06.09.2024
Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goýulýan belent sarpa halkara derejeli çäreleriň, asylly maksatly beýik işleriň mysalynda has aýdyň duýulýar.
Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, birnäçe döwletlerde şahyryň ýadygärliginiň döredilmegi, medeni maksatnama esasynda dürli ugurly çäreleriň guralmagy türkmeniň söz ussadynyň kämil döredijiliginiň we şahsyýetiniň dünýä giňişli- ginde ykrar tapýandygyny görkezýär. Munuň özi akyldar şahyry bolan merdana türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna we sungatyna goşan ägirt uly goşandynyň güwäsidir. Türkmeniň adyny beýgelden şahyr, filosof, akyldar Pyragynyň umumadamzat medeniýetiniň, edebiýatynyň we ruhyýetiniň parlak ýyldyzy hasaplanýandygynyň nyşanydyr.
Aýdylyşy ýaly, Magtymguly köňülleriň, ýürekleriň hem ähli döwürleriň şahyry. Ol umumadamzat gymmatlyklaryna egsilmez uly goşant goşan söz ussady. Şonuň üçin hem onuň döredijilik we ömür ýoly nesiller üçin belent mekdep hökmünde mynasyp öwrenilýär we dünýä jemgyýetçiligi bilen paýlaşylýar. Munuň şeýledigine bu ugurda Garaşsyz ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Diýarymy- zyň ähli sebitlerinde, edara-kärhanalarynda bu sene, şeýle-de ýylyň ajaýyp şygary bilen bagly köpugurly çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Olarda şahyryň döredijiligi, ömür ýoly, döwletli döwrümizde göterilen belent sarpasy giňişleýin beýan edilýär.
Alym Arkadagymyzyň eserlerinde we taryhy çykyşlarynda ady uly sarpa bilen tutulýan Magtymguly atamyzyň baý edebi mirasy döwrümiziň mynasyp nesillerini ýetişdirmekde, olara terbiýe bermekde, ylym öwretmekde, ählitaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde we hünäre ugrukdyrmakda hem ýokary ähmiýete eýedir.
Döwletmämmet Azadynyň tälim-terbiýesini alan türkmen akyldary, Merkezi Aziýanyň görnükli ylym ojaklary bolan Buharadaky Gögeldaş, Hywadaky Şirgazy ýaly medreselerde okan, türkmen edebiýatyny we ylmyny dünýä tanatmagyň esaslaryny goýan Magtymguly Pyragynyň sarpasy ylmy eserlerde, aýratyn-da, dünýä alymlarynyň we ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinde hem öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň- milli şygryýetiniň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr, watançylyk we ynsanperwerlik ideýalarynyň hem-de ahlak gymmatlyklarynyň beýik waspçysydyr» diýip belleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler köptaraplaýyn we yzygiderli häsiýete eýe bolýar.
Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasynda nesilleriň bagtyýarlygy, türkmen topragynyň beýik ogullarynyň hormat-sarpasynyň ebedi saklanmagy ugrunda taryhy işleri durmuşa geçirip, berkarar döwletiň binýadyny berkidýän hem-de merdana halky- myzy täze ösüşlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Serdar ANNAÝEW, Akdepe etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.