news-photo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

24.06.2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Möwsümi guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk saklamak, tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Sebitiň “ak altyn” meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi we galla hasylynyň gysga wagtda hem-de ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, gallaçy daýhanlar bilen tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatyň meýdanlarynda bu ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardaky hem-de desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga möhletde, ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda galla oragy guramaçylykly dowam edip, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gallaçy daýhanlar bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam etdirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja ekinleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bu ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň guramaçylykly geçirilmeginiň, bu jogapkärli möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň, gowaça, şaly ekilen meýdanlardaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, hasyly daşamakda ulanylýan ýük awtoulaglary, galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Welaýatda şaly ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny we ony üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň, şaly ekişiniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga möhletde, ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde welaýatlarda galla oragy güýçli depginde dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda gallaçy daýhanlar tarapyndan Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek işleri utgaşykly dowam edýär.

Daşoguz welaýatynda şaly ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri dowam edýär, Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda howanyň gyzmagy bilen baglylykda döräp biläýjek ýangynlaryň öňüni almak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda oba hojalyk pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we gallaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga wagtda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gyzgalaňly dowam edýän galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljek ýyl üçin hasylynyň düýbüni tutmaga häzirden taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.