10.07.2021
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmek hakynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysadyýete geçmegi bilen bagly ýerine ýetiriji häkimiýetiň we döwlet edaralarynyň gurluşyny amatly ýagdaýa getirmek, şeýle hem maglumat tehnologiýalaryny häzirki zamanyň talaplaryna görä ösdürmek, öz-özüňi dolandyrmak we täze ykdysady şertlerde ulag we aragatnaşyk pudagyny düýpli özgertmek hem-de toplumlaýyn dolandyrmak, bu pudaklaryň ykdysady erkinligini giňeltmek arkaly işiniň hilini we edýän hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmeli.
2. «Türkmendemirýollary» agentligini, «Türkmenaragatnaşyk» agentligini, «Türkmenawtoulaglary» agentligini, «Türkmenhowaýollary» agentligini hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentligini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyna bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 9-njy iýuly.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Ç.H.Purçekow hakynda
Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 9-njy iýuly.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
G.D.Orunow hakynda
Guwanç Döwletmämmedowiç Orunowy Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 9-njy iýuly.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
M.Ö.Annadurdyýew hakynda
Merdan Öwezowiç Annadurdyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 9-njy iýuly.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
G.M.Müşşikow hakynda
Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikowy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 9-njy iýuly.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
S.G.Berdimuhamedow hakynda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly hem-de ony Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzüminden çykarmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 9-njy iýuly.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
D.A.Täşliýew hakynda
Döwlet Akmuhammedowiç Täşliýewi Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 9-njy iýuly.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Ş.Durdylyýew hakynda
Şamuhammet Durdylyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 9-njy iýuly.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
M.B.Çakyýew hakynda
Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 9-njy iýuly.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Ý.Gylyjow hakynda
Ýaztagan Gylyjowy, başga işe geçmegi sebäpli, Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 9-njy iýuly.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
R.N.Gandymow hakynda
Rahym Nurgeldiýewiç Gandymowy Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 9-njy iýuly.