03.08.2024
Elbetde, türkmen jemgyýetinde gazanylýan her bir ösüşler milli kanunçylygyň kämilleşmegi esasynda amala aşyrylýar. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işlerde halkara tejribeler iç gin öwrenilýär hem-de olaryň iň ygtybarly ugurlary ornaşdyrylýar. Munuň özi täze taryhy eýýamymyzda kanunçylyk ulgamyny döwrebap kämilleşdirmegiň, olary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda baýlaşdyrmagyň döwlet işiniň esasy ugurlarynyň biridigini doly tassyklaýar.
Elektrik energetikasy ulgamynda hem döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasy maksady ata Watanymyzyň energiýa çeşmelerini tygşytly ulanmakdan, netijeli peýdalanyp, geljekki nesillerimize hem ýetirmekden, şeýle-de ýaşlary energiýa serişdelerinden tygşytly we netijeli peýdalanmak ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.
Bu Kanunyň kabul edilmegi diňe bir energetika pudagynyň däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda energiýa serişdeleriniň tygşytlanylmagynyň we netijeli peýdalanylmagynyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegine gönükdirilendir. Ata Watanymyzyň ähli ulgamlarynda netijeli peýdalanylan we tygşytlanylan energiýa serişdeleri milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk hem pugtalanmagyna, ösmegine, geljek nesillerimiziň energiýa serişdelerinden uzak ýyllaryň dowamynda peýdalanmagyna ýardam eder.
Ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmegiň ählitaraplaýyn ygtybarlylygyny gazanmak göz öňünde tutulyp, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň badalga bermeginde Daşoguz welaýatynda «Balkan—Daşoguz» ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan iki sany elektrik bekediniň we täze howa elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi hem ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylan, uzynlygy 572 kilometr bolan täze elektrik geçirijisi ýurtda bökdençsiz energiýa üpjünçiligini ýola goýmaga gönükdirilendir. Bu işleriň ählisi ýurdumyzda ýaşaýan her bir adamyň, bagtly durmuşda ýaşamagy ugrunda hormatly Prezidentimiziň edýän aladalaryndan gözbaş alyp, ýurdumyzyň ilatynyň asuda, bolelin, eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Serdar Hojamgulyýew, Balkanabat şäheriniň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.