan gelip çykýan Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna laýyklykda görkezilen borçnamalardan çykylmagy bolup durýan raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň wagtlaýyn çäklendirmeleri (togtadylmagy), bu çykmalaryň göwrümi we şeýle çözgüdiň kabul edilmeginiň sebäpleri barada gaýragoýmazdan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna habarnama iberýär.

2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu Kanuna laýyklykda harby ýagdaýyň ýatyrylandygy hem-de Raýat we syýasy hukuklar hakyndaky halkara paktyň düzgünleriniň hereketiniň doly göwrümde gaýtadan dikeldilendigi barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna habarnama iberýär.

 

28-nji madda. Harby ýagdaýyň girizilendigi hakynda goňşy döwletleri habarly etmek

 

Harby ýagdaý girizilende Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Prezidentiniň harby ýagdaýy girizmek hakynda Permanynyň kabul edilen pursadyndan bir gije-gündiziň dowamynda harby ýagdaýyň girizilmegine esas bolan ýagdaýlar barada goňşy döwletlere habarnama iberýär.

 

29-njy madda. Halkara kömegi

 

Harby ýagdaý girizilen çäkde halkara ynsanperwerlik, harby we beýleki kömekler Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde amala aşyrylýar.

 

30-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                           Gurbanguly

    Prezidenti                                                              Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň18-nji dekabry.

№ 456-IV.