05.03.2025
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk dünýäde halklaryň özara düşünişmegini goldamak, syýasy we ykdysady gatnaşyklar üçin amatly ýagdaýy döretmek babatda uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň orny öň hatardadyr. Halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerine, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna eýerilip, goňşy ýurtlara ugradylýan ynsanperwerlik kömeklerini munuň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezip bileris. Döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik we bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty hoşniýetli daşary syýasatymyzyň esasy ugry bolup durýar.
Paýhasly ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine üýtgewsiz eýerip hem-de ýagşylyk etmek, rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky taglymatlaryny goldanyp, hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurtly raýatlaryň günäsini geçmek bilen, ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezýär. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer taglymatlaryň dabaralanmagyna ygrarlydygynyň güwäsidir.
«Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň yrylmaz döwletliligi, rysgalynyň bollugy, niýetiniň-päliniň bolsa diňe ýagşylyga ýugrulandygy üçin ynsan kalplary şatlyga we buýsanja beslenýär» diýip, hormatly Belent Serkerdebaşymyz nygtaýar. Ynsan kalplarynyň şatlyga we buýsanja beslenýän zamanasynda pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigi buýsandyryjydyr.
Berdimyrat MUHAMMEDOW, welaýat prokurorynyň düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.