Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çykyşy

15.04.2021

Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary!

Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Häzirki döwürde Türkmenistan giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar. Biz döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça kanun çykaryjylygy kämilleşdirmäge ýardam bermelidiris. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza esaslanýan ynsanperwer hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen ugrumyzy has netijeli durmuşa geçirmäge hemaýat etmelidiris.

Şoňa görä-de, Halk Maslahaty şu ugurlar boýunça netijeli işlemelidir:

1. Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny biziň milli tejribämize, halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelmegini göz öňünde tutýan ähli hukuklary we azatlyklary kepillendirýär. Men häzir size şolaryň käbirlerini ýatladaýyn.

Esasy Kanunymyza laýyklykda, her bir adamyň öz abraýyny we mertebesini hem-de erkinligini goramaga, Türkmenistanyň çäklerinde erkin hereket etmäge, ýaşajak ýerini saýlap almaga hukugy bardyr. Her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär.

Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işini dolandyrmaga göni, şeýle hem erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga hem-de saýlanmaga hukugy bardyr.

Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ukyplaryna we hünär taýýarlygyna laýyklykda, döwlet gullugynda işlemäge deň hukugy bardyr.

Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik beýleki ykdysady iş bilen meşgullanmak üçin öz başarnygyny hem-de emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr. Ol öz islegi boýunça hünär, kär hem-de iş ýerini seçip alyp biler. Sagdyn we howpsuz iş şertlerini gazanyp, dynç alyp, saglygyny gorap, bilim alyp biler.

Ol medeni durmuşa gatnaşyp biler, onuň çeper, ylmy we tehniki döredijilige erkinligi üpjün ediler.

Durmuşy we saglygy üçin amatly daşarky gurşaw dörediler. Ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy heläkçilik netijesinde onuň saglygyna hem-de emlägine ýetirilen zeleliň ýagdaýy hakyndaky ygtybarly maglumatlary almaga we onuň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.

Her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna, ýaşaýyş jaýyny almakda we edinmekde hem-de özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda, durmuş taýdan üpjünçilikde döwlet goldawyny almaga hukugy bardyr.

Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň agzalary raýatlaryň Esasy Kanunymyzda beýan edilen hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça degişli işleri geçirmelidirler. Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alyp barýan ynsanperwer syýasatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmelidirler. Biziň döwletimiziň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň adam hukuklaryny düzgünleşdirýän kadalary esasynda mundan beýläk-de kämilleşdirmelidirler.

Adalat, içeri işler, prokuratura we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň hukugy ulanyş hem-de adalatly kazyýet işiniň halkara kadalara laýyklykda alnyp barylmagy Halk Maslahatynyň agzalarynyň gözegçiliginde bolmalydyr.

Şeýle hem olar raýatlyk, jemgyýetçilik we dini guramalar hakyndaky, raýat, jenaýat we administratiw kanunçylyk boýunça täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamalydyr. Raýatlara hukuk kömegini bermelidir, olaryň hukuklaryny goramalydyr.

Hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmalydyr hem-de halkara derejede adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň kanunçylyk binýadyny döretmelidir.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň işi milli howpsuzlyk, goranmak we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň döwlet ulgamlarynyň işini kanunçylyk taýdan pugtalandyrmagyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge gönükdirilmelidir. Muňa sagdyn jemgyýetiň howpsuzlygy hem degişlidir.

Şeýle hem Halk Maslahaty döwlet gurluşy, kadalaşdyryjy hukuk namalary, harby gulluk, mobilizasiýa, raýat goranyşy, ýangyn howpsuzlygy boýunça kanunçylyk işini alyp barmalydyr. Bu işler harby gullukçylary durmuş taýdan goramagy, terrorçylyga, adam söwdasyna garşy göreşmegi, dessin-agtaryş işlerini geçirmegi, adatdan daşary ýagdaýlary we beýleki ugurlary öz içine almalydyr.

Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!

2. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek we ýurdumyzy strategik taýdan özgertmek Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr.

Bu işler döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we ýokarlandyrmaga, depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilmelidir. Senagatyň, maýa goýumlarynyň we innowasion işiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegi göz öňünde tutmalydyr. Netijeli býujet, salgyt, bank syýasatyny alyp barmalydyr hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamalydyr.

Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmek, gülläp ösmegini gazanmak, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyny üpjün etmek, şeýle hem mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, biz durmuş-ykdysady ösüş boýunça ençeme maksatnamalary kabul etdik. Bu maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin nebitgaz we himiýa toplumlaryny, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny, gurluşyk, sarp ediş we energetika toplumlaryny gowulandyrmak hem-de mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kanun çykaryjylyk işini alyp barmaly.

Türkmenistanyň Mejlisi we Ministrler Kabineti bilen bilelikde Döwlet býujetini işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak boýunça degişli işleri geçirmeli. Býujetiň ýerine ýetirilişine, şeýle hem maýa goýum syýasatynyň, salgyt, bank we söwda syýasatynyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmeli. Nyrhlary we bahalary emele getirmek işiniň hukuk esaslaryny üpjün etmeli. Kiçi we orta telekeçiligi hukuk taýdan goldamagy, kärhanalaryň eýeçiligini hem-de işini üpjün etmegiň kanuny esaslaryny berkitmeli.

Biziň häkimiýetiň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji şahalary boýunça alyp barýan syýasatymyz bazar ykdysadyýetini ösdürmek bilen, demokratik, hukuk, dünýewi döwleti, ynsanperwer, adalatly jemgyýeti döretmegi göz öňünde tutýar. Amala aşyrylýan bu syýasat halkymyzyň ertirki güne bolan ynamyny artdyrýar, öz Watanyna buýsanjyny we söýgüsini pugtalandyrýar. Biziň milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi jemgyýetimiziň hil taýdan täze derejä çykmagy üçin esas bolup hyzmat edýär.

Bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek önümçiligiň çalt hem-de durnukly ösüşini talap edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmegi, hojalygy dolandyrmagyň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagy talap edýär. Ýangyç-energetika toplumynyň we beýleki möhüm pudaklaryň, şol sanda dokma we himiýa senagatynyň, gurluşyk pudagynyň kuwwatyny ýokarlandyrmagy öz içine alýar. Ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlaryny giňeltmek boýunça işleriň depginini çaltlandyrmagy hem göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzda giň möçberli ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak bilen, biz pudaklary sazlaşykly ösdürmäge, çig mal öndürmekden taýýar harytlary öndürmäge esasy üns berýäris. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sebitlerinde senagat, oba hojalyk zolaklaryny we beýleki zolaklary döretmegi kanun taýdan üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilmelidir. Şol zolaklarda täze iş orunlaryny döretmegi höweslendirmek üçin kanun çykaryjylyk derejesinde amatly şertler üpjün edilmelidir. Olarda şäherleriň we etraplaryň ilatynyň işlemegi üçin mümkinçilikleri ýola goýmak möhümdir.

Durmuş maksatly desgalaryň ilata elýeterli bolmagy, aýratyn-da, mätäçlik çekýän raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýaşaýyş jaýlarynyň ýokary depginler bilen gurulmagy örän möhüm wezipe bolup durýar.

Önümçilik kärhanalaryny, şol sanda senagat toplumlaryny ösdürmek biziň kabul eden maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Munuň üçin bolsa çig mal serişdelerini we işçi güýjüni netijeli peýdalanmak maksady bilen, degişli guramaçylyk, dolandyryş, maliýe we hukuk şertlerini kämilleşdirmek zerurdyr.

Şu nukdaýnazardan, biz welaýat we etrap merkezlerinde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyny üpjün etmelidiris. Şeýle hem dürli ugurlarda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleriň üstünde işlemelidiris. Bu ugurda biziň ahyrky maksadymyz obalarda we şäherlerde her bir adam üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek bolup durýar.

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, ýagny Geňeşler, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi obanyň öňdebaryjy ýaşaýjylary bolan mekdep mugallymlary, saglygy goraýyş işgärleri bilen bilelikde ilat arasynda geçirilýän düşündiriş hem-de terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmalydyr. Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, kanunlary ýerine ýetirmek, hukuk tertibini üpjün etmek hem-de her bir maşgalanyň meselesini öwrenmek boýunça teklipleri taýýarlamalydyr.

Biziň halkymyzda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýilýär. Şoňa görä-de, Geňeşler Halk Maslahatynyň agzalary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolmalydyr, her bir meseläni olar bilen ylalaşyp, geňeşip çözmelidir. Şolaryň üsti bilen Halk Maslahatynyň komitetlerine öz çäkleriniň ykdysady, durmuş we medeni ösüşiniň esasy ugurlary boýunça teklipleri garamak üçin bermelidir. Bu örän möhüm mesele bolup durýar.

Halk Maslahatynyň agzalary jemgyýetçilik durmuşynyň we ähli wakalaryň içinde bolmalydyr. Olar Geňeşleriň arçynlary we agzalary, ýerli öňdebaryjy işgärler bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, söhbetdeş bolmalydyr. Şeýle pikir alyşmalaryň hereket edýän kanunçylyga üýtgetmeleri girizmek üçin peýdaly maglumat berjekdigine men berk ynanýaryn. Ol täze kanunlary kabul etmäge we geçirilýän özgertmelere işjeň häsiýet berer.

Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň komitetleri degişli ministrliklere we pudak edaralaryna ýüz tutmak arkaly olaryň öňünde raýatlarymyzyň gyzyklanýan anyk soraglaryny goýmalydyr. Öňe sürülýän soraglaryň öz wagtynda we doly çözülmegini gazanmalydyr. Elbetde, biz häkimiýetiň ýerine ýetiriji we kanun çykaryjy şahalarynyň sazlaşykly işlemegini hem zerur hasap edýäris. Sebäbi bu iş döwletimiz üçin gowy netijeleri bermelidir.

Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!

3. Ylym, bilim, sanly ulgam, medeniýet, syýahatçylyk, sport we ýaşlar syýasaty babatda kanunçylygy kämilleşdirmek hem Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Halk Maslahaty raýatlar, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyr.

Halk Maslahatynyň agzalary halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny hem-de meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmalydyr. Şeýle hem ilat arasynda, esasan hem, ýaşlaryň arasynda döwletimiziň her bir adamyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, milli kanunçylygy wagyz etmäge ýakyndan gatnaşmalydyr.

Bu işler Watana söýgini döretmelidir, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini gorap saklamagy we hormatlamagy üpjün etmelidir. Daşky gurşawy goramagy, sagdyn durmuş kadalarynyň, sanly ulgamyň ähmiýetini düşündirmegi, ýaramaz endiklere garşy göreşmegi gazanmalydyr.

Türkmen halkynyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan ruhy dünýäsi häzirki döwürde milletimiziň ruhy ýagdaýyny emele getirdi, jemgyýetimiziň gündelik durmuşynda özara gatnaşyklaryň esasyna öwrüldi. Dostlugyň we ynsanperwerligiň kadalarydyr kabul edilen düşünjeleri biziň dünýä halklary bilen alyp barýan gatnaşyklarymyzyň esasyny düzýär we ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna ýokary maksatlara eýe bolýar. Milletimiziň ruhy galkynyşy maşgala ahlagyny we garyndaşlyk gatnaşyklaryny hem öz içine alýar. Biziň halkymyz maşgala ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamagy başardy.

Demokratiýanyň we bitewi dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar, sebäbi maşgala türkmen jemgyýetiniň binýady bolup durýar. Ol özboluşly ilkinji guramadyr. Maşgalada gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleri emele gelýär we dürli soraglar çözülýär. Şoňa görä-de, her bir maşgala maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydyr. Ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýelemek üçin jogapkärçilik çekmelidir. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr.

Biziň wezipämiz türkmen maşgalasynyň esaslaryny goramakdan we berkitmekden, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şuny nazara alyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşi maşgalany goldamaga gönükdirilen işlere örän işjeň gatnaşmalydyr. Ilkinji nobatda, biziň çagalary terbiýeleýän raýatlarymyzy iş bilen doly üpjün etmek möhümdir.

Jemgyýet diňe bir döwlet häkimiýet we dolandyryş edarasy bolman, eýsem, dürli jemgyýetçilik guramalaryny öz içine alýan hereketlendiriji güýç hem bolup durýar. Bu guramalar raýatlarymyzda ajaýyp geljege ynam döredýär, onuň isleglerini we arzuwlaryny amala aşyrýar.

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda jemgyýetçilik guramalarynyň işini täze mazmun bilen berkitmek zerurlygy ýüze çykdy. Olaryň işi we çözgütleri geljekde şu günüň talaplaryna, täze özgertmeler zamanasynyň taglymatyna we syýasatyna laýyk gelmelidir. Jemgyýetçilik guramalary üçin bilelikde iş geçirmekde tagallalary birleşdirmek babatda uly mümkinçilikler döredildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi Hökümet bilen bilelikde jemgyýetimizi we halkymyzy ýaramaz endiklerden goramak boýunça hem maksada gönükdirilen işleri alyp barmalydyr. Ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmelidir. Raýatlarymyzy Watana hem-de mähriban topraga söýgi ruhunda mynasyp terbiýelemäge gatnaşmalydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny özgertmek ideologiýamyzyň we syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny, dünýä jemgyýetçiligine goşulmagynyň we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şertlerini düýpli döwrebap ýagdaýa getirmegi talap edýär. Bu işler ykdysadyýetimiziň, ylmyň, tehnologiýalaryň we medeniýetiň ähli ugurlarynda tejribeli, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen gönüden-göni baglydyr.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde, ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlary uly üstünlikleri gazanyp, ýokary derejä ýetdi.

Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek maksady bilen, hünärmenleriň degişli taýýarlygy alnyp barylýar we innowasion tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylýar.

Ýaşlar syýasaty hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň esasy maksadymyz ýaş nesillerimiziň häzirki zaman bilimlerini ele almagyny, saglygyny we hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmagy üpjün etmekden, watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň hukuklaryny hem-de durmuş kepilliklerini üpjün etmekden ybaratdyr.

Halk Maslahatynyň agzalary halkymyzyň medeni mirasyny goramak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça hem degişli işleri geçirmelidir. Milli ruhy-medeni gymmatlyklary, däp-dessurlarymyzy dikeltmek boýunça işi dowam etmelidir. Ilatymyzyň bilimini we umumy medeniýetini ýokarlandyryp, dünýä standartlaryna ýetirmek we ene dilimizi ösdürmek babatda zerur işleri alyp barmalydyr.

Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!

4. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň täze düzüminiň öňünde biziň milli baýlyklarymyzy goramaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işini alyp barmak boýunça hem uly wezipeler durýar.

Türkmenistanyň tebigaty biziň milli baýlygymyzdyr. Biz ony gorap saklamalydyrys we miras hökmünde geljekki nesillerimize ýetirmelidiris. Şöhratly ata-babalarymyz daşky gurşawa örän aýawly garapdyrlar.

Biz adamlarda daşky gurşawy ekologiýa taýdan goramagyň zerurlygy baradaky düşünjäni berkitmek, ilatyň aňyna arassa ekologiýa düşünjesini ornaşdyrmak, topragymyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly peýdalanmak garaýyşlaryny terbiýelemek barada yzygiderli alada etmelidiris.

Şu meselede Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň öňünde biziň oba hojalygymyzda geçirýän giň gerimli özgertmelerimize ýardam berýän işleri amala aşyrmak wezipesi durýar.

Şoňa görä-de, oba hojalygyny dolandyrmagyň we gurluş özgertmelerini geçirmegiň, ýer we suw serişdelerini aýawly peýdalanmagyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça işleri durmuşa geçirmek zerurdyr. Bu işleriň maksady ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Size mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde oba hojalygyny depginli ösdürmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Ýer we suw serişdelerini aýawly peýdalanmak, ýerleri oýlanyşykly özleşdirmek, ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Azyk önümlerini öndürmek bilen bagly döwlet hem-de hususy pudak ösdürilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk bazaryny has-da giňeltmek, ony ýokary hilli we elýeterli bahadan ýerli azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek hem Halk Maslahatynyň kanun çykaryjylyk işiniň örän möhüm ugurlarynyň biridir. Bu obalarymyzy we şäherlerimizi ösdürmegiň ýokary derejesini üpjün etmekdir. Tebigaty gorap saklap, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdyr we ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny berkitmekdir. Oba hojalygynda, ýagny ýer, suw, tokaý, atmosfera, howa, ösümlik we haýwanat dünýäsi, ekologiýa seljerişi hem-de beýleki soraglar bilen bagly amala aşyrylýan giň gerimli işlerdir.

Oba hojalygy babatda ekerançylygy, maldarçylygy, tohumçylygy, seleksiýany, karantini, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmekdir. Daýhan birleşikleriniň we hojalyklarynyň hem-de oba hojalygy we beýleki meseleler bilen meşgullanýan başga kärhanalaryň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrmak hem şuňa degişlidir.

Halk Maslahatynyň agzalary ýerli wekilçilikli häkimiýet hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine-de uly üns bermelidir. Şunuň bilen baglylykda, bu edaralaryň işiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, geljekde olaryň ygtyýarlyklaryny giňeltmek, işine kömek bermek esasy wezipe bolmalydyr. Olar beýleki häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň Hökümeti bilen işleri alyp barmak boýunça degişli teklipleri işläp taýýarlamalydyr.

Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!

5. Halk Maslahatynyň halkara meselelere degişli geçirýän köptaraplaýyn işi-de möhüm orny eýeleýär. Şoňa görä-de, dürli ýurtlar bilen halkara gatnaşyklary ösdürmek Halk Maslahatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Munuň üçin daşary ýurt döwletleri bilen wekiliýetleri alyşmak, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny netijeli dowam etmek zerurdyr.

Biziň döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyrmak bilen, hemmeler üçin düşnükli bolan anyk daşary syýasy ugry alyp barýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde we bütin dünýäde häzirki zaman syýasy garaýyşlarydyr usullary ulanmak üçin giň mümkinçilikleri berýär. Bu bolsa özara ynanyşmak hem-de düşünişmek üçin tagallalary birleşdirmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek, dünýä derejesinde umumy meseleleri çözmek üçin örän möhümdir.

Biziň öňe sürýän başlangyçlarymyzy esaslandyrmak hem-de ösdürmek üçin daşary syýasy ugurda beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmekde halkara hukuk resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça kanunçylyk işiniň geçirilmegi hem zerur bolup durýar.

Şeýle hem hyzmatdaş döwletlerimiziň ählisi bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmek zerurdyr. Türkmenistan hiç kimiň bähbitlerini çäklendirmeýär, şol bir wagtda bolsa, haýsydyr bir ugurda öz Garaşsyzlygynyň çäklendirilmegine, döwletimiziň içerki işlerine gatyşylmagyna ýol bermeýär. Ýurdumyz esasy konstitusion gurluşyna we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ters gelýän ýagdaýlar hökmünde azatlykdan zorlukly mahrum edilmegine garşy durýar.

Biz halkymyzyň düýpli bähbitlerinden ugur alýarys, bu bähbitler döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk daýanjydyr, öz Garaşsyzlygymyzy goramagy üpjün edýändir.

Bize goşulyşmazlyk düzgünlerine eýerýän, döwlet Garaşsyzlygymyzy hormatlaýan, deňhukuklylyk we özara bähbitli garaýyşlary ileri tutýan hyzmatdaşlar zerurdyr.

Şoňa görä-de, häzirki döwürde döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esaslaryny anyk kanunçylyk taýdan goldamak zerur bolup durýar.

Biz daşary ýurt firmalaryny we kompaniýalaryny bilelikde uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmäge çagyrmak syýasatyny alyp barýarys. Biz geljekde hem daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz üçin kanun esasynda amatly maýa goýum şertlerini döretmegi dowam ederis. Kadalaşdyryjy hukuk binýadyny berkideris, tejribeli hünärmenleri taýýarlamagyň ulgamyny kämilleşdireris we beýleki çäreleri amala aşyrarys.

Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň agzalary!

Biziň geçirýän özgertmelerimiz giňden ykrar edilýär we jemgyýetimizde biragyzdan goldanylýar. Türkmen halky XXI asyryň täze döredijilik maksatlary bilen ruhlanyp, häzirki döwürde örän jebisleşdi.

Merdana halkymyz ýurdumyzyň ajaýyp geljeginiň, ilkinji nobatda, ýadawsyz zähmet hem-de döredijilik güýji bilen baglydygyna örän gowy düşünýär. Biz milletimiziň ruhy we bilim derejesiniň ösüşini üpjün edip, özboluşly milli mirasyny umumadamzat gymmatlyklary bilen bilelikde hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürip, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegini, dünýäniň ösen ýurtlarynyň birine öwrülmegini gazanýarys.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň täze düzümi ýurdumyzyň Hökümeti bilen ysnyşykly işlemelidir. Men Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde siziň işiňize hemmetaraplaýyn goldaw bererin.

Biz iki palatanyň, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbitleri üçin biri-biriniň sazlaşykly işlemegine gönükdirilen işini guramakda ähli mümkinçilikleri dörederis.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda kabul ediljek çözgütler milletimizi birleşdirýän we ruhlandyrýan, halkymyzy täze belent sepgitlere gönükdirýän hakyky kadalara öwrülmelidir. Biziň agzybirligimiziň öňünde ýetilmejek maksat, ýerine ýetirilmejek iş ýokdur!

Men size netijeli işlemegi arzuw edýärin. Siz ata Watanymyza wepaly hyzmat edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we Garaşsyz döwletimiziň abraý-mertebesini ýokary götermelisiňiz. Munuň üçin size ähli mümkinçilikler we şertler döredildi. Siz dünýä tejribesi, beýleki döwletleriň parlamentleriniň işi bilen tanşyň! Biz bu meselede size kömek bereris.

Men Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kanun çykaryjylygy üpjün etmäge siziň uly goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn. Size alyp barjak ähli işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň agzalary!

Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Bu gün — taryhy gün. Biz şu gün ýurdumyzda täze edarany — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyny döretdik.

Iki palataly kanun çykaryjy edara Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hyzmat eder.

Men sizi ýurdumyzda iki palataly kanun çykaryjy edaranyň döredilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!