21.03.2025
Hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýyl ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli möhüm ähmiýeti bolan birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny hem-de ýadygärlik nyşany döretmek boýunça kanunçylyk tarapdan degişli işleri geçirmegiň wajypdygy, ýurdumyzyň raýatlary bilen bir hatarda, daşary ýurtly raýatlary hem sylaglamak boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygy barada aýdanlary halkymyzda uly ruhubelentlik döretdi.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi muny ýene bir gezek subut edýär. Bu ajaýyp şygar baky Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirýän giň möçberli tagallalaryny şöhlelendirmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelýän ýyly bolan 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.
Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň şanyna dabaraly çäreler giň gerimde badalga alýar. Çärelerde edilýän çykyşlar, uly joşgun bilen ýerine ýetirilýän aýdym-sazlar, tanslar parahatçylygyň we ynanyşmagyň, sagdynlygyň hem ruhubelentligiň Watany bolan ýurdumyza, ajaýyp zamanamyza, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işlere belent buýsanjyň nyşany bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygrynyň many-mazmunyna aýdyň göz ýetirmek üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkarar etmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işlere nazar aýlamak ýeterlik bolsa gerek.
Ýurdumyzyň parahatlygynyň, ilimiziň asuda durmuşynyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň, döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Nurly HOJAMYRADOW, Hojambaz etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.