Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisi

19.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy durmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, dünýäde koronawirus keseli bilen bagly ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy zerarly, şu gün Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirmek barada karara gelnendigini belledi. Häzirki wagtda dünýäde koronawirus keseliniň täze-täze görnüşleri ýüze çykýar. Aýry-aýry ýurtlarda onuň eýýäm 14 müňden gowrak görnüşi hasaba alyndy.

Raýatlarymyzyň saglygyny we ömrüni goramak, şeýle hem howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy maksady bolup durýar. Biziň döwletimiz munuň üçin ähli tagallalary edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrüň talaplaryna görä döwrebap ýagdaýa getirilýändigi, şeýle hem dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we bejermek boýunça alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilýändigi bellenildi.

Türkmenistan bu ugurda beýleki ýurtlar bilen hemişe tejribe alşyp durýar. Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Saglygy goraýyş boýunça geçirilýän ähli halkara çärelere işjeň gatnaşýar.

Dünýäde ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň ýüze çykyp başlan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň Hökümeti bu howply kesele garşy aýratyn jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, möhüm çözgütler kabul edildi, bu ýokanjyň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn çäreler görüldi, zerur sanjymlar satyn alnyp, ilata tapgyrlaýyn sanjym etmek işleri geçirilýär.

Häzirki döwürde geçirilen örän uly işleriň netijesinde, ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň ýüze çykarylmandygyny aýdyp bileris, ýöne biz heniz arkaýynlaşmaly däldiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy N.Amannepesowa söz berdi. Ol COVID-19-yň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan we başlangyçlaryndan ugur alyp, ýurdumyz 2020-nji ýylyň başyndan bäri, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça uly tejribe toplady. Bu ugurda üç halkalaýyn öňüni alyş ulgamynyň işi ýola goýuldy.

Ýurdumyza ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagy has-da güýçlendirmek üçin Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň çözgütleri esasynda birnäçe çäklendirmeler girizildi.

Ilatymyzyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak (ilatyň arasynda immun gatlagyny döretmek) hem-de raýatlarymyzy lukmançylyk gözegçiliginden geçirmek (dispanserizasiýa) işleri alnyp baryldy. Möwsümleýin dümew keselleriniň öňüni almak boýunça sanjym işleri ýerine ýetirildi. Häzirki döwürde COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym işlerini geçirmek dowam edýär.

Dünýäde epidemiologik ýagdaýlaryň durnuksyzdygyny we wirusyň dürli görnüşleriniň ýüze çykýandygyny göz öňünde tutup, daşary ýurtlara gidip-gelen raýatlarymyz karantin gözegçiliginde saklanylýar.

Milli Liderimiziň halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça edýän taýsyz tagallalary esasynda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary ýokanç keselleri anyklamak üçin zerur bolan reaktiwler, sarp ediş, anyklaýyş, zyýansyzlandyryş we derman serişdeleri, şeýle hem kesellerden goranmak üçin ýörite gorag serişdeleri bilen doly üpjün edildi hem-de olaryň ätiýaçlyk gory döredildi.

Ähli saglygy goraýyş edaralarynda öňüni alyş çäreleri boýunça amaly-okuw maslahatlary geçirildi we dowam edýär.

Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň halkara howa, awtoulag hem-de demir ýol menzillerinde, ulaglaryň ähli görnüşlerinde, söwda merkezlerinde, bazarlarda, jemgyýetçilik iýmiti we azyk önümçiligi kärhanalarynda, bilim edaralarynda arassaçylyk kadalary berk berjaý edilýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de maşgala lukmanlary tarapyndan ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

Ministr ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, epidemiologik ýagdaýlaryň yzygiderli seljerilýändigini we degişli çözgütleriň kabul edilýändigini aýtdy.

Häzirki döwürde dünýä döwletlerinde koronawirus ýokanjy bilen bagly epidemiologik ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar. Şeýle ýagdaý käbir ýurtlarda epidemiologik ýagdaýlara ygtybarly baha berilmän, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmegiň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmändigi netijesinde döreýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, soňky döwürde COVID-19 ýokanjynyň mutasiýa geçen täze, tiz ýaýraýan, agressiw, agyr geçýän we kynlyk bilen bejerilýän görnüşleri döredi. Wirusyň täze görnüşleri raýatlaryň bir ýurtdan beýleki bir ýurda geçip, wirusyň dürli görnüşlerini ýaýratmagy netijesinde döreýär.

Ýokarda agzalyp geçilişi ýaly, dünýäde dörän çylşyrymly epidemiologik ýagdaýlar ýurdumyzda alnyp barylýan netijeli öňüni alyş çäreleriniň güýçlendirilmegini talap edýär diýip, ministr belledi.

Ministr ilatymyzyň saglygyny goramak boýunça döredilýän şertler üçin döwlet Baştutanymyza saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirip, göz öňünde tutulan işleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, biziň halkymyzda: “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýilýändigini nygtady. Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň nobatdaky çärelerini geçirmek maksady bilen, milli Liderimiz gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.

Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan gelýän raýatlary hökmany 21 gün karantin gözegçiliginde saklamagyň we soňra öý şertlerinde gözegçiligi dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şonuň bilen birlikde, ilatyň arasynda COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym etmegi hem-de daşary ýurtlardan COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlary satyn almagy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Serhet geçelgelerinde alnyp barylýan gözegçilik işlerini has-da güýçlendirmegi, ilatymyzyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan wagyz-nesihat işlerini güýçli depginlerde dowam etmegi, keselleriň öňüni almak üçin zerur bolan derman, sarp ediş, anyklaýyş we zyýansyzlandyryş serişdeleriniň ätiýaçlyk goruny döredip, onuň üstüni yzygiderli dolduryp durmagy ileri tutulýan çäreleriň hatarynda görkezildi.

Milli Liderimiz dünýä döwletlerindäki epidemiologik ýagdaýlary yzygiderli seljerip durmagyň, şeýle hem bu ugurda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak boýunça saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda okuw sapaklaryny geçirmek öňde durýan möhüm wezipeleriň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de eýeçiligiň görnüşine garamazdan, hemme edara-kärhanalaryň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň çözgütlerini gyşarnyksyz berjaý etmelidigini aýdyp, bu mesele boýunça yzygiderli hasabat berip durmagy tabşyrdy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine ýurdumyzyň ähli ilaty babatda zerur bolan sanjymlary satyn almak üçin gerek bolan serişdeleri bermek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, ýygnananlara mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.