02.01.2025
Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde beýik akyldar şahyrymyzyň adyny ebedileşdirmäge, döredijiligini wagyz etmäge döwlet derejesinde uly üns gönükdirildi. Şahyryň öňe süren ruhy ýörelgesi, ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk, bir döwletlilik, bir başa gulluk etmek ýaly ýörelgeleri türkmen halky üçin şu gün hem örän gymmatly bolmagynda galýar. Magtymguly atamyzyň halky agzybirlige çagyrýan şygyrlarynda diňe bir ykdysady birligiň, güýç-kuwwatyň däl, eýsem köňülleriň, ýürekleriň bir bolmagyna üns çekilýär. Şahyryň:
Göwünler, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler, ol ykbaly türkmeniň.
— diýen setirlerinde halkyň jebisliginiň beýik güýçdügi, agzybir halkyň ykbalynyň göterilýändigi baradaky pikir ör-boýuna galýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ösüp-özgerýän oba şäherlerimiz, ykdysady üstünliklerimiz, ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýe bolan uly abraýy, täze binalar, uly gurluşyklar, halkara ähmiýetlitäze ýollar, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda amala aşyrylýan bimöçber uly işleriň hemmesi hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşen watandaşlarymyzyň döredijilikli zähmetiniň, agzybirliginiň miweleridir. Magtymgulynyň şygyrlary bilen ösüp-ulalan, olarda öňe sürülýän pikirlerden ylham, ruhy güýç alyp kämilleşen şahsyýetler durmuşda, öz ýaşaýyş gurşawynda ýagşy at, mynasyp yz galdyrmaga çalyşýarlar.
Ýurdumyzda ýokary çeper edebi we sungat eserlerini döretmekde, şeýle-de häzirki döwrüň ynsanperwer pikirlerini durmuşa geçirmekde döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň aýratyn hyzmatlary üçin şahyryň adyny göterýän baýragyň — Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň, medalynyň döredilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Bu sylaga Türkmenistanyň raýatlary bilen birlikde, Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge, Magtymguly Pyragynyň, beýleki türkmen akyldarlarynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge uly goşant goşan daşary ýurtlaryň wekilleri-de mynasyp bolýarlar. Şahyryň ahlak, pelsepewi, syýasy-jemgyýetçilik pikirleri beýik türkmen halkynyň ruhy sütünleriniň kämilleşmegine, ruhy gymmatlyklary nesillerden-nesillere geçirmäge uly täsir edipdir. Şahyryň şygyrlarynda wasp edilen, ündelen gymmatly ýörelgeleriň biri-de watanperwerlik, il-ýurt söýgüsidir. Bu durmuş pelsepesi şygyr tärleri bilen eýlenip, garylyp ýuwaş-ýuwaşdan şahyryň eserleriniň halk hakydasynda nakyllaşmagyna getiripdir. Magtymguly Pyragynyň gymmatly döredijiligi türkmen halkynyň ruhy ýörelgelerine öwrülip, paýhas-parasadymyzy, dünýägaraýşymyzy äleme ýaýýar. Edebiýatyň solmaz güli Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döreden hormatly Prezidentimiziň jany sag, döwletli işleri rowaç bolsun!
Nazar Tagaýew, Ak bugdaý etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.