Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary

16.04.2021

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýyny belende götermek barada ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň çapyksuwarlyk, seýisçilik sungatyny belende galdyrmakda hem-de ahalteke atlarynyň nesil arassalygyny gowulandyrmakda, syna owadanlygyny kämilleşdirmekde we baş sanyny artdyrmakda, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňden ýola goýmakda, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmekde bitiren aýratyn uly hyzmatlary ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem ykrar edilendir. Şonuň netijesinde biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirilişleriň, abraýly atly sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.

Ajaýyp çapyksuwar hem-de atçylyk sungatyny oňat bilýän Milli Liderimiz türkmen halkynyň ady rowaýatlara öwrülen bedewlerine ideg etmegiň, olary seýislemegiň inçe tilsimlerini, usullaryny, gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini öz toplan tejribesi bilen baýlaşdyrýar. Bu bolsa Mähriban Prezidentimiziň seýislän bedewlerine at çapyşyklarynda hemişe üstünlik getirýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halkymyzyň ýelden ýüwrük bedewleriniň şan-şöhratyny dikeltmekde, dünýä ýaýmakda, atly sporty we atçylyk pudagyny ösdürmekde, ahalteke atlarynyň tohumçylyk işini, olaryň syna owadanlygyny kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmekde, atlary seýislemekde bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny, ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda bedewe ezberlik bilen erk etmekde, öz seýislän bedewlerinde ýokary çapyksuwarlyk ussatlygyny görkezip, bäsleşikleriň yzygiderli ýeňijisi bolýandygyny, şeýle hem «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň towakganamasyny we giň halk köpçüliginiň isleg-arzuwlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär :

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyny dakmaly.

 

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň 15-nji apreli.

№ 365-VI.