19.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
11-nji noýabrda geçirilen iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda pagta hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda bolsa sürüm işleri geçirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasyly, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasyly ýygnalyp alynýar. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde ilaty dürli görnüşli azyk önümleri, senagat kärhanalaryny çig mal bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny nygtady we bu ugurdaky işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetiren Balkan welaýatynyň babadaýhanlaryny zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de olara täze üstünlikleri arzuw etdi. Şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi.
15-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlisiň ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasynyň taýýarlanylýandygy, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy, döwlet we diplomatik gulluk bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlara üýtgetmelerdir goşmaçalaryň girizilýändigi barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler hakynda hasabat berildi. Makroykdysady durnuklylygy saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitleri mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmek ýurdumyzyň baş maliýe resminamasynyň geljek ýyl üçin esasy wezipeleriniň hataryndadyr. Hususan-da, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ugurlaryna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna ibermek hakynda resminama gol çekdi.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna sanly ulgamy hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meseleleriň hatarynda boldy. 20-21-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Ikinji sebitara forumyny, Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.
18-nji dekabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk, şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barlan arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işleriniň netijeleri hakynda-da habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 1-nji awgustyndan bäri Daşary işler ministrliginiň düzüminde hereket edýän Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamentiniň işini has-da kämilleşdirmek boýunça hödürlenen teklipleri goldady. Ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň habarlar üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek, häzirki zaman usullaryny giňden peýdalanmak, daşary ýurt habarlar gulluklary bilen özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, käbir ilçihanalarymyzda metbugat attaşesi wezipesini döretmek, BMG-niň Bütindünýä aragatnaşyklar departamenti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşmak hem-de «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynyň habarçylaryny daşary ýurtlarda akkreditasiýa etmek, halkara tejribeleriň esasynda «Sanly birleşme» atly ýörite bir zolagy döretmek teklip edilýär. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnama esasynda Ahal welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak barada taýýarlanan teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşyny görkezmek bolar. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan, hususan-da, Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan hem-de Türkmenistandan türgenler gatnaşdylar. Çäräniň açylyş dabarasy şu ýyl Aziýanyň Tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilen paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda guraldy.
Türgenler ýekeleýin we jübütleýin görnüşde diňe bir Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guran ýaryşynyň medallary ugrunda däl, eýsem, öz derejelerini beýgeltmek mümkinçiligini gazanmak ugrunda-da çekeleşikli oýunlary geçirdiler. «Ashgabat Open 2024» ýaryşynyň maksatnamasynyň dört görnüşiniň jemleri boýunça ildeşlerimiz baýrakly orunlaryň 8-sini eýelediler. Ýeňijilere we baýrakly orunlary eýelänlere Aziýanyň Tennis federasiýasynyň medallarydyr şahadatnamalary, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm goşant boldy. TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde guralan kinofestiwal Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalarynyň, Moldowanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň hem-de ýurdumyzyň kinematografiýa işgärlerini bir ýere jemledi.
Eminler toparynyň garamagyna dürli ýurtlaryň kino ussatlary tarapyndan döredilen çeper we dokumental filmler hödürlenildi. «Iň gowy dokumental film» ugry boýunça 1-nji orna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan ýurdumyzda we daşary ýurtlarda surata düşürilen «Äleme belgilidir» filminiň döredijilik topary mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň goldaw-hemaýaty netijesinde iki ýurduň kinematograflarynyň bilelikde surata düşüren «Magtymguly Pyragy» atly filminiň döredijilik topary «Iň gowy çeper film» baýragy bilen sylaglanyldy. Beýik söz ussadynyň döredijiligi barada gürrüň berýän film şahyryň ýubileý senesine ajaýyp sowgat boldy. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Kompozitor» atly filminiň döredijilik toparyna eminleriň ýörite baýragy gowşuryldy. Bu filmiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýatkärliginde, Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde surata düşürilendigini bellemek gerek.
Kinofestiwalyň çäklerinde kino işgärleriniň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin ussatlyk sapaklary, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy hem geçirildi.
Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisi gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen esasy çäreleriň biri boldy. Mejlise gatnaşyjylar şu ýyl Türkmenistanda geçirilen çärelere, şol sanda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna, «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna, mazmunlaýyn maslahatlara, bäsleşiklere, sergilere, döredijilik duşuşyklaryna, konsertlere ýokary baha berdiler. Geňeşiň agzalary türki dilli halklaryň ruhy gymmatlyklaryny, taryhy-medeni mirasyny halkara derejede öwrenmekde, wagyz etmekde hem-de gorap saklamakda bilelikdäki tagallalary ara alyp maslahatlaşdylar, çözgütleri kabul etdiler. Onda 2025-nji ýyl üçin TÜRKSOÝ-nyň işiniň maksatnamasy tassyklanyldy we mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji Jarnama gol çekildi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Dabarada çykyş eden TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan halkara çäreleriň türki halklaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Dabaranyň dowamynda 2025-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň resmi wekiliýetine TÜRKSOÝ-nyň ýörite kubogy, «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň göçme nyşany gowşuryldy.
Paýtagtymyzyň «Aşgabat» myhmanhanasynda «Magtymguly Pyragy — akyldar we şahyr» diýen mowzukda düzme ýazmak, «Türki halklaryň medeni mirasy we Änew medeniýeti» ady bilen surat çekmek boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen halkara bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Aşgabatda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa pudagyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň tejribe alyşmagy üçin netijeli meýdança öwrüldi. Foruma halkara guramalaryň, dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstriýadan, Azerbaýjandan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Estoniýadan, Eýrandan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Gazagystandan, Germaniýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Owganystandan, Russiýadan, Türkiýeden, Şweýsariýadan, Ukrainadan önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan, IT hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýalaryň, aragatnaşyk operatorlarynyň 200-den gowragynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Giň gerimli sergide aragatnaşyk, telekommunikasiýa pudagynda uzak möhletleýin geljege gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny hem-de taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzyň aragatnaşyk düzümleri we olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Ylmy maslahata gatnaşyjylar maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze meýilleri barada pikir alyşdylar. Dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri täze innowasion çözgütleri ornaşdyrmak, Türkmenistanda alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek boýunça tekliplerini beýan etdiler. Halkara serginiň we ylmy maslahatyň jemleýji gününde programma üpjünçiligini işläp düzýän, innowasion oýlap tapyşlar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen guralan «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Geçen hepdäniň şenbe gününde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu sylagy almak boýunça bäsleşik döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilýär. Şu ýyl ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 506-sy hödürlenildi. Şolaryň 135-si bu baýragyň eýesi boldular.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýan Türkmenistanyň BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlardaky meselelerine garaldy. Milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipler bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna we milletiň ruhy güýjüne, ýaş nesliň gujur-gaýratyna, maksada okgunlylygyna daýanýan giň gerimli içeri we daşary syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi