news-photo
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyna

28.10.2023

Eziz watandaşlar!

Hormatly itşynaslar!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size mähriban halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy itleriniň biri bolmak bilen, merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Eýesine wepadarlygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen biziň alabaýlarymyzyň dünýädäki meşhurlygy barha artýar.

Hormatly itşynaslar!

Eziz Diýarymyzda gadymy döwürlerden gaýdýan milli itşynaslyk sungatymyzy kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu möhüm pudagy ösdürmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge we täze derejelere çykarmaga mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagy ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda türkmen alabaýlarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edildi. Ýurdumyzyň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk merkezleri guruldy. Netijede, itşynaslarymyz üçin döwrüň talaplaryna laýyk iş alyp barmaga giň mümkinçilikler döredildi. Türkmen itşynaslary tarapyndan milli buýsanjymyz bolan alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Geljekde-de ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara tejribe alyşmaga, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmaga döwletimiz tarapyndan uly üns berler.

Hormatly itşynaslar!

Merdana ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Halkymyzyň guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen alabaýlarymyz biziň buýsanjymyzdyr.

Ynsan bilen türkmen alabaýynyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy eserlerimizde hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Merdana ata-babalarymyz milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda mertligiň, gaýduwsyzlygyň, wepadarlygyň nyşanyny görüpdirler. Türkmen alabaý itleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, mukaddes türkmen ojagynyň ýaraşygydyr, goragçysydyr we bahasyna hiç zat bilen ýetip bolmajak gymmatlygydyr.

Eziz watandaşlar!

Hormatly itşynaslar!

Sizi berkarar Watanymyzda şan-şöhraty dünýä dolan edermen alabaýlarymyzyň şanyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen itşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.