news-photo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

02.09.2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häkim Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde açylyp ulanmaga berlen 1200 orunlyk döwrebap orta mekdebi we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan çäksiz hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna başlamaga ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary, ýygymda işlediljek kombaýnlary we hasyl daşamakda ulanyljak awtoulaglary möwsüme doly taýýar etmek babatda degişli işler geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürüm, tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Ekişde ulanyljak ähli ekiji gurallar, oba hojalyk tehnikalary taýýar edilip, häzirki wagtda gerek bolan bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, jogapkärli möwsümiň — bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şanly baýram mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda bugdaý ekişine başlamak we pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk görülýär. Pagta ýygymy möwsüminde pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary, pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki tehnikalary bökdençsiz, netijeli işletmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak ekijiler, beýleki oba hojalyk tehnikalary taýýar edilip, gallaçy daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek boýunça işler dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsümiň ýetip gelendigine ünsi çekdi we bugdaý ekişini gysga möhletde tamamlamak, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekişine, pagta ýygymyna guramaçylykly başlamak boýunça taýýarlyk işleri meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnamak, bökdençsiz kabul etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, ulanyljak awtoulaglar möwsüme taýýar edildi. Pagta ýygymynda işlediljek kombaýnlary doly taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň bugdaý ekiljek meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş, suw tutmak işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dowam edýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar möwsüme doly taýýar edilip, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar. Şaly ekilen meýdanlarda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek boýunça öňde durýan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde hem-de Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda, degişlilikde, 960 hem-de 400 orunlyk mekdepleri gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ilatynyň adyndan çäksiz hoşallygyny beýan edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekişine we pagta ýygymyna başlamaga taýýarlyk görülýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş we tagt suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bellenen möhletde, ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar möwsüme taýýarlanylyp, bugdaý öndürijiler ýeterlik mukdarda ýokary hilli tohum bilen üpjün edilýär. Şaly ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri dowam edýär. Pagta ýygymyna başlamak boýunça görülýän taýýarlygyň çäklerinde welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary möwsüme doly taýýar edilip, ýygymda işlediljek kombaýnlary we awtoulaglary taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekişini we pagta ýygymyny ýokary hilli, gysga wagtda geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň ýokary derejede guralmalydygyny belledi hem-de bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Ilki bilen, häkim Bilimler we talyp ýaşlar gününde Mary şäherinde açylyp ulanmaga berlen 500 orunlyk umumybilim berýän mekdebi hem-de Tagtabazar etrabynyň Saryýazy obasynda 160 orunlyk çagalar bagyny gurduryp berendigi üçin döwlet Baştutanymyza welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan çäksiz hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra häkim hasabatyny dowam edip, welaýatda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna başlamak boýunça meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny, kombaýnlary, awtoulaglary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Bugdaý ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak boýunça görülýän taýýarlyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, şu ýylyň 4-nji sentýabrynda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda welaýatlarda bugdaý ekişine girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Pagta ýygymyna başlamak boýunça hem degişli çäreler görülýär. Pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, kombaýnlary, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglary, beýleki oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň döredýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan gallaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan ýurdumyzda geljek ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam edýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, bugdaý ekişi, pagta ýygymy möwsümlerini ýokary guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, güýzlük ekinleriň ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.