10.02.2025
Hukugyň beýleki islendik pudaklarynda bolşy ýaly, administratiw hukugy hem düzgünleşdiriş, serenjam beriş we goraýyş wezipelerini ýerine ýetirýär. Şonuň bilen birlikde, ýene-de bir zady aýratyn bellemek gerek, ol hem administratiw hukugynyň hukugyň beýleki pudaklarynyň kadalaryny we düzgünlerini durmuşa geçirmegiň mehanizmini özünde jemleýänligindedir. Başgaça aýdylanda, administratiw hukugynyň kadalary hukugyň beýleki pudaklarynyň kadalarynyň amala aşyrylýan ýeri bilen özboluşly infrastrukturany emele getirýär we administratiw hukugynyň wezipelerini düzgünleşdiriji aýratynlyk bolup durýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan goralýan demokratik, hukuk döwletiniň ýörelgelerini durmuşa geçirmek «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasy bolup durýar.
Administratiw nama — bu administratiw edara tarapyndan döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklary çygrynda belli bir anyk meseläni kadalaşdyrmak maksady bilen daşky täsire eýe bolan we fiziki ýa-da ýuridik şahs üçin kesgitli hukuk netijelere getiren, kabul edilen çözgüt, görkezme ýa-da gaýry häkimlik ediji çäredir. Şunuň bilen birlikde, çözgüdiň, kararyň ýa-da gaýry hökümlik çäresiniň daşky täsiri we olaryň şol çäräniň gönükdirilen şahslary üçin kesgitli hukuk netijelerini döretmegi administratiw namanyň bolmagynyň hökmany şerti bolup durýar.
Administratiw edaralary öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen gündelik durmuşda dürli görnüşli çözgütleri kabul edýärler, buýruklary çykarýarlar, görkezmeleri, netije namalary, habarlary berýärler. Bularyň hemmesi döwlet häkimiýetini amala aşyrmagyň çäreleri bolup durýar we oňa administratiw nama hökmünde baha berlip bilner. Muňa garamazdan, özüniň hukuk tebigaty boýunça administratiw nama jemagat administrasiýasynyň subýektiniň ýuridik hökümli isleg bildirmesi bolup, onda ýuridik hökümlilik administratiw namanyň gönükdirilen şahslary tarapyndan namada göz öňünde tutulan talaplary ýerine ýetirmegiň hökmanylygyny aňladýar.
Administratiw namanyň mazmunyna bildirilýän ilkinji talap kanunylyk ýörelgesinden gelip çykýar. Kanun administratiw edaranyň administratiw namany Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kabul etmelidigini kesgitleýär. Kanunylyk ýörelgesi Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygyndan we Konstitusiýa garşy gelýän islendik namanyň kanuny güýjüniň ýokdugyndan gözbaş alýar. Başgaça aýdylanda, administratiw edaranyň islendik kabul edýän administratiw namasy maddy taýdan Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň esasynda, iş ýörediş taýdan bolsa «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyk kabul edilen bolmaly. Administratiw namanyň kabul edilmegi barada maddy kanunçylygyň kadasynda, hökmany suratda, kada bolmaly hem-de administratiw edara diňe şol kadanyň esasynda hem-de ony ýerine ýetirmek maksady bilen administratiw namany kabul edýär.
Islendik resminamanyň bitewülik alamatlaryna esaslanyp, bir namanyň çäklerindäki ähli alamatlar özara baglanyşyklydyr we olar biri-biriniň logiki dowamy hem-de tassyklamasy bolup durýar. Administratiw namanyň gysgalygy onuň az sözlüliginden ybaratdyr. Administratiw namanyň mazmunynyň ýeterlik derejede aýdyňlyk alamaty hökmünde administratiw namanyň mazmunyny beýan etmegiň logiki yzygiderliliginiň we takyklygynyň berjaý edilişine üns berilýär.
Administratiw namanyň mazmunynyň düşnükliligi onuň düşünmek üçin aňsat sözler bilen beýan edilmegin den, sözleriň we pikirleriň şübhä ýer goýmazdan delillendirilmeginden ybaratdyr. Administratiw namanyň gönükdirilýän şahsy barada maglumatlaryň takyklygynyň ähmiýeti şol nama gönükdirilen şahs barada ähli zerur bolan maglumatlaryň namada bolmagynyň zerurlygyndan ybaratdyr. Çünki ol ulanylanda, ulanylýan namanyň hut şol şahsa gönükdirilendigine şübhe döremeli däldir.
Eger administratiw namanyň gönükdirilýän şahsy fiziki şahs bolsa, şeýle maglumatlara onuň familiýasy, ady, atasynyň ady we hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy degişli däldir, eger administratiw nama ýuridik şahsa gönükdirilýän bolsa, ýuridik şahsyň ady we hukuk salgysy degişlidir.
Daňatar ABDYLLAÝEW, Akdepe etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.