Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine

05.06.2021

Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!

Eziz watandaşlar!

Sizi ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Tebigata bolan söýgi türkmen halkynyň durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyna aýawly çemeleşmek, ony goramak ýörelgeleri halkymyzyň aňyna ornaşyp, ekologik meseleleri oňyn çözmegiň özboluşly tärlerini kemala getiripdir.

Ýurdumyzyň bedew bady bilen ösmegi we halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda geçirilýän taryhy özgertmeler eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklary täze öwüşginde has-da dabaralanýar.

Eziz watandaşlar!

Daşky gurşawy gorap saklamak ulgamynda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz bu günki gün has-da kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda her ýylda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine hem-de halkymyzyň gözel tebigatymyza bolan söýgüsiniň artmagyna uly ýardam edýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ösümlik hem haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Uly maksatlary nazarlaýan bu işleriň netijesinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde, welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňeýär, Hazar deňziniň tämiz howaly kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ildeşlerimiziň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli giň sähranyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, şeýle hem tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga oňaýly täsir edýär.

Berkarar Watanymyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Eziz watandaşlar!

Garaşsyz Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. Bu ugurda biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalyk boýunça guramasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly, köp sanly halkara, sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýarys, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýäris.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki maslahatlarda daşky gurşawy gorap saklamak, suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça başlangyçlary öňe sürdi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilmegi biziň bu döwrebap başlangyçlarymyzyň iş ýüzünde öz beýanyny tapýandygyna doly şaýatlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Howanyň üýtgemegi boýunça täze halkara Ylalaşygyň, «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlary tarapyndan birnäçe ylalaşyklaryň kabul edilmegi Garaşsyz döwletimiziň halkara derejede öňe süren teklipleriniň we başlangyçlarynyň dünýäde giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!

Eziz watandaşlar!

Sizi Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha gülläp ösýän ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak ugrundaky yhlasly we tutanýerli zähmetiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly Berdimuhamedow.