SAGDYN ÝAŞAÝYŞ — SAGDYN JEMGYÝET

28.11.2024

Türkmen halky durmuşda iň gymmatly baýlygyň saglykdygyny öz nesillerine hemişe ündäp gezipdir. Muňa pederlerimiziň «Saglygym bar — baýlygym bar», «Saglygym — baş baýlygym», «Saglyk — beglik» ýaly pähimleri hem aýdyň güwä geçýär.

Ýaramaz endige baş uran adamyň, ilki bilen, ynsan üçin iň gymmatly zat bolan saglygyny ýitirýändigi durmuşda kemsiz subut edilendir. Şol esasdan, häzirki döwürde halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak üçin wagyznesihat işleri güýçlendirilip, saglyga zyýan ýetirýän çilimkeşlige we beýleki ýaramaz endiklere garşy berk göreş alnyp barylýar hem-de bu ugurda kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň subutnamalary hökmünde Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine, «Arakhorlykdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegini görkezmek bolar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek, olaryň ýaramaz endiklere ulaşmagynyň öňüni almak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, hukuk goraýjy, saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda, raýatlaryň arasynda wagyz- -nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Sebäbi ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýan ýurdumyzda ýaramaz pişeleriň garşysyna göreşmek, sagdyn durmuşy wagyz etmek her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr.

Döwran Hallyýew, welaýat prokuraturasynyň Baş derňew bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.