22.09.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň, türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygy halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Söhbetdeşler türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň toplumyny, şol sanda oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz, himiýa senagaty ýaly ugurlary öz içine alýandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň sebitleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, parlamentara gatnaşyklar yzygiderli ilerledilýär. Hormatly Prezidentimiz iki dostlukly ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandy üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.
Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.