Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy baýram bilen gutlady

26.04.2021

Eziz watandaşlar!

Hormatly atşynaslar we itşynaslar!

Sizi «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda behişdi bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň şanyna giňden hem-de uly dabara bilen bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen bedewlerini we alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, atşynaslyk we itşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Biziň halkymyzyň durmuşynda ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiz we edermen alabaýlarymyz aýratyn orny eýeleýärler. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewlerimiz bilen bir hatarda dünýäniň in gadymy itleriniň biri hasaplanylýan türkmen alabaýy halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Bu milli buýsançlarymyz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolupdyr. Ahalteke bedewlerimiz özüniň owadanlygy, gylyk-häsiýeti we düşbüligi bilen, türkmen alabaýlarymyz bolsa, eýesine wepalylygy, batyrlygy hem-de edermenligi bilen bütin dünýäde giňden tanalypdyr.

Hormatly atşynaslar we itşynaslar!

Garaşsyz ýurdumyzda milli atşynaslyk we itşynaslyk sungatyny, sportuny ösdürmek üçin ähli şertler hem-de gin mümkinçilikler döredilýär. Bu pudaklary ösdürmek boýunça halkara assosiasiýalarynyň döredilmegi, olaryň ştab-kwartirasynyň ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabatda ýerleşdirilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge uly mümkinçilik berýär. Berkarar döwletimizin bagtyýarlyk döwründe welaýatlarymyzda we Aşgabat şäherinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň we türkmen alabaýlarynyň merkezleriniň hem-de ylmy merkezleriniň gurulmagy atşynaslarymyz we itşynaslarymyz üçin döwrebap is alyp barmaga giň mümkinçilikleri döredilen.

Ýurdumyzda bu pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýär. Ussat seýisleridir çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezleri döredilýär. Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiklerini guramaga niýetlenen açyk manež ýurdumyzda atly sporty ösdürmäge uly itergi berýär. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda bolsa, türkmen alabaýlarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli şertler döredilen.

Türkmen atşynaslary we itşynaslary tarapyndan bedewlerimiziň, alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak boýunça-da uly işler alnyp barylýar. Geljekde hem ýurdumyzda atçylygy we itçiligi ösdürmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli tejribeleri alyşmaga, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga hem-de atşynaslarymyzyň we itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we is şertlerini has-da gowulandyrmaga döwletimiz tarapyndan uly goldaw berler.

Hormatly atşynaslar we itşynaslar!

Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen bedewlerimiz we alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň we itleriň arasynda dünýäniň in naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz we türkmen alabaýlarymyz il-günümiziň uçar ganatydyr we köňül buýsanjydyr.

Ynsan bilen bedewiň we türkmen alabaýynyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy eserlerimizde hem öz beýanyny tapýar. Sebäbi, ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa, mertligi, gaýduwsyzlygy görüpdirler. Bu bolsa, merdana halkymyzyň öz ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz we alabaýsyz göz öňüne getirip bilmeýändigini görkezýär. Sebäbi, ahalteke bedewleri we alabaý itleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmen ojagynyň ýaraşygydyr we bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr.

Eziz watandaşlar!

Hormatly atşynaslar we itşynaslar!

Sizi batly gadamlar bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň we edermen alabaýlarymyzyň şanyna uly dabara bilen bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk we itşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

 

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW