24.11.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem 25-nji noýabrda geçiriljek Mejlisiň dördünji maslahatyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Maslahatyň çäklerinde “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň hem-de “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasyna seretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, birnäçe kodekslere, beýleki käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Mejlisde Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi. Deputatlar BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren maslahatlaryna gatnaşdylar. Şeýle hem olar Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maslahatyna, Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde guralan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň güýzki sessiýasyna gatnaşmak üçin iş saparynda boldular. Deputatlar wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşýarlar, Diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy wezipelerini we kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlar işlenip taýýarlanylanda döwletimiziň alyp barýan syýasatyna möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şeýle-de ozal hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigine üns çekildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserni bu ulgamda, ilkinji nobatda, uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberini artdyrmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalary, iň täze ylmy we inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak, gaz gysyjy beketleri kämilleşdirmek babatda ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagyndaky gaz gysyjy beketleri kämilleşdirmek boýunça zerur işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegi dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we ekinleriň tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalaryna we pagta arassalaýjy kärhanalara ibermek boýunça tagalla edilýär, hasyl öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek meselesi üns merkezinde saklanýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işlerine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz toplumyň önümçilik kuwwatyny doly we netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, energiýa serişdelerini rejeli ulanmaga, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurt bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, elektrik energetikasy pudagynda döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň degişli Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu Kanun energiýany tygşytlamak we ýurdumyzyň energetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça işi kadalaşdyrar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Kanunyň taslamasynda öz beýanyny tapmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar guralar. Hususan-da, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar parahatçylygyň waspçylarydyr” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat, “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly forum, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy, baýramçylyk konsertleri geçiriler. Öňümizdäki aýyň esasy çäreleriniň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşigiň jemlerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy, “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry bar.
Şeýle hem Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisini, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisini, dünýäniň nusgawy sahna eserleriniň hepdeligini, türkmen we daşary ýurt nusgawy aýdymlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Täze ýyl baýramçylygy, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli geçiriljek dabaralar barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň uly üstünliklere beslenýändigini, täze binalaryň we desgalaryň açylýandygyny nygtady. Ýakyn wagtda Halkara Bitaraplyk güni bellenilip geçiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere dekabr aýynda boljak esasy çäreleriň, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň 8-9-njy dekabrynda Aşgabatda geçiriljek jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ýüze çykýan wehimlere taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge we bu ulgamda daşary ýurtlar, abraýly halkara, sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen giň gerimli işler geçirilýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda maslahata guramaçylykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu maslahat Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriler. 2023-nji ýylyň möhüm halkara wakasyna öwrüljek bu foruma 30-a golaý döwletden, abraýly halkara guramalardan 60-dan gowrak wekiliň — lukmanlaryň, alymlaryň, bilermenleriň, lukmançylyk bileleşiginiň beýleki wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk Hereketi bilen netijeli özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere guramanyň agza ýurtlarynyň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol şu ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Parižde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisiniň dowamynda 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleri tassyklamak boýunça Kararnama kabul edildi. Onda döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem bar.
Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 29-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek 6-njy mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýedir. Özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek, geljegi uly ugurlar boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, degişli ikitaraplaýyn Ylalaşyk esasynda agzalan komitet döredildi. Häzirki wagta çenli bu komitetiň bäş mejlisi geçirildi. Onuň düzüminde 6 sany kiçi komitet hereket edýär. Komitetiň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine nebitgaz ulgamy, ulag-logistika, oba hojalygy, himiýa hem-de dokma senagaty, ylym, bilim, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri giriziler. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmaga taýýarlyk görmek, forumyň barşynda kabul edilmegi göz öňünde tutulýan resminamalar we onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Garaşylyşy ýaly, “СOP-28” maslahatynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde esasy ädimleriň biri hökmünde Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesine dünýäniň iri döwletleriniň ünsi çekiler. Türkmenistanyň bu ugurdaky işi barada aýdylanda, daşky gurşawy goramak meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyz howanyň ählumumy üýtgemeginiň öňüni almaga gönükdirilen Pariž ylalaşygyny işjeň goldady we 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda ony tassyklady. 2019-njy ýylda howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edildi. 2020-nji ýylda ýurdumyz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan yglan edilen “Şäherlerdäki baglar” atly halkara maksatnama goşuldy.
2022-nji ýylda Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistan milli derejede kesgitlenen goşandyny taýýarlady we ony tassyklady.
Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy baradaky başlangyjy goldaýandygyny mälim etdi we ýurdumyz tarapyndan onuň jikme-jik öwrenilmegine gyzyklanma bildirildi. Şol günden bäri degişli maksadalaýyk işler geçirilýär. Şeýle hem şu ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara topar döredildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň 2023-2024-nji ýyllar üçin Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” tassyklanyldy. Bu ulgamda ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) bilen bilelikde degişli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda borçnama dünýäniň 150-ä golaý döwleti goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, “COP-28” maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi. Bu meselä şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde seredildi. Şunuň bilen birlikde, borçnamanyň şertlerini milli derejede ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek teklip edilýär.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “COP-28” maslahatynda kabul ediljek resminamalar seljerildi. Şundan ugur alnyp, olaryň birnäçesine Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň maslahatyň çäklerinde — 10-njy dekabr aralygynda geçiriljek ýokary derejeli çärelere gatnaşmagyna degişli teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň 28-nji maslahatynda kabul ediljek resminamalaryň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gatnaşýan taraplar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Halkara howa menzilleriniň işiniň raýat awiasiýasy ulgamynda halkara standartlara laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, uçarlarda ornaşdyrylan ugurdaş enjamlaryň uçuş barlaglaryny talabalaýyk geçirmek üçin ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde uçuşlary talabalaýyk ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, uçuş barlaglarynyň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Soňra agentligiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň deňiz gämiçiligini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň akwatoriýasynda gämileriň halkara ýüzüşleriniň tehniki taýdan gözegçiligi we olaryň klassifikasiýasy, Türkmenistanyň Söwda-deňiz gatnawynyň kodeksine laýyklykda, Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen Klassifikasion jemgyýet tarapyndan amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işi halkara standartlara laýyklykda kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellige alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak işlerini geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda hyzmatlary ýerine ýetirmäge ygtyýar bermek meselesini öwrenmegi we degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty we “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” instituty tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu edaralar tarapyndan ýörite meýilnamalara laýyklykda, geljegi uly, ylmy taýdan esaslandyrylan geologik ugurlary kesgitlemek, ýataklaryň gözleginiň we agtarylyşynyň ylmy-amaly esaslandyrmasyny taýýarlamak, geologiýa-gözleg işleriniň çaltlandyrylan derňewini, olara geologik-ykdysady taýdan baha bermek, buraw tehnikasyny we tehnologiýasyny kämilleşdirmek işleri geçirilýär. Ylmy barlaglaryň netijeleri esasynda teklipler taýýarlanylýar. Soňra şol teklipler ýangyç-energetika toplumynyň ugurdaş düzümlerinde iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.
Ählumumy metan borçnamasynyň şertleriniň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Şeýle hem metan zyňyndy gazlarynyň möçberini azaltmak, şol sanda ony energetika, senagat we ulag ulgamlarynda döwrebap, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna azaltmak maksady bilen teklip edilýän anyk çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hereket edýän ylmy-barlag institutlarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, olarda ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagyň wajypdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz döwlet konsernleriniň işinde ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň maslahatlaryndan netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň azyk üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda oba hojalyk we azyk önümleri, hususan-da, gök, bakja hem-de miwe önümleriniň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şunuň bilen birlikde, maldarçylyga we guşçulyga, et-süýt önümleriniň öndürilişine uly üns berilýär. Munuň özi harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümini azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem Täze ýyl baýramy günlerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda jemgyýetçilik tertip-düzgünini, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň hem-de işini has-da kämilleşdirmegiň möhüm wezipedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu edaralaryň ýokary hilli azyk üpjünçiligine berk gözegçilik etmek, Täze ýyl baýramyna hem gowy taýýarlyk görmek barada anyk görkezmeler berildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we watandaşlarymyza ýüzlenip, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyza hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Türkmenistanyň teklibi boýunça ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy.
Nygtalyşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy Türkmenistanyň baýlygydyr. Halkara derejede şeýle Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa beýik söz ussadynyň umumadamzat medeni gymmatlyklaryna goşan goşandynyň nobatdaky gezek ykrar edilmesidir. Geljek ýylda türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli halkara derejede birnäçe çäreler geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ähli watandaşlarymyzy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, gülläp ösüş we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.