KÄMIL KANUNLAR — DÖWLET GURLUŞYNYŇ BINÝADY

22.10.2024

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­nyşy döw­rün­de ýur­du­myz­da her bir ra­ýa­tyň hukuk­la­ry we azat­lyk­la­ry ke­pil­len­di­ri­lip, döw­let gur­lu­şy kä­mil­leş­di­ril­ýär. Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da döw­let gur­lu­şy­nyň äh­li ugur­la­ry, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak, yl­myň we me­de­ni­ýe­tiň, sag­ly­gy go­raý­şyň, dün­ýä ül­ňüle­ri­ne la­ýyk gel­ýän bi­li­miň el­ýe­ter­li bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça döw­le­ti­mi­ziň ýö­red­ýän sy­ýa­sa­tyn­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry kes­git­lenil­ýär. Kons­ti­tu­si­ýa­da we onuň esa­syn­da ka­bul edil­ýän ka­nun­lar­da döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň esa­sy me­se­le­le­ri ba­ra­da­ky sy­ýa­sa­ty­nyň be­ýan edil­me­gi we äh­li­si­niň maz­mu­ny ra­ýat­la­ryň bähbit­le­ri­ni go­ra­mak bi­len bag­ly­dyr.

«Döwlet adam üçindir! », «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir! » diýen şygarlar döwlet syýasatynyň baş ýörelgesi hökmünde yglan edildi. Şonuň üçin hem, Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny öz milli aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutmak bilen demokratiýalaşdyrmak, Konstitusiýasyny kämilleşdirmek, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň sazlaşykly hereket etmegini, raýat jemgyýetiniň institutlaryny berkarar etmegi we ösdürmegi döwlet syýasatynyň baş wezipesi maksadynda durmuşa geçirmek ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlendi.

Berkarar döwletimiziň dünýä giňişliginde gazanan bu belent derejesi öz gözbaşyny ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamagy ündän wesýetlerine wepalydygymyzy we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlydygymyzy beýan edýän Esasy Kanunymyzdan alyp gaýdýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň ynsanperwerlige esaslanýan kadalarynda içeri we daşary syýasatynda parahatçylygy gorap saklamaga aýratyn uly orun berilýär.

Türkmenistanyň kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça hukuk goraýjy edaralar, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan raýatlaryň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän adamlaryň arasynda bu ugurdan maslahatlar, gürrüňdeşlikler, duşuşyklar guralýar.

Biziň esasy maksadymyz raýatlaryň, esasan-da, ýaşlaryň arasynda nogsanlyklaryň öňüni almakdan, köpçülik ýerlerinde edep-ekramlylygy wagyz etmekden we ýaşlary ýaramaz endikleriň garşysyna göreşmek işlerine işjeň gatnaşmaga çagyrmakdan ybarat.

Ýurdumyzyň at-abraýyny dünýäde belent derejelere göterýän, halkymyzyň asuda, parahat durmuşda bolelin ýaşamagy ugrunda yzygider alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Toýlymyrat TÄŞLIÝEW, Köneürgenç etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.