news-photo
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

23.06.2024

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Prezident!

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan hem-de hut öz adymdan Size çuňňur hormatymy beýan edýärin we Siziň maşgalaňyzy hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gurban baýramynyň we onuň ruhy gymmatlyklarynyň biziň ýurtlarymyza, türki halklara, tutuş Ýer ýüzüne parahatçylyk, asudalyk, bagtyýarlyk getirjekdigine ynanýaryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Size belent hormat goýýandygymy ýene-de bir gezek beýan edýärin.

Sultan Raýew,

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.